''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Suw serişdelerini rejeli ulanmak — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, suw üpjünçiligine hem ägirt uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 28-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäheriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, hereket edýän suw desgalaryny abadanlaşdyrmak we beýleki çäreler barada öňde goýlan wezipeler doly şaýatlyk edýär. Şeýle hem suw meselesi 4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar suw-energetika serişdelerini toplumlaýyn hem-de aýawly peýdalanmak boýunça ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş etdiler. Ylaýta-da, Amyderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň ileri tutulýan ähmiýetini nygtadylar we bu ugurda köp taraply hyzmatdaşlygyň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Suw — bu tebigatyň bize beren iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, şonsuz ýaşaýyş we ösüş ýokdur. Suw serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak şu günki iň derwaýys meseleleriň

Ylym we oba hojalygy

Arkadagly Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde ýaş nesil ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar. Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda hem ýaşlar uly höwes bilen zähmet çekýärler. Ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler kemala gelýär. Bu ýerde berilýän bilimiň hili döwrüň öňdebaryjy tejribeleri esasynda kämilleşdirilýär. Talyplar daşary ýurt döwletlerinde hünär tejribeliklerinde bolup, önümçiligiň innowasion ulgamyny, döwrebap tehnologiýalara erk etmegi çuňňur öwrenýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynda talyp ýaşlar bilen duşuşmagy ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýaş talyplara halkymyzyň köpasyrlyk daýhançylyk däplerini ösen tehnologiýalar bilen utgaşykly öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi. Munuň özi talyplar üçin gymmatly gollanmadyr.

Binagärligiň täze nusgasy

Mälim bolşy  ýaly, şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alan ýerinde gurlan bu şäher kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe boldy. Bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina bolan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Uly arzuwlary, beýik maksatlary bir ýere jemlän «akylly» şäherde şol gün «akylly» öý tehnologiýalary ornaşdyrylyp gurlan döwrebap 5, 7, 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler we durmuş ähmiýetli onlarça edara binalary ulanylmaga berildi. Şol gün Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginiň binasy hem açyldy. Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginiň edara binasynyň açylmagy Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçir

YLYM — KÄMILLIK ÝOLY

Ýurdumyzda geljegi uly ylmy barlaglaryň, tejribe synaglarynyň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi ýyl ýyldan ajaýyp miwelerini berýär. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, olary toplumlaýyn esasda geçirip, netijelerini önümçilige ornaşdyrmak hemde jemgyýetimiziň, döwletimiziň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek üçin zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olary täze maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişliginiň elýeterliligini üpjün etmek boýunça uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Ylymlar güni meniň durmuşymda ýatdan çykmajak iň süýji pursatlara beslendi. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, birinji orna mynasyp bolmak, Şa serpaýyny almak bagty maňada miýesser etdi. Her bir şatlykly pursat hakydamyzda ýakymly ýatlamalar, kalbymyzda ajaýyp duýgular bolup orun alýar. Şa serpaýyny almak bagty bolsa ynsanyň ömür boýy durmuş ýoluna nur çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň sowgatlaryna mynasyp bolmagymyz biz

Ýeňişler gutly bolsun!

Ylym-bilim jemgyýetimiziň ösüşine itergi berýän güýçdür. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, täze ýeňişleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Olaryň ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanmaklary has-da buýsandyryjydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ylym-bilime teşne, sowatly hem höwesli ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri ata Watanymyzyň buýsanjydyr. Himiýa dersi boýunça halkara olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, ýeňişli gelýän, şeýle üstünliklerden paýly ýaş himik jigilerimiz bu gezek hem bizi begendirdiler.

