''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Dost-doganlyk dabaralanýar

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen toý-baýramly, döwletli-döwranly, bagtyýar zamanada ýaşaýarys. Milli baýramlarymyz, Magtymguly Pyragynyň arzuwlaýşy ýaly, bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Ine, şeýle baýramlaryň biri hem Gurban baýramydyr. Mukaddes Gurban baýramy irki döwürlerden gözbaş alyp, oňa gadymy Oguz ýörelgeleri, ahlak-edep, pähim-parasat ýakymlylygy siňipdir. Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mukaddes Gurban baýramynyň däp-dessurlary döwrebap öwüşginlerde berjaý edilýär.

Milli tagamlar

Gurban baýramy Diýarymyzyň çar künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu mukaddes baýram halkymyzyň kalbyna çäksiz ylham, joşgun we şatlyk paýlaýar. Gadymyýetden gelýän Gurban baýramyny agzybirlikde we jebislikde bellemek türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir. Abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan her bir maşgalada Gurban baýramçylygynda bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary taýýarlanýar hem-de gurbanlyk sadakalary berilýär. Bu hoşniýetliligiň baýramynda bagtyýar döwrümizde halkymyzyň öňden dowam edip gelýän däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilip, gatlama, pişme, ýagly petir, çelpek ýaly dürli tagamlar hem-de palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli naharlarymyz, şeýle-de dürli işdäaçarlar taýýarlanylýar. Ata-babalarymyz Gurban baýramynyň öňüsyrasynda öýke-kineli adamlary bilen ýaraşypdyrlar. Bu bolsa adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidip, baýramçylygy ýokary ruhubelentlik bilen garşylamaga kömek edipdir. Ruhubelentlik bolsa saglygyň ýokary görkezijisidir.

Dünýäniň açary — ylym

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli «Dünýäniň açary — ylym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagyndaky maslahata iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmekde we ylmy açyşlary alyp barmakda edilýän aladalar baradaky buýsançly sözler çykyşlaryň esasy özenini düzdi. Çykyş edenler berkarar Watanymyzyň ylym-bilimde gazanýan ösüşleri, täze innowasiýalardan kämil baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler, şeýle hem alymlaryň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda edilýän aladalar dogrusynda gürrüň etdiler.

Kitaphanaçylar maslahatlaşdylar

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny ylmy esasda öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimize bagyşlanyp, döwlet we halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmeniň taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny okyjylar köpçüligine wagyz etmekde, düşündirmekde kitaphana işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Olar edara-kärhanalarda, medeniýet we bilim ojaklarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, harby bölümlerde ýygy-ýygydan bolup, dürli medeni çäreleri geçirýärler, kitap sergilerini guraýarlar.

Kitaphana gyzyklanma ýokary

Sarahs etrap merkezi kitaphanasynda we onuň ýerlerdäki kitaphana şahamçalarynda döwrebap işler alnyp barylýar hem-de okyjylara göwnejaý kitaphana hyzmatlary amala aşyrylýar. Şeýle bolansoň, kitaphanalara ýazylýan okyjylaryň sany artýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň geçen bäş aýynda etrap merkezi kitaphanasy boýunça täze ýazylanlaryň sany 200-den geçdi. Olaryň esasy bölegi bolsa ýaşlardyr. Ýaşlaryň elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyna gyzyklanmasy has-da ýokarydyr.

Usuly-amaly maslahat işjeňlikde geçdi

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda çagalar baglarynyň müdirleriniň we usulçy terbiýeçileriniň arasynda usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, pedagogik işgärleriniň öňünde durýan maksatlar we ýerine ýetirilmeli işler usuly-amaly maslahatdaky pikir alyşmalaryň özeni boldy. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralan usuly-amaly maslahatda agzalan Konsepsiýanyň ähmiýeti we maksady hakda giňişleýin durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” esasy maksady umumybilim maksatnamalar boýunça okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň esasynda dünýä jemgyýetçiliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga taýýar, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenip bilýän, watansöýüji, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmekden we ösdürmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu Konsepsiýanyň kabul edilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryna jogap berýän ýolbaşçylara has-da döredijilikli işle

Türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­jä çyk­ýar

10-njy iýun­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na iki gün­lük döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýo­luň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

«Awaza» - dynç alşyň mekany

Hazaryň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly gülläp ösmegi, özgertmeleriň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Bu syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, deňizýaka sebitinde hem syýahatçylygyň pajarlap ösmegine kuwwatly itergi berdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelen her bir ynsanyň amatly dynç alşyny guramakda bu ýerde gurlup ulanylmaga berlen dürli ulgamlara niýetlenen binalaryň aýratyn ähmiýeti bar. To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy bi­len, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän­le­riň sa­ny gün­sa­ýyn art­ýar. Çün­ki, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, sa­pa­ly ke­na­ryn­da­ky meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bu gün dün­ýä ja­han­keş­de­li­gi­niň mer­je­ni­ne öw­rül­di. Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry aras­sa­ly­gy bi­len özü­ne çek­ýär. Bu ýe­riň ýo­da baý­ly­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu bol­sa yn­san sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly­dyr. Ha­za­ryň al­tyn­sow çä­ge­si, öz­bo­luş­ly ho­wa­sy adam sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär.

Ag­zy­bir­li­giň we dost-do­gan­ly­gyň baý­ra­my

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzda toýlanýan şanly seneleriň, baýramlaryň dabarasyny uludan tutýar. Munuň şeýledigini şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän Gurban baýramy aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýakyn günlerde halkymyz Gurban baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde bellär. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de, Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, umu­ma­dam­zat me­de­ni ösü­şin­de aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýän Gur­ban baý­ra­my Gün­do­gar halk­la­ry bi­len bir­lik­de türk­men hal­ky­nyň hem asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re do­wam edip gel­ýän be­lent ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny, däp-des­sur­la­ry­ny, ynanç-adat­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär, pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy we yn­san­per­wer­li­gi da­ba­ra­lan­dyr­ýar.

EURO 2024-iň baý­rak gaz­na­sy

17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň umu­my baý­rak gaz­na­sy 331 mil­li­on ýew­ro deň­dir. 24 to­pa­ryň her­si­ne gat­na­şa­ny üçin 9,25 mil­li­on ýew­ro ber­ler. Ga­za­ny­lan her ýeň­şe 1 mil­li­on, al­nan deň­me-deň­lik üçi­nem 500 müň ýew­ro tö­le­ner. 1/8 fi­na­ly­na çy­kan to­par­la­ra 1,5 mil­li­on ýew­ro, çär­ýek fi­na­la ga­lan­la­ra 2,5 mil­li­on ýew­ro, ýa­rym fi­na­la çy­kan­la­ra-da 4 mil­li­on ýew­ro ber­ler. Çem­pi­on­ly­gyň baý­ra­gy-da 8 mil­li­on ýew­ro diý­lip kes­git­le­nil­di. Çem­pi­on bo­lan ýy­gyn­dy to­par­ça­da­ky äh­li du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­sa, ola­ryň umu­my­lyk­da al­jak pul baý­ra­gy 28,25 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de bo­lar. Fi­nal­da utu­lan to­par wi­se-çem­pi­on hök­mün­de fi­na­la çen­li ga­za­nan­la­rynyň üs­tü­ne ýe­ne-de 5 mil­li­on ýew­ro alar.

Çem­pio­na­ta öýün­de to­ma­şa et­jek ýyl­dyz­lar

Mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky her hal­ka­ra ýa­ryş­da bol­şy ýa­ly, şu sa­par hem fut­bol jan­kö­ýer­le­ri dür­li se­bäp­le­re gö­rä, kä­bir ýyl­dyz oýun­çy­la­ryň oýun­la­ry­na Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da to­ma­şa edip bil­mez­ler. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, kä­bir ýyl­dyz oýun­çy­lar EURO 2024-e öý­le­rin­de ýa-da dynç al­ýan ýer­le­rin­de to­ma­şa eder­ler. Olar he­mi­şe­ki­ler ýa­ly 3 to­pa­ra bö­lün­ýär. Mil­li ýy­gyn­dy­sy gat­naş­ma­ýan­lar. Saý­la­ma tap­gy­ry­ny ge­çip, 24 ýy­gyn­dy­nyň ara­sy­na go­şu­lyp bil­me­dik to­par­la­ryň ýyl­dyz­la­ry bu sa­na­wa gir­ýär. Nor­we­gi­ýa­dan Er­ling Ho­lann, Mar­ti­ne Ede­gor, Alek­san­der Sör­lot, Şwe­si­ýa­dan Alek­san­der Isak, Wik­tor Dýo­ke­reş, De­ýan Ku­lu­şews­ki, Wik­tor Lin­de­löf, Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­dan Edin Je­ko bu sa­na­wyň esa­sy ýyl­dyz­la­ry­dyr. Yk­lym­la­ýyn ýa­ryş bo­la­ny üçin bu sa­naw o di­ýen uzyn däl.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Olim­pi­ýa hal­ka­la­ry ber­ki­dil­di. Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň hal­ka­la­ry Eý­fel di­ňi­niň gü­nor­ta ta­ra­py­na ber­ki­dil­di. Bu hal­ka­lar Oýun­la­ra 50 gün ga­lan­da otur­dyl­dy. Po­lat­dan ýa­sa­lan ny­şa­nyň ini 29 metr, be­ýik­li­gi 13 met­r. Olim­pi­ýa oýun­la­ry 26-njy iýu­l­dan 11-nji aw­gus­t ara­lygynda ge­çi­ri­ler. Re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň San­ta-Fe-Springs şä­he­rin­de gu­ra­lan «ShowFX» ser­gi­sin­de Ar­nold Şwar­se­neg­ge­riň äpet heý­ke­li goý­uldy. Beýikligi 6,75 metr­e ýetýän heý­kel akt­ýo­ryň iň uly heýkeli hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.

Taryhda şu gün

Al­kok bi­len Brau­nyň 1919-njy ýy­lyň 14-15-nji iýu­nyn­da ama­la aşy­ran tran­sat­lan­tik uçu­şy – Ka­na­da­nyň Sent-Jons şä­he­rin­den Ir­lan­di­ýa­nyň Klif­den oba­sy­na çen­li il­kin­ji dyn­gy­syz tran­sat­lan­tik uçuş­dyr. Bu uçuş bri­tan uçar­man­la­ry Jon Al­kok we Ar­tur Braun ta­ra­pyn­dan 16 sa­gat 28 mi­nut­da «Vickers Vimy» uça­ryn­da ama­la aşy­ryl­dy.

Iň be­ýik sa­gat­ly diň gur­lar

Du­baý­da «Ae­ter­ni­tas» sa­ga­dy ber­ki­di­len ka­şaň gök­di­rä­n gur­lar. Bi­na­nyň gur­lu­şy­gy­nyň 2027-nji ýyl­da ta­mam­la­nma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ýa­şa­ýyş ja­ýy hök­mün­de gu­rul­jak bi­na­da­ky 1 otag­ly öýüň ba­ha­sy 435 müň dol­la­ra deň bo­lar. «Ae­ter­ni­tas» gök­di­rä­ni dün­ýä­niň iň be­lent sa­gat­ly ýa­şa­ýyş di­ňi bo­lar. Be­ýik­li­gi 450 met­re deň bo­lan bu gök­di­rän Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky «Big-Ben­den» dört es­se be­ýik, ABŞ-da­ky iň be­ýik ýa­şa­ýyş jaý bi­na­sy «Cent­ral Park To­wer­den» 22 metr gys­ga bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, bu bi­na Mek­ge­dä­ki «Mak­kah Clock» di­ňin­den soň dün­ýä­niň ikin­ji be­ýik sa­gat­ly gök­di­rä­ni bo­lar. Em­ma on­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, «Ae­ter­ni­tas» gök­di­rä­nin­de ýa­şa­ýyş öý­le­ri bo­lar. Gök­di­rä­niň tas­la­ma­sy Du­baý­da ýer­leş­ýän «Lon­don Ga­te» we Şweý­sa­ri­ýa­nyň ne­pis sa­gat­la­ry ön­dü­ri­ji «Frank Mül­ler» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­si­dir. Bi­na­da­ky sa­ga­dyň be­ýik­li­gi 40 met­re, ini 30 met­re ýe­ter, bu bol­sa 6 ki­lo­metr uzak­lyk­dan sa­ga­dy gör­mä­ge mü

Söw­da­nyň möç­be­ri art­ýar

Daş­kent­de «Umu­my aba­dan­çy­ly­ga we dur­nuk­ly ösü­şe bar­ýan ýol­da öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­lyk» şy­ga­ry as­tyn­da «Mer­ke­zi Azi­ýa – Hy­taý» ana­li­tik mer­kez­le­ri­niň dör­dün­ji fo­ru­my ge­çi­ril­di. Bu çä­re, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Stra­te­gi­ki we se­bi­ta­ra bar­lag­lar ins­ti­tu­ty hem-de Hy­ta­ýyň So­si­al ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Rus­si­ýa, Gün­do­gar Ýew­ro­pa we Mer­ke­zi Azi­ýa ins­ti­tu­ty bi­len bi­le­lik­de gu­ral­dy. Çä­re­de Hy­ta­ýyň So­si­al ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Çžao Çži­min çy­kyş edip, fo­ru­myň Hy­taý bi­len Öz­be­gis­tan, Ga­za­gys­tan, Türk­me­nis­tan, Tä­ji­gis­tan we Gyr­gy­zys­tan ýa­ly Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de mö­hüm or­nu­nyň bar­dy­gy­ny aýt­dy. – Hy­taý bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň oňyn dep­gi­ni 2023-nji ýyl­da yk­dy­sa­dy ösü­şe itergi berdi. Hy­taý bi­len se­bit ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky söw­da­nyň muk­da­ry 30 gö­te­rim tö­we­re­gi ös­di – di­ýip, Çžao Çži­min öz çy­ky­şyn­da be

Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di

6-9-njy iýun ara­ly­gyn­da Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ra­ýat­la­ry öz ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni saý­la­dy­lar. Her ýurt­da 6-9-njy iýun ara­ly­gyn­da­ky bir gün­de saý­law ge­çi­ril­di. Çe­hi­ýa­da we Ita­li­ýa­da ses be­riş­lik yzy­gi­der­li iki gü­nüň do­wa­myn­da ge­çi­ril­di. Umu­my kon­ti­nen­tal ses be­riş­lik­de Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň 720 ag­za­sy saý­lan­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa Bi­le­le­şik­den çyk­maz­dan ozal Ýew­ro­pa par­la­men­tin­de 705 orun bar­dy. Saý­law­lar bäş ýyl­da bir ge­zek ge­çi­ril­ýär we dün­ýä­dä­ki iň uly trans­mil­li ses be­riş­lik ha­sap­lan­ýar. Dür­li mil­let­ler­den bo­lan 400 mil­li­on­dan gow­rak saý­law­çy Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­dä­ki öz sy­ýa­sy we­kil­le­ri­ne ses ber­di.

Gaz ýa­ta­gy ta­pyl­dy

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Ýa­pon deň­zin­de uly ne­bit we gaz ýa­ta­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Seu­lyň tak­my­nan, 260 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Ýo­nil aý­la­gyn­da ýer­leş­ýän bu ýa­tak­da 14 mil­liard bar­rel tö­we­re­gi ne­bit we gaz bo­lup bi­ler. Des­lap­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, gor­la­ryň 75 gö­te­ri­mi gaz, 25 gö­te­ri­mi ne­bit­dir. Ga­zyň muk­da­ry ýur­duň 29 ýy­ly­na, ne­bi­tiň muk­da­ry bol­sa 4 ýy­ly­na ýe­ter. Bu açyş özü­niň ener­gi­ýa ze­rur­lyk­la­ry­nyň, tak­my­nan, 97-98 gö­te­ri­mi­ni im­port ed­ýän Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ýurt eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri öz suw­la­ryn­da geo­lo­gik bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýar we bu üs­tün­lik­li açy­şyň il­kin­ji­si däl. 1998-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Pho­han­dan uzak­da bol­ma­dyk suw­lar­dan 45 mil­li­on bar­rel­lik gaz ýa­ta­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Bu ýa­ta­gy 17 ýy­lyň do­wa­myn­da ulanan ýurt 1,4 tril­li­on won, tak­my­nan, 1 mil­liard dol­lar sap gir­de­ji ga­zan­dy.

Kos­mo­nawt­la­ry­ny Mar­sa iber­mek­çi

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Ýe­riň hem­ra­sy­ny we Gy­zyl pla­ne­ta­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­na iş­jeň gat­naş­ýar we bu ugur­lar­da öz baş­lan­gyç­la­ry­ny ös­dür­ýär. Ýurt 2032-nji ýy­la çen­li Aýa, 2045-nji ýy­la çen­li Mar­sa öz en­jam­la­ry­ny ug­rat­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň kos­mos mak­sat­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ýun Sok Ýo­luň söz­le­ri­ne gö­rä, ýurt ýa­kyn on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da Mar­sa we Aýa kos­mo­nawt­la­ry iber­mek­çi. Biz kos­mos baş­lan­gyç­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin býu­jet­den, tak­my­nan, 70 mil­liard dol­lar bö­lüp ber­megi me­ýil­leş­di­r­ýäris.

Baş As­samb­le­ýa­nyň tä­ze baş­ly­gy

Ka­me­ru­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Fi­le­mon Ýang BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy mej­li­si­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň we­ki­li Mo­ni­ka Greý­li mä­lim et­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, Baş As­samb­le­ýada 79-njy mej­li­siň baş­ly­gy­ny kes­git­le­mek üçin 193 ag­za döw­le­tiň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ses ber­ildi. Fi­le­mon Ýang şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Şeý­le-de Greý­li 6-njy iýun­da Baş As­samb­le­ýa­nyň 2025-2026-njy ýyl­lar üçin BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň he­mi­şe­lik däl bäş ag­za­sy üçin saý­law ge­çi­ri­len­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy. Baş sek­re­tar An­to­niu Gu­ter­riş Ýan­gy saý­lan­ma­gy bi­len gut­lap, Baş As­samb­le­ýa­nyň hä­zir­ki baş­ly­gy Den­nis Fren­si­siň «As­samb­le­ýa­nyň işi­ne deň­siz-taý­syz dip­lo­ma­ti­ýa us­sat­ly­gy bi­len ýol­baş­çy­lyk eden­di­gi­ni» aýt­dy. Fi­le­mon Ýang özü­niň saý­lan­ma­gy üçin ses be­ren Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di. Ol As­samb­le­ýa­da iş­län döw­rün­de dün­ýä jem

Yl­my bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­lan­dy

12-nji iýun­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ýaş alym­la­ryň hem-de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­le­lik­de gu­ra­dy­lar. Oňa ýur­du­my­zyň ze­hin­li ýaş alym­la­ry, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, önüm­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry, şeý­le-de yl­ma hö­wes­li dür­li hü­när­dä­ki ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Mil­li ylym ul­ga­my­nyň ýaş ze­hin­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­na mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar. Hor­ma