''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Awazadaky döwrebap sport desgalary

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalan Türkmenistan döwletimiziň diňe bir sport ulgamynyň wekilleri üçin däl, şol bir wagtyň özünde işewürler we syýahatçylar üçin hem giňden açykdygy her birimize mälimdir. Bu gün dünýäniň ünsüni özüne çekýän Hazar deňziniň türkmen kenarynda ençeme iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlar, forumlar, festiwallar geçirilip, ýokary derejede guralýan iri ýaryşlar bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýüzüne ýaýdy. Awazada ýokary derejede geçirilen sport ýaryşlarynyň her birisi halkara bilermenleriň oňyn seslenmesine mynasyp boldy.

IATA: Ýewropada golaý 10-15 ýylda awiapetekleriň nyrhy arzanlamaz

Ýewropada awiapetekleriň sany golaý 10-15 ýylda arzanlamasa gerek, bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalara zyýanly galyndylaryň möçberlerini 2050-nji ýyla çenli nol derejä ýetirmek barada talaplary bilen hem baglydyr. Bu barada Howa ulaglarynyň Halkara assosiasiýasynyň (IATA) başlygy Willi Uolş «Corriere della Sera» italýan gazeti bilen söhbetdeşliginde aýtdy diýip, «Report.az» neşiri ýazýar.

«Türkmenhowaýollary» täze howa gämilerini satyn alar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 4 sany «Boeing 737-8» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.  Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 2 sany «Boeing 777-367/ER» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň degişli kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

«Awaza» barmak üçin ulag hyzmatlary doly yola goýuldy

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpden bäri garaşylýan tomusky dynç alyşdan aýyrýan 500 kilometrden gowrak aralygy geçmegiň birnäçe ýoly bar: Iň meşhury we iň çalty – uçar bilen! «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça gündelik irdenki uçuşlary amala aşyrýar. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara howa menzili bilen agşamky uçuşlar hem baglanyşdyrýar: hepdede dört gezek 18:00-da we üç gezek 21:10-da.

Aşgabady we Awazany täze awtobus ugry birikdirer

11-nji iýundan başlap Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyna badalga berer. Awtobuslar her gün Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden «Awaza» MSZ-na ugrar.

Dünýä awiapudagy pandemiýadan öňki durkuna dolanýar

Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy raýat awiasiýasynyň ýagdaýy barada çaklamany täzeledi. Hünärmenleriň bu ugurdaky maglumatlary oňat. Sebäbi ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp geldi diýip, «Habar 24» ýazýar. Çaklamalara görä, şu ýylyň ahyryna çenli ýolagçy gatnawynyň möçberi 4 milliarddan agar. Şeýle sanlary pudak diňe çäklendirmelerden we serhetleriň ýapylmagyndan öň, 2019-njy ýylda görüpdi.

Galama ganat Lebap

― Diňe gawun gawundan däl, ýakym hem ýakymdan reňk alýan eken. Säher bilen uçardan düşenimde, Amyderýanyň üstünden öwüsýän sergin şemal ýüzümi sypan ýaly bolaýdy. Ine, indi bolsa «Şäherlere syýahat etmegi muzeýden başlamalymy ýa syýahatdan soň muzeýe gelmelimi?» diýen sowalyň jogabyny tapdym. Syýahaty muzeýden başlamaly eken» diýip, paýtagtly kärdeşimiz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýindäki salamlaşygymyzyň ilkinji minutlarynda ýylgyrýar. «Saparymyz şowuna bolubilsedir, hernä!» diýip, şapak ýaňy gyzaryp barýarka paýtagtdan ýola düşen kärdeşlerimiz ak şäheriň doglan gününden bir gün soň gündogar sebitdäki döredijilik saparyny döwürleri birleşdirýän muzeýden başladylar. Döwürleriň jemlenen ýerinde

Galamdaşlygyň ýaşy bolmaýar

Döredijilik saparyny döredijilik duşuşygy geçirilmezden göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem bu duşuşyk saparyň maksatnamasyna ýörite goşuldy. Onsoň hem döredijilige baş goşarsyň-da, gazet-žurnallaryň wekilleri, žurnalistler, ýazyjylar, şahyrlar bilen duşuşyp, olaryň maslahatlaryny diňläsiň gelmezmi?! Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap-şäher geňeşleri bilen bilelikde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyga Jeýhunyň goşa kenaryndaky etrapdyr şäherlerimiziň ählisinden çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň we bu ugurda halypalyga ýeten ildeşlerimiziň uly topary gatnaşdy.

Salam, ene tebigat!

Maýyň 27-nji günündäki döredijilik duşuşygyndan soň saparymyz tebigat bilen duşuşyga syrykdy. Has takygy, «Niredesiň, Amyderýa goraghanasy!» diýip, demirgazyga sary ýola düşdük. Goraghananyň Seýdi şäherindäki edara binasyna baranymyzda bolsa şol gün onuň 41 ýaşyny doldurýandygyny aýtdylar. Tötänligiň bu sazlaşygy, elbetde, her birimiziň kalbymyzda goşa bahary oýardy. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda tebigatyň jümmüşinde bolmak has ýakymly. Ine, goraghananyň Gabakly meýdançasy. Gür jeňňel tä derýa çenli uzap gidýär. Ol janly-jandarlaryň, gör, näçesine öý bolup dur. Tebigatyň perzentleri bu ýerde erkin ýaşaýarlar. Olar üçin yzygiderli alada edilýär. Şeýlelikde, Amyderýanyň kenaryndaky gadymy tebigy gurşaw gaýtadan emele gelýär we gitdigiçe örüsini giňeldýär.

Akyldaryň gadamy düşen toprakda

— Magtymguly Pyragy baradaky rowaýatlaryň agramly bölegi welaýatymyz bilen bagly eken — diýen kärdeşimiz bilen saparyň üçünji gününi Idris baba taryhy ýadygärliginde dowam etdirmegi makul bildik. Pyragynyň gadamy düşen, nazary düşen gadymy medresä zyýarat saparyň mynasyp jemlemesi bolup biljekdi. Soň serimize gelen başga bir sazlaşyk bar: muzeýde başlanan sapar ýene-de gadymyýetiň jümmüşinde ― Idris babada tamamlanýar. Asyl şöhratly geçmiş diňe biziň tutuş döwrümize däl, eýsem, günlerimiziň her birine hem yşyk tutýan bolarly!

Jahana syýahaty Lebapdan başlaň!

Ugur Türkmenabada sary. Penjireden daş-töweregi synlap barşyňa, ulag däl-de, tutuş dünýä yza ― akyldar şahyryň gadamy düşen ýerlere atygsap barýana çalymdaş. Lebabyň arasy üzülmeýän ekerançylyk meýdanlary, biri-biriniň yzyndan kerwen gurap gelýän küren-küren obalar, hamana, bize gol bulap, deňlerinden geçirip durlar. Kalbyňy bolsa döwürlere syýahat bilen başlap, ýaş döredijiler bilen duşuşmagyň, ene tebigat bilen salamlaşmagyň, Magtymguly Pyragynyň gadam tozuny yzlamagyň hoşallygy gaplaýar. Şol mahal ähli ildeşlerime ― lebaplylara gaýybana ýüzlendim: Syýahat etmegi halaýarsyňyzmy? Onda bu işi hut Lebapdan başlaň! Çünki bu topraklary görmek siziň görmegi arzuw edýän şäherleriňizde ýaşaýanlaryň göwün islegi! Söýüň, gadyryny biliň! Biziň ajaýyp mekanymyz bar!

Gezsem, dünýäni görsem

Budapeştlileriň guwanjy Budapeştiň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Etnografiki muzeýi özüniň ajaýyp gurluşy bilen köpleri haýran galdyrýar. Täsin dizaýn gurluşygyna eýe bolan muzeý 2022-nji ýylyň 23-nji maýynda şäheriň merkezi seýilgähinde açyldy. Onuň umumy tutýan meýdany 34 000 inedördül metre deň bolmak bilen, muzeýiň köp bölegi ýeriň aşagynda gurlandyr. Binanyň birnäçe baýraklaryň eýesi bolmagy bu özboluşly gözelligiň haýran galdyryjylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

"Türkmenhowaýollary" içerki gatnawlaryň uçuş tertibini üýtgetdi

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň saýtynda içerki gatnawlaryň täze tertibi çap edildi. Ol 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girýär. Awiakompaniýa uçuş wagtynyň üýtgäp biljekdigini belleýär. Ýerli howa gatnawlary, käbir ugurlary hasaba almazdan, ýurduň ähli sebit howa menzillerinden her gün diýen ýaly amala aşyrylar.

Awaza – ýur­duň göw­her ga­şy

Türkmenistan — ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Dünýäde adygan ajaýyp Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuşy gazanmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Halkyň saglygy, uzak ömür sürmegi üçin medeniýetli dynç alşy, tebigatyň ynsana eçilen şypalaryndan peýdalanmak hakynda gürrüň açylanda bolsa, göz öňümize gelýän ilkinji merkez «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün-günden özgerýän Diýarymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda Awaza häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, dünýä jahankeşdeleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Gojaman Hazaryň müňläp menzillere uzap gidýän balykgulakly kenary ap-ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde birsellem gezelenç etmek ýakymly duýgulary oýarýar, saglygy berkidýär. Hut şeýle gözelligi bir pursat synlap, Awazanyň sergin howasyndan dem alyp, şypaly mekana dynç almaga gelmek her kişiniň arzuwy.

Syýahatçylygy ösdürmegiň baý mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda  Türkmenistanyň başlangyjy  boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, degişli güwänamalary gowşurdy. Bu waka bütin dünýäde syýahatçylaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana syýahat etmek islegini has artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda ýük daşamagy ýola goýdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda haryt daşamagy amala aşyran ilkinji awiakompaniýa boldy. Bu barada «Nhan Dan» agentligi «TT Meridian» halkara söwda we logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär. «Täze ugur «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar we awiakompaniýa häzirlikçe Angliýa bilen Wýetnamyň arasyndaky ýeke-täk ýük gatnawçysydyr» diýlip, habarda bellenilýär.

«China Southern Airlines» Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär

«China Southern Airlines» Hytaýyň Urumçi şäheriniň üsti bilen Siandan (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi diýip, «Trend» habar berdi. Awiakompaniýanyň habaryna görä, Sian — Urumçi — Aşgabat uçuşy her şenbe güni amala aşyrylar. Siandan ýolagçylar Pekin wagty bilen 17:30-da (GMT+8) ugrap, 23:10-da (GMT+5) Aşgabat şäherinde gonarlar.

Älem-jahanda

Täsin desga Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin iri taryhy ýadygärlikleri bilen birlikde täsin binagärlik gurluşa eýe bolan desgalary bilen hem jahankeşdeleriň ünsüni çekýär. Şeýle desgalaryň biri hem Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CCTV) edara binasydyr. Belentligi 234 metre barabar bolan 44 gatly binada ýurduň iň iri teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlanýar. Bina daşyndan seredeniňde burçy gädilen äpet desgany ýada salýar. Binanyň daşky bezeginde aýna esasy orny tutýar. Täsin desganyň gurluşygy 5 ýyllap alnyp barlyp, 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Edara binadan daşary desganyň çäginde uly teatr, myhmanhana we sergi meýdançasy bar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy bilet satmak boýunça daşary ýurt edaralarynyň sanawyny täzeledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy özüniň resmi saýtynda Aşgabada we beýleki ugurlara biletleri alyp boljak daşary ýurtlardaky edaralarynyň we wekilhanalarynyň täzelenen sanawyny çap etdi. Täze sanawa laýyklykda Russiýada türkmen howaýollarynyň biletlerini satmak bilen 6 edara meşgullanýar. Olardan 5-si edara Türkiýede hereket edýär, ikisi — Birleşen Arap Emirliklerinde, üçüsi — Gazagystanda, ikisi —Tailandda, şeýle hem Hindistanda, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Hytaýda hersinde bir ofis hereket edýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Deli şäherine gatnawlar artdyrylar, Pekine azaldylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 24-nji maýdan Aşgabat-Nýu-Deli uçar gatnawlaryny hepdede 2 gezek, ýagny çarşenbe we perşenbe günleri amala aşyryp başlar. Mundan ozal, bu ugur boýunça gatnawlar diňe ýekşenbe günleri amala aşyrylýardy. Bu barada “orient.tm” neşiri habar berýär. Aşgabat - Nýu-Deli uçar gatnawlarynyň awiabiletleriniň satuwy “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Biletiň bir tarapynyň bahasy 5532 manat 70 teňňe.