''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Galyndy garynda öwrülende (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Awtoulagyň tekerleriniň düzümindäki reziniň niçik berkdigine ýyllaryň dowamynda göz ýetirýäris. Täze satyn alan tekerimiz bizi üç-dört ýyllap dagy teker çalyşmak derdinden dyndyrýar. Şeýle-de bolsa, ýola sürtülmegi we dürli hadysalar teker näçe berk bolsa-da, onuň ömrüni gysgaldyp bilýär. Aýdaly, tekeriňiz zaýalanypdyr-da, ornuny täzesine çalyşmakçy bolýarsyňyz. Ine, şonda, könesini näme edýärsiňiz?! Ýa zibile oklaýarsyňyz ýa-da bir çete çykaryp ýakýarsyňyz. Şeýlemi?!

Gymmatly gollanma

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby lukmançylyk ylmynda uly işleriň biridir. Bu diňe bir türkmen ylmynda däl, eýsem dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde gymmatly çeşme hasap edilýär. Bu köp jiltlik kitabyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi uly göwrümli ylmy işiň ähmiýetini görkezýär. Ýakynda bu ylmy kitabyň XIII jildi giň okyjylar köpçüligine gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynyň her bir jildi giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär we ylymda, halk lukmançylygynda gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Kitabyň çap edilen bu täze jildinde-de ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri babatdaky ylmy garaýyşlardyr pikirler beýan edilýär. Türkmen topragy dermanlyk ösümlikleriň bitýän ýeri hökmünde köpleriň ünsünde. Bu babatda dünýäniň lukmançylyk ylmynda ykrar edilen gymmatly çeşmelerde beýan edilýär.

Kitap okamak ömrüňi uzaldýar

«ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň alymlary 12 ýylyň dowamynda 50 ýaşdan ýokary 3635 adama gözegçilik edipdirler. Olaryň ählisi ömrüň dowamlylygy boýunça uly barlaga gatnaşypdyrlar. Ýöne okamak bilen baglanyşykly okyjylara berlen sowallar has gysga bolupdyr» diýip, «The New York Times» ýazýar. Alymlar ähli pikir soralanlary üç topara bölüpdirler: hiç okamaýanlar, hepdede 3,5 sagat okaýanlar, hepdede 3,5 sagatdan has köp okaýanlar.

Bagtyýarlyk döwründe ylmyň eýeleýän orny

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr. Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda ýurdumyzda ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Irki döwürde ýaşan merwli meşhur türkmen alymy Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mübarek Merwezi: «Ynsan ylym bilen ynsandyr, ol ylym bilen öz hormatyna eýe bolýar» diýýär. Hakykatdan-da, ylym ynsanyň ähli ajaýyp ahlak sypatlaryny açyp görkezyär. Ylymly ynsan ruhy taýdan baý bolýar. Çünki ol dünýäniň iň uly hazynasy bolan ylmyň eýesidir.

Sarpaly mugallym, belli alym hakynda kelam

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda durmuşymyza ornaşdyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmegiň beýik maksatlaryna gönükdirilýär. Watanymyzyň okgunly ösüşleri bilen ýetilýän belent sepgitlerde watansöýüjiligiň, ynsan ahlagynyň we milli terbiýäniň ýörelgelerini özlerine tug edinýän bilim işgärleriniň uly goşandy bardyr. Şeýle bolansoň, mugallymçylykda ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen yz galdyran görnükli bilim işgärleri, ussat mugallymlar hakynda söz açasyň gelip dur. Biziň bu söhbedimiz halypa mugallym, belli alym Rejep Berdiýewiň ömri we işi barada bolar. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Rejep Berdiýew 1931-nji ýylda Bäherden etrabynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Okuwyny dowam etdirmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Uniwersitetde aýratyn tapawutlanyp okandygy barada mugallymyň döwürdeşleri gürrüň berýärler.

Türkmen dili ylmy esasda öwrenilýär

Dil halkyň ykbaly bilen berk baglydyr. Halkyň ykbalyny bolsa onuň diliniň taryhy bilen kesgitlemek mümkin. Munuň şeýledigini Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhyndaky dilimiziň ösüşi tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen edebi dilimize aýratyn sarpa goýup, dilimiziň aýratynlyklaryny şeýle häsiýetlendirdi: «Biziň ene dilimiz – türkmen dili dünýäniň iň baý dilleriniň biridir. Söze baý, dile çeper, sözleýşe dilewar halkymyzyň ene dili Oguz han Türkmeniň diliniň dowamydyr». Bu ene dilimiz üçin taryhy hakykatlygyna galýar, çünki gadymdan gelýän türkmen diliniň pederlerimiziň guran beýik döwletlerinde ulanylmagy dilimiziň şeýle derejä ýetmegini üpjün etdi. Türkmen edebi diliniň publisistik stili, türkmen diliniň terminologik leksikasy bilen bagly kitaplaryň, dilimiziň etnonimlerine degişli monografiýanyň hem-de adam adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlary özünde jemleýän sözlügiň we adam atlarynyň üç dilde ýazylyşy boýunça gollanmanyň çap edilmegi Garaşsyzlygymyzyň miwesi boldy. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, dilimiziň taryhyna we ýazuw ýadygärliklerimiziň diline, dil biliminiň ösüş taryhyna, edebi diliň stillerine hem terminologiýasyna üns çekildi hem-de şu ugurlarda ylmy-barlag işleri geçirilip, ola

Durmuş ýörelgämiz bolar

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şu ýyl maňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ýokary okuw mekdebinde bilim almaga girişen ilkinji günüm hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçy ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagy bütin geljegim üçin okuw hem durmuş maksatnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz şol okuw sapagynyň üsti bilen Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezdi. Biziň öňümizde hem şu göreldä eýerip, geljekde öz Watanyna wepaly ýaşlary terbiýelemek wezipesi dur. Munuň üçin bolsa köp okamaly, halypalardan öwrenmeli. Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinden institutymyzda döwrüň talaplaryny ödeýän hünärmenler bolup ýetişmek üçin ähli şertleriň bardygyna göz ýetirdim. Professor-mugallymlarymyz ýokary derejeli bilim berýärler, baý kitap gory bolan kitaphana hem talyplaryň hyzmatynda. Internet ulgamyndan, multimediýa serişdelerinden peýdalanmaga hem mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň, bize diňe gowy bahalar bilen okamak galýar.

Suwuklygy güýçli ýuwudýan guýulary sementlemek usuly

Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça halypanyň hünärmenlere berýän maslahatlary ýaşlar üçin örän gymmatlydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşuly, ussat nebitçiniň guýulary sementlemekde toplan tejribesiniň ýazgysyny okyjylarymyza hödürleýäris. Tebigy taýdan gowşak sementlenen gatlaklardan uzak wagtyň dowamynda önüm alnanda, dürli sebäplere görä, olarda gowaklar, opurylmalar we kanallar ýüze çykýar. Bu hadysa gatlaklaryň guýa daşyndan berilýän erginleri, käbir ýagdaýlarda bolsa, beýleki gatlaklardan alynýan önümi ýuwutmak ukybyny ýokarlandyrýar. Birnäçe guýularda beýleki gatlakdan önümli gatlaga suw geçýär. Oňa keseki suw diýilýär. Guýularda emele gelýän şeýle näsazlyklary düzetmek üçin guýynyň suwuklyk ýuwudýan ýa-da önümli gatlaga keseki suwy akdyrýan gatlagy sement ergini bilen petiklemeli bolýar. Şunlukda, guýynyň daşyndan berilýän ergin, ilkinji nobatda, gidrawliki garşylyklary pes bolan boşluklara hem-de kanallara akyp barýar we olary dyky görnüşinde petikleýär. Bu iş göräýmäge aňsat we ýönekeý ýaly, emma ony iş ýüzünde amala aşyrmak birnäçe çylşyrymly meseleleri çözmekligi talap edýär.

Suwuň häsiýetli aýratynlyklary hakynda

Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol Ýer ýüzüniň 71%-ini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Duzly suwly ummanlar Ýer ýüzüniň suwunyň 97%-ini, buzlar we doňaklyklar 2,4%-ini, beýleki görnüşli suwlar bolsa 0,6 %-ini özünde jemleýär. Şeýlelikde, tutuş biziň planetamyzda (ummanlarda, Ýer gabygynda we Ýer üstünde), takmynan, 1,8 milliard kubmetr suw bardyr diýlip çaklanylýar. Bu suwuň agramy Ýeriň massasynyň bir göterimine golaýdyr. Suw Ýer ýüzündäki iň täsin himiki maddadyr. Şol bir wagtyň özünde suw ýaşaýyş üçin iň zerur serişdedir, tebigatyň adamzada eçilen taýsyz peşgeşidir. Ýerde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Hiç bir zat suwuň ornuny tutup bilmeýär. Suw ynsan bedenini nemlendiriji maddadyr. Uly adamyň bedeninde 42 litr suw bardyr. Beýnimiziň 95%-ini, ganymyzyň 82%-ini, öýkenimiziň 90%-ini suw emele getirýär. Adam süňküniň 20 göterime golaýynyň suwdan durýandygy lukmançylyk ylmynda mälimdir.

