''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ylym-bilim bagtyýarlygyň çeşmesidir

Ylym-bilimiň ösüşi ýaşlaryň kämilligi, giň dünýägaraýşy, röwşen geljegimiz bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bilim özgertmelerine, sanly ulgamyň ösüşine uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, ýaşlaryň röwşen geljegini üpjün edýär. Häzirki döwürde ylmyň dürli ugurlary ösdürilýär we ýaş nesillere öwredilýär. Bilim özgertmeleriniň esasy ugry ylmyň iň täze gazananlaryny, sanly tehnologiýanyň mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmak, has takygy, sanly bilimi has-da ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Şunda okatmagyň döwrebap usullary, multimedia tehnologiýalar bilen bilim öwretmek ýaly ugurlar örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda ylmyň soňky gazananlary okuw işine ornaşdyrylyp, häzirki döwrüň talaplaryny üstünlikli berjaý etmäge ukyply bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Kämil ýaşlary taýýarlamakda orta mekdeplerde berilýän bilim milli terbiýe bilen utgaşdyrylýar. Ýaşlaryň bilim öwrenmek ukyby, ylma bolan höwesi ir döwürden kemala getirilmelidir. Şunda orta mekdebiň mugallymlaryna uly wezipe degişli bolup durýar. Sapaklarda okuwçynyň ünsüni çekmek, geçilýän temanyň m

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlara bilim bermek, olary belli bir hünärlere ugrukdyrmak, saýlap alan hünärlerine söýgi döretmek ýaly örän jogapkärli işlerde bilim işgärleriniň, esasan hem, mugallymlaryň uly orny bardyr. Şunda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli terbiýe mekdebini giňden peýdalanmak özüniň oňyn netijelerini berýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda durmuş pelsepesiniň dürli pursatlarynda kämilleşip, biziň günlerimize ýeten baý pedagogik mirasy bolan halk döredijilik eserlerimiziň dürli görnüşlerinde adamzadyň gaýtalanmajak ruhy mirasyna öwrülen gymmatlyklary saklanýar. Şunda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde nusgawy edebiýatyň hem ähmiýeti uludyr. Nusgawy edebiýatda beýan edilýän ynsanperwerlik, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly ýörelgeler ýaşlaryň terbiýesine oňyn täsirini ýetirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän işler döwrebap mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Şeýle döwrebap mümkinçilikleri bilim özgertmelerinde hem aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler esasynda «T

Döwrebap bilim özgertmelerinde täze sahypa

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biridir. Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmele

Bilim işgärleriniň maslahaty

Welaýatymyzda bilim işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmekleri, özara tejribe alyşmaklary barada uly tagallalar edilýär. Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde «Matematika sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek, ýatdan hasaplamak endiklerini ösdürmekligiň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen mowzukda geçirilen usuly-amaly maslahat hem oňa gatnaşyjylar üçin diýseň ähmiýetli boldy. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmakda öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly guralan maslahata Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, şäherimizdäki orta mekdepleriň mugallymlary, hünär tejribeligini geçýän talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar günüň birinji ýarymynda mekdebiň mugallymlarynyň matematika dersinden guran göreldeli okuw sapaklaryna gatnaşdylar. Hususan-da, mugallymlar Gülruh Babaýewanyň, Sadap Döwletowanyň, Gülşat Kulyýewanyň öz okadýan synplarynda matematika dersinden geçiren göreldeli okuw sapaklary diýseň täsirli boldy. Olar okuwçylaryň geçilýän mowzuk boýunça bilim-düşünjelerini baýlaşdyrmak üçin okuw-görkezme esbaplaryndan,

Zähmete söýgi, hünäre höwes

Ýurdumyzda zähmete söýgi, hünäre höwes çagalykdan döredilýär. Bu ugurda çagalar baglarynda gyzykly çäreler yzygiderli guralyp durulsa, orta mekdeplerde ýörite dersler okadylýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýen eserinde zähmete, hünäre belent sarpa goýýan ýaşlaryň ýolunyň rowaçdygy baradaky pikiri öňe sürýär. Şundan ugur alnyp, Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde geçirilen çärede hem hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýen eseriniň esasynda ýaşlara zähmet terbiýesini bermek, olarda hünäre söýgi döretmek hakynda gyzykly söhbetler boldy. Döwlet Baştutanymyzyň il-ýurdumyzyň ösüşlerine gönükdirilen zähmete belent sarpa goýulýandygy baradaky gymmatly pikirlerine öwran-öwran üns çekildi. Hünäriň ynsany täze belentliklere galkyndyrýandygy, ruhuny belende galdyrýandygy, durmuşa çuňňur many çaýýandygy söhbetleriň özenini düzdi. Çärede ýaşlaryň döredijilikli el işleriniň sergisi guraldy.

Bilim ulgamynda täze hyzmatdaş

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Degişli Ähtnama ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatynyň we serginiň çäginde gol çekişildi. Bir asyrlyk taryhy bolan baýry ýokary okuw mekdebi Belarus Respublikasynyň iň meşhur bilim ojaklarynyň biridir. Bu ýerdäki 7700-den gowrak talybyň bir müňe golaýy daşary ýurtly ýaşlardyr. Uniwersitetde 50-den gowrak hünär boýunça bilim berilýär. Baýry bilim ojagynyň 600-den gowrak mugallymlarynyň 45-si ylymlaryň doktorlary, 33-si bolsa professorlar.

Ykbal özgerdiji ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary we döwletli tutumlary berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýarlygyna, ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilmegine oňyn täsir edýär. Şol sanda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň mazmuny we oňyn netijeleri bilim bermegiň we okatmagyň täze usullaryndan peýdalanmak, dünýä ylymlaryndan baş çykarýan bilimli we döredijilikli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky işlerinde öz beýanyny tapýar. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzyň bilim edaralarynda geçirilýän duşuşyklarda hem buýsançly çykyşlar diňlenilýär. Şeýle duşuşyklarda bilim işgärleri ýurdumyzda innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim bermegiň we okatmagyň täze usullaryndan peýdalanylmagynyň netijesinde ösen aň-düşünjeli, kämil pikirlenmegi başarýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini nygtaýarlar. Şeýle hem soňky ýyllarda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuw otaglarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgamyň we internet mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant goşjak ýaşlaryň sanynyň artmagyna getirýär. Bu ugurda bilim işgärleriniň hünär derejesini we ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçiril

Ylmy-taslamalar bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň üstünlikli geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Bäsleşikde dünýäniň onlarça döwletlerinden ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem mynasyp wekilçilik etdiler.

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri telekommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk ederler

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlaryndan ybarat wekiliýet RF-nyň Krasnoýarsk şäherine, M.F. Reşetnýow adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýa uniwersitetine sapar bilen bardylar. THP maglumatyna görä, uniwersitet aerokosmos pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlaýar, hut şol sebäpden hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň maksady bu uniwersitetde alnyp barylýan bilim işini öwrenmek we telekommunikasiýa we hemra aragatnaşygy boýunça bilelikdäki ylmy gözlegler, şeýle hem bilimiň hilini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda giň möçberli işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de, bilim alýan talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny ýüze çykarýar. Biziň okuwçylarymyz okuw sapaklarynda, şeýle hem sapakdan daşary işlerde sanly bilimiň gazananlary, ondan peýdalanmagyň usullary hakynda düşünjelerini yzygider artdyrýarlar, innowasion gollanmalary we maksatnamalary öwrenýärler. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň bilimi kämilleşdirmekdäki hyzmatyny we ähmiýetini dürli söhbetdeşlikleriň netijesinde ýaşlara düşündirýäris. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça işler ýörite düzülen meýilnamalar esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň innowasion

Koreý dili boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her bir adamyň bilimli, giň dünýä-garaýyşly hem-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan baş alyp çykmagy başarýan zamanabap şahslar bolmagy ugrunda döwlet derejesinde uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Diýarymyzy  ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Esasy Kanunymyzda her bir adamyň bilim almaga hukugynyň bardygy bellenilýär. Şunlukda ýurdumyzda umumy bilim hökmanydyr, her bir adam bolsa, ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Türkmenistanda ähli bilim edaralary bellenilen bilim standartlaryna laýyklykda öz işlerini alyp barýarlar.

