''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Gaz ýa­ta­gy ta­pyl­dy

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Ýa­pon deň­zin­de uly ne­bit we gaz ýa­ta­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Seu­lyň tak­my­nan, 260 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Ýo­nil aý­la­gyn­da ýer­leş­ýän bu ýa­tak­da 14 mil­liard bar­rel tö­we­re­gi ne­bit we gaz bo­lup bi­ler. Des­lap­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, gor­la­ryň 75 gö­te­ri­mi gaz, 25 gö­te­ri­mi ne­bit­dir. Ga­zyň muk­da­ry ýur­duň 29 ýy­ly­na, ne­bi­tiň muk­da­ry bol­sa 4 ýy­ly­na ýe­ter. Bu açyş özü­niň ener­gi­ýa ze­rur­lyk­la­ry­nyň, tak­my­nan, 97-98 gö­te­ri­mi­ni im­port ed­ýän Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ýurt eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri öz suw­la­ryn­da geo­lo­gik bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýar we bu üs­tün­lik­li açy­şyň il­kin­ji­si däl. 1998-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Pho­han­dan uzak­da bol­ma­dyk suw­lar­dan 45 mil­li­on bar­rel­lik gaz ýa­ta­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Bu ýa­ta­gy 17 ýy­lyň do­wa­myn­da ulanan ýurt 1,4 tril­li­on won, tak­my­nan, 1 mil­liard dol­lar sap gir­de­ji ga­zan­dy.

Baş As­samb­le­ýa­nyň tä­ze baş­ly­gy

Ka­me­ru­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Fi­le­mon Ýang BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy mej­li­si­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň we­ki­li Mo­ni­ka Greý­li mä­lim et­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, Baş As­samb­le­ýada 79-njy mej­li­siň baş­ly­gy­ny kes­git­le­mek üçin 193 ag­za döw­le­tiň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ses ber­ildi. Fi­le­mon Ýang şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Şeý­le-de Greý­li 6-njy iýun­da Baş As­samb­le­ýa­nyň 2025-2026-njy ýyl­lar üçin BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň he­mi­şe­lik däl bäş ag­za­sy üçin saý­law ge­çi­ri­len­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy. Baş sek­re­tar An­to­niu Gu­ter­riş Ýan­gy saý­lan­ma­gy bi­len gut­lap, Baş As­samb­le­ýa­nyň hä­zir­ki baş­ly­gy Den­nis Fren­si­siň «As­samb­le­ýa­nyň işi­ne deň­siz-taý­syz dip­lo­ma­ti­ýa us­sat­ly­gy bi­len ýol­baş­çy­lyk eden­di­gi­ni» aýt­dy. Fi­le­mon Ýang özü­niň saý­lan­ma­gy üçin ses be­ren Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di. Ol As­samb­le­ýa­da iş­län döw­rün­de dün­ýä jem

Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy baş­lan­dy

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da da­laş­gär­li­gi soň­ky sa­na­wa gi­ri­zi­len al­ty sy­ýa­sat­çy­nyň saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa­sy res­mi taý­dan baş­lan­dy we iki hep­de do­wam eder. Bu ba­ra­da ýur­duň saý­law şta­by­nyň we­ki­li Moh­sen Es­la­mi aýt­dy. 9-njy iýun­da Eý­ra­nyň Gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň met­bu­gat sek­re­ta­ry Ha­di Ta­han-Na­zif döw­let te­le­ýaý­ly­myn­da eden çy­ky­şyn­da Ge­ňe­şiň möh­le­tin­den öň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­mak üçin ha­sa­ba al­nan­la­ryň da­laş­gär­li­gi­ni bar­la­mak iş­le­ri­ni ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.«Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň saý­law kam­pa­ni­ýa­sy, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan at­la­ry­nyň yg­lan edi­len se­ne­sin­den res­mi taý­dan baş­lan­dy we ses be­riş­lik baş­la­maz­dan 24 sa­gat öň, ýag­ny 27-nji iýun­da ir­den ta­mam­la­nar» di­ýip, Eý­ra­nyň döw­let te­le­ýaý­ly­my IRIB Moh­sen Es­la­mi­niň söz­le­ri­ne sal­gy­lan­dy.

Yl­my bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­lan­dy

12-nji iýun­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ýaş alym­la­ryň hem-de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­le­lik­de gu­ra­dy­lar. Oňa ýur­du­my­zyň ze­hin­li ýaş alym­la­ry, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, önüm­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry, şeý­le-de yl­ma hö­wes­li dür­li hü­när­dä­ki ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Mil­li ylym ul­ga­my­nyň ýaş ze­hin­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­na mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar. Hor­ma

Il­kin­ji ge­zek ne­bit çy­ka­ryl­dy

Af­ri­ka­nyň ke­nar­ýa­ka ýur­dy bo­lan Se­ne­gal ne­bit ön­dür­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Ke­nar­dan 100 ki­lo­metr çe­me­si uzak­da­ky San­go­mar ne­bit kä­nin­den ne­bit çy­ka­ry­lyp baş­lan­dy. Bu ýer­de gur­lan «ýüz­ýän» plat­for­ma­da her gün 100 müň bar­rel ne­bit ön­dü­ril­er. Bu ba­ra­da Awst­ra­li­ýa­nyň «Wo­od­si­de» kom­pa­ni­ýa­sy mä­lim et­di. Çuň suw­ly ýer­de gur­lan des­ga­da 30 ýyl­lap ne­bit çy­ka­ry­lar. Bu ýer­den 2014-nji ýyl­da ne­bit we gaz ýa­ta­gy ta­py­lyp­dy. Tas­la­ma­nyň 82 gö­te­ri­mi «Wo­od­si­de», ga­lan bö­le­gi Se­ne­ga­lyň «Pet­ro­sen» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li. Mun­dan baş­ga-da, Se­ne­ga­lyň Mow­ri­ta­ni­ýa bi­len bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de şu ýy­lyň ahy­ryn­da su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz önüm­çi­li­gi­ne baş­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Arkadag şäheri – lukmançylyk klasteriniň merkezi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aş­ga­bat şä­he­ri, 2024-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ny) Hor­mat­ly Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň

Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy belende galýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy. Tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­ýan Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky stra­te­gik gat­na­şyk­la­r türk­men döw­le­ti­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­ma­gy bi­len has-da be­len­de gal­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr

12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len her ýyl­da gu­ral­ýan iki gün­lük fo­ru­ma türk­men alym­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bir­nä­çe da­şa­ry ýurt­la­ryň, şol san­da Azer­baý­ja­nyň, Be­la­ru­suň, Bol­ga­ri­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Mon­go­li­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Uk­rai­na­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Es­to­ni­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Millilige ýugrulan mukaddes baýram

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy bolup, bu mukladdes sene adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe - beýik geljege sary ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar. Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däpdessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar. Türkmen halkymyz Gurban baýramynyň üç günläp dowam edýän günlerinde agzybirlik bilen, bu nurana baýramçylygyň şanyna öz dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň we goňşularynyň öýlerine myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler. Her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmen Diý

Saud Arabystany haj wagtynda uçarmansyz howa taksisini işe girizdiler

Saud Arabystany haj wagtynda zyýaratçylar üçin uçarmansyz howa taksisini işe girizendigini mälim etdi. Bu barada Patyşalygyň Baş ulag müdirligi habar berýär. Munuň özi raýat awiasiýasy edarasyndan ygtyýarnama alan dünýäde ilkinji howa taksisidir. Bu taksi zyýaratçylary, lukmançylyk enjamlaryny daşamak, zerur harytlary ýetirmek we gaýragoýulmasyz kömegi bermek işlerini ýerine ýetirýär.

Hukuk maslahaty

Raýat we jemgyýet Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden öňe süren  «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalaryny gündelik durmuşymyzda görýäris. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkarar etmäge gönükdirilýär. Şolaryň esasynda ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Aýlyk zähmet we talyp haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary yzygiderli köpeldilýär.

Welosiped sürüjileriň dykgatyna

Arkadagly eýýamymyzda ekologiýa taýdan arassa ulag diýlip ykrar edilen welosiped ynsan saglygyny berkitmekde hem uly ähmiýete eýedir. Hormatly raýatlar! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýollarda welosipedi dolandyrmaga bildirilýän talaplaryň takyk ýerine ýetirilmelidigini ýatladýar. 

Ak bugdaýy ýangyndan goralyň!

Şu günler ýurdumyzyň bugdaýly meýdanlarynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Belent sepgitlere ýetmekde gallaçy daýhanlarymyza üstünlikleri arzuwlap, ýangyn howpsuzlygy babatda şulary ýatlatmagy müwessa bildik. Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalary ilkinji zerur bolan ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Tehnikalaryň tüsseçykaryjylary uçgun söndüriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Uçgun söndüriji serişdelerini öz wagtynda gurumlardan arassalap durmaly. Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryň duralga ýerini, tehniki hyzmat etmek, ýangyç guýmak ýa-da kebşirleýiş enjamlaryndan peýdalanmak işini hasylly meýdandan 100 metr aradaşlykda, takyrlykda ýerleşdirip, şol ýerleriň daş-töweregi sürülmelidir.

Kämil nesiller — Watanyň sütüni

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat müdirligi we welaýat polisiýa müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen duşuşykda oňa gatnaşyjylara içerki we daşarky migrasiýanyň kada-kanunlary we jemgyýetçilik asudalygyny saklamak barada maglumatlar berildi. Duşuşyga şäheriň köpsanly ýaşaýjylary, bilim işgärleri we ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar. Migrasiýa işgärleri çykyşlarynda döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny aýratyn nygtamak bilen, daşary ýurtlara iş, okuw we syýahat maksatly gitmegiň düzgünleri barada giňişleýin düşünje berdiler. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigi aýdyldy.

Göwün päkligidir Gurban baýramy

13-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde «Göwün päkligidir Gurban baýramy» diýip atlandyrylan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu dabara ýetip gelýän, halkymyzyň gadymy milli toýlarynyň biri bolan Gurban baýramyna bagyşlandy. Ony Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy bilelikde gurady. Ýurdumyzda belli sungat ussatlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Aýgül Ýagşyýewa, Dürjemal Çaňlyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri Halbike Dowyýewa, Narjan Berdiýewa dagy öz çykyşlary bilen bu dabaranyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdiler.

Ýaşlar ylma höweslendirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Biz ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirýäris. Etrap häkimliginde, oba medeniýet öýlerinde jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleriniň, bilim işgärleriniň we ak sakgally ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň işjeň gatnaşmaklarynda yzygiderli guralýan öwüt-ündew çärelerine ýaşlar uly höwes bildirýärler. Duşuşyklaryň barşynda ylmyň we bilimiň beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdygy barada giňişleýin söhbet edilýär. Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ylmy kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri a

Ylym-bilim — ösüşlere şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden dabaralanýan Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň bilelikde guramaklarynda «Ylym-bilim — ösüşlere şamçyrag» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda ylmyň jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýandygy, ylmy goldamak we ösdürmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim işgärlerine, ylym bilen meşgullanýan ýaşlara aýratyn sarpa goýýandygy buýsanç bilen bellenildi. Dabaraly maslahatda institutda zähmet çekýän göreldeli işgärlere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşlar — röwşen geljegimiz

Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen Tejen etrabynyň edara-kärhanalarynda, oba ýerlerinde degişli işler yzygiderli häsiýetde alnyp barylýar. Tomus paslynyň häzirki günlerinde hem ýaşlaryň arasynda duşuşyklar guralyp, olaryň barşynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatyndan gelip çykýan wezipelere üns çekilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy ugrunda edilýän tagallalar barada aýdyp, sport bilen meşgullanmaga döredilýän ajaýyp mümkinçilikdir şertler dogrusynda aýratyn gürrüň edýärler. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeginde, sport bilen yzygiderli meşgullanmagynda, ýaramaz endiklerden daşda durmagynda, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmagynda bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemek gerek. Raýatlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi ugrundaky tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Wagyz-nesihat çäresi

Saglygym — baýlygym Ýakynda TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň, TZB-niň welaýat bölüminiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi boýunça “Maryazot” önümçilik birleşigi kärhanasynda “Saglygym — baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.