Bagtyýarlygyň gurşawynda
2024-nji ýylda ähli ulgamlarda uly öňegidişliklere eýe bolundy. Ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, hil taýdan has-da kämilleşdirmek, täze belentliklere çykarmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagym tutuş maşgalamyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Aslynda, biri-birinden tapawutly, üstünlikli ýyllaryň dowamynda ynsan saglygyny goramak ýaly mukaddes kärde zähmet çekip, döwletimizde sagdyn jemgyýeti gurmakda özümiň goşandymyň bardygyna diýseň buýsanýaryn. Zähmet çeken ýyllarymda adam saglygyny berkitmek maksady bilen yzygiderli welosipedli ýörişleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirdik. Bu ugurda bize hut lukman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz görelde mekdebi bolýar. Mundan beýläk-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ynsan saglygyny goramak ugrunda jan aýaman zähmet çekeris.