''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Hasyl bolan arzuw

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berilýär. Çünki hünärine ökde, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem ruhubelent nesli kemala getirmek amala aşyrylýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet derejesinde döredilip berilýän giň mümkinçilikler bolsa döwrümiziň ýaşlaryny täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Orta mekdebi tamamlan her bir uçurym ýokary okuw mekdebinde bilim alyp, ata Watanymyza gerekli hünärmen bolup ýetişmegi arzuw edýär. Ynsan durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri-de onuň talyplyk bagtyna mynasyp bolan güni bolsa gerek. Şu ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şol bagta meniňem mynasyp bolmagym başymy göge diretdi.

Reýting bahalandyrylan mugallymlar kämil taýýarlanan hünärmenleriň esasydyr

Milli Liderimiziň gönüden-göni baştutanlygynda kanuny esaslaryň döredilmegi bilen döwletimiziň kärhanalaryna, edaralaryna, guramalaryna maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary girizilip, maliýe hasabatlyklary dünýä ülňülerine laýyklykda alnyp barylýar. Ählitaraplaýyn kämilleşdirmek yzygiderli dowam etdirilýär. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bazar ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy, gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegi, daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda döredilýän bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň artdyrylmagy döwletiň, ýuridik şahslaryň dolandyryjylarynyň, olary esaslandyryjylaryň, paýdarlaryň ygtybarly we maliýe hasap maglumatlaryna bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Ykdysady ulgamlar bilen bilelikde ösüşi gazanmakda, halkyň durmuş, ýaşaýyş derejelerini has-da ýokarlandyrmakda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, maliýe-karz we bank ulgamlarynyň ähmiýeti barha artýar. Häzirki zaman gurallary we standartlary iş tejribesine girizilýär,  olardan giňden peýdalanylýar. Bu döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli hyzmatlary hödürlemekde, innowasiýalary ornaşdyrmak, ulanmak, kämilleşdirmek bilen bagly hünärmenleri taýýarlamakda hem giňden ulanylýar.

Kämil usullardan peýdalanmak

Mugallym bilen okuwçynyň, okuwçy bilen ene-atanyň, ene-ata bilen mugallymyň arasyndaky gatnaşyklaryň kämil derejede bolmagy has zerur hasaplanylýar. Biz muny pedagogikanyň esaslaryna salgylanyp aýtsak, özara gatnaşyklaryň berkäp, möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny durmuş tejribesinden göz ýetirýäris. Geljegimiz bolan ýaş nesliň terbiýesi baradaky alada biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Mugallym ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, hünärli bolmagy barada örän çynlakaý alada edýär. Mugallymyň yhlas-aladasynyň ýerine düşmegi üçin ýaşlaryň okuwda, jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini göreldeli alyp barmaklary gerek. Munuň üçin ene-atalaryň pent-nesihatlary, görüm-göreldesi zerurdyr. Nesil terbiýesi her bir ene-atadan uçursyz zähmeti we yhlas-aladany talap edýär. Biz ene-atalar, jemgyýet bilen geljegimiz bolan ýaşlary terbiýeleýäris. Şonuň üçin ýaşlaryň terbiýesi, edep-ekramy, okuwlaryna ýetişigi esasy orunda durýar.

Tejribe okuwlarynyň aýratynlyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli senetçiligini kämilleşdirmek we ony öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly işler bu gün özüniň datly miwelerini bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek babatynda alnyp barylýan ägirt uly işler üstünliklere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary geçirildi.

Sapakda oýunlary ulanmagyň ähmiýeti

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Häzirki wagtda bilim öwretmegiň, okatmagyň döwrebap ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Didaktiki oýunlar ýarym asyrdan gowrak wagt bäri pedagogikada belli bolan bilimi oýun arkaly öwretmek usulydyr. Şonuň üçin didaktiki oýunlaryň esasy orny, bilim maksatly, anyk we umumylaşdyrylan bilimleri döretmegi bilimiň hil taýdan täzeçe çemeleşmegini talap edýär hem-de onuň üstünliginiň oýnuň netijesi bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.

Il içinde sarpaly mugallym

(Oçerk) Bilini berk guşaýmasa, özüne nämäniň garaşýanyny magat aňanda, uzynakdan arryklaç, bugdaýreňkden atýüzli ýigidiň bürşen gür gaşlary gözlerini ýapaýjak boldy.

Okatmagyň döwrebap usullary

Taryh döwletleriň maddy, halklaryň ruhy-medeni ösüşleriniň ylma esaslanýandygyny döwürleriň we eýýamlaryň synaglaryndan geçirip subut etdi. Hut şu jähetden hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwrebap bilim ojaklarynyň ýylsaýyn artýan gurluşygy yzygiderli dowam etdirilip, olarda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerip, çagany ýaşlykdan alada bilen gurşap almak, orta mekdepde bilim-sowat öwretmek hem-de ýokary okuw mekdepde kämil hünärmen edip ýetişdirmek, olary ylma höweslendirmek baş maksadymyzdyr. Türkmenistanyň milli bilim ulgamy innowasion tehnologiýalara we dünýä tejribesine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýy ösüşiň ýokary derejesine göterildi. Ýurdumyzyň bilim ojaklary ýaşlara berilýän bilimiň ýokary hil derejede bolmagyny maksat edinip, adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm ähmiýetli üstünliklerinden biri — ylma esaslanýar. Şular bilen birlikde, ýurduň milli bilim we ylym ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine sazlaşykly goşulmagy gazanyldy.

Diýarymyzda bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalanýar. Bu ugurda ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň düýpli bilim öwrenmegi, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap belleýär.

Wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň nus­ga­lyk mek­de­bi

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz gün­sa­ýyn tä­ze ösüş­ler bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýar. 1991-nji ýyl­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ala­ny­myz­dan soň, ýur­du­myz­da dür­li maksatly bi­na­lar açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Wa­tan go­rag­çy­la­ry­myz bo­lan har­by gul­luk­çy­la­ryň, har­by ta­lyp­la­ryň we har­by mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry­nyň gul­luk, okuw we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler mu­nuň aý­dyň şa­ýa­dy­dyr.

Tarypa sygmaýan taryhy gün

Üç asyryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň döredijiligi dünýä türkmenlerini ruhy taýdan birleşdirýär, bitewüleşdirýär. Aslyýetinde, Magtymgulyny tanamak — türkmeni tanamak. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda akyldar şahyrymyzyň mertebeli adyny göterýän, maddy enjamlaýyn binýady berk umumybilim berýän döwrebap ak mekdep bina edildi. Türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny görkezýän bu mekdepde bagtyýar çagalar okap bilim-terbiýe alarlar. Täjigistanda ýaşaýan türkmen doganlarymyz ýaş nesilleriň ykbalyna ýagtylyk çaýýan, ýollaryna nur saçýan döwlet Baştutanymyza egsilmez sagbolsunlaryny, ýürekden çykýan ak arzuwlaryny beýan edýärler. Sebitdeş ýurtda ýaşaýan köpsanly ildeşlerimiz üçin niýetlenen döwrebap mekdebe Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy olaryň bagtyna bagt, şatlygyna şatlyk goşdy. Şol sene olar üçin tarypa sygmaýan taryhy gün. Biz bolsa taryhy senäniň sebäpkärleri bolan şol mekdebiň okuwçylarynyň we mekdebiň müdiriniň ýürek buýsanjyny size ýetirýäris.

Merdana ogullaryň mertlik mekdebi

Harby lybas meniň çagalyk arzuwlarymyň iň seresini ýadyma salýar. Hawa, edil düýn ýalydy, «Geljekde kim bolmak isleýärsiň?» diýlen sowala birmeňzeş «Harby gullukçy!» diýip jogap berşim... «Men ilki harby mekdebi okap, soňra Watan öňündäki gulluk borjumy mynasyp ýerine ýetirerin. Soňra bolsa ýörite tälim alyp, zerre gumy zerden zyýat gül Diýarymyň janpenasy — harby gullukçy bolaryn. Ýurdumyzyň her daban ýerini jandan ileri tutup, gözümiň göreji deý goraryn...» diýe-diýe çagalygymyň nädip geçeninem duýmandyryn. Ýöne her gezek harby lybasa gözüm düşende, ýyllaryň aňyrsynda uka giden çagalyk arzuwlarym ýaňadan jana gelýär. Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumyny görüb-ä harby lybasly oglanlara hasam gözüm gitdi... Bu harby mekdepde tälim aljak harby okuwçylar, gör, nähili bagtly! Çünki bu bilim ojagyna hut Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamy düşdi. Bu taryhy wakanyň tarypyny ýetirmek bagty nesibämde bar ekeni. Geliň, onda gysgaça harby mekdebiň mümkinçilikleri bilen tanşalyň! Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ak mermerden, hoşsurat keşbi döreden düzgünli bu binalar toplumy — geljekk

Men 1-nji synpa gidýärin

Ýaňy ýörjen-ýörjen bolup, ilkinji ädimlerini äden balajygyň ýüzündäki şadyýan ýylgyryşa şaýat bolansyňyz. «Harplykdan» ilkinji gezek özbaşdak sözlem düzüp okamagy öwrenen okuwçynyň begenjini hem göz öňüne getiriberiň! Eýsem-de, täzeje egin-eşiklerini geýip, birinji gezek mekdep gapysyna gadam basan 1-nji synp okuwçylarynyň ýürek joşguny, begenji nähilikä?! Geliň, olaryň ýürek arzuwlaryny bilelikde diňläliň! Muhammet BATYROW, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy:

Magtymguly Pyragy — ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry

11-nji sentýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Magtymguly Pyragy — ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has uly belentlikleri nazarlap, ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň waspyny ýetirýän goşgulary okadylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmeginiň nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn belläp geçdiler.

Ak arzuwlaryň mekany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň hem durmuşymda ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebini üstünlikli tamamladym. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ynsanperwerlik ugry (türkmen dili we edebiýaty dersi) boýunça 3-nji orna mynasyp boldum. Ýaşlykdan mugallym bolmak höwesi meni Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebine alyp geldi. Şu mekdebiň talyby bolmak bagty maňa miýesser etdi. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy üçin döredýän ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Begenjimiziň çägi ýok

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýaşlaryň durmuşynda täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şu ýyl ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ispan dili hünäriniň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Durmuşymda şeýle ajaýyp pursatyň bolandygy meni diýseň begendirýär. Ýurdumyzda ýaşlara bilim ulgamynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak babatda döredilýän mümkinçilikler biziň ählimizi guwandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby hökmünde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlara döredip berýän köpugurly mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Diýarymyzy ýeneki ösüşlere alyp barmakda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Bagtly geljegiň gönezligi

Etrabymyzda çagalar baglarynyň 27-si bolup, olarda körpeleriň 3950den gowragy terbiýelenilýär. Bu terbiýe ojaklarynda zähmet çekýän işgärlerimiz hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň bilimliterbiýeli, ajaýyp döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri barada edýän taýsyz aladalaryndan ruhlanyp, güýçgaýratlaryny gaýgyrman, yhlasly zähmet çekýärler. Çaganyň bilimterbiýesi bilen baglanyşykly işde terbiýeçileriň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Munuň üçin olaryň alyp barýan gündelik işlerinde kämil iş usullaryna, öňdebaryjy tejribelere daýanyp guramaklaryna aýratyn üns berilýär. Kärine döredijilikli çemeleşýän terbiýeçilerimiz okuw sapaklaryny täsirli guraýarlar. Körpeler bilen gyzykly çäreleri geçirýärler.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Tejribeli mugallym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda okamaga, döretmäge, işlemäge ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwrebap çagalar baglarydyr orta mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesindäki 2 gatdan ybarat 400 orunlyk 41-nji orta mekdep hem munuň aýdyň mysalydyr.

Nyzam taýýarlygynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Şahsy düzümiň düzgün-tertibini gazanmakda nyzam taýýarlygynyň aýratyn orny bardyr. Ol esgerlerde ykjamlylygy, yhlaslylygy, çydamlylygy, serkerdä tabyn bolmak endiklerini terbiýeleýär. Esgerlere özüni harbylarça alyp barmagy, harby lybasy dogry geýmegi öwredýär. Nyzam taýýarlygy boýunça okuwlaryň yzygiderli geçirilmegi esgerlerde tertip-düzgüniň ýokary derejesini emele getirýär. Nyzam düzgünnamasynyň talaplarynyň sazlaşykly, dürs ýerine ýetirilmegi esgerlerde arassa, gelşikli, tertipli bolmaga, hereketleriniň sazlaşykly bolmagyna höwes döredýär, olaryň özüne ynamyny, şahsy düzümiň jebisligine we bütewüligine bolan buýsanjyny ösdürýär. Serhet gullugynyň şertlerinde tertiplilik, nyzama tiz we dogry durmak her bir serhetçi esgeriň şahsy tertipliligini ösdürmek arkaly gazanylýar. Nyzam taýýarlygynda fiziki alamatlaryň agdyklyk edýändigi sebäpli, ol serhetçi esgerden onuň manysyna we maksadyna çuňňur düşünmegi talap edýär. Şonuň üçin serkerdeler esgerlere nyzam taýýarlygynyň söweşjeň taýýarlykdaky ornuny we ähmiýetini yzygiderli düşündirmelidirler.

Nesil terbiýesinde milliligiň şöhlesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir ene-ata öz perzendiniň edep-ekramly, maksada okgunly, myhmansöýer, asylly bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga ýaşlykdan nähili terbiýe berilse, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň kepilidir. Ýaş nesli türkmen halkynyň öňden dowam edip gelýän däp-dessurlary, olaryň asylly häsiýetleri bilen kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler häzirki ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini we röwşen geljegimizi üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, belent üstünliklere ýetilýär. Şeýle beýik ösüşler ildeşlerimizde buýsanç döredýär, olary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu gün mugallymlar hem ajaýyp döwrümize buýsanyp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň ylym-bilimli bolmaklaryna öz goşantlaryny goşýarlar. Umumybilim berýän orta mekd

Döwrebap bilim — kämilligiň möhüm şerti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyzda eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepili bolan nesil terbiýesine berilýän üns barha güýçlenýär. Çünki ösüp gelýän ýaş nesil hakynda alada kämil jemgyýeti, hukuk döwletini gurmagyň, demokratiýany ösdürmegiň, raýatlaryň we gülläp ösüşiň bähbitlerine häzirki zaman hukuk döwletiniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, halkyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ilkinji zerur şertleriniň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralary doganlyk Täjigistan Respublikasynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu baýramçylygyň şanyna täze bilim edaralaryny dabaraly ýagdaýda açmak diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, goňşy doganlyk döwletlerde hem däbe öwrüldi. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, ak pata bermekleri bilen, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde ýurdu