Şöhratly taryhyň teşnesi

Halypa alym Almaz Ýazberdiýewiň ömri we döredijiligi hakda söhbet Bilim almak, öwrenmek adam ömrüniň her bir pursadynda-da mümkin. Ýöne çagalykda alnan bilim, ata-babalarymyzyň «daşa ýazylan ýaly» diýen juda jaýdar aýdan pikirini durmuş hakykatyna öwürýär. Kitaphanaçylyk işini ykbala öwren Almaz Ýazberdiýewde bu hünäre söýgi çagalykdan döreýär. Ol okamagy, ýazmagy öz ýaşytdaşlaryndan ir öwrenýär, çeper eserleri-de ir okap başlaýar. Onuň önüp-ösen maşgalasynda kitaba aýratyn sarpa goýlupdyr. Onuň babasy Sary ahunyň ýaşlygy Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Çendir sebitlerinde geçipdir we bilimi Hywa medresesinde alypdyr. Soňra bolsa häzirki Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Keýigoý diýen ýerinde medrese açyp, çaga okadypdyr.

Ylmy-tehnologik merkezleriň işi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we Tehnologiýalar merkeziniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de olaryň ýanyndaky ylmy merkezleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 28-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnamanyň tassyklanylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylmy-tehnologik merkezleri öz işini «Ylmy edaralar hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Kärhanalar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Täjirçilik syry hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de agzalan Düzgünnama esasynda alyp barýar. Düzgünnama laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezler täze we ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, tehnologiýalara esaslanan geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň iň amatly özara baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilýär. Ylmy-tehnologik merkeziň işiniň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň p

Dur­nuk­ly ösü­şiň bin­ýat­la­ýyn esas­la­ry

ze­hin­li we ylym­ly ýaş­la­ra da­ýan­ýar Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 14-nji iýu­l­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­ga köp möç­ber­de se­riş­de goý­ma­gyň do­wam et­di­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Gazçylar möhüm wezipeleri üstünlikli çözýärler

«Mawy ýangyç» bilen içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmekde hem-de türkmen gazyny halkara hil derejesinde daşary bazara çykarmakda esasy wezipäniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýerlerdäki edara-kärhanalaryna degişlidigi pudagyň gazçylarynda egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär. Bu babatda konserniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleriniň paýyna hem uly jogapkärçilik düşýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen alty aýynda alnyp barlan işler hakynda gazetimiziň ýörite habarçysy Oraznazar HEŞDEKOW müdirligiň önümçilik-tehniki bölüminiň inženeri Ýagşymyrat KULYÝEW bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş boldy. Biz taýýarlanylan söhbetdeşligi gazetimiziň okyjylaryna ýetirmekligi makul bildik. — Ýagşymyrat Kulyýewiç, halkymyzyň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagyny gazanmak işi welaýatyň gazçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri. Söhbetdeşligimizi müdirligiňiziň gazçylarynyň häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirýän işleri dogrusyndaky gürrüňden başlasak, ýerlikli bolardy.

«Akylly» şäheriň gurluşygyna goşant

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň taýýarlan taslama işleri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna bagyşlanan bäsleşikde üçünji orna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen bäsleşik Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutlary tarapyndan geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde eminler Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň, hususan-da, onuň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin programmalaşdyrmak we inženerçilik ulgamyndaky teklip-taslamalara garadylar hem-de olara baha berdiler. Bäsleşik «Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin teklipler» diýlip atlandyryldy.

Ganatly göwünleriň guwanjy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ösüşli gadamlary barha batlanýar. Bu guwançly hakykat ata pendine, görüm-göreldesine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygaryndan badalga alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaşlaryň kämil ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly goldaw berýär.

Zehinli ýaş alymlar

Ylym ýagty geljegiň çyragy hasaplanýar. Şol çyragyň şöhle saçyp durmagy üçin oňa yzygiderli yhlas siňdirmeli bolýar. Ol çyrag indi adamzatda dünýä akyl ýetirmek pikiriniň döräli bäri bardyr. Ylma şu çaka çenli tapgyrma-tapgyr gulluk eden wekiller bolup, olaryň atlary dünýäniň altyn hazynasynyň sahaplarynda uly orny eýeledi. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ylym wekilleriniň hataryna goşulmak isleýän nesilleriň bolmagy, olaryň sanynyň ýyl geçdigisaýy artmagy uly many-mazmuny özünde jemleýär. Geçen ýyl üç sany orta mekdebiň okuwçylary «ýaş alym» diýen ada mynasyp görlen bolsa, bu ýyl olaryň sany bäşe ýetdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde her ýylyň başyna ýaş alymlaryň bäsleşigini yglan edip, ýurdumyzyň ylma höwesek ýaşlarynyň ünsüni özüne çekýär. Täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň bu ýylky sanawynda Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Mylaýym Şyhyýewanyň, Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Omarhan Babageldiýewiň, Magtymguly etrabynyň D.Ökdirow adyndaky 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Annamuhammet Meredowyň, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çu

Täze pikirler – täze çemeleşmeler

Ýakynda geçirilen ylmy-tehniki sergisinde mugallymlaryň, mekdep okuwçylarynyň, ýaşlaryň taýýarlan taslama işleri bilen ýakyndan tanyş bolduk. Olaryň düzen taslama işleriniň käbirini size ýetirmegi makul bildik. Sabina ROZYÝEWA, Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy:

Talyplar tejribelik okuwlarynda

Häzirki günlerde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Amyderýanyň sapaly kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, çagalar baglarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerde okuw tejribelik sapaklaryny geçýärler. Nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribe arkaly çuňňur berkitmekleri olaryň geljekde bu ugurdan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Çünki bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň esasy maksady ýaş nesli watansöýüji, mert, gaýduwsyz we başarnykly, edep-terbiýeli, zehinli edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Türkmenabat şäherindäki çagalar-bakja baglarynda ýaş hünärmenleriň zähmet çekmeklerine we çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmeklige ähli mümkinçilikler döredilendir. Bilim ojaklary okuw-görkezme esbaplary bilen doly üpjün edilen. Bu bolsa körpeleriň sowatly, edepli, zehinli, ukyply bolup ýetişmeklerine şert döredýär. Bu çäre talyplaryň ussat terbiýeçilerden öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmeklerinde ähmiýetlidir.

DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEKDE ÝAŞ AÝRATYNLYKLARY

Täze maglumatlary kabul etmekde çagalar ululara garanda has ukyply DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEKDE ÝAŞ AÝRATYNLYKLARY

ÝAŞ ALYMLARYŇ YLMY GÖZLEGLERI

Tomusda diňe baglardyr ekinler däl, ýaň alymlaryň ýyl boýy çeken yhlasy hem miwe berýär. Şu gezek hem şeýle boldy. «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sanyny ele almagyňyzdan sähelçe gün öň, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşi giň ýeňijileri yglan edildi. Olaryň sany 70-e golaýlaýar. Nesip bolsa, žurnalymyzyň geljekki sanlarynda iň saýlama ylmy gözlegleriň käbiri barada gürrüň ederis. Bu gezekki sanymyz üçin bolsa ylmy işleriň ikisini aýratyn saýlap aldyk. Sebäbi bu işler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gönüden-göni bagly. ADAMZAT TARYHYNYŇ ILKINJI BÖLÜMI

Eşretli geljegimiziň eýeleri

Ata Watanymyzda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň arzuw-isleginden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň güýç-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň röwşen geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanýar. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgämiz esasynda terbiýelenýän ýaş nesillere bildirilýän uly ynamyň beýany boldy. Bu ýylda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmekde jogapkärli wezipeler, tutumly işler öňde durýar. ªol belent wezipeleri, aýdyň maksatly uly işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişip, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de batly gadamlar bilen ösmeginiň hatyrasyna öndürijilikli zähmet çekmekleri möhümdir. Munuň üçin bolsa baky berkarar döwletimizde ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Biz ýaşlara Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly

As-Samany — orta asyrlar döwrüniň görnükli alymy (Ýaşlar we gadymyýetiň ýaňy)

Gojaman taryha ser salsak, türkmenler dünýäniň çar künjünde beýik döwletleri döredip, dünýä medeniýetiniň, ylmynyň we biliminiň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşupdyrlar. Gündogarda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösen döwletleriň biri hem Beýik Seljuk Türkmen döwletidir. Seljuk soltanlarynyň ählisi döwletiň gülläp ösmeginiň ylym-bilime baglydygyna düşünip, bu pudagy ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüpdirler. Hut şu jähetden ugur alyp, Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň paýtagty Merwde ylym-bilim ojaklary, meşhur kitaphanalar, medreseler we obserwatoriýalar gurlup, alymlaryň, şahyrlaryň we dürli ugurlar boýunça ylmy işgärleriň kemala gelmegine şert döredilipdir. XI asyryň ortalaryndan XIII asyryň başlaryna çenli Merwde köp sanly kitaphanalar işläp, olaryň iki sanysy metjitde, iki sanysy hanakada, galanlary medreselerde ýerleşipdir. Bu ýerde meşhur alymlar tarapyndan Samanylar kitaphanasynyň döredilendigi hakynda taryhy çeşmelerde gabat gelmek bolýar. Merwde as-Samany ady bilen meşhur bolan, samanylar maşgalasyna degişli taryhçylaryň we filologlaryň mekdebi ýerleşipdir. Bu mekdebi Abu Sad Abul Muzaffar as-Samany esaslandyrypdyr. Samanylar alymlar maşgalasy bolup, olara Merwdäki on iki kitaphananyň iki sanysy degişli bolupdyr. As-Sama

Suwaryşda netijeli usullar

Häzirki döwürde ösen ýurtlar suw tygşytlaýjy täzeçil tehnologiýalar hökmünde damjalaýyn suwaryş we emeli ýagyş ýagdyrmak usullarynyň ekologik taýdan amatlydygyna doly göz ýetirdiler. Biziň ekerançylygymyzda-da bu suwaryş usullary örän bähbitlidigini görkezdi. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň öz ulanylyş aýratynlyklary bolup, olary ýerli şertlere baglylykda berjaý etmek zerurdyr. Damjalaýyn suwaryş usulynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinlerde keşara bejerginiň aradan aýrylýanlygy sebäpli, topragyň ýokarky gatlagy yzygiderli ýumşadylmaýar. Ýerasty suwuň ýeriň ýüzüne golaý gatlagyna duzuň çykmagy topragyň şorlaşmagyna getirýär. Bu usulda şorlaşjak topragyň ýuwlup durýandygy üçin onuň duzlulyk derejesi peselýär. Suw damdyryjydan näçe ara açyldygyça, suwuň hereket tizligi gowşaýar. Bu bolsa yzgarlandyrylýan meýdanyň daşynda duzuň ýygnanmagyna getirýär. Uly bolmadyk ygalyň hem şol duzlary ýuwup, aşak, kök saklaýan zolaga eltmegi we ekine zyýan ýetirmegi mümkindir. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýagyş ýagýan döwürleri damjalaýyn suwaryşy dowam etdirmeli. Duzlaryň kök saklanýan zolakdan aşaky gatlaklara ýuwlup gitmegini üpjün etmeli.

Gowaça: geljegi uly täze görnüş

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hilli, bol hasylly sortlaryny döretmegi we önümçilige ornaşdyrmagy esasy wezipe edip goýdy. Jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin degişli ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Netijede, gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 58» sortuny döretdik. Ol Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkezinde gowaçanyň «Ýolöten — 42» sortunyň populýasiýasyndan ýekebara seçgi esasynda saýlanyp alnyp döredildi. Saýlantgy ösümlik bolsa 2016-njy ýylda alyndy. Ösümligiň düýbi çugdam boýly, aram ýaýbaň görnüşli, boýy 90 — 100 santimetr aralygynda, şahaly. Öser şahasy bir sany. Gürlük kadaly bolanda, bu şaha bolman hem biler. Baldagy orta ýogynlykda, tüýjümegräk, berk, ýere ýykylmazak bolup, güýzüne goňrumtyl gyzgylt reňke geçýär. Hasyl şahalary üçünji topara degişli. Goňras reňkde, esasy baldakdan ýiti burç bilen çykýar. Şahanyň düýbünden goşmaça gozalar döreýär. Esasy baldakdan ösýän şahalaryň bogun arasy 4-5 santimetr. Birinji hasyl şahasy 4-5-nji bogundan çykýar. Ýapragy orta ululykda, gök-ýaşyl reňkde, üsti tekiz, 3 — 5 ganata meňzeş ýaprakly. Ýapragyň arka ýüzünde 1-2 sany şiresi bolýar. Güli orta ululykda, sary reňkde. D