Halypa-şägirtlik gatnaşyklary ösdürilýär

  Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen bilelikde çäre guraldy. Türkmenistanyň Milli bilim institutynda tebigy we takyk dersler boýunça guralan usuly-amaly maslahatyň çäklerinde geçirilen bu çärede, ilki bilen, şu mekdebiň okuwçylary üç dilde — türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde çykyş etdiler, soňra taryhy şahsyýetleriň keşplerini sahnalaşdyryp görkezdiler, mugallymlaryň hem-de okuwçylaryň dersler boýunça döredijilik sergileri, gülçi-bagbançylyk, nahal oturtmak hünär öwrediş dersi boýunça gül sergisi hem guraldy. Mundan başga-da, fizika dersi boýunça tejribe geçirdiler. Soňra dersler boýunça mugallymlaryň görelde sapaklary guraldy.     –Mekdebimiziň mugallymlarynyň dürli dersler boýunça interaktiw tagtada prezentasiýa çykyşlary guraldy. Sapaklara gatnaşan welaýatlardan hem-de  Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gelen mugallymlar guralan sapaklara seljerme berdiler. Çäräniň esasy maksady özara pikir alyşmakdan, birek-birege usuly kömek bermekden ybarat. Öňdebaryjy mugallymlar bilen işe täze gelen ýaş mugallymlaryň halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek, ýaşlary kämilleşdirmek,  halypalaryň iş tejribelerini ýaýratmak esasy wezipämiz bolup durýar. Mekdep okuwçylaryna döwrebap, durnukly bi

Usuly-amaly okuw geçirildi

Gökdepe etrabyndaky 20-nji çagalar bakja-bagynda etrap bilim bölümine degişli mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilik işgärleriniň arasynda alnyp barylýan «Halypa-şägirt mekdebi» atly usuly-amaly okuw geçirildi. Oňa gatnaşyjylar etrapdaky 5-nji hem-de 8-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. 3-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň «Toklynyň men-menligi» atly gurjak oýny hem sahnalaşdyryldy. Rus dili dersine ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň  «Diller — dostluk köprüsi», matematika dersine ýöriteleşdirilen 12-nji çagalar bakja-bagynyň «Biz körpe hasapçylar» atly çykyşlary hem täsirli boldy. Bilim işgärleri bu ýerde guralan döredijilik sergisini hem synladylar.

«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri»

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawynda Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Kitaplar dünýäsine syýahat

Akyldarlar: «Kitaba ynan, ol siziň iň ýakynyňyzdyr. Olar sessizdirler, emma haçan gerek bolan wagty olar size aýdyň hem düşnükli dilde gürrüň bererler. Gerek bolsa öňüňizde dünýäni hem açyp bererler» diýip belleýärler. Ynsan, jemgyýet, halk, döwlet hut kitap arkaly ösýär, täzeçe röwşe eýe bolýar, özgerýär. Kitap ynsany terbiýeleýär, durmuşa taýýarlaýar. Ol adamzadyň döreden iň uly mirasy. Şol sebäpli hem jemagat kitaphanalarynyň halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetine ýetirýän täsiri bahasyzdyr. Hut şu nukdaýnazardan hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň kapitan Tahyr Berdimyradowyň serkerdelik edýän diwizionynyň şahsy düzümi bilen etrabyň merkezi kitaphanasyna gezelenç guraldy. Gezelençde harby gullukçylara kitaphananyň baş kitaphanaçysy Gülşirin Hydyrowa ol ýerdäki maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdyrdy, şeýle-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Oýdin Aşirowa hem gatnaşyp, ol hem harby gullukçylarymyza: «Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr» diýip, kitap okamaga görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz

Çagany — ýaşdan, edebi — başdan

Aýlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, beýik taryh beýikligine, müdimi ýörelgeler mizemezligine galýar. Halkymyzyň arasynda dilden-dile geçip gelýän «Döwletli ogul — ojagyň gory», «Edep bergidir, bermedige görgüdir», «Gyzym öýde, gylygy daşarda» diýlen nakyllarymyz hem nesil terbiýesi bilen bagly asylly ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygyna güwä geçýär. Çaga terbiýesiniň inçe syrlary maşgala durmuşy bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Çünki perzent ilkinji görüm-göreldäni maşgalada ata-enesinden, özünden ululardan alýar. Maşgala çaganyň dünýä inen gününden onuň ilkinji we ömürlik daýanjy, terbiýe mekdebidir. Bu barada parasatly pederlerimiz nesil terbiýesiniň ata-enäniň çagalaryna siňdirýän yhlasynyň miwesidigini nygtaýarlar. Şunda türkmen maşgalasynyň her bir agzasynyň aýratyn orny kesgitlenilip, ýaşuly we ýaşkiçi edebi, ula sylag, kiçä hormat goýmak ýaly edep kadalarynyň inçe ýollarynyň ýazylmadyk ahlak zerurlyklara öwrülendigini bellemek gerek. Çaga terbiýesinde ilki göze ilýän häsiýetleriň biriniň ýaşkiçiniň ýaşula goýýan sarpasy bolup durýandygyny halkymyzyň «Edebiň ýagşysy — salam bereni, ýakynlyk ýagşysy — baryp-geleni» diýen nakyly hem tassyklaýar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Yhlasly işiň miwesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzda körpe nesil hakynda edilýän alada giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň döwrebap çagalar bakja-baglarynda körpeleriň terbiýelenmegi hem-de bilim almagy, wagtlaryny hoş geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hut şol maksat bilen tejribeli terbiýeçilerdir mugallymlar körpelere terbiýe hem-de bilim bermekde ýadawsyz işleýärler.

Şu günüň aladasy — ertiriň eşreti

Nesil terbiýesi barada gürrüň edilende bir hakykaty unutmaly däldiris. Dogrusy, döwletimiz biz, mugallymlara ýaş nesle bilim-terbiýe bermegi ynanmak bilen ertirimiziň abadan bolmagyny ynanýar. Bu, elbetde, ýeňil bolmadyk, tutanýerli zähmeti talap edýän wezipe. Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda badalga berilýän giň möçberli işler wajyp wezipäniň oňyn çözgüdinde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleriniň ýokarlanyp, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Borç duýgusyndan ugur alyp zähmet çekmek işiň netijeliliginiň ýokary bolmagyna ýardam edýär. Men bu hakykata iş tejribämde dolulygyna göz ýetirdim. Onsoňam, okuwçylaryň geçilýänleri ymykly özleşdirmekleri mugallymyň ukyp-başarnygyndan yhlasyndan gözbaş alýar. Okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmagam, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanmagam gowy netijelerini berýär. Sapak geçenimde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada okuwçylaryň köp zatlary bilmeklerine çalyşýaryn. Şahyryň şygyrlaryndan okap berip, olaryň many-mazmunyny ýatda galarlykly düşündirýärin. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly okamakda geçirilýän bäsleşikler hem okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Dana şahyrymyzyň şygyrlary bolsa,

Dil bilmek baýlykdyr

Halal zähmetiň rehnedi Ýurdumyzda ýaş nesle üç dili — türkmen, rus, iňlis dillerini öwretmek bilen bagly öňde goýulýan wezipe örän derwaýyslygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi, ösüp gelýän nesliň ene dilinden başga-da dilleri bilmegi ýaşlara uly baýlykdyr we geljekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty netijesinde dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlyk rowaçlanýar. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň ençeme ýurtlarda okap, bilim almaklaryna mümkinçilikleri döredýär.