''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bilim bermekde döwrebap usullar

Amaly-okuw sapagy geçirildi

Türkmenabat şäheriniň Beýik watançylyk urşy muzeýinde «Ekskursiýalary geçirmek we işläp taýýarlamagyň usuly esaslary» atly mowzuk esasynda amaly-okuw sapagy guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdepde okuw maksatnamasy boýunça «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» atly hünär okuwyny geçýän ýokary synp okuwçylar gatnaşdylar. Okuw sapagynyň dowamynda mekdep mugallymlary degişli mowzuk we ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Muzeýde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşlykdan soňra okuwçylary gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jogap alşyldy. Bu işler bilim edaralarynda mekdep okuwçylaryna diňe nazary bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň amaly endiklerini ösdürmäge işjeň we guramaçylykly çemeleşilýändigini görkezdi. Amaly-okuw sapagy mekdep okuwçylarynyň ata-babalarymyzyň taryhy geçmişimizdäki gahrymançylykly ýollary bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmeklerine, olaryň şöhratly taryhymyz baradaky düşünjelerini has-da giňeltmeklerine uly mümkinçilik döretdi.

Bilim

Bäsleşikleriň welaýat tapgyrlary geçirildi Golaýda welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Iň göreldeli synp ýolbaşçysy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň jemi jemlendi. Emin agzalary mugallymlaryň sapakda sanly tehnologiýalardan, döwrebap okuw usulyýetinden peýdalanyşyna, çagalar bilen özara gatnaşygy ýola goýşuna, ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylaryň tertip-düzgünine baha berdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, baş baýraga Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Suraý Araztaganowa mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Aýbibi Rejepowa birinji, Görogly etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Bossan Muhammedowa ikinji, Köneürgenç etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Oguljennet Begmyradowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Türkmen ýoly dünýä çykýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe Gahryman Arkadagy hem-de Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul etdi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna

"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşik geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň  Türkmenbaşy şäher Geňeşi we “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen bilelikde Türkmenbaşy şäherindäki  deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär galar” ady bilen  bäsleşik geçirildi. Oňa Türkmenbaşy şaherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäseşik 4 şertden ybarat bolup, talyplar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyndan hünar barada aýdan pähimlerini aýtmak, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden labyzly okamak, aýdym aýtmak, ”Magtymguly Pyragy-şygyrýetiň ussady” atly temadan  goşgy, makala, oýlanma ýazmak, şahryň ömri we döredijiligi boýunça test görnüşindäki soraglara jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň miras galdyran tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada wasp etd

Dil öwrenmek döwletlilikden nyşan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şunda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmeklerine uly ähmiýet berlip, bu babatda yzygiderli tagallalar edilýär. Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolmak bilen, dünýä dillerini öwrenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi dürli halklaryň dillerini öwrenmek bilen, halkara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik döredilýändigini aňladýar. Bu günki günde daşary ýurt dilleri orta mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Döwrümiziň ösmegi bilen sapaklary okatmagyň hem iň döwrebap usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak sapak geçmegiň esasy ugruna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ul

Halkara bilim hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki gün ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilip, uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem döwrüň talabyndan ugur alnyp, bilim işine täzeçil çemeleşmeler, häzirki zamanyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Uniwersitetde talyplaryň häzirki zaman halkara hukuk we halkara gatnaşyklary ylmyndan, halkara ykdysadyýetden, durmuş-ynsanperwerlik bilimlerinden, maglumat tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti açylan ýylyndan başlap daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si bilen gol çekilen jemi 15 sany resminamanyň çäklerinde bilim ojagymyzda mugallymlary we talyplary alyşmak işi yzygiderli amala aşyrylýar. Şol resminamalaryň hatarynda geçen ýylyň oktý

Kämilligiň aýdyň ýoly

Ata Watanymyzda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri we bu ugurda kabul edilen maksatnamalar, konsepsiýalar ýaş nesliň bilim almagy we ylym öwrenmegi üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem ýaşlaryň kämil adamlar bolmagy hakyndaky tagallalary özünde jemlemek bilen, olaryň okamagy, hünär almagy, gurmagy we döretmegi üçin döwrebap şertleri üpjün edýär.    Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip ýetişdirmek asyrlar aşyp gelýän milli kämil ýörelgelerimiziň biridir. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime uly sarpa goýýandygyny aňladýar. Çünki ylym-bilim ähli ösüşleriň özeni hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň bilimli bolmaklary ugrunda uly işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri netijesinde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Bu bolsa bilim işini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge, sapaklary täsirli guramaga ýardam berýär.

Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

Halkymyz milli gymmatlyklarymyza, nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlarymyza, adatlarymyza uly hormat goýýar, sarpalaýar. Bu asylly ýörelge ajaýyp zamanamyzda has-da rowaçlyklara beslenýär. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi jemgyýetimiziň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda, zähmetsöýer, agzybir halkymyzyň Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek ýaly gadymdan gelýän asylly ýörelgelerini dowam etdirmekde, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde çuňňur many-mazmuna eýe bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwrüň ösüşi bilen aýakdaş bolup, ýylyň-ýylyna rowaçlyklara beslenýär hem-de ýaş nesillerimize bilim öwretmek, milli ruhda terbiýelemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň guwandyryjy netijelerini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň mysalynda aýdyň görýäris.

Bagtly geljegimiziň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, ýaş nesiller hakynda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi. Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ajaýyp zamanada «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýaş nesle berilýän bilimiň hili ýylsaýyn ýokarlanýar. Mekdeplerde okuw sapaklaryny sanly serişdeleriň üsti bilen geçmeklik giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaşlar iň amatly şertlerde bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik alýarlar.

Dil bilmek — kämillik

Dil öwrenmek jemgyýetçilik gatnaşyklaryny gowulandyrmakda we adamlaryň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary ýurt dillerini ýaşlara öwretmek maksady bilen birnäçe işler amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi aýratyn uly orna eýe boldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň dil başarnyklaryny ösdürmek, ukyplaryny kämilleşdirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeginde hereket edýän umumy bilim edaralarynda dünýä dilleriniň birnäçesi öwredilýär. Ýaş nesilleriň dil öwrenmäge bolan ýokary islegini kanagatlandyrmakda, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekde bu alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän uludyr.

Ýaş zehinleriň üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün ata Watanymyzda ýaşlaryň kämil bilimli, ylymly bolmagy ugrunda alnyp barylýan beýik işleri her bir ädimde görmek bolýar. Şeýle guwandyryjy maksatlar ýurdumyzyň beýik geljegini gurujy, öz hünärine ussat ýaş nesliň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu günki gün ýaşlar islendik ugurda özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde çäksiz mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Muňa mysal hökmünde ýakynda, has takygy, şu ýylyň 4 — 8-nji mart aralygynda ýurdumyzyň döwrebap ýokary okuw mekdebi bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny (OMOUS — 2024) görkezmek bolar. Ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilen bu halkara bäsleşikde ýurdumyzyň zehinli talyplary üstünlikli çykyş edip, jemi 191 medal, şol sanda ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sini, kümüş medallaryň 51-sini, bürünç medallaryň bolsa 104-sini, toparlaýyn tapgyrda 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medal gazanmagy başardylar. Talyp ýaşlaryň şeýle ajaýyp üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň ýagty geljegi üçin döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

Işine jür, okuwçylaryň sowatly bolmagy üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýan, zähmetsöýer mugallymlaryň biri-de Mamajan Hojaýewadyr. Mugallym Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyny tamamlap, indi 29 ýyl bäri okuwçylara himiýa we biologiýa sapagyndan bilim berip gelýär. Ol häzirki wagtda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdepde zähmet çekýär. I derejeli mugallymyň yhlasly zähmetiniň miwesini onuň okuwçylarynyň gazanýan ýeňişlerinde görmek bolýar. Okuwçylaryň zehininiň ýüze çykmagynda öz mynasyp goşandyny goşýar. Mamajan mugallymyň okuwçylary ders bäsleşiklerine, taslama bäsleşikleriniň şäher, welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolýarlar. Mugallym ençeme ýyl bäri ders hem-de taslama bäsleşiklerine emin hökmünde gatnaşýar. SURATDA: himiýa sapagyndan pursat.

Nesil aladasy — wajyp wezipe

Bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. Çünki ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi. Şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesliň watanperwer, sowatly, giň gözýetimli, sagdyn, belent ruhly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ýurdumyzda her ýylda çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi buýsanç bilen bellärliklidir. Şeýle ýokary derejeli bilim edaralarynda ýaşlary okadýan mugallymlaram, bilim alýan okuwçylaram özlerini diýseň bagtyýar hasaplaýarlar. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaşlara bilim berýän mugallymlaryň ýaşlary watançy, zähmetsöýer, halallyk ruhunda terbiýelemegi, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmegi, şahsy başarnyklaryny ösdürmegi özleriniň baş wezipesi hasaplaýarlar.

Dil öwrenmek – üstünlikleriň özeni

Ýurdumyzda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, ýaşlara çuňňur bilim-terbiýe berilýär. Şunda kämil tehnologiýalar bilen birlikde dünýä dillerini öwretmek hem möhümdir. Bagtyýar ýaş nesillerimiziň bilim alyp, dürli dilleri bilýän, ylymly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin eziz Diýarymyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede öwretmek däl-de, eýsem, daşary ýurt dillerini öwretmek barada-da anyk wezipeleri goýýar. Ýurdumyzda ýaşlara dünýä halklarynyň dillerini öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlarymyz dünýä edebiýatyndan habarly bolýarlar, ylmy edebiýatlary özleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan islegleriň artmagy daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, umuman, bilim işgärleriniň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Şeýle hem olardan dil öwretmek işlerinde häzirki döwürde iň ösen tehnologiýala

Kitap — paýhas hazynasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bada-bat ähli watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Çünki many-maňyzly kitaplar hiç haçan gymmaty egsilmeýän tükeniksiz baýlykdyr. Onuň sahypalaryndan ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri bilen baglanyşykly sowallara dogry jogap tapmak bolýar. Sadalyk, päklik, halallyk, watansöýüjilik, lebizlilik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleriň gymmatyny kitap gahrymanlary dürli durmuş wakalary arkaly beýan edýärler. Durmuşy dogry we üstünlikli, paýhasly dolandyrmagyň, ýüreklere ýol salmagyň syrly açarynyň hem kitaplaryň sahypalaryndadygy hemmelere mälimdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu babatda şeýle belleýär: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär». Ýürekden çykan bu sözler ýüreklerde orun alyp, ruhy gymmatlyk bolan kitaba söýgiňi artdyrýar. Ynsanlar kitap okap Watanyň mukaddesligine, şöhratly geçmiş taryhyna, ýaşaýan döwrüniň ösüşlerine has oňat göz ýetirýärler, ruhuny tämizleýärler.

Ylym-bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion ösüşi rowaçlanýar, bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Hut şonuň üçin hem ylym-bilimiň ösüşini pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek baş ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde pudaklar ylma daýanyp, ýokary ösüşe eýe bolýar. Ylym-bilim özgertmelerinden gözbaş alýan netijeli işler milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkidip, ösüşlere badalga berýär. Hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde ylmyň tutýan orny uludyr. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki ajaýyp üstünliklere ýetilýän döwrümizde ýurdumyzyň bilim özgertmeleriniň durmuşa giňden ornaşýandygy hemme ugurlarda aýdyň görünýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz halkara forumlaryň, dürli ugurlar boýunça geçirilýän çäreleriň merkezi hökmünde tanalýar. Munuň özi dünýä alymlary bilen tejribe alyşmaga, ýaş hünärmenleri giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimlere düşünýän hünärmenler edip

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň diplomatik ugurly ýokary okuw mekdepleri alyş-çalyş maksatnamalary üçin ýol kartasyny düzerler

Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy - ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideo aragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi. Wideo konferensiýanyň dowamynda ADA uniwersitetiniň rektory Fariz Ismailzade, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň prorektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etdi.

Daşary ýurt dilleri döwrebap usulda öwredilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleri sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýip bellemegi, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdele

Sanly bilim ulgamy – innowasion ösüşiň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işi barha giňeýär. Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, biz  bilim işgärleri üçin  möhüm wezipe bolup durýar . Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym