''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Paýtagtymyzda syýahatçylyk hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyklar geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Bu foruma halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar syýahatçylyk infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändigini bellediler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Türkmenistanyň milli howa gatnawçysy 2024-nji ýylyň täze tomus meýilnamasynda Aşgabat — Deli ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndaky maglumatlara görä, Hindistanyň paýtagtyna hepdelik uçuşlaryň sany ikiden üçe çenli artar. 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabry aralygynda güýje girýän täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan Delä uçuşlar T5-531 (uçur 01:45, gonuş 05:35), T5-533 (07:00 — 10:50), T5-537 (04:00 — 07:50) belgiler boýunça amala aşyrylar.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uzyn awtoulag ýoly

Beýik bina

2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuala-Lumpurda açylan «Merdaka-118» atly bina Malaýziýanyň iň beýik, dünýäniň ikinji beýik binasydyr. Malaýça «garaşsyzlyk» diýmegi aňladýan bu bina Dubaýdaky «Burj Halifadan» soň dünýäniň ikinji iň beýik binasy. Beýikligi 678,9 metr bolan 118 gatly binanyň gurluşygyna 2014-nji ýylda badalga berildi. Köp taraply binanyň 673  müň inedördül metrden gowrak meýdany bolup, onda ofis otaglary, söwda merkezleri we myhmanhanalar ýerleşýär. Göge uzaýan binanyň binagäri Fender Katsalidis atly ussat hünärmendir.

«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

“Türkmenhowaýollarynyň” Türkiýedäki wekilhanasynyň web sahypasy işläp başlady

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Türkiýedäki wekilhanasynyň resmi web sahypasy döredildi.  Web sahypada, Türkmenistan howa ýollary bilen dünýäni tanamak üçin halkara uçuşlara bilet satyn alyp bilersiňiz.

«Boeing» kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider

«Boeing» amerikan kompaniýasynyň başlygy Deýw Kelhun soňky aýlarda uçarlar bilen baglylykda bolup geçen tehniki meseleler we heläkçilikler sebäpli ýylyň ahyrynda işden gitmekçidigini habar berdi. Bu barada «1prime.ru» saýty ýazýar. Kelhun bu barada «Boeing» kompaniýasynyň saýtynda ýerleşdirilen beýanatynda habar berdi.

“Deňiz” myhmanhanasy Google-yň ýokary hyzmatly üç sany myhmanhananyň ilkinjisi bolup durýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň merkezinde ýerleşýän «Deňiz» myhmanhanasy, müşderileriň teswirleri boýunça Google-yň ýokaryhyzmatly üç sany myhmanhananyň ilkinjisi bolup durýar. Myhmanhananyň ýyldyz derejeligi syýahatçylara myhmanhanadaky rahatlygyň we amatlylygyň derejesini kesgitlemäge kömek edýän klassifikasiýa ulgamydyr. Ýyldyz derejeligi bolan myhmanhanalarda berjaý edilmeli rahatlylyk we amatlylyk standartlary bar.

Jümle-jahan habarlary

Derýanyň aşagyndan metro guruldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň ýaz-tomus meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar. Bu barada Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentiniň web sahypasynda habar berildi. Täzelenen tertibe laýyklykda, 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli Türkmenistanyň we Russiýanyň paýtagtlarynyň arasynda gündelik uçuşlaryň sany bäşden alta çenli artar.

Dürbi binasy

Dünýäniň gözel ýerlerine syýahat etmek, tebigatyň täsinlikleri barada maglumatlary bilmek, adamlaryň başarjaňlygy netijesinde dörän haýran galdyryjy taslamalar bilen gyzyklanmak her kim üçin mahsus häsiýetdir. ABŞ-nyň Los-Anželes şäherindäki «Dürbi binasy» hem syýahatçydyr bilesigeliji adamlary haýrana goýýan desgadyr. «Dürbi binasy» desgasynyň binagäri dünýä belli arhitektor Frenk Geridir. Bina 1991-nji ýylda gurlup, «Chiat Day» atly mahabat şereketiniň edarasy hökmünde işe başlaýar.

Ýat­dan çyk­ma­jak 117 gün

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Dur­muş yk­bal öw­rüm­le­ri­ne diý­seň baý. He­niz öň­de nä­me­le­riň bo­lup geç­jek­di­gi bel­li däl. Ga­raş­ma­dyk ýe­riň­den ga­ra­şyl­ma­dyk, ýa­dy­ňa-oýu­ňa gel­me­dik ýag­daý­lar çy­ky­ber­ýär. Äh­li zat is­leý­şiň ýa­ly bo­lup dur­my nä­me, eý­sem? Sen baş­ga iş­le­ri me­ýil­leş­di­rer­siň, dur­muş bol­sa sa­ňa baş­ga zat­la­ry be­rer...

Köýtendag — tebigatyň täsin eseri

Hawa, Köýtendag — tebigatyň döreden ajaýyp eseri. Bu täsin mekanyň gözellikleri barada taryhda ilki bolup ýunan taryhçysy Diodor Sisiliýaly öz ýazgylarynda ýatlap geçýär. Bu günki gün bolsa Köýtendagyň täsin künjekleri, ol ýerdäki dinozawrlaryň aýak yzlary dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Köýtendagyň gözel ýerleriniň her biri barada gyzykly eser döredip bolar. Sebäbi ol ýerlere baran ynsanyň kalbynda ylham gaýnap, döredijilik joşguny emele gelýär. Bu täsin mekan barada köp sanly rowaýatlaryň döredilendigini hem şol ylham joşguny bilen düşündirip bolar. Şol rowaýatlaryň birinde Köýtendag ynsanlaryň hemaýatkäri hökmünde öňe çykýar. Rowaýatda gaýduwsyz söweşen Umbar atly ýaş esger ýagynyň agdyklyk etmegi sebäpli, ähli ýoldaşlaryny ýitirýär. Ol uçut gaýanyň gyrasyna gelende, Köýtendagdan hemaýat soraýar. Dag hem ýaş ýigidiň ýürek sesine jogap edip, iki uçut gaýany at böküp geçer ýakynlykda golaýladýar. Şeýdip ýaş ýigidi duşmandan halas edýär. Ýaş esgeriň haýyşy bilen emele gelen jülgä bolsa «Umbar dere» diýen at galýar.

Raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň gerimi giňeýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň aprelinde Aşgabat — London (Gatwik) ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar. 3-nji aprelden «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar. Bu dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen «AeroRoutes» kompaniýasy tarapyndan habar berilýär. Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri bolup, ol Hitroudan soň ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir.

Jumle-jahan habarlary

Stratosferadan surata düşürdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona uçuşlaryny Hitroudan Gatwik howa menziline geçirýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Londonyň Hitrou howa menziline amala aşyrylýan uçuşlary Londonyň Gatwik howa menziline geçirmek meýilnamasyny yglan etdi. “AeroRoutes” portalynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, “Boeing 777-200LR” kysymly uçar 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinden başlap bu ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. T5423 belgili uçuş Aşgabatdan 12:00-da ugrap Londonyň Gatwik howa menziline sagat 15:10-a barar we ertesi T5424 belgili yzyna uçuş Londondan 16:55-de uçup, Aşgabat Halkara howa menziline sagat 3:00 geler.

Bangladeşde diňe zenanlardan durýan ekipažly uçar uçuşy amala aşyrdy

Bangladeşde Halkara zenanlar güni mynasybetli, diňe zenan uçarmanlar tarapyndan dolandyrylýan uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada «MIR 24» habar berýär. Uçar ýurduň paýtagty Dakkadan Saud Arabystanynyň Dammam şäherine uçdy.

Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň sany artdy. Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Aşgabatdan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäherine “Boeing 777-200 LR” kysymly häzirki zaman uçary ilkinji uçuşy amala aşyryp, ol täze ugur boýunça ýola goýlan howa gatnawlarynyň başyny başlady.

Kitaplar hazynasy

Dünýäniň iň uly kitaphanasy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Kongres kitaphanasy ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýär. 1800-nji ýylyň 24-nji aprelinde ilkinji okyjylaryna gapysyny giňden açan bu kitaphananyň binagäri Tomas Jeffersondyr. 3 sany binadan ybarat bolan kitaphanada millionlarça kitap, film, wideo, ses ýazgylary, suratlar, gazetler, kartalar we golýazmalar bar. 1350 kilometr kitap tekjesi bolan kitaphanada 3000-den gowrak işgär zähmet çekýär. Kongres kitaphanasynda 470-e golaý dilde 33 milliondan gowrak kitap ýerleşdirilendir.

Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara forum geçiriler

Şu ýylyň 27-28-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär. 1-nji martdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylmagyna görä, bu foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurduň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Wekillere Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler.