''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Diller — dostluk köprüsi

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýokary derejede geçirilýän halkara olimpiadalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň dünýäniň ylym, bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda ähmiýeti uludyr. Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri daşary döwletleriň bilim ojaklary bilen özara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýär. Şunuň bilen birlikde, talyplaryň halkara bäsleşiklere gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 10-11-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça III halkara internet olimpiadasyna (IIOE — 2024) badalga berildi. Bu olimpiada ýurdumyzdan 1000-den gowrak talyp, dünýäniň 40 döwletiniň ýokary okuw mekdeplerinden bolsa 900 töweregi talyp gatnaşdy. Olar Russiýa Federasiýasy, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Polşa, Tailand, Wýetnam, Gyrgyzystan, ABŞ, Hytaý, Germaniýa, Türkiýe, Ýaponiýa, Awstraliýa, Hindistan, Wengriýa, Rumyniýa, Şri-Lanka, Koreýa Respublikasy ýaly döwletleriň we ýurdumyzyň

Dostluk köprüleri

Aýdym-sazly dabara geçirildi Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde fransuz dilini öwrenýän okuwçylaryň gatnaşmagynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdepde aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen, mekdebiň müdiri Sapardurdy Garaýew dagy çykyş edip, iki ýurduň arasynda ýola goýlan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň barha işjeňleşdirilýändigini bellediler.

Aýdyň maksatly türkmen ýaşlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýaşlar baradaky alada, ýaş nesliň oýlap tapyjylygy, döredijiligi we olaryň zähmete höweslendirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän oňyn mümkinçiliklerinden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary or

Halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi

Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän informatika olimpiadasyna gatnaşmak üçin dünýäniň 18 döwletiniň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mugallymlary gözel paýtagtymyza geldiler. 350-ä golaý talyby hem-de 30-dan gowrak daşary ýurtly mugallymy bir ýere jemlän olimpiada iki tapgyrda geçiriler. Onuň birinji tapgyrynda gatnaşyjylara programmalary işläp düzmek bilen bagly 5 sany ýumuş hödürlener. Olaryň ählisi zerur programma üpjünçiligi bolan kompýuterler bilen üpjün ediler. Ikinji tapgyrda kiberhowpsuzlyk meselelerini çözmäge degişli tehniki ýumuşlar berler. Netijeler özbaşdak baha berýän monitoring programmasy arkaly jemlener. Ýumuşlary ýerine ýetirmäge 180 minut wagt berilýär. Olimpiada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan düzülen ýörite topar eminlik eder. Ýeňijiler altyn, kümüş, bürünç medallar we I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

Seniň sanyň näçe?

Biz durmuşymyzy sanlarsyz göz öňüne getirip bilemzok. Sanlar ähli ýerde bar. Mysal üçin, çaga dünýä inende, onuň doglan senesi boýunça oňa üstünlik getirýän sany anyklap bolýar. Numerologiýa ylmy bilen gyzyklanýan hünärmenleriň tassyklamagyna görä, her adama üstünlik getirýän sanlar bolýar. Ol sanlar şeýle tertipde hasaplanylýar. Meselem: siziň doglan senäňiz 25.10.1986 bolsa, 2+5+1+0+1+9+8+6=32. 3+2=5.

Ylym-bilim — bagtyň çeşmesi

Ynsan ömrüniň manysy öwrenmekden, ylym-bilim almakdan, ony amal etmekden ybaratdyr. Gadymy alym-ulamalaryň belleýşi ýaly, ylym dünýä malyndan has ýokardadyr. Ylym-bilim ynsany goraýan gymmatlykdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda amal edilýän düýpli ylym-bilim özgertmeleri ýaşlaryň oňa bolan teşneligini gandyryp, dünýä derejesinde ösen aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek bilim işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Munuň üçin häzirki ajaýyp döwrümizde giň mümkinçilikler döredilýär, okatmagyň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu asylly işde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýakyn gollanma bolup durýar. Kitapda hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris. Munuň üçin kämil mekdebe çenli çaga

Dil bilen dünýäni gezer

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ýurdumyz gün-günden ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşleriň biri hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünliklerdir. Eziz Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmek hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gözel Diýarymyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa biziň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär. Ajaýyp zamanamyzda dünýäniň ylym-bilim giňişliklerinde ynamly öňe barýan döwletimizde bilim ulgamy täze mazmun bilen baýlaşdy. Şonuň bilen baglylykda, bilim babatda kämil kanunçylyk binýady hem döredildi. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu günki gün iň täze we innowasiýalara daýanýan enjamlardan, tehnologiýalardan baş çykarýan, ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesiller kemala gelýär, olar halkara derejede geçirilýän döredijilik we zehin bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýarlar. Häzirki wagtda ýaş nesillere ýokary derejede bilim berilýär, hünär öwredilýär. Türkmenistanyň halkara t

Zehinlileriň taplanýan ojagy

Welaýatymyzda ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olara döwrebap bilim bermekde öňdebaryjy üstünlikleri bilen saýlanylýan mekdepleriň bolmagy biziň üçin buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle bilim ojaklarynyň biri hem Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepdir. Mekdepdäki synplaryň 12-si takyk, ýene şonçasy tebigy, 5-si bolsa informatika ugrunda ýöriteleşdirilendir. Bilim ojagynda 850-den gowrak okuwçy bilim alýar.

Bilim ulgamynda

Okuwçy ýaşlaryň üstünlikleri Döwrüň beýik ösüşleri ylym-bilim ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de yzygiderli esasda ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim biziň beýik geljegimizdir. Şundan ugur alnyp, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine, zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen bäsleşiklerde welaýatymyzdan hem birnäçe zehinli okuwçylar ýeňiji boldular. 

Bilimiň basgançakly ýollarynda

Eziz Diýarymyzda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ynha, 17-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda II Açyk Halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS – 2024) badalga aldy. Informatika dersi boýunça Açyk Halkara olimpiada Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Oňa dünýäniň birnäçe döwletleriniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşýar.

Hünärli ýaşlar — döwletimiziň kuwwatly güýji

Eziz Diýarymyz ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylym-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmegi, zähmet çekmegi, oňat dynç almagy üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda olaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy, aň-bilim mümkinçilikleriniň, döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagy üçin möhüm şertler döredilýär. Olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawy berilýär. Döwletimiziň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine halal zähmet çekmek, döwrebap bilim almak, döretmek, gurmak halkymyzyň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän, ylym-bilimli, täze tehnologiýalardan birkemsiz baş çykarýan ýaşlarymyz üçin belent mertebedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» di

Giň gerimli işler

Berkarar döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerine sary bedew badynda öňe barýan döwründe bilim ulgamynda zähmet çekmekligiň özi — uly bagt. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar ýaş nesillerimize dünýä hil ülňülerinde bilim-terbiýe berilmegi üçin eşretli eýýamymyzda ähli şert-mümkinçilikler döredildi. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň özleri üçin üpjün edilip berlen amatly şertlerden ýerlikli peýdalanyp, okamak, öwrenmek, bilimler dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşmak üçin yhlas-başanyklaryny gaýgyrmaýandyklaryny nygtamak bolsa, aýratyn ýakymlydyr. Çünki olar bagta barýan ýoluň bilimdedigine aýdyň göz ýetirýärler. Häzirki wagtda bilim edaralarynyň işini «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barha ilerleýär. Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanynyň hem soňky ýyllarda barha artýandygy, olarda okuwçylara daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilýändigi hem bellärliklidir. Zehinli ýaşlarymyzyň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlary eýelemekleri bolsa hemmämizi örän begendirýär hem-de buýsa

Bilimli nesil — buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyna geçmek babatdaky edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Şonuň bilen baglylykda, ulanylmaga berilýän okuw maksatnamalary we okuw kitaplary mazmun taýdan kämilleşdirilýär, okatmagyň işjeň-öwreniş usullary netijeli ornaşdyrylýar. Bu bolsa döwrümize mynasyp kämil, bilimli nesli kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlar hakdaky aladalar bilim işgärlerini has-da netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz — bilim işgärleri ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekde, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny, şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Bu asylly işde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary ýol-ýörelgämiz, baş gollanmamyz bolar.

Açyk sapaklar geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek işleri uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly günlerinde Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep internatynda açyk sapaklary geçirildi. Onuň çäginde geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaş türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz

Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän oňyn mümkinçiliklerinden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesiller — mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşjak raýatlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleş

Körpeleri tebigat bilen tanyşdyrmak

Häzirki bahar paslynyň dowam edýän günlerinde türkmen tebigaty gül-gülälege, gözellige beslenýär. Şeýle gözellik her bir ynsana ýakymly täsir edýär. Çagalar bagyna gatnaýan körpelere hem bag-bakja, güller we tebigatdaky guşlar hakynda düşünje bermek olarda tebigata söýgi döredýär. Esasan hem, 3-4 ýaşyndaky çagalaryň tebigat baradaky düşünjelerini ösdürmek üçin tebigat gözellikleriniň atlandyrylyşy hakynda beýan etmek bolýar. Çünki mekdebe çenli çagalar edaralarynda daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagy bakja toparlarynda öwredilip başlanýar. Munuň tebigat bilen bagly terbiýedigini hem belläsimiz gelýär. Çaga ir döwürden tebigatdaky ösümlikleriň atlandyrylyşyna, bu ösümlikleriň gözellik döredýändigine düşünip başlaýar. Bu, elbetde, tebigat baradaky düşünjäniň ilkinji ädimleridir. Şonuň üçin hem bu babatda sapaklary geçmek, multimedia tagtada suratlary görkezmek we düşündirmek körpelerde gyzyklanma döredýär. 3-4 ýaşyndaky çagalar maşgala agzalarynyň, öz dostlarynyň adyny doly tutmagy başarýarlar, olary ýatda saklaýarlar. Bu çagada sözleýşiň ösüp başlandygyny alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň, sözleýşi has-da ösdürmek, tebigat bilen tanyşdyrmak terbiýeçiniň paýyna düşýär. Çagalaryň tebigat hakyndaky sözleýşiniň ösmegi diňe bir sapa

Türkmen we iňlis dillerinde işlik zamanlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler ýaşlaryň has sowatly, kämil, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň ösen ylym-biliminden habarly bolmaklaryna gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň, şol sanda talyp ýaşlaryň hem daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin zerur mümkinçilikler we şertler döredilýär. Okatmagyň täze usullary, multimedia tehnologiýalary talyp ýaşlaryň aň-düşünjesiniň artmagyna we öz saýlap alan kärleriniň ussady bolup ýetişmegine esas döredýär. Sözleýişde sözlemleri dogry gurmakda işlik zamanlarynyň ähmiýeti örän uludyr.

Üstünlikli geçen olimpiada

Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda makroykdysadyýet dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden 72 talyp, daşary ýurtlaryň 10-a golaý ýokary okuw mekdebinden bolsa 32 talyp gatnaşdy. Olimpiada gatnaşyjylara 10 meseläni çözmek üçin 120 minut wagt berildi. Onuň netijelerine görä, 6 sany I, 11 sany II we 13 sany III orunlar kesgitlenip, jemi 30 ýeňiji sylaglandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 3-si I, 3-si II we 7-si III orunlara mynasyp bolup, ýokary netijeleri gazandylar. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň talyplary 2 sany I, 3 sany II, Belarus Respublikasynyň talyplary 1 sany I, 3 sany II, 1 sany III, Gazagystan Respublikasynyň talyplary 3 sany III, Täjigistan Respublikasynyň talyplary 1 sany I, Gyrgyz Respublikasynyň talyplary bolsa, 1 sany I, 2 sany II orna mynasyp bolmagy başardylar.

Nebitgazçylaryň ýokary okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar we talyplar köpçüligi gatnaşdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Kitabyň mazmunynyň maglumatlara baýdygy, çeper, düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Bular barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlary Jemal Sapargulyýewa, Şemşat Begliýewa, Ahmet Atajanow dagy öz çykyşlarynda durup geçdi.

Ýaş matematikleriň baýramçylygy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir. Şeýle wakalar bolýar, onuň şan-şöhraty yklymlar aşýar. Şeýle wakalar bolýar, taryhyň sahypasynda ebedi orun alyp, halkyň dilinde sena öwrülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem şeýle şanly wakalaryň buýsanç bulagy.