Beýik ösüşleriň binýady

Dünýäde ylmyň we tehnikanyň ösüşleri halklaryň, ýurtlaryň dostana hem-de birek-birege ynanyşmak arkaly ýeten belent sepgitleridir. Şeýle beýik ösüşleriň durmuşymyzy bezeýän döwründe bilim işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ýaş alymlar döredijilikli zähmet çekýärler. Ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek, işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylan netijelerden, açyşlardan habarly bolmaly. Hut şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleri maglumat alyp biler ýaly, Internet ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olary ýetişdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikler döredilýär, kömek-goldawlar berilýär. Mugallymlaryň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň has-da kämilleşmekleri, professorlaryň öz ugrundan, önjeýli işlemekleri üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag institu

Ylmy sözleýişde baglanyşyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryna düýpli üns bermegi netijesinde, esasy halkara dilleriň biri bolan iňlis diliniň has giňden öwrenilip başlanmagy uly ähmiýete eýe boldy. Indi çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdebine çenli, hatda aspirantura döwründe hem bu dilde hünär bilen bagly sözleýiş endikleriniň kämilleşdirilmegi işjeň alnyp barylýar. Netijede, halk hojalygymyzyň dürli pudaklaryny, bazar ykdysadyýetini, ylmy, medeni, syýasy gatnaşyklary dünýä derejesine ýetirmekde iňlis diliniň hyzmaty möhüm. Sebäbi islendik hünärdäki adamlaryň şu dilde hasabatlary, teklipnamalary taýýarlamagy, ylmy maslahatlarda çykyş etmegi, taslamalaryň ylmy-tehniki esaslaryny ýazmagy we bir dilden beýleki bir dile terjime işlerini alyp barmagy ussatlygy talap edýär. Öňde duran şu maksatlara ýetmek üçin, dil öwretmekde usulyýetiň has netijeli görnüşlerine geçmek derwaýys hasaplanýar. Täze dil öwretmek usulyýeti nähili häsiýete eýe? Onuň amal edilmegi üçin haýsy ylmy-usuly şertler zerur? Bu usulyýet iňlis diliniň maksatlaýyn öwrenilmegini göz öňünde tutýar. Okatmagyň mazmuny we onuň bilen bagly käbir usuly aýratynlyklar öňe çykýar. Bu diýildigi, ilki bilen, iňlis diliniň başlangyç esaslaryny,

Öwütlere eýermek — borjumyz

Her gezek çykyşlaryny diňlänimde, jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryny okanymda, hormatly Prezidentimiziň nähili giňişleýin möçberde pikirlenýändiginiň, ýurdumyzyň şu güni we geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň hiç birini-de ünsden düşürmän gelýändiginiň şaýady bolýaryn. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyna gatnaşmak we onda eden taryhy çykyşyny diňlemek bagty miýesser etdi. Şonda ýene-de bir gezek milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli aladalarynyň global häsiýete eýediginiň şaýady boldum. Onda aýdylanlaryň ählisi barada gürrüň etjek bolsaň, bir makalanyň möçberi ýeterlik bolmaz. Şonuň üçin hem şu ýazgylarymda ýaşlara ylym, bilim we terbiýe bermek boýunça milli Liderimiziň beren maslahatlarynyň, bu ugurda şu wagta çenli amala aşyrylan işleriň käbirleri barada durup geçmekçi. Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşynda: «Men «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belläpdim. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris» diýip, ylmyň, bilimiň we terbiýäniň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini açyp görkezdi. Olaryň ýokary derejede döwrüň talaplaryna we

Ylym - beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Milli Liderimiziň ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri üstünliklere beslenýär. Zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin hemmetaraplaýyn we ylmy esasda zerur meýilnamalar kabul edilýär. Häzirki döwürde ýaş alymlar halypalary bilen bir hatarda ylmy-barlag, taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde düýpli, amaly, nazary işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Üstünlige ruhlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täzeden dikeldilip, aspiranturalaryň, doktoranturalaryň we kliniki ordinaturalaryň döredilendigini buýsanç bilen ýatlap geçmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, milli aýdym-saz sungatymyzy dürli taraplardan öwrenip, bu ugurda kandidatlyk, doktorlyk alymlyk derejelerini gorajaklara giň mümkinçilikler döredilýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň birnäçesi saýlap alan ugurlary boýunça ylmy dissertasiýalaryny üstünlikli gorap, «Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesine eýe boldular. Şolaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň hem birnäçesi bar.

Barlaghanada ylmy-barlag we tejribe işleri ýerine ýetirilýär

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň ägirt uly tebigy uglewodorod baýlyklaryna esaslanýan nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär, ylmy-barlag institutlarynyň barlaghanalary innowasion esasly täze barlaghana enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Laboratoriýa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy «FANN Instrument» we «Chandler Engineering» kompaniýalarynyň ylmyň soňky gazananlaryny öz içine alýan häzirki zaman enjamlary we gurallary bilen üpjün edilendir. Olaryň kömegi bilen guýularyň dag-geologik şertlerini modelirlemek bolýar. Bu enjamlar arkaly dürli görnüşli tamponaž sementleriniň Türkmenistanyň standartlarynyň bildirýän talaplaryna laýyklygynyň barlag işlerini hem geçirmek bolýar.

Beýik maksatlaryň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, aýratyn hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň her bir güni kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz merdana halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýaly ajaýyp ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde umumy okuw sapagyny geçmegi ähli halkymyz üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly bolmaga çagyrýan, täzeçil garaýyşlar toplumyny özünde jemleýän umumy okuw sapagynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulanmagy ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary giňişleýin beýan edildi. Şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň ýeten mümkinçilikleri, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary häsiýetlendirildi.

Ylym — kämilligiň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda ylma, sanly tehnologiýalary ösdürmäge yzygiderli üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy okuw sapagynda taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyzyň ylymdan üzňe ýaşamandyklaryny, häzirki döwrüň ýaşlarynyň pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaşlaryň adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýändiklerini, dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlaryň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galman, täze tehnologiýalary döretmelidiklerini aýratyn belledi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli döwrebaplaşdyrmak, Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, zehinli, ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň zerurdygy nazara alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulga

Ylym-bilim — täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslary we miweleri, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň wezipe borçlary hakynda giňişleýin gürrüň etmegi ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde-de möhüm wezipeleri kesgitledi. Şular dogrusynda gürrüň etmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy SUWHANOWYŇ, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Hezretguly DURDYÝEWIŇ, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Janabaý ŞYHYÝEWIŇ, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Kömek KULYÝEWIŇ, Aşgabat şäherindäki 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri Hemra ARAMEDOWYŇ gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik taýýarladyk. — Hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagynda öňe süren garaýyşlary täze eýýamyň paýhas esasyny düzýär. Olar dö

Halypa alymyň manyly ömri

Ýiti galamyna ezberlik bilen erk edýän ussat halypa Amanmyrat Kiçigulowyň ýakynda metbugatda çap edilen «Sagat näçe bolduka?» atly makalasyny uly gyzyklanma bilen okap, çuň pikirleriň girdabyna düşenimi duýman galdym.. Bütin ömrüni ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge bagyş eden halypa alymlaryň biri Walentin Georgiýewiç Ignatýew bilen institutda gündelik geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri, indiki ädilmeli ädimler barada maslahatlaşylýan iş pursatlarynda edilmeli işleriň köpdügini, wagtyň bolsa çäklidigini aňynda aýlaýan halypamyzyň «Sagat näçe boldy?» diýip soraýandygy biygtyýar serime dolýar.

Diplomatik gatnaşyklarda ilçileriň orny

Diplomatik gatnaşyklaryň emele geliş taryhy öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Dünýäde ilkinji döwletleriň emele gelmegi, olaryň resmi görnüşde özara ylalaşyklary we şertnamalary bilen diplomatik gatnaşyklaryň başlangyç görnüşleri hem döräpdir. Dürli şertnamalardan başga-da diplomatiýa müňýyllyklaryň dowamynda, köplenç ýagdaýda, umumy kabul edilen kadalar, halkara gatnaşyklarynda emele gelen däp-dessurlar arkaly amala aşyrylypdyr. Gadymy Gündogaryň diplomatiýasynyň taryhynda häzirki Hindistanyň çäklerinde mundan IV müň ýyl ozal dörän Manu kanunlary ilkinji mysallaryň biri bolup durýar. Olar Manu atly hindi hökümdaryň ady bilen baglanyşykly bolup, olarda diplomatiýa arkaly uruşlaryň öňüni almak we parahatçylygy berkitmek sungat derejesine ýetipdir. Manu kanunlarynda diplomatik gatnaşyklaryň netijeleri, ýagny, parahatçylygyň üpjün edilmeginiň ýa-da özara gatnaşyklaryň bozulmagynyň ilçileriň hyzmatyna baglydygy bellenilipdir. Ilçiler öz hökümdarlaryny keseki hökümdarlaryň meýilleri we maksatlary barada habardar edipdirler. Şeýdibem, ilçiler köp howplaryň öňüni almaga ukyply bolupdyrlar. Ilçileri saýlap almaklyga hem aýratyn üns berlipdir. Hemmetaraplaýyn bilimli, alçak, dilewar hem-de wezipe borçlaryna ygrarly adamlary hökümdarlar ilçi edip belläpdirle