''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Türkmen ýaşlary ýapon dilini gowy özleşdirýärler

Ösen ýurtlarda birden köp dili bilmek altyna maýa goýmak bilen barabar görülýär. Birden köp dilde gürläp bilýän bolsaňyz, maglumatlary umumylaşdyrmak arkaly beýleki daşary ýurt dillerini aňsatlyk bilen öwrenip bolýar. Ykdysady ösüşiň depginini çaltlandyrmak, bäsleşige ukyply bolan önümleri öndürmek üçin zehinli, iş başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwrüň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ine, şonuň üçin-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejelerine ýetirmekde zerur bolan ugurlar we hünärler boýunça bilim berilýär.

Türkmen ýaşlary ýapon dilini gowy özleşdirýärler

Ata Watanymyzyň täze taryhy döwrüniň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy buýsandyran taryhy waka boldy. Bu kitabyň ýapon diline-de terjime edilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolsa, ýapon dili içgin öwrenilýär. Sapaklaryň ýapon dilinde geçilmegi häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylmagy dostlukly dili özbaşdak özleşdirip, çalt öwrenmegimize oňyn täsir edýär. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Ýaponiýada dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolup gelýärler.

Okuwçylara halk döredijiligini öwretmegiň ähmiýeti

Mukaddes bilim ojagy bolan mekdepde okuwçylara bilim öwretmek, terbiýe bermek asylly ýörelgedir. Häzirki ajaýyp döwrümizde orta mekdeplerde okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim öwrenmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň has-da ösmegine oňat täsir edýär. Okuw sapaklarynyň has-da täsirli bolmagy, okuwçylaryň maglumatlary ýeňillik bilen özleşdirmegi we uzak wagtyň dowamynda ýatda saklamagy, ilkinji nobatda, mugallymyň ussatlygyna bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem, her bir sapaga taýýarlykly gelmek, okuwçylaryň ünsüni çekmek, okatmagyň döwrebap usullaryny durmuşa ornaşdyrmak asylly maksatlarymyzdyr. Başlangyç synp okuwçylaryny okatmak bilen, ýaş nesliň bilim binýadynyň berk bolmagy üçin alada edýärin, olara harplary tanamagy, labyzly okamagy öwredýärin. Şunda üçünji synpda ene dili sapagy geçilýär, okuwçylara dil hakynda düşünjeler berilýär, labyzly okamak öwredilýär. Ene dili sapagynda halk döredijiligi hakynda hem düşünje berilýär. Okuwçylara halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna halk döredijiligi diýilýändigini düşündirýärin.

Çagalar biziň geljegimizdir

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere aýratyn üns berilýär, olaryň sagdyn ösmegi, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda çagalar baglarynda hem uly işleriň alnyp barylýandygyny belläsimiz gelýär. Çünki ýaş nesilleri bilim öwrenmäge taýýarlamak, olarda ilkinji düşünjeleriň kemala gelmegini ýola goýmak çagalar baglaryndan başlanýar. Durmuşa geçirilýän bu asylly işler geljekki ösüşlerimiziň binýady bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralaryna ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary ornaşdyrylýar, sanly bilimiň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýaş nesle döwrebap bilim öwretmekde, kämil usullary durmuşa ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň aň-düşünjesiniň ösmegi, oňat dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem bu ugurda terbiýeçileriň iş alyp barmaklaryna, körpeleri döwrebap terbiýelemeklerine ähli mümkinçilikler bar.

Ulaglar boýunça bilim alýan talyplar gämide tejibelik geçýärler

Şu günler Türkmenistanyň Inženerçilik-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň «Çarlak» ýolagçy gämisinde tejribelik geçýärler. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýtynda habar berilýär. «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň kapitanlary talyplara tälim berýärler, gämini dolandyrmak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny paýlaşýarlar, şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýarlar. Ýaş deňizçiler geljekki hünärmenlerdir. Olar ýene birnäçe ýyldan Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary ulgamynda yhlasly zähmet çekerler we alan nazary bilimlerini iş ýüzünde peýdalanarlar.

Bilim ulgamy: belent sepgitleri nazarlap

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň jemleri jemlenilip, şu ýylda öňde duran derwaýys wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamy hem döwrebap bilimli ýaş nesilleri, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary üçin hünärmenleri taýýarlaýan ulgam hökmünde ösüşlere mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigi has-da guwandyryjydyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda bilim ulgamynda gazanylan tejribelerdir ýetilen sepgitler öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň möhüm çelgisi bolup durýar.

Ylym — egsilmez hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, dünýä tejribelerinden oňat baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, geçen ýyl ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, jemi 826 medal gazandylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylda 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup, ulanmaga bermeg

Mekdep okuwçylarynyň arasynda

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Şirin dilli ussadymyz Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi. Oňa gatnaşan mekdep okuwçylary bäsleşigiň şertine görä, «Şirin dilli ussadymyz Magtymguly Pyragy» diýen temadan öz içki duýgularyny çeper sözde beýan etdiler. Akyldar şahyrymyza bagyşlap düzen goşgularyny okap berdiler. Şahyryň şygyrlarynda duş gelýän köne sözleriň manysyny düşündirdiler. Onuň ömrüne we döredijiligine degişli düzülen soraglara jogap ýazdylar. Bäsleşikde Balkanabat şäherindäki 23-nji orta mekdebiň okuwçysy Göwher Şyhberdiýewa, 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Rahymmyrat Maksatmyradow, 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Şährizada Seýidowa birinji, şol mekdebiň okuwçysy Züleýha Batyrowa, 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurgül Orazgeldiýewa ikinji, 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýläle Gurbanowa, 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Gurbanmyrat Galpakow üçünji orunlara mynasyp boldular.

Zehinli ýaşlar — Watanyň daýanjy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen çuň mazmunly sözlerinden ugur alyp, Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, häzirki zaman ýokary hilli innowasion tehnologiýalaryndan baş çykarýan, beden we ruhy taýdan sagdyn, öňdebaryjy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýiti zehinli ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen,  Balkanabat şäherindäki ýokary we ýörite orta mekdepleriň  talyp ýaşlarynyň arasynda  «Zehinli ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly bäsleşigi geçirdi. Bäsleşikde talyplar ýedi ugur: Türkmenistanyň taryhy, Türkmenistanyň jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, kanunçylyk, sanly ykdysadyýet, iňlis dili, häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, ekologiýa ugurlary boýunça zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Azatgül Gurbanmämmedowa, Güljemal Näzgeldiýewa, Aýsoltan Hajyýewa, Süleýman Gylyjow, Aýmyrat Kuwwatmyra

Özgertmeleriň esasy şerti

Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemeginde sanly ulgama möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgam we sanly tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza giňden ornaşdy. Islendik döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüş derejesi «sanly ykdysadyýet» düşünjesi we onuň pudaklardaky gazananlary bilen berk baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Konsepsiýanyň esasy maksady milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden we elektron senagaty ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Şirin diliň gymmaty

Türkmenbaşy şäher  bilim bölümi bilen bilelikde bilim işgärleriniň arasynda «Şirin diliň gymmaty» atly bäsleşik geçirdik. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini, edebi mirasyny, pähimdar pederlerimizden gelýän asylly ýörelgelerimizi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat göreldeli bilim işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşan mugallymlar ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Akyldar şahyrymyzyň sözlerine aýdym aýtdylar, şahyryň döredijiligine bagyşlanan sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde 8-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Ahmedowa baş baýragyň eýesi boldy. 1-nji orta mekdebiň mugallymy Altynaý Puhanowa birinji, 7-nji orta mekdebiň mugallymy Mähri Öwezgylyjowa ikinji, 6-njy orta mekdebiň mugallymy  Mähri Hudaýberenowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ökdeler öňe saýlandy

Ýakynda Köýtendag etrabyndaky 44-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi ― 2024» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşi bilen bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige etrapdaky çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdy. Körpelere bilimiň ilkinji basgançaklaryny çuňňur öwretmek, terbiýeçileriň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik gyzgalaňly geçdi. Onuň dowamynda tejribeli terbiýeçiler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan bilim özgertmelerine laýyklykda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öz işlerini guraýyşlary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyşlary dogrusynda çykyş etdiler.

Ýaş nesillere saz bilimi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna uly üns berilýär. Aýdym-saz ugurly mekdepleriň esasy maksady saz sungatynda bilim alýan çagalara estetik taýdan terbiýe bermekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden we çeperçilik taýdan ukyply, başarnykly sazandalary ýetişdirmekden ybaratdyr. Çagalar sungat mekdeplerinde hor sapagynyň geçilmegi çaganyň saza bolan höwesiniň artmagyna, duýujylygynyň, eşidijiliginiň ösmegine, saz boýunça gözýetiminiň giňemegine ýardam edýär. Hor bolup aýdym aýtmak çaganyň notany arassa, dogry aýtmaklygyny, sazyň ritmini, depginini duýmaklygyny, notany ýatdan okamak başarnygyny ösdürýär. Hor sapagynda aýdymyň üsti bilen çagada Watana, ata-enä, tebigata, guşlara, haýwanlara bolan söýgüsiniň kämilleşmegine täsir edýär. Çaganyň gözýetimi giňäp, içki dünýäsiniň has-da gözelleşmegine getirýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Täze tehnologiýalara ugrukdyrylýar Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz we beýleki ulgamlar sanly ulgamyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durnukly ösdürilýär. Jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagynyň bilim ulgamyndaky ähmiýeti has-da uludyr. Ýaş nesliň kämil tehnologiýalardan gowy baş çykarmaklaryny gazanmak döwrüň talabydyr. Şonuň üçinem bu meselä hemişe uly üns berlip, bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan netijeli işler bu günki gün ýaş nesilleriň bagtyýar geljegini üpjün etmekde ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bähbidine we her bir raýatyň bähbitleriniň sazlaşýan ulgamyna, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary guruldy. Bilşimiz ýaly, tamamlanan 2023-nji ýylda ähli pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmekde guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bu ýylda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralary, ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasy açyldy. Şeýle hem, türkmen ýaşlarynyň ençemesi halkara derejeli bäsleşiklere, ylmy-amaly maslahatlardyr olimpiadalara üstünlikli gatnaşyp, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende göterdiler. Şeýle halkara derejeli zehin synaglaryna işjeň gatnaşan okuwçy we talyp ýaşl

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň orta hünär okuwyna 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Harby-deňiz institutynyň orta hünär bilimine Watana, Türkmenistanyň Prezidentine — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutynyň orta hünär bilimini almaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Mümkinçilikler ― üstünlikleriň çeşmesi

Biziň bilim ojagymyzda ― Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdepde heniz ilkinji okuw ýylynyň dowam edýändigine garamazdan, mugallymlarymyzyň we okuwçylarymyzyň dürli bäsleşiklerde öňdäki orunlara eýe bolmagy işleriň sazlaşykly ýola goýlandygyndan habar berýär. Geçen ýylyň ahyrky aýynda badalga alan «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleriniň etrap tapgyrynda mekdebimiziň okuwçylarynyň birnäçesi öňdäki orunlary eýeläp, bu bäsleşikleriň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Mugallymlarymyz bolsa baharyň bosagasynda «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň etrap tapgyryna gatnaşyp, onda üstünlikli çykyş etmek üçin taýýarlyk görýärler. Bulardan daşary hem bilim ojagymyz gysga wagtyň içinde etrap derejeli iri dabaralardyr maslahatlaryň geçirilýän esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly ilkinji eseriniň etrabymyzdaky tanyşdyrylyş dabarasy üçin hem biziň bilim ojagymyz saýlanyp alyndy. Bu bolsa okuwçylarymyzyň bu dürdäne eseri höwür edinip, olaryň kitaba has ýakyndan ysnyşmaklaryna ýol açýar.

Bagtyýarlyk bilimden başlanýar

Bilim barada gürrüň gidende, mekdep ýyllarynyň ýatlamalaryna berleniňi duýman galýarsyň. Ýadymyzda hemişelik galan «Eý, mekdebim jana-jan, //Saňa bolan söýgim kän» diýip başlanýan aýdym setirleri aňyňda gaýtalanyp durandyr. Sebäbi kalbyňda üýtgeşik ýatlama bolup galýan, goşguda aýdylyşy ýaly, «bütin geljegimiz üçin minnetdar bolmaly» eziz mekdebimiz durmuşda öz ornumyzy tapyp, arzuwlarymyza gowuşmagymyzda uly orun eýeleýär. Ylym-bilim her bir ynsan üçin zerurdyr. Ylym-bilimli adamlar durmuşy özgerdýärler, ylmyň täze gazananlary bilen ösüşiň belentliklerine ýetýärler. «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Hut şonuň üçinem ajaýyp zamanamyzda ylym-bilime uly üns berilýär, bu babatda möhüm çözgütler kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda birnäçe özgertmeler amala aşyryldy. Olaryň oňyn netije berýändigi bu günki gün hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ýaşlarymyz özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-

Kalbymyzyň buýsanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň täze sepgitlerine ýetilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ösüp-ulalmaklary üçin taýsyz tagallalar edilýär. Eziz Diýarymyzyň obalarynda, şäherçelerinde, şäherlerinde gurlup ulanmaga berlen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, sport mekdeplerinde çagalaryň sagdyn, edep-terbiýeli, ylym-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilen amatlyklar iň ýokary hil derejesindedir. Çagalar edep-terbiýe kadalarynyň, ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgeleriň, bilimiň ilkinji basgançaklaryna çagalar baglarynda gadam goýýarlar. Häzirki bagtyýarlyga beslenen döwrümizde çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar, olar bolsa körpeleriň aň-düşünjelerini ösdürmekde, dünýägaraýşyny giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolup, oňyn netijelerini berýär.

Döwrebap bilim – kämilligiň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän beýik işleri bagtyýarlyk döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Häzirki wagtda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar. Bu işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Taryhy ösüşiň her tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär we ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.