''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Magtymgulynyň medeni mirasy — halkymyzyň ruhy hazynasy

Söz ussady, şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Türkmen halky üç asyrdan bäri Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy goldawçysy, görelde mekdebi, watansöýüjiligiň belent nusgasy hasap edip gelýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerimizden başlap, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dikeltmek, onuň eserlerini öwrenmek, çap etmek bilen, şahyryň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny aýan etmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek bellenildi.

Öňdebaryjylar höweslendirilýär

Ýakynda Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesmesi wagtynda etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrap medeniýet bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşiginiň bilelikde guramagynda galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşleriň armasy ýetirilip, aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi geçirildi. Bu medeni dynç alyş çäresine etrabyň il-sylagly ýaşululary, Galla oragy möwsümine gatnaşýan kombaýnçylar, sürüjiler we öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary, sahna wäşileriniň gülküli sahna oýunlary bu ýere gatnaşjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Belent heýkel döwürleriň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde döredilen Magtymguly Pyragynyň belent heýkeli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miwesi bolup, çar ýana şöhle saçýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly ýagdaýda açylan nusgawy şahyryň äpet ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy paýtagt şäheriň milli binagärlik keşbine aýratyn bezeg berdi. Magtymguly Pyragynyň ör-boýuna galyp duran nurana ýadygärligi halkymyzyň beýik söz ussadyna, onuň baý many-mazmunly çeper döredijiligine belent sarpasyny aňladýar. Medeni-seýilgäh toplumynda dostlukly halklaryň meşhur şahsyýetleriniň, şahyrlarynyň, akyldarlarynyň döwre gurap oturan heýkelleriniň deňinden geçeniňde, ylham ýaýlasynda seýil edýän ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň aýdyň beýany bolan bu görnüşler ýüreklerde çäksiz buýsanç döredýär.

Türkmeniň ruhy çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky bu mukaddes toprakda ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň sarpasyny belende göterýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilmegi, bu senäniň bellenilýän ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry, ruhy çyragy, durmuş mekdebi. Beýik akyldar üç asyrdan bäri her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşaýar. Jemgyýetçilik aňynyň ösüşine örän uly goşant goşan, nusgawy edebiýatyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragy, sözüň doly manysynda, milletimiziň milli mertebesidir. Şahyryň ajaýyp döredijiligi we baý edebi mirasi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, tutuş älem ylmynyň we ruhyýetiniň altyn hazynasyna öwrüldi.

Maslahat geçirildi

Welaýat häkimliginiň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň bilelikdäki meýilnamasy esasynda, Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalardan ugur alnyp, olaryň aňynda watançylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri terbiýelemek, Watana wepaly, edepli, ruhubelent we sagdyn bedenli bolup kemala gelmegini gazanmak maksady bilen geçirilen maslahata etrabyň dürli ýerlerinden ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy. Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ösüş-özgertmeler, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda söhbet açylyp, ýaşlar hakda edilýän aladalara aýratyn üns çekildi. Ýaşlary bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, milli edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen baglanyşykly aýdylanlar maslahata gatnaşanlarda uly täsirleri döretdi. Maslahatda kämil bilimli, hünärli bolmak, Watana wepaly nesiller, ökde hünärmenler bolup ýetişmek babatynda döredilýän giň mümkinçiliklerdir şertlerden netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýdylan öwüt-ündewler ýaşlarda gyzgyn goldaw tapdy.

Ruhubelentlige beslendi

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Kim çalasyn?!» ady bilen sportuň hereketli oýunlarynyň birnäçe görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralan ýaryşa merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda güýçli toparlar öňe saýlandy. Netijede, «Ruhubelent» topary birinji, «Güneş» topary ikinji, «Gökdere» topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde waspnama

25-nji iyunda Arkadag şäherinde teleradio žurnalistleriniň gatnaşmaklarynda «Magtymguly umumadamzat şahyry» atly brifing geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän bu döredijilik dabarasynyň uly ähmiýeti bardyr. Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini aýdyň beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen bu dabara uly many-mazmuna eýe boldy. Dabaranyň dowamynda çykyşlara giňden orun berildi. Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň möhüm wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, halkara maslahatlar, sergilerdir festiwallar şu maksatlara gönükdirilendir.

Uly täsirleri döretdi

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlaryň ýangyn howpy boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçirilen duşuşyga merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekde durmuşa taýýar düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusyndaky täsirli gürrüňe üns çekildi, okuwçy ýaşlara ýangyn söndüriji enjamlaryň doly we dogry ulanylyşy öwredildi, ýangyn howpy dogrusynda giňişleýin düşünje berildi.

Dünýä belli aýdym-saz festiwaly

Tomus pasly howa durumynyň asuda bolmagy bilen, köplenç açyk howada geçirilýän dabaralara, medeni çärelere baý möwsüm hasaplanýar. Bu döwürde adamlar hem zähmet rugsadyna çykyp, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Şeýlelikde, dünýäde adamlaryň rahat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin dürli dabaraly çäreler guralýar. Dünýäniň ýurtlarynda dürli medeni çäreleriň geçirilmegi ýygjamlaşýar. ABŞ-nyň Miluoki şäherinde geçirilýän «Summerfest» aýdym-saz festiwaly hem ýüzlerçe aýdymçydyr sazandalaryň, aýdym-saz muşdaklarynyň bolsa ýüz müňlerçesini özünde jemleýän ajaýyp dabaradyr. Festiwal 1968-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. 1999-njy ýylda özüniň şüweleňdir şagalaňy, geriminiň giňdigi hem-de köp gün dowam edýändigi bilen tapawutlanan «Summerfest» festiwaly Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan hem orun aldy.

Aýdym-sazly dabara

Biz — şadyýan çagalar TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 6-njy çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Biz — şadyýan çagalar” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 4-nji, 5-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

Türkmenistanda 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň hem baş maksady gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri türkmen jemgyýetiniň durmuşynda mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolup çykyş edýän giň bäsdeşlik esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär. Onuň çäklerinde milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, olaryň maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalar olaryň maksatnamalarynyň esasy mazmunyny düzýär. Gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özge

Bagtyýar zenanlarymyzyň akyldar şahyra bagyşlanan bäsleşigi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz — bagta ýar siz!» atly şygar bilen geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Gündogaryň beýik, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guran dabaraly baýramçylyk çäresine toplumyň önümçilikleriniň öňdebaryjy işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary we beýleki daşdan-ýakyndan gelen myhmanlar gatnaşdy. Toýlary toýa ulaşyp gidýän ýurdumyzda döredijilik bäsleşiginiň Gurban baýramynyň yzysüre, Medeniýet hepdeliginiň öňüsyra — 21-nji iýunda geçirilmeginiň özüne ýetesi manysy bar. Ähli obalarymyzda we şäherlerimizde, şol sanda daşary ýurtlarda hem türkmeniň söz ussady Pyraga bagyşlanan dabaralar, maslahatlar, duşuşyklar, medeniýet, sungat, edebiýat çäreleri giň gerimde guralýar. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynda bu babatda işjeňlik görkezildi. Ynha, şu bäsleşik şol dabaralaryň dowamydyr.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda zähmet çekip, iş otaglarynyň ýangyn howpsuzlygyna jogapkär hünärmenler, toplumyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärä ýangyn howpsuzlygynyň gullukçylary wekilçilik etdi. Duşuşygyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň gullukçysy, içerki gullugyň maýory Toýly Baýramow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş, zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş tehniki gözegçisi Perhatmuhammet Öwezow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew dagy çykyş etdi.

Gökderede çagalaryň arasynda

Gökdere jülgesinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu sapaly ýerde wagtyny hoş geçirýän mekdep okuwçylarynyň müňlerçesiniň her güni şatlyk-şowhuna beslenýär. Gökderede nebitgaz toplumynyň dynç alyş merkezleriniň hem birnäçesi bolup, olarda çagalar ýokary derejede dem-dynç alýarlar we wagtyny netijeli geçirýärler. Biz ýakynda türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjeginde bolup, çagalaryň dynç alyş şertleri bilen tanyşdyk hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guran «Sagdyn durmuş ýörelge — neslimize görelde» atly dabaraly çärelerine gatnaşdyk. Ilki baran ýerimiz Gökderäniň jümmüşinde ýerleşýän «Çeşme» dynç alyş merkezi boldy. Ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, häzirki wagtda «Çeşmede» ýaş ösdürimleriň ýüzlerçesi dynç alýar. Olar bizi çaga şadyýanlygy bilen şowhunly garşyladylar. Merkeziň medeniýet köşgüniň şowhuny has-da özüne çekýärdi. Bu ýerde dynç alýanlaryň küşt, şaşka, surat çekmek boýunça toparara bäsleşikleri geçirilýärdi. Merkeziň tälimçileriniň, mugallymlarynyň, usulyýetçileriniň gürrüň bermegine görä, merkezde çagalaryň gowy dynç alyp, sport, aýdym-saz bilen meşgullanmagy, çeper edebiýatlary okamag

Sanly tehnologiýalaryň mekany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry geçen ýyl açylyp, ulanylmaga berildi. Täze şäheriň ulanylmaga berlen güni ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasyndan binýat bolup, milli binagärligiň oňyn ýörelgelerini we häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýär. Döwrebap şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen dörän şäheriň ýurdumyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagynda çuňňur many bar. Medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-syny özünde jemleýän täze şäher Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň milli binagärlik ýörelgeleriniň ösdürilmegine gönükdirilen tagallasynyň aýdyň netijesidir.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) KIÇIJEK ÇAGA ENTEK GÜRLÄP BILMEÝÄN BOLSA-DA, ULULARYŇ NÄME HAKDA GÜRLEŞÝÄNDIKLERINE DÜŞÜNÝÄR

Täsirli söhbetdeşlik

Şygyr şalygynyň şuglasy

Şu günler Dänew etrabyndaky edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň täze şygyrlar diwanynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Milli parlamentimiziň ýerli wekilleri bu çäreleriň ählisine işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň täze ýygyndysy dünýä okyjylary üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, täze kitabyň çapdan çykandygy barada ilkinji gezek şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz habar beripdi. Hut şol gün paýtagtymyzda akyldar şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy we bu toplum bilen birlikde Magtymguly Pyragynyň dünýädäki iň beýik ýadygärligi açylyp, ulanylmaga berildi. Ine, şol günden bäri täze kitap dilden-dile, elden-ele geçip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde watandaşlarymyz onuň bilen ýakyndan tanyşýarlar.

Aýdym-sazly konsert

Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň çar künjeginde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şeýle-de, 22-27-nji iýun aralygynda Medeniýet hepdeligi bu ýyl Arkadag şäherinde şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Şeýle baýramçylyk günlerinde biziň welaýatymyzda hem aýdym-sazly dabaralara giň orun berilýär. Has takygy, ýakynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli konsert geçirildi. Oňa halypa hem ýaş medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

Ýatdan çykmajak täsir galdyrdy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylda döwletimizde baýramlar goşa-goşadan gelýär. Golaýda Baýramaly şäherindäki Magtymguly Pyragy adyndaky medeni dynç alyş bagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ýazyjy-şahyrlary, magtymgulyşynaslar, kümüş saçly eneler hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.