''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Uçurymlara ak ýol!

25-nji maýda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjünde umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenildi. Şeýle toý-dabaralar ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ajaýyp Arkadag şäherinde hem giň gerim aldy. Ähli toý-baýramlaryny ilkinji gezek belleýän «akylly» şäherde «Soňky jaň» dabarasy Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül çemenlerini goýmak bilen başlandy. Ýürekleri joşgunly uçurymlar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýup, baş egip, tagzym etdiler.

Bilim ojaklarynda «Soňky jaň» dabarasy

Şu gün gözel Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem «Soňky jaň» dabarasy şatlyk-şowhun bilen bellenildi.

“Soňky jaň” dabaralary

Owazasy alyslara ýaň salan dabara Säheriň ajaýyp howasy durmuş ýoluna gadam basýan uçurymlaryň kalbynda şatlyk döretdi. Däp bolşy ýaly, ir bilen 25-nji maý — “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli welaýatymyzyň mekdepleriniň uçurymlary, ökde okuwçylar, olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, bilim ulgamynyň işgärleri Baş baýdak meýdançasynda ajaýyp gül desselerini goýdular.

Mekdep menzillerinden — durmuş ýoluna!

25-nji maý — «Soňky jaň» güni. Özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylyk. Bu şatlykly wakanyň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi nurana arzuw-umytlara beslenen ýaşlygyň ýakymly pursatlaryny uçurymlaryň ýadynda hemişelik galdyrýar. Olary durmuşyň täze möhüm tapgyryna ynamly gadam basmaga, saýlap alan hünärlerine eýe bolmaga hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň Aşgabat şäheriniň gününe gabat gelmegi goşa baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

2024-2025-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär: Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 29-njy maýyndan 7-nji iýuny aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.

Bilimler baýramy

Biz — ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerimiz boýunça okamagymyz, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, Watanymyzyň at-abraýyny has-da beýgeldýän adamlar bolup ýetişmegimiz üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Soňky jaň» dabarasy berkarar Watanymyza, merdana halkymyza beýik buýsanjy terbiýeleýän bilimler baýramydyr. Jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan bu baýramçylyk bagtyýar uçurymlarymyz — geljegine ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiz we gyzlarymyz tarapyndan ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler bilen gurşalýar» diýip nygtaýar. Ine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ajaýyp baýram ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyp ýaşlary hökmünde biziň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri, mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşymyza ajaýyp öwüşgin çaýýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň bilimlerini, güýçlerini we gujurlaryny eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar uçurymlarymyzyň ýüreginde ýakymly duýgulary oýarjakdygyna berk ynanýaryn.

Şatlykly günleriň ojagy (Durmuş we biz)

Köçeden iki ýana daz ýasaýan ulaglar bu gün mekdebiň çar ýanyny tutupdyrlar. Içinden epeý-epeý ýaşululardyr oral aýallaryň ýylgyryp düşüp barýanlary gözüňe ilýär. Mekdep durşuna şowhun. On bir ýyllap her gün şol bir görýän synpdaşlarydyr mugallymlary bilen hoşlaşaýmak bu gün hiç kime-de aňsat düşmese gerek. Sebäbi bu duýgulary «okuwçy men» diýip, mekdebiň bosagasyndan äden her kişi duýup göräýmeli. Ine, şol gün bolsa — şu gün.

Göwünleriň eýesi

■ Harplary tanadyp, hat ýazmagy öwreden ynsana ilkinji duýgularymy bir ýere jemläp, «Mugallymyma» diýen ýazgy bilen hat ýazypdym. ■ Elipbiýdäki harplaryň hersini aýratynlykda öwrenen günlerimiz «K» sesiniň şekilini çekmek maňa juda kyn düşüpdi. Emma siz meni şol harpy owadan ýazmaýandygymy aýdyp gynandyrmadyňyz-da, başgaça çemeleşdiňiz. Harplyk baýramynda «K» harp bolmagy maňa ynanypdyňyz. Köpçüligiň öňünde içinde «K» sesinden ybarat bolan sözleri biri-birine birikdirip aýtmagy başaran günüm onuň şekilini çekmegi-de öwrenipdim.

Talyplar bäsleşdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky täze umytlary we belent buýsançlary bilen ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülletmek üçin bedew bady bilen öňe barýar. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrylýar. Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, edebi mirasymyzy öwrenmäge, beden hem ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Halkara bäsleşige badalga berildi

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Daşary ýurtly talyplaryň we magistrleriň gatnaşmagynda ilkinji gezek geçirilýän bäsleşige gatnaşmak üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinden wekiller paýtagtymyza geldiler. Bäsleşige ady agzalan döwletlerden 40-a golaý, ýurdumyzdan bolsa 200-den gowrak talyp we magistr gatnaşýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu bäsleşigiň maksady BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan gelip çykýan ýörelgeleri, halkara dialog medeniýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden ybarat bolup, ol ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan düzüldi.

Ykdysadyýet ugurly olimpiada

Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden 82, daşary ýurtlaryň 13 sany ýokary okuw mekdebinden 48 talyp gatnaşdy. Olimpiada gatnaşyjylar 120 minudyň dowamynda tabşyrylan 10 meseläni çözmekde öz başarnyklaryny görkezdiler. Olara gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynyň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Eminleriň gelen netijelerine görä, jemi 45 sany baýrakly orun yglan edildi. Şunlukda, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň 11-si birinji, 16-sy ikinji, 18-si bolsa üçünji orna mynasyp bolup, ýokary netije gazandylar. Internet bäsleşigine gatnaşan türkmenistanly ýaşlar ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, dünýä derejesinde öz zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Hünäre höwesli ýaşlar

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, ýaşlary dürli kärleriň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak, olarda zähmete bolan söýgini terbiýelemek, dünýägaraýşyny giňeltmek, hünäre ugrukdyrmak, durmuşda öz ornuny tapmaga kömek bermek maksady bilen, paýtagtdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynyň okuwçylary üçin «Hünär şäherjigi» atly baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň daýanjy we geljegi bolan ýaşlaryň söýgüli hünärlerine eýe bolmagy üçin uly aladalar edilýär.

Berkarar döwletiň kämil ýaşlary

Şanly ýylymyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksadyna eýerip, welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» atly yglan eden döredijilik bäsleşigimiziň jemi jemlenildi. Welaýat medeniýet müdirliginde geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna şäher we etrap möçberinde birinji we ikinji orunlara mynasyp bolan okuwçy gyzlaryň 40-a golaýy gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsdeş gyzlar amaly-haşam sungatyny dowam etdirmek, nakgaşçylyk işlerini ýerine ýetirmek, keşdedir gaýma gaýamak boýunça öz başarnyklaryny subut etdiler. Biri-birinden, owadan we nepis ýerine ýetirilen işlerde, döredilen goşgudyr gazallarda bagtyýar döwrümiziň, şanly ýylymyzyň, nurana günlerimiziň waspy öz beýanyny tapdy. Netijede Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýnura Rustamowa birinji, Türkmenabat şäherindäki 25-nji orta mekdepden Aziza Artykowa ikinji we Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Selbi Babajanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijileri welaýat geňeşimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylagladyk.

Ýokary taýýarlyk bilen

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem okuw ýyly üstünlikli jemlenilýär. Şu günler geçilýän jemleýji sapaklar, guralýan çäreler ýaşlaryň tutuş ýylyň dowamynda alan bilimlerini özleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle-de mekdeplerde synpdan synpa geçiş we gutardyş synaglaryna ýokary taýýarlyk görülýär. Synplarda ýylboýy geçilenleriň gaýtalanylmagy okuwçylaryň synaglara ýokary taýýarlygyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň bilim edaralaryna sanly ulgamyň, ösen innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa ýaş nesillere berilýän bilimiň çuň we netijeli bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Uçurymlaryň gutardyş synaglaryna göwnejaý taýýarlanmaklaryny we işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakda mugallymlarymyz başarnygyny we zähmetini gaýgyrmaýarlar.

«Eý, mekdebim jana-jan...»

«Soňky jaň» dabarasyna Mekdebiň deňinden geçip barşyma, jaň sesini eşidip, hyýalymda mekdep ýyllaryma dolanýaryn.

Şowly gadamlar, rowaç menziller

tamamlanyp barýan okuw ýylynda lebaply ýaşlara ýaran boldy Ýene iki günden ýurdumyzyň orta mekdeplerinde 2023—2024-nji okuw ýyly tamamlanýar. Mekdep mugallymlary, okuwçy ýaşlar we olaryň ata-eneleri şu mynasybetli bilim ojaklarynda guraljak «Soňky jaň» dabaralaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Ylym-bilim — ösüşleriň sakasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim pudagyna aýratyn üns we ähmiýet berilýär. Talyp ýaşlarymyz halkara internet olimpiadalaryna we ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýyny belende göterýärler. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şeýle işleriň hatarynda golaýda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň we dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda onlaýn usulynda materiallaryň garşylygy dersinden III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu halkara olimpiadasyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, olardan Mekan Nurgeldiýew, Mekan Jumaýew 2-nji, Şatlyk Orazbaýew, Eşret Serdarow dagy 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan harby deňizçi talyplara diplomla

Buýsandyrýan ýeňişler

Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi bolan zehinli ýaşlarymyzyň gazanýan ýeňişleri bizi guwandyrýar. Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplary hem ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara, zehin, taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle bäsleşikleriň biri hem ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça geçirildi. 3-nji Açyk halkara internet olimpiadasy bolan bu bäsleşige dünýäniň 16 döwletinden talyplar gatnaşdy. Türkmenistanyň Serhet institutynyň zehinli ýaşlary hem institutymyzyň mugallymy Akmyrat Durdyýewiň ýolbaşçylygynda bu halkara olimpiadasyna gatnaşdylar we harby talyplardan Ýolaman Meretbaýew bilen Hanahmet Annaberdiýew 3-nji orna mynasyp boldular. Institutymyzyň buýsanjyna öwrülen zehinli harby talyplarymyza halkara derejeli diplomlar we gullugymyzyň adyndan Hormat hatlary, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Soňky jaň» dabarasyna

Täze durmuşa gadam Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň maý aýynyň 25-ne «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Ol günde diňe bir “Soňky jaň” dabarasy däl, eýsem, Aşgabat şäheriniň güni hem giňden bellenilip geçilýär. Bu bolsa, “Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär” diýen jümläni tekrarlaýar.