''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Zenan sarpasy

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Telekeçiler birleşmesiniň «Toý mekany» binasynyň zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Onda dürli pudaklarda döredijilikli zähmet çekýän öňdebaryjy gelin-gyzlar dürli ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Akyldaryň keşbini döreden ussat

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy giňden bellenilýän şu ýylyň turuwbaşdan dürli dabaraly çärelere beslenip rowaçlanmagy köňüllerimize buýsanç duýgularyny eçilýär. Akyldar şahyrymyzyň şanyna bagyşlanan medeni çäreler çar ýanymyzy gurşap alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana köňlünden joşup çykan ajaýyp şygryndan ugur alyp atlandyrylan ýylymyzda ilkinji günlerden dabaraly çäreleriň, maslahatlaryň ýaýbaňlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijilik dünýäsi, gyzyldan gymmatly goşgy setirleri her bir ynsan üçin görelde mekdebi hasaplanylýar. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda ussat suratkeş, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň guraljakdygy aýdyldy. Bilşimiz ýaly, Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda Bagyr obasynda dünýä inýär. Ol ilki çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky ýatymlaýyn mekdebiň sungat bölümine okuwa girýär. Onuň on üç ýaşyndaka «Pagta meýdanynda dynç alyş» atly surat eseri çaga suratkeşleriň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Bu bolsa ýaşajyk suratkeşiň

Milletiň ruhy sütüni

Ynsanlaryň arasyndaky dostana gatnaşyklar olaryň birek-birege näderejede hormat goýýandyklaryny, sarpalaýandyklaryny görkezýär. Goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp göreliň! Bu gatnaşyklar maşgalalaryň arasyndaky dostlugyň mizemezligini aňladyşy ýaly, medeniýet hem milletiň ruhy sütüni, gadymy we müdimi mirasydyr. Medeniýet asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, şu günlere çenli gelip ýeten gymmatlykdyr. Hut şonuň üçin ol sarpalanýar, goralýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we ony dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik, amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalary hem şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, ýakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmek, sirkleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, «Medeniýet hakynda

Berkarar döwletiň mertebe tugy

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» diýen at bilen yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Akyldaryň ömrüniň we şygryýet dünýäsiniň çeper beýany

Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmaklyga aýratyn üns berilýär. «Dowamatdyr, bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy» diýen at bilen ýakynda welaýat döwlet drama teatrynda režissýor Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran spektaklynyň tomaşaçylara görkezilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar, şeýle-de akyldar şahyrymyzyň şygyrlary esasynda sahnalaşdyrylan spektakl şahyryň ömür ýoluna, döredijilik dünýäsine bagyşlanýar. Sahna eseri «Garaşsyzlyk» binasynyň ýanyndaky Magtymguly Pyragynyň hem-de beýleki nusgawy şahyrlaryň heýkelleriniň görünmegi bilen başlanýar. Spektaklyň esasy wakalary mugallymynyň maslahatyna eýeren çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň dana şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusynyň her bir setiriniň manysyny şekile geçirip, rowaýatlary gürrüň berip başlamaklaryndan badalga alýar. Dokuz görnüşli sahna oýnunyň her görnüşinde gürrüň berilýän rowaýatlaryň mazmuny artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeklerinde sahnada janlandyrylýar. Spektaklyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň çagalyk, ýetginjeklik, ýaşlyk, kämillik döwründäki wakalar beýan edilýär. Akyldar şahyryň watançylyk, mertlik, gahrymançylyk, wepadarlyk, gözellik, ýagşylyk, ynsanperwerlik ýaly y

... Aýamagyn Taňry salamyn

Birnäçe ýyl mundan ozal dokuzynjy onluga gadam basan daýym saglygyna seretdirmek üçin obadan şähere körpe gyzynyňka geldi. Obaly adamyň içini gysdyrmazlyk üçin her gün onuň ýanyna barýardym, gürrüňdeş bolup oturýardym. Näme üçindir, ilkinji günlerde ýaşuly tukat görünýärdi. Bir gün baranymda bolsa, onuň keýpi kök eken. Sebäbini sorasam, ol: «Gelelim bäri öňümden çykýan käbir adamlar salamsyz deňimden geçip gidiberýärdiler. Bu hereketi ýazgaranymda, şäherliniň biri maňa: «Her sataşan nätanyş bilen salamlaşyp durulmaýar. Diňe tanaýan adamlaryň, gatnaşyk saklaýanlaryň bilen salamlaşsaň hem ýeterlikdir» diýdi. Muňa näme diýersiň?! Heý, Taňry bendeleri ýüzbe-ýüz bolubam, salamsyz geçmek bolarmy? «Salam — Tanrynyň haky» diýlip, ýöne ýerden aýdylmandyr ahyryn. Salam bermek birek-birege hormat goýmak ahyryn. Şu gün bolsa bir görmegeý ýaş ýigit güler ýüz, edep-ekram bilen salam berdi. Birneme durup, hal-ahwal soraşdyk. Salamdan soňky mähirli soralyşyk, tanyşlyk, onuň güler ýüzi, süýji sözi keselimi ýeňleden ýaly boldy» diýdi. Ine, güler ýüz bilen salamlaşmagyň, elleşmegiň, hal-ahwal soraşmagyň güýji.

Pyragydan ruhlanan ussat

Dogduk Diýaryny jany-teni bilen söýüp, durmuş hem-de zähmet ýoluny il-günüň bähbidine haýyrly işlere bagyşlan kişiler mydama ýagşylykda ýatlanylýar, hatyralanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde olaryň atlary ebedileşdirilýär, ömür we zähmet ýoly öwrenilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi, türkmen şekillendiriş sungatynyň görnükli wekili Aýhan Hajyýew hem şeýle ilhalar adamlaryň biridi. Golaýda geçirilen Hökümet mejlisinde üstümizdäki ýylda meşhur suratkeşiň doglan gününe 100 ýyl dolýandygy, şu mynasybetli ýurdumyzda medeni çäreleriň uly toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Bu hoş habar türkmenistanlylaryň her birinde bolşy ýaly, ildeşimiz — welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýewde hem çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi. Biz onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Myrat aga, bilşimize görä, size-de ussat suratkeş Aýhan Hajyýew bilen didarlaşmak, ondan tälim almak miýesser edipdir. Söhbetdeşligimizi şu baradaky gürrüňlerden başlasak, hemmelere gyzykly bolardy.

Zehinlileriň mesgeninde

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri, olaryň öňünde durýan wezipeler beýan edilýär. Welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, okuwçylary sungata höweslendirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ýaş nesliň kämil adamlar bolup ýetişmeginde çagalar sungat mekdepleriniň hyzmaty uludyr. alaç etrabyndaky çagalar sungat mekdebi diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem ýurdumyzda-da iň göreldeli medeni ojaklaryň biri hasaplanylýar. Çünki bu ýerde çagalar wagtlaryny gyzykly geçirýärler, sungat älemine ynamly gadam urýarlar. Etrabyň orta mekdeplerinde okaýan, sungatdan gowy baş çykarýan zehinli okuwçylar bäsleşiklerde görkezen netijeleri we saýlap alan ugurlary boýunça ukyplary göz öňünde tutulyp, synaglar esasynda çagalar sungat mekdebine okuwa kabul edilýärler.

Taryhy taryply telpek

Telpekler halkymyzyň milli egin-eşik medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Alymlar bagana telpegiň Orhan-Ýeniseý daş ýazgylarynda şekillendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygyny ýüze çykardylar. Telpekler tikilişi, daşky görnüşi, reňki boýunça dürli-dürli bolup, biri-birinden tapawutlanýar. Telpek tikmek üçin gowy eýlenen bagana ýa-da deri gerek bolupdyr.

Maşgala terbiýesi – mukaddeslik mekdebi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň geljegi bolan maşgala ojagynyň berkligi, agzybir maşgalalarda terbiýelenýän ýaş nesliň edepli-terbiýeli, bilimli-hünärli, watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edilýär. Şol tagallalar ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller milli ruhda terbiýelenýär. Şonuň üçin hem olar milli medeniýetimize, ene dilimize sarpa goýýarlar. Ýokary medeniýetlilik her bir adamyň hereketinde, gündelik işinde, maşgala durmuşynda aýdyň görünmelidir. Ýaşlaryň özüni medeniýetli alyp barmagy, okuwlaryna oňat ýetişmegi, medeniýetli sözlemegi milli terbiýäniň özenidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Maşgalam - baş galam” diýen pähimi miras galdyran ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri döwrebap many-mazmuna beslenip, mynasyp dowam etdirilýär. Maşgala terbiýesi islendik çaga üçin täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Döwletimiz tarapyndan maşgalanyň binýadynyň berk bolmagy, onuň agzalarynyň agzybir, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň

Döwürleriň şahyryna sarpa

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Beýik türkmen şahyryny hatyralap, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza uly sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýany boldy. Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň giň toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişli bolup durýar. Bu ýylyň ady bilen baglanyşykly neşir önümleriniň hem ençemesi taýýarlanylýar. Ýakynda, 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdi

Türkmeniň öçmez çyragy

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimizde şirin dilli söz ussadymyzyň hormat-sarpasynyň has-da belende galýandygyna her bir ädimde şaýat bolmak kalbymyzy egsilmez joşguna besleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi has-da buýsandyrýar hem-de dünýäde dana şahyrymyzyň döredijiligine, edebi mirasyna bolan gyzyklanmany ýokarlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz: «Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr. Beýik şahyryň şygyrlar diwanynyň dünýäniň halklarynyň onlarçasynyň dillerine terjime edilmegi olaryň türkmen medeniýeti, ruhy-ahlak, edep-terbiýe ýörelgeleri bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär» diýip belleýär. Elbetde, geçen taryhy döwrüň içinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň, çuň pähim-paýhasa

Änew — türki dünýäniň üns merkezinde

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini we taryhyny dünýä ýaýmakda hem-de wagyz etmekde aýratyn orna eýedir. Şonuň üçin-de TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul eden çözgüdi halkymyz üçin şatlykly waka boldy. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eramyzdan öňki IV—III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl, eýsem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşini öwrenmekde-de derwaýys taryhy merkezleriň biridir. Türkmenistanyň bu babatdaky teklibiniň goldanylmagy taryhy we kökleri umumy bolan goňşy we doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde ýurdumyzyň has ynamdar hyzmatdaşdygynyň hem ykrarnamasydyr. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmen topragy geçmişde gadymy şäherleri guran gerçek pederlerimizden bize miras galan taryhy ýadygärliklere hem baýdyr.

Halkyň kalbynyň owazy

Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy, oňa ruhy lezzet berýän güýçdür. Mukam ýaňlananda, köňülde ýakymly joşgun, ruhubelentlik duýgusy döreýär. Ol ynsany uly üstünliklere, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Aýdym-saz döredijiligiň ajaýyp görnüşleriniň biridir. Aýdym-saz adamzat durmuşynda mäkäm orun almak bilen, ynsan durmuşyny beýan edýän gadymy sungatdyr. Bu sungatda ynsanlaryň durmuş-ýaşaýyş ýörelgeleri giňden beýanyny tapýar. Aýdym-saz sungatynyň baş wezipesi parahatçylygy ündemek, adamlary ynsaplylyga, adalatlylyga, agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige, dost-doganlyga çagyrmakdan ybaratdyr. Gadymy sungat  dörän wagtyndan bäri uly terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edip gelýär. Saz gurallarynyň köpdürlüligi, ýerine ýetirijilik tärleri, bu sungatyň ynsanlaryň durmuşyna ýetirýän güýçli täsiri barada taryhy çeşmelerde-de köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Göwni ýaz deý şahandaz halkymyz, paýhasly ata-babalarymyz aýdym-saz sungatynyň mizemejek ýollaryny kemala getiripdirler. Türkmen aýdym-saz sungatyny beýgelden ussat bagşydyr sazandalarymyz hakydalarda hem kalplarda müdimilik ýaşajak eserleri döredipdirler. Olar biziň günlerimize sünnälenip gelip ýetipdir. Halypalaryň döreden ýoly ýaş zehinler üçin uly mekdepdir.

Akyldaryň keşbi sungat eserlerinde

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde beýik söz ussadynyň çeper keşbini nakgaşlyk hem-de heýkel eserlerinde janlandyran halypa we ýaş suratkeşleriň, talyplaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda halypa suratkeşler Magtymguly Pyragynyň keşbini şekillendirmek ýaly jogapkärli işdäki tejribeleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýaş döredijiler hem bu hysyrdyly işiň aýratynlyklary dogrusynda pikirlerini paýlaşmak bilen, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

Otuz ýylda dörän simfoniýa

Weli Muhadow türkmen professional saz sungatynda simfonizmiň binýadyny goýan beýik kompozitordyr. Ol 1916-njy ýylda Aşgabadyň golaýyndaky Bagyr obasynda dogulýar. Ýaşlykdan aýdym-saz sungatyna imrigen ussat kompozitor heniz talyp döwründe döreden «Türkmen sýuitasy» hem-de «Meniň Watanym» simfoniki poemasy üçin iki gezek Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Ol 1954-nji ýylda Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň başlyklygyna saýlanýar. 1961-nji ýylda bolsa oňa Türkmen döwlet filarmoniýasynyň direktory we çeper ýolbaşçysy wezipeleri ynanylýar. 1972-nji ýylda Weli Muhadow aýdymlar ýygyndysy üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi bolýar. Dutary fortepianodan kem görmedik ussat tamdyranyň iki kirşiniň näzik owazyny fortepianonyň köp öwüşginli owazyna garyp, türkmen simfoniýasyny döretdi.

Pyragydan ylham alan

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda beýik akyldar şahyryň ilkinji portret keşbini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň hem doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýär. Şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini we türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda «Pyragydan ruhlanan ussat» atly forumy guramak göz öňünde tutulýar. Meşhur suratkeş Aýhan Hajyýew Köpetdagyň etegindäki Bagyr obasynda dogulýar. Ol 11 ýaşyndaka kakasy Annamuhammet aga aradan çykýar. Aýhan ýaşlygyndan öz dogduk obasynyň baglaryny, Köpetdagdan inýän gözel çeşmelerini höwes bilen suratlandyrypdyr. Onuň tebigy zehinine ejesi Ogulbossan daýza we daýysy aýratyn üns beripdirler.

Kitaphanaçylyk işi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana ulgamynyň işi döwrebap ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşylýar. Uly üstünlikler bilen tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri hem daşary ýurtlaryň birnäçesinde bolup, kitaphana ulgamyny ösdürmek maksady bilen geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. Geçen ýylyň 11 — 14-nji sentýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy geçirildi. Şol forumyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň A.Osmanow adyndaky Milli kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň adyndan Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly kitaby sowgat edildi. Şeýle hem 18 — 23-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp Baku şäherinde «Milli kitaphanalar — halklaryň ruhy baýlygynyň goragçylary» atly ylmy-amaly maslahat, Ýewraziýanyň Kitaphanalar Assambleýasynyň umumy ýygnagy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Milli kitaphanalarynyň direktorlarynyň 6-njy maslahaty,

Joşguna beslendi

Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň we beýleki ildeşlerimiziň gatnaşmagynda geçen maslahat «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň sarpasy» diýlip atlandyryldy. Medeni ojagyň toý äheňindäki eýwanynda guralan kitap sergisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly eserleriniň görkezilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Watanperwerlige ýugrulan eserler

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendiriş sungatynda» atly muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni we şol döwrüň taryhy wakalaryny çeper beýan edýän kyrka golaý eser görkezilýär. Olaryň arasynda Magtymgulynyň şygyrlaryna bagyşlanan eserler bilen birlikde beýleki nusgawy söz ussatlarynyň portretleri hem bar.