Bilim — bagtyň çyragy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň bu ulgamy täze belentliklere çykarmak ugrunda edýän tagallalary netijesinde çagalar baglaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdeplere, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplere çenli ähli bilim ojaklarynda ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň derejesi we hili düýpgöter özgerdi. Bu gün bilim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterler, multimediýa-interaktiw enjamlar, döwrebap okuw görkezme esbaplary bagtyýar nesliň hyzmatynda bolup, olaryň ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine we sagdyn ruhly bolup ýetişmegine hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegine, häzirki zamanyň ösen tejribäniň milli bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagyna berýän aýratyn ünsi biz — bilim işgärlerini diýseň begendirýär. Täze gurulýan orta mekdepleriň ýanyndaky çagalar baglaryny mekdepler bilen birleşdirip, olary döwrebap okuw-terbiýeçilik toplumlaryna öwürmek ugrundaky tagallalar begenjimizi has-da goşalandyrýar. Munuň özi mekdebe çe