''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Watan hakyndaky müdimi owaz

Gozgan hem-de Mäne çaýlaryndan suw alan gadymy Abiwerd hakynda söz açylsa, Magtymguly Pyragynyň «San bolsam» şygryndaky şu bent hem ýadyňa düşýär. Şahyryň: Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz Perwany,Jelaleddin Rumy, Jamy elnamy,Alarnyň ýanynda men hem san bolsam

Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanalyň!

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ilat üçin döredilýän durmuş ýeňillikleriň we amatlylyklaryň arasynda tebigy gaz hem bar. Bu amatly ýangyjyň ojaklarymyzda alawlamagy ugrunda gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri yzygiderli alada edýärler. Şonuň bilen birlikde hünärmenlerimiz ilatyň arasynda tebigy gazdan tygşytly we howpsuz peýdalanmak boýunça düşündiriş, wagyz-ündew işlerini hem alyp barýarlar. Biz hem şu asylly maksatlardan ugur alyp, ildeşlerimizi gazdan peýdalanmagyň aşakdaky kadalaryny berjaý etmäge çagyrýarys: — gaz enjamlary bilen işleýän wagtyňyz aşhananyň penjiresiniň gözüni açyp goýmaly;

Nurana ýollar bagta uzaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitleri gyradeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde awtomobil ýollarynyň gurluşygy we olaryň durkuny abatlaýyş işleri boýunça taslamalar hem-de meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine uly täsirini ýetirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda maňa hem ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen geçirilýän Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Ýurdumyzyň ýol gurluşygy ulgamynda innowasion materiallar batly depginlerde ornaşdyrylýar. Bu pudakda öňden gelýän usullar bilen, täze materiallaryň we tehnologiýalaryň usullary sazlaşykly alnyp barylýar.

Ak şäheriň ady bilen...

Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilen ak şäherimiz Aşgabat gün-günden gözelleşip, ösüş-özgerişlere beslenýär. Ilat sany ýylsaýyn artýan, owadanlygy bilen haýrana goýýan paýtagtymyz ýurdumyzyň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda hem-de ylmy-medeni merkezidir. Ajaýyp binagärlik çözgütleri esasynda, täze desgalaryň, kaşaň ymaratlaryň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen myhmansöýer paýtagtymyz syýahatçylyk babatda hem barha özüne çekijidir. Biz şu makalamyzda gazetimiziň okyjylaryna gijeleri hem gündizleri deýin ýagty baş şäherimiz bilen adybir desgalardyr binalaryň birnäçesi barada gürrüň bermegi müwessa bildik.

Mukaddesligiň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permanyna laýyklykda mähriban halkymyz üç günläp, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, baýramçylygy gyzykly medeni çäreler bilen utgaşdyrdylar. Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň medeni-söwda merkezleri, täsin seýilgähleri gapylaryny giňden açyp, döwrebap hyzmatlary hödürlediler. Şol günlerde guralan dabaralar mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Paýtagtymyzyň aýdym-saz ussatlary, halk döredijilik we tans toparlary baýramçylyk şatlygyny artdyrdylar. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, tans kompozisiýalarynda ýurdumyzyň durmuşyndaky agzybirligiň, bagtyýarlygyň, şanly wakalaryň, bitirilýän beýik işleriň waspy belentden ýaňlandy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärler barada MAGLUMAT

AŞGABAT ŞÄHERI 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleriň TERJIMEHALLARY

AŞGABAT ŞÄHERI 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde has girdejili işler bilen meşgullanmak hamallaryň täze tanyşlary bilen geçirjek iş duşuşyklaryna bagly bolup biler. Esasan hem, biraz uzak möhletli meýilnamalaryň başyny başlamak üçin amatly döwür gelip ýetdi. Özüňize ynamly boluň!

Oňyn özgertmeler kämilligiň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça batly depginlerde ösdürilýär. Türkmen ylmyny dünýä derejesinde ösdürmek maksady bilen ýurdumyz tarapyndan ylmy esasly birnäçe maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, döwlet tarapyndan ylmy goldamak giňeldilýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi hem barha ýokarlandyrylyp, uly üstünlikleriň gazanylmagyna, eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň hem artmagyna uly goltgy berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan ygtyýarnama alnan ylmy açyşlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekmegi ylmy işler bilen meşgullanýan ähli raýatlarymyzyň başyny göge ýetirdi.

Jogapkärli möwsüm

Şu günler hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde gulluk möhletini tamamlan çagyryş boýunça harby gullukçylaryň ätiýaçlyga ugradyş dabaralary bilen bir hatarda, harby gulluga gadam basýan ýaş esgerleriň harby bölümlerde garşylanyş dabaralary-da gyzgalaňly dowam edýär. Gulluk möhletini tamamlap, ätiýaçlyga ugradylýan esgerlere geljekki durmuşlarynda ak ýollaryň ýaran bolmagy we tutan maksatlaryna gowuşmaklary arzuwlanyp, olaryň gullukda aýratyn tapawutlananlaryna Hormat hatlary, ene-atalaryna Minnetdarlyk hatlary, şeýle-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Çagyryş boýunça harby gulluga gadam basýan ýaş esgerlere bolsa, harby gulluk durmuşynyň aýratynlyklary bilen bir hatarda, harby bölümleriň taryhy, söweşjeň däp-dessurlary, Watan goragynda şöhratly pederlerimiziň görkezen gahrymançylyklary baradaky gyzykly gürrüňler berilýär. Allamyrat ÝALKANOW, podpolkownik.

Watana wepalylygyň beýik mekdebi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyplyklara beslenýän günleri eziz Diýarymyzyň hukuk binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen işler bilen döwrümiziň taryhy senenamasyny has-da baýlaşdyrýar. Çünki mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy goramagy hem-de jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmagy, kanunçylygy has-da berkitmegi hemişe baş maksat edinýän Watan goragçylary bular bilen birlikde, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent we jogapkärli borçlara wepaly bolup, bu ugurda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýle mukaddes borja wepalylyk bilen Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluklaryny tamamlaýan merdana ýigitlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we huku

Manyly ömrüň beýany

Golaýda podpolkownik Myrat Hojagulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby bilen baglanyşykly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Çäräniň dowamynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Döwran Orazdurdyýew, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Gurbangeldiýewa, etrap kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülzada Gorganowa, kiçi seržant Şageldi Kadyrow, esger Bagtyýaremin Amangeldiýew dagy ajaýyp eseriň many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň etrap medeniýet öýüniň aýdym-saz toparynyň mukaddes Watanymyzy, ösüşli döwrümizi wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary bilen utgaşmagy harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy. Maýsa BAÝRAMGULYÝEWA, kapitan.

Ajaýyp kitaplary okap...

Gadymy medeniýetiň şöhraty 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda güneşli Diýarymyzyň gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Sebäbi, munuň özi Gündogaryň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň köp asyrlyk baý medeni mirasyna goýulýan belent sarpa şaýatlyk edýär. Şeýle guwançly günlerde hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy il-günümiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk boldy.

Ynsanperwerlik ýörelgeleri dabaralanýar

Parahatlygyň baýramy Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ruhy-medeni mirasymyza sarpa goýmak, öwrenmek, wagyz etmek, ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden, ýagny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramlaryň biridir. Bu baýramyň nesilden-nesle geçip, arzyly baýramlaryň birine öwrülmegi gurbanlygyň ynsan bähbitli ýagşy arzuw-niýetlere ýugrulandygyny aňladýar.

Döwrümiziň gojalary

Hyrslan aganyň şägirdi Men Hommat agalara baranymda, ol ýanýoldaşy Ogulkeýik eje bilen çaýlaşyp oturan ekeni. Ol saglyk-amanlykdan soň, maňa öýüň töründen ýer görkezdi. Men myhman hatyramy saklap, şol ýere ornaşdym. Onuň durmuş hem-de zähmet ýollary barada gürrüň gozgamagyň ebeteýini tapman, esli salym oturdym. Ahyry ýüregimi bire baglap, şu sözleri aýtmaga ýetişdim.

Size nähili hyzmat edilýär?

Şäheriň görkanalygy artýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylyp, ýeňişli menzillerimiz rowaç alýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Güneşli Diýarymyzyň şäherdir obalarynyň arassaçylygy, abadanlygy ugrundaky edilýän yhlas-tagallalaram ýerine düşýär.

Dogdy asmanyň zöhresi, çyn aşyga döwran bu gün

Ylmyň dünýäsine ýaňy gadam basan ýaş ýigit ylym ägirtleriniň birini özüne halypa tutunýar. Ol halypa şägirdi boljak ýigidiň dünýägaraýşyny barlap görmek üçin sorag berýär: — Dünýäniň ýüzünde iň bagtyýar halk diýip nähili halky mysal getirse bolar?

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Zähmet gatnaşyklarynyň kanunçylygy Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap kanunçylygy kesgitlenendir. Şu Kodekse we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, işgär bilen iş berijiniň arasynda baglaşylýan zähmet şertnamasy zähmet gatnaşyklarynyň döremegi üçin esas bolup durýar. Zähmet şertnamasy — munuň özi iş beriji bilen işgäriň arasyndaky zähmet gatnaşyklarynda taraplaryň özara esasy hukuklaryny we borçlaryny belleýän ylalaşykdyr. Oňa laýyklykda, iş beriji işgäre kanunçylykda göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda iş bermäge, zähmet şertlerini döretmäge, zähmet hakyny öz wagtynda we doly tölemäge borçlanýar. Zähmet şertnamasy adamyň ýazmaça arzasynyň esasynda iş berijiniň ony işe kabul etmek hakyndaky buýrugy çykarmagy arkaly baglaşylýar.

Asudalygyň goragynda

Takyk çözgütler gazanylýar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günümiz hakda edýän ýadawsyz aladalary netijesinde güneşli Diýarymyz behişdi mekana öwrülip, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasat anyk işlere üstünlikli amal edilýär. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranyň hözirini görýär. Adam hakdaky aladada il-günümiziň rahat durmuşyny, asudalygyny üpjün etmegem derwaýys meseleleriň biri.

Resminamalar düzüw bolmalydyr

Ulag serişdesi dolandyrylanda zerur resminamalaryň düzüwligini üpjün etmek derwaýys şert bolup durýar. Mysal üçin, awtoulag serişdesine erk etmek üçin dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnama, bellenilen tertipde şahadatnama sürüjiniň elinden alnan ýagdaýynda bolsa, wagtlaýyn rugsatnamasy we şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmalydyr. Mundan başga-da, ulagyň bellige alnandygy hakynda güwänamasy we döwlet tehniki gözegçiliginden geçendigi hakynda guratlyk haty sürüjiniň ýanynda bolmalydyr. Eger-de, ulagyň eýesi bolmadyk ýagdaýynda dolandyrylanda şol ulaga eýelik etmäge, ony ulanmaga, oňa serenjam bermäge bolan hukugyny tassyklaýan resminamasy hökmandyr. Bu babatda ýük awtoulaglary üçinem kesgitlenen kadalar hereket edýär. Sürüjileriň käbirleri geleňsizlik edip, degişli resminamalary talaba laýyk resmileşdirmän awtoulaglara erk edilmegine ýol berýärler. Şeýle düzgün bozulmalara ýol berýän sürüjiler ýüze çykarylsa, olara hereket edýän kanunçylyga laýyklykda çäreler görülýär.