''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Orta asyryň meşhur alymy

Şöh­rat­ly geç­mi­şi­miz­de ylym-bi­lim­de uly iş­le­ri bi­ti­rip, ta­ryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ran şah­sy­ýet­le­ri­miz sa­nar­dan kän. Şo­la­ryň bi­ri hem Gün­do­gar­da meş­hur türk­men aly­my hök­mün­de ta­nal­ýan Abul­ha­san Aly ibn Ah­met an-Ne­se­wi­dir. Be­ýik alym, tak­my­nan, 970-nji ýyl­da Nu­saý­da dün­ýä in­ýär. Ol Guş­ýar ibn Lab­ba­nyň şä­gir­di bo­lup, Reý­de Majd ad-Dau­lyň köş­gün­de, Gaz­na şä­he­rin­de Mah­myt Gaz­na­ly­nyň we onuň mi­ras­dü­şer­le­ri­niň köşk­le­rin­de, Sel­juk sol­tan­la­ry­nyň köşk­le­rin­de, has anyk aý­dy­lan­da, Sel­juk türk­men­le­ri­niň mer­ke­zi bo­lan Ys­py­han şä­he­rin­de bir­nä­çe iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Gör­nük­li alym, tak­my­nan, 100 ýa­şap, 1070-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Ýew­ro­pa­da Abil­ha­san Ha­li ben Ah­med Na­sue­nis diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Ah­med an-Ne­se­wi Mah­myt Gaz­na­ly­nyň köş­gün­de Abu Nasr ibn Yrak (953/54 – 1034 ýý.), Abu Reý­han al-Bi­ru­ny (973-1048 ýý.) ýa­ly öz döw­rü­niň be­ýik alym­la­ry bi­len egin­me-egin bi­le iş­le­ýär. Soň­ra Ah­met an-Ne­se­wi Çag­ry be­giň ça­ky­ly­gy bi­len Sel­juk­ly­lar köş­gü­ne ça­gy­ryl­ýar. Al

EME­LI AŇ: TA­RY­HY WE ULA­NY­LYŞ MÜM­KIN­ÇI­LIK­LE­RI

Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­ni­len Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan fo­ru­ma türk­men alym­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bir­nä­çe da­şa­ry ýurt­la­ryň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri hem gat­naş­dy­lar. Hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň öňü­sy­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­lar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy­lar. Bu göz­den ge­çi­ri­liş­de ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýän Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki ösü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. In­no­wa­si­on ösüş we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ýo­lu­na dü­şen Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry de­re­je­li, hem­me­ta­rap­la­ýyn ökde hü­när­men­le­ri ke­ma­la gel­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ze­hin­li

Global ösüş çaklamasy ýokarlandy

«Fitch Ra­tings» hal­ka­ra reý­ting eda­ra­sy glo­bal yk­dy­sa­dy ösü­şiň ozal­ky çak edi­li­şin­den has ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Çak­la­ma­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2,4 gö­te­rim däl-de, 2,6 gö­te­rim bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Reý­ting eda­ra­sy­nyň bi­ler­men­le­ri 2025-nji hem-de 2026-njy ýyl­lar­da hem ösü­şiň 2,4 gö­te­rim bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 2024-nji ýyl­da 2,1 gö­te­rim, gel­jek ýyl 1,5 gö­te­rim we 2026-njy ýyl­da 1,6 gö­te­rim ös­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Ýew­ro se­bi­tin­dä­ki yk­dy­sa­dy ösüş 2024-nji ýyl­da 0,6 gö­te­rim­den 0,8 gö­te­ri­me çy­kyp­dyr. Se­bit ýurt­la­ry gel­jek ýyl 1,5 gö­te­rim, 2026-njy ýyl­da 1,4 gö­te­rim öser. Gurbanbibi Orazbaýewa,

Ilkinji elektroulagyny çykarar

Ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ryň az san­ly­sy­ny çy­kar­ma­gy bi­len ta­nal­ýan «Fer­ra­ri» kom­pa­ni­ýa­sy 2025-nji ýy­la çen­li il­kin­ji elekt­rou­la­gy­ny ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Su­per­kar ön­dü­ri­ji­si­niň il­kin­ji elekt­rou­la­gy­nyň ba­ha­sy­nyň 500 müň ýew­ro bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ital­ýan bren­di bu mo­de­li ön­dür­mek üçin aý­ra­tyn za­wod gu­rar. Hä­zir­ki wagt­da «Fer­ra­ri» ulag­la­ry or­ta­ça, 350 müň ýew­ro­dan sa­tyl­ýar. «Porsche» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Taycan» at­ly elekt­rou­la­gy bolsa 100 müň ýew­ro tö­we­re­gi ba­ha­dan sa­tyl­ýar. Ge­çen ýyl «Fer­ra­ri» 14 mü­ňe go­laý aw­tou­lag sat­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň elekt­rou­lag çy­kar­ma­gy bi­len bu gör­ke­zi­ji­niň 20 mü­ňe ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Aý­gö­zel RE­JE­PO­WA,

Bi­rin­ji or­na çyk­dy

Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len meş­gul­lan­ýan «Nvidia» kom­pa­ni­ýa­sy örän gys­ga wagt­da ba­zar gym­ma­ty­ny art­dy­ryp, dün­ýä­niň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­sy­na öw­rül­di. Dün­ýä­niň ba­zar ba­ha­sy iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň il­kin­ji on­lu­gy­na go­laý­da gi­ren «Nvidia» bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýän «Micro­soft»-dan öňe ge­çip, bi­rin­ji bol­dy. Çip önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň ba­zar nyr­hy 3,32 tril­li­on dol­lar­dan geç­di. Mer­ke­zi eda­ra­sy Ka­li­for­ni­ýa­da ýer­leş­ýän «Nvidia»-nyň teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň jem­le­nen ýe­ri bo­lan «Nas­daq» bir­ža­syn­da­ky paý­na­ma­la­ry 3 gö­te­rim gym­mat­lap, 135,96 dol­la­ra çyk­dy. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa bu ugur­da bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­ýän «Micro­soft»-dan öňe geç­di. Pa­ra­hat RAH­MA­NOW,

Ila­ty ar­tar

Ýew­ro­pa­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan ösen ýur­dy bo­lan Ger­ma­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň 2045-nji ýy­la çen­li 85,5 mil­lio­na ýet­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, şol wag­ta çen­li ýur­duň ila­ty 1 gö­te­rim ar­typ, 85,5 mil­lio­na ýe­ter. Ýur­duň Gur­luş, şä­her we bi­na­lar yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň bi­ler­men­le­ri (BBSR) 22 ýyl­da ýur­duň ila­ty­nyň 800 müň art­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar. Ila­tyň ar­ty­şyn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan gö­çüp gel­ýän­le­riň has tä­sir­li bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ila­tyň ar­ty­şy ýur­duň se­bit­le­rin­de ta­pa­wut­ly bo ­lar. Yk­dy­sa­dy taý­dan ösen şä­her­ler, şol şä­her­le­riň daş-tö­we­re­gi, esa­san hem, Ba­wa­ri­ýa we Ba­den-Wýur­tem­berg we­la­ýat­la­ry­nyň şä­her­den uzak­da­ky ýer­le­rin­de ila­tyň ar­ty­şy do­wam eder. Iri şä­her­ler­den uzak­da­ky ýer­ler­de bol­sa ilat sa­ny aza­lar. Ak­nur ÖDE­KO­WA,

Aras­sa ener­gi­ýa­da­ky ar­tyş tiz­li­gi

Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da aras­sa ener­gi­ýa ge­çiş tiz­li­gi pe­sel­ýär. Dün­ýä­niň 120 ýur­du­nyň bar bo­lan ul­gam­la­ry we aras­sa ener­gi­ýa ge­çiş müm­kin­çi­lik­le­ri sel­je­ril­di. Şu ýyl 14-nji ge­zek taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da dün­ýä­de has yg­ty­bar­ly, dur­nuk­ly we el­ýe­ter­li ener­gi­ýa ge­çiş­de ösüş do­wam ed­ýär. Em­ma bu ösü­şiň tiz­li­gi pe­sel­ýär. Mag­lu­mat­da 120 ýur­duň 107-sin­de soň­ky 10 ýyl­da aras­sa ener­gi­ýa ge­çiş­de ösüş ga­za­ny­lyp­dyr. Şeý­le hem gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa pu­da­gy­na glo­bal ma­ýa go­ýu­myň art­ma­gy we soň­ky 10 ýyl­da Sa­ha­ra çö­lü­niň gü­nor­ta­syn­da­ky Af­ri­ka­da ener­gi­ýa öw­rü­li­şi­gin­de uly ösüş ga­za­ny­lyp­dyr. Ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­ne geç­mek­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýurt­lar ba­bat­da aý­dy­lan­da bol­sa, Şwe­si­ýa, Da­ni­ýa, Finl­ýan­di­ýa, Şweý­sa­ri­ýa we Fran­si­ýa öň­dä­ki orun­la­ra ýer­le­şip­dir.

Iki­si bir­wagt­da gül­le­di

Lon­do­nyň Kew bo­ta­ni­ka ba­gyn­da dün­ýä­niň iň ys­ly gül­le­ri ha­sap­lan­ýan «ti­tan arum» we «aris­to­lochia gol­diea­na» gül­le­ri bir­wagt­da gül aç­dy. Ba­gyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, «aris­to­lochia gol­diea­na» üçün­ji ge­zek gül açyp­dyr. Be­ýik­li­gi 3 met­re ýet­ýän gül 48 sa­gat­dan ýa­pyl­ýar. Bu gül il­kin­ji ge­zek 1990-njy ýyl­da, ikin­ji ge­zek 2023-nji ýyl­da açylyp­dyr. Onuň ysy­nyň hi­mi­ki ele­ment­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da «ti­tan arum» gü­li hem gül açyp­dyr. Bo­ta­ni­ka ba­gyn­da 1889-njy ýyl­dan bä­ri ösüp oturan gül il­kin­ji ge­zek 1926-njy ýyl­da, soň­ky ge­zek 2021-nji ýyl­da gül açyp­dyr. Şeý­le­lik­de, bo­ta­ni­ka ba­gy­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu ösüm­lik 5 ýyl­dan az wagt­da gül açyp­dyr. Gö­zel BEK­DUR­DY­ÝE­WA,

Sag­lyk üçin mas­la­hat­lar

To­mus pas­lyn­da Gü­nüň aşa ýi­ti şöh­le­sin­den go­ra­nyň! To­mus aý­la­ryn­da Gü­nüň ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­rin­den go­ran­mak üçin açyk reňk­li nah ma­ta­dan, ýe­ňil we giň ti­ki­len egin-eşik­le­ri ge­ýiň.

1 mil­liard ýew­ro gir­de­jä ga­raş­ýar

Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­ýän 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty gyz­ga­laň­ly ýag­daý­da do­wam ed­ýär. Hal­ka­ra sport we beý­le­ki bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýän ýur­du­na uly gir­de­ji ge­tir­ýär. Bu ýag­daý Ger­ma­ni­ýa­da hem şeý­le. Ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry «Euro 2024» fut­bol çem­pio­na­ty­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na gir­de­ji­si­niň 1 mil­liard ýew­ro bol­ma­gy­na ga­raş­ýar­lar. Bu ba­ra­da Mýun­hen­dä­ki Ifo yk­dy­sa­dy bar­lag­lar ins­ti­tu­ty ha­bar ber­ýär. Bi­ler­men­le­riň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, myh­man­ha­na we azyk se­na­ga­ty da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­dan iň köp gir­de­ji ga­za­nan pu­dak­lar bo­lar. Ins­ti­tu­tyň bi­ler­men­le­ri 2006-njy ýyl­da ýurt­da ge­çi­ri­len fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da­ky mag­lu­mat­la­ra esas­la­nyp, ha­sap­la­ma ge­çi­rip­dir­ler. Fut­bol du­şu­şyk­la­ry­nyň geçirilýän döw­rün­de 600 müň­den gow­rak sy­ýa­hat­çy myh­man­ha­na­lar­da 1,5 mil­li­on orun­lyk goş­ma­ça ýer­de dynç alar­lar. Gur­ban NA­ZA­ROW,

Ýol­la­ryň asu­da­ly­gy – dur­mu­şyň ra­hat­ly­gy

Hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz uly ösüş­le­re bes­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da gün­sa­ýyn ös­ýän we gi­ňel­ýän şä­her­le­riň ýol he­re­ke­ti­ni ka­da­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len tä­ze ýol­la­ry gur­mak, bar bo­lan­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem ýol­la­ryň ug­run­da ýo­lag­çy­lar üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan du­ral­ga­lar, ge­çel­ge­ler, ýo­ly­şyk­lar we beý­le­ki de­giş­li bel­gi­ler ýer­leş­di­ril­ýär. Aw­tou­lag­la­ryň kö­pel­me­gi ne­ti­je­sin­de gat­na­wyň art­ma­gy bol­sa, sü­rü­ji­le­riň we py­ýa­da­la­ryň has üns­li bol­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Mu­nuň özi ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­na ün­süň güýç­len­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu ba­ra­da ýur­du­myz­da ne­ti­je­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ola­ra my­sal edip, gu­rul­ýan döw­re­bap aw­to­ýol­la­ry, köp­rü­le­ri, ýe­ras­ty ge­çel­ge­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da her ýy­lyň sent­ýab­ryn­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň

Gaý­ta­dan iş­läp baş­la­dy

1977-nji ýyl­da kos­mo­sa uçu­ry­lan «Voya­ger 1» kos­mos en­ja­my bi­len 6 aý ozal ara­gat­na­şyk ke­si­lip­di. NA­SA-nyň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Ýer­den 24,1 mil­liard ki­lo­metr daş­la­şan en­jam bi­len gaý­ta­dan ara­gat­na­şyk ýo­la goý­lup, yl­my mag­lu­mat­lar top­la­nyp baş­lan­dy. «Voya­ger 1»-dä­ki teh­ni­ki bök­denç­li­giň uçuş bi­len bag­ly mag­lu­mat­la­ry top­la­ýan çip­de ýü­ze çy­kan­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le-de bol­sa, kos­mos en­ja­myn­da­ky nä­saz­lyk do­lu­ly­gy­na ara­dan aý­ryl­man­dyr. In­di bi­ler­men­ler «Voya­ger 1»-iň üç komp­ýu­te­rin­dä­ki wag­ty gör­kez­ýän prog­ram­ma­sy­nyň sinh­ro­ny­ny saz­la­ma­ly bo­lar­lar. Ýaz­gel­di ATA­ÝEW,

Ýan­gyn howp­suz­ly­gyn­da ber­jaý edil­me­li düz­gün­ler

Oduň gö­zeg­çi­lik­siz gal­dy­ryl­ma­gy ada­ma we daş­ky gur­şa­wa düýp­li ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Şo­nuň üçin, jem­gy­ýe­tiň her bir ag­za­sy ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek me­se­le­si­ne has oý­la­ny­şyk­ly we jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­li­dir. Dur­muş­da hä­zir­ki za­man elekt­rik en­jam­la­ry iş­jeň ýag­daý­da ula­nyl­ýar. Köp­lenç ýan­gyn how­pu­na gün­de­lik ula­nyl­ýan en­jam­la­ryň iş­le­di­lip, gö­zeg­çi­lik­siz gal­dy­ryl­ma­gy se­bäp bol­ýar. Öý­den, iş ýer­le­rin­den çyk­maz­dan öň, otag­la­ry göz­den ge­çir­me­gi unut­ma­ly däl. Otag­lar­da bar bo­lan äh­li elekt­rik bi­rik­di­ri­ji­le­riň boş­du­gy­na, elekt­rik gyz­dy­ry­jy en­jam­la­ryň ýa­ny­jy ma­te­ri­al­la­ryň üs­tün­de dur­ma­ýan­dy­gy­na, ola­ryň gyz­gyn­lyk be­ri­ji­le­ri­niň ýa­ny­jy ma­te­ri­al­la­ra deg­me­ýän­di­gi­ne do­ly göz ýe­tir­me­li. Aş­ha­na ota­gy göz­den ge­çi­ri­len­de gaz, elekt­rik pli­ta­la­ryň öçü­ri­len­di­gi­ne üns ber­me­li. Şe­mal ar­ka­ly ýo­kar­ky gat­lar­dan dür­li ga­lyn­dy­lar ota­ga gir­mez ýa­ly pen­ji­re­le­ri do­ly ýap­ma­ly.

Maýa goýumyň üçden birini çekdi

Pan­de­mi­ýa­dan soň­ky dö­wür­de ABŞ glo­bal ma­ýa go­ýu­myň üç­den bi­ri­ni özü­ne çek­di. Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä ABŞ pan­de­mi­ýa­dan ozal glo­bal ma­ýa­nyň 18 gö­te­ri­mi­ni al­ýar­dy. ABŞ-nyň ma­ýa go­ýu­my çek­me­gin­de ýurt­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa we ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gi­ne gol­daw ber­ýän ka­nu­nyň güý­je gir­me­gi­niň tä­sir­li bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. My­sal üçin, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň «Sam­sung Electro­nics» kom­pa­ni­ýa­sy Te­has­da­ky çip önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin 6,4 mil­liard dol­lar gol­daw alyp­dyr. Arzuw Guwanjowa,

Tebigat barada kanun kabul edildi

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi te­bi­ga­ty di­kelt­mä­ge de­giş­li tä­ze ka­nun ka­bul et­di. Bu ka­nun bi­len on­ýyl­ly­gyň ahy­ry­na çen­li Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň gu­ry ýerleriniň we de­ňiz­le­ri­niň azyn­dan 20 gö­te­ri­mi­niň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Bu ba­ra­da köp wagt­dan bä­ri gep­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär­di. Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­de bu ka­nun bi­len bag­ly ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­le­re ýol­baş­çy­lyk ed­ýän is­pa­ni­ýa­ly de­pu­tat Se­zar Lue­na bu gü­nüň Ýew­ro­pa üçin te­bi­ga­ty go­ra­mak we aýap sak­la­mak­dan, gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge ge­çi­len äh­mi­ýet­li gün­le­riň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Yh­las ATA­ÝEW,

Ener­ge­ti­ka pu­da­gy – se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň bin­ýa­dy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň ösdürilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze energetika desgasynyň – Balkan – Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň hem-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek mynasybetli dabaralara gatnaşmagy bu işleriň yzygiderli, depginli ösüşe eýedigine şaýatlyk edýän taryhy waka boldy. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dep­gin­li ösü­şin­de ener­ge­ti­ka pu­da­gy wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Şun­dan ugur al­nyp, pu­da­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ägirt uly ma­ýa go­ýum­la­ryň ne­ti­je­sin­de, elekt­roe­ner­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­da düýp­li öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar.

Talyp ýaşlar bilimlerini iş tejribesinde özleşdirýärler

Tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda çagalygyň arzyly pursady – tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär. Bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda geçirilýän dürli medeni-çäreler, döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklar bolsa, giň gerime eýe bolýar. Ça­ga­la­ry do­ly de­re­je­de dynç al­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň bi­na­la­ry­na ýer­leş­dir­di­ler. Olar­da ýaş nes­liň wag­ty­ny gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­di­len­dir. Mer­kez­ler­de oýun oý­na­mak, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin meý­dan­ça­lar, tans zal­la­ry, komp­ýu­ter otag­la­ry, el iş gur­nak­la­ry, teatr, şe­kil­len­di­riş sungaty otag­la­ry, ki­tap­ha­na­lar bar.

Ylym – adam­za­dyň gel­je­gi

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr». Şu nukdaýnazardan bu gün ýurdumyzda ylym binýadyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek, alymlarymyzyň täze ylmy açyşlarynyň, oýlap tapmalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini hem-de ýurdumyzyň ylym ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişliginde üstünlikli goşulmagyny gazanmak babatdaky bimöçber işleri ulus-ilimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da her ýy­lyň 12-nji

«Awtomobil ulаg hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny sürüji wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «B,C,D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr. Işe ýerleşmek isleýänler Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara awtomenziliň çäginde ýerleşýän kompaniýanyň merkezi edarasyna ýüz tutmalydyrlar, edaranyň salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

«Ýaşyl ýaýladaky» şadyýanlyk

Şu günler Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde çagalaryň gülki sesleri has joşgunly, buýsançly ýaňlanýar. Bu gözel künjekdäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýatyň dürli etraplaryndan gelen mekdep okuwçylary tomus günlerini şadyýanlykda geçirýärler. Welaýat häkimliginiň garamagyndaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde möwsümiň birinji tapgyrynda mekdep okuwçylarynyň 300-si dynç alyp, saglygyny berkidýär. Olaryň her gününiň manyly, köp öwüşginli we netijeli bolmagynda meýilnamalaýyn çäreleriň ähmiýeti uludyr. Merkeziň direktory Amangözel Babaýewanyň aýtmagyna görä, bu ýerde toparlaryň birnäçesi hereket edip, olar terbiýeçi-mugallymlara berkidilipdir. Şol toparlaryň arasynda ýörite meýilnama esasynda geçirilýän çäreleriň ýokary derejede bolmagy gazanylýar. Döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, aýdym-sazly dabaralar, tebigatyň gözel künjeklerine gezelençler we taryhy ýadygärliklere syýahatlar çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.