''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Kitap bilen dost bolalyň, çagalar!

Şu gün — 2-nji iýulda paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda çäre geçirildi. Bu çäräniň maksady çagalar edebiýatyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek bolup, körpe nesliň söýgüsini gazanan kitaplaryň birnäçesi olaryň dykgatyna ýetirildi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri, suratlar bilen owadan bezelen hekaýalydyr goşguly, ertekili kitaplar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Çagalar kitaplarynyň bezeg aýratynlyklarynyň özboluşlylygy olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Kitaphananyň zähmetsöýer işgärleri bu ýere ýygnanan çagalary daşyna jemläp, olara gysga göwrümli kitaplary we kitaplardan bölekleri okap berdiler, okamaklygyň, öwrenmekligiň ähmiýetini dürli tymsallaryňdyr rowaýatlaryň üsti bilen düşündirdiler. Bu çäräniň üsti bilen dynç alyş möwsüminde hem kