''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Öwrenmek we öwretmek — ömrüň manysy

Ylym-bilim öwrenmek we öwretmek hemişe-de mertebeli häsiýet hasaplanylýar. «Hemmelerem hemişe okap, öwrenip durmaly, emma bu babatda alym hem-de mugallym has-da köp okamalydyr, köp öwrenmelidir» diýilýär. Şonuň üçin ýurdumyzda neşir edilýän täze kitaplar, çap edilýän gazet-žurnallar bilen birlikde daşary ýurt edebiýatynyň eserlerini hem ürç edip okaýarys. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda pedagogika degişli terjimeler biz — mugallymlar üçin has-da ähmiýetli. Şol ýerde berilýän terjime eserleri arkaly dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, milli ruhumyza laýyk gelýän düşünjeleri gündelik durmuşymyza ornaşdyrmaga çalyşýarys. Žurnalyň sahypalarynda berlen eserleriň birinde Konfusiniň sözleri has-da täsir galdyrdy. Konfusiý şeýle diýipdir:

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde uçurymlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl welaýatymyz boýunça ýaşlaryň 20662-si orta mekdepleri tamamlady. Jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran ýaşlar orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň eýeleri boldular. Şu mynasybetli mekdeplerde guralan dabaralarda çykyş eden mugallymlar, il sylagly ýaşulular uçurymlara geljekki özbaşdak durmuşynda uly üstünlikleri arzuwladylar, ulus-ilimize wepaly bolmagy sargyt etdiler. Uly ruhubelentlige beslenen dabaralar aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Ýaşlary şatlandyran pursatlar

Sarahs etrabyndaky bilim ojaklaryny 2023-2024-nji okuw ýylynda tamamlanan mekdep uçurymlarynyň durmuşynda şatlykly waka bolup geçdi. Bu waka mekdep uçurymlaryna orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bilen baglanyşyklydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabyň bagtyýar ýaşlarynyň 1091-si bilim alan ak mekdepleri bilen hoşlaşyp, gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrdy. Şol ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalary gowşurmak dabarasy olaryň buýsanjyny goşalandyryp, kalbyny heýjana getirdi. Şatlykly günde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýaşlara durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy

2023-2024-nji okuw ýylynda Bäherden etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerini tamamlan ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Tamamlanan okuw ýylynda etrap boýunça ýaşlaryň 1 müň 659-sy mekdep uçurymlary bolup, olar gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrdy. Şol bagtyýar ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bagtyýar ýaşlaryň her biriniň ajaýyp arzuwy bar. Olaryň aglabasy bilimini ýurdumyzyň, ýene bir topary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirmäge höwes edýär. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Biz ýaşlara durmuşda uly üstünlikleri, maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.

Bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

Ak bugdaý etrabynyň çäginde orta mekdepleriň 46-sy hereket edip, olaryň ählisinde täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Has anyk aýdylanda, mekdeplerde synpdan-synpa geçiş we gutardyş döwlet synaglarynyň tamamlanmagy bilen bilim ojaklarynda abatlaýyş işlerine bada-bat girişildi. Munuň özi ak mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işlerini irki möhletlerde ýerine ýetirip, bilim ojaklaryny täze okuw ýylyna taýýarlyk ýagdaýyna getirmäge şert döreder. Ýeňil abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, okuw otaglarynyň döwrebap görkezme esbaplar we beýleki abzallar bilen üpjünçiligine aýratyn ähmiýet berler. Mundan başga-da, etrapda hereket edýän çagalar baglarynda hem ýeňil abatlaýyş işleri göwnejaý alnyp barylýar. Bu tagallalar täze okuw ýylyna taýýarlykly barmaga mümkinçilik berer.

Bilim täzeçilligiň we döredijiligiň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tehniki ulgamdaky başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň ykdysady, medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan möhüm işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Her ýylda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi üstünlikli amala aşyrylýar. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda elektron kitaphanalara hem-de dürli maglumatlar gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär. Şonuň ýaly-da, bilim-terbiýe bermek işlerinde döwrüň talabyna görä innowasiýa esaslanýan täze başlangyçlar öňe sürülýär, hukuk, okuw-usuly esaslary pugtalandyrylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Ösüşiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylmyň-bilimiň ösdürilmegi, önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň täze gazananlarynyň, döwrebap tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy, zawod-fabrikleriň toplumlarynda ýokary netijeleriň gazanylmagy, ýerasty we ýerüsti baýlyklardan ýerlikli peýdalanylmagy döwletimiziň ykdysady taýdan barha kuwwatlanmagyna, uly ösüşlere beslenmegine, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Ähli ulgamlarda geçirilýän düýpli özgerişlikler ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňünde täze wezipeleri goýýar we ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamagy talap edýär. Şu nukdaýnazardan-da, ýurduň ykdysadyýetini we sosial ulgamyny ýokary hünärli ylmy işgärler bilen üpjün etmek, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen ylym-bilim edaralarynyň işgärleriniň ylmy we hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda ýurduň ylmy-tehniki kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýokary okuw mekdepleriň we pudaklaýyn ylmy edaralaryň, şeýle hem ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriň işleri döwrebap ýola goýlup, olaryň ylmy-tehniki syýasatymyzy netijeli amala aşyrmak, täze tehnologiýalary döretmek maksatly maddy-tehniki binýatlary berkidildi. Bilşimiz ýaly, döwrebap habar beri

Ilkinji serkerdelik ýoluna gadam basdylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni milli Ýaragly Güýçlerimiziň taryhynda ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de, ýakynda Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň nobatdaky uçurymlarynyň gutardyş dabarasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary harby hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň hem-de ykballaryny mukaddes Watan goragy bilen baglan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň, şol sanda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uçurymlary täze durmuş we harby zähmet ýoluna gadam basdylar. Ýokary bilim alyp, ata Watanymyzyň goranyş kuwwatyna, dost-dog

Belent maksatly ýaşlar

Arzuwlaryň wysala gol beren güni

Şahyr: «Göwnüme bolmasa, uzyn ömürler, belli-belli günler üçin ýaşalýar» diýýär. Şeýle günleriň biri, megerem, arzuwlan hünäriň boýunça ýokary bilim alyp, zähmet ýoluňa gadam basan günüň bolsa gerek. Elbetde, şol arzyly hem arzuwly gün her bir ynsanyň aňyna däl, eýsem, ýüregine-de örklenýär. 2024-nji ýyl. Ynha, bu ýylam, gör, nijeme ynsanlaryň durmuşynda süýji ýatlamalar bilen ýatlanar. Günler aýlara, aýlar ýyllara gol berip, wagt «hä» diýmän geçip dur. Ýaňy ýalydy, olaryň Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplygyna kabul edilendiklerine begenip, göwün guşlarynyň göge uçuşy. Ynha, bu gün bolsa, baýramçylyk lybasly, eginlerinde goşa ýyldyz lowurdap buran serhetçi ýigitlerimiz serkerdelik ýoluna gadam basýarlar. Tolgundyryjy pursatlar! Biri-birine uly üstünlikleri arzuwlaýan ýigitleriň deň-duşlaryna: «Saglygyňy isleýän, ýoldaş leýtenant!» diýip, begenç bilen harbylarça salam berip duruşlaryny göreniňde, olaryň ýüreklerinde hünärine bolan söýginiň pürepürdigine gözli şaýat bolýarsyň. Ho-ol, uzakdan perzentlerine buýsanyp, olaryň şatlygyna goşulýan mähribanlaryň ýüzlerinde bolsa ýylgyryş, şatlyk. Goý, bu şatlykly günüň begenji hemişe olaryň ýollaryna şugla bersin!

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Yhlasly zähmetiň miwesi Mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary bolup, yhlasly zähmet çekýän Ejegül Atabaýewa Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda we okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet bolup ýetişmekleri ugrunda öz işini mekdebiň mugallymlary hem-de ýolbaşçylary bilen sazlaşykly alyp barýar. Okuw-terbiýeçilik işleriniň ilerlemeginiň mekdepde dogry ýola goýlan we gurnalan içki gözegçilikdedigine dogry düşünip, ol işini ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmäge, bilim işgärlerine usuly kömek bermäge, olaryň mekdep resminamalaryny dogry ýöretmekdäki jogapkärçiligini artdyrmaga gönükdirýär.

Şanly ýyl mynasybetli

Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň Bereketli zaman şahamçasynda okyjylara döwrebap kitaphana hyzmatlary talabalaýyk ýola goýulýar we olaryň arasynda gyzykly çäreler yzygiderli guralýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlikler, duşuşyklar we bäsleşikler uly täsirlere eýe bolýar. Kitaphanada «Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» ady bilen geçirilen söhbetdeşlige ýaş okyjylaryň uly topary gatnaşdy. Olar ýörite guralan sergini uly höwes bilen synladylar, kitaphanaçylaryň dürli kitaplaryň many-mazmuny dogrusyndaky gürrüňlerini diňlediler. Okalga zalynda dowam eden söhbetdeşligiň barşynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, şahyryň ömri-döredijiligi, şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, beýik akyldaryň eserleriniň dünýä halklarynyň dillerine terjime edilmegi ugrundaky tagallalar hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Okatmagyň usulyýeti kämilleşdiriler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir ulgamy täze ösüş-özgerişlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze ösüşlere gönükdirilen maksatnamalaryň ençemesi kabul edildi. Şolaryň biri-de 26-njy maýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasydyr. Häzirki wagta ýurdumyzyň bilim ojaklarynda geçirilýän usuly-amaly maslahatlarda bu resminamadan gelip çykýan wezipeler, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmakda netijeli usullardan peýdalanmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmagyň ýollary barada pikir alşylýar. Golaýda şeýle usuly-amaly maslahat Türkmenistanyň milli bilim institutynyň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde hem geçirildi.

Üstünligiň aýdyň ýoly

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 2023—2024-nji okuw ýylyny oňat görkezijiler bilen jemlediler. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň halkara derejelerindäki olimpiadalara, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, gazanan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Şu günler bolsa mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsümini uly ruhubelentlik bilen ýurdumyzyň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde geçirýärler. Merkezlerde çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döreden ajaýyp mümkinçilikleriniň hözirini görýärler. Çagalar aýdym-saz, döredijilik, sport boýunça merkezara ýaryşlaryna gatnaşyp, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar öz deň-duşlary bilen pikir alyşýarlar, dostlaşýarlar, täze okuw ýylynda üstünlikli okamagy maksat edinýärler. Mekdep okuwçylarynyň şadyýan dynç almaklarynda mekdep mugallymlarynyň hem uly tagallalary bar. Täze okuw ýylyny has uly üstünliklere beslemegi maksat edinen mugallymlaryň işleri ileri. Has takygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdir

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň milli bilim ulgamy täze ösüşlere beslenip, ynamly gadam bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz sanly bilimi ösdürmäge uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öz netijelerini aýdyň görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýurduň geljegi bagtyýar nesillere baglydyr» diýip belleýär.

Watansöýüjiligiň aýdyň beýany

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň bu günki gün diňe bir türkmen alymlary däl, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň meşhur alymlary, arheologlary we geograflary tarapyndan öwrenilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny okan her bir okyjy göz ýetirse gerek. Kitapda alymlaryň biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklary öz içine alýan bürünç zamanynda Änew şäher-galasynyň düýbüniň tutulan bolmagynyň mümkindigini çaklamagy şol döwürde ilkinji döwletiň hem dörändigini aňladýar.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem aýdyň mysaldyr. Şu günler täze tassyklanan Konsepsiýa boýunça Ahal welaýatynyň ähli etraplarynda usuly-amaly maslahat guralýar. Şolaryň biri hem Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde ýokary guramaçylykly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň alymlary, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleri, Gökdepe etrap bilim bölüminiň ýolbaşçylary, hünärmenleri we bilim-terbiýeçilik edaralarynyň müdirleri gatnaşdylar.

Baýraklaryňyz, baýramlaryňyz gutly bolsun, ýaş alymlar!

12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan diplomlar we gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Maksatlary myrada gowşan ýaş alymlaryň käbiriniň hoşallyk sözlerini gazetimiziň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik. Ýazgül ÝAZBAÝEWA,

Ýurdumyzyň bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa 8 bapdan ybarat bolup, onuň ilkinji babynda resminamanyň maksadyny, wezipesini we mazmunyny emele getirmek üçin zerurlyklar, jemgyýetçilik talaplary düşündirilýär. Döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny, bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Ene dilimiziň baýlygy — ruhy gymmatlygymyz

Ylym-bilimde bellenilişi ýaly, dil aragatnaşygyň möhüm serişdesidir. Dil bilmek kämillikdir, ösen düşünjelilikdir. Islendik pikir, ylmy garaýyşlar dil bilen beýan edilýär. Şonuň üçin hem dilimiziň baýlygyny, many-mazmunyny, baý sözlük goruny ýaşlara öwretmek olaryň pikirlenişini ösdürmekdir. Ata-babalarymyzdan miras galan ene dilimiz diňe bir gadymylygy bilen däl-de, eýsem, baýlygy, sözleriniň çuňňur manylylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ene dilimizi, şonuň ýaly-da, daşary ýurt dillerini ylmy taýdan öwrenmäge berilýän üns guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen dilini ösdürmäge, onuň ygtybarly çeşmesi bolan sözlükleri peýdalanmaga döwlet derejesinde alnyp barylýan bimöçber işler ildeşlerimiziň kalbynda buýsanjy artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz we ruhy baýlygymyz bolan ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär we ýaş nesillere öwredilýär. Milli dilimiz halkymyzyň diňe bir ruhy gymmatlygy bolman, eýsem, ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir, dostlugyň, üstünlikleriň, ösüşiň gözbaşydyr. Söz baýlygyňy ösdürmek üçin ene dilimiziň taryhyny öwrenmeli. Türkmen dilinde bar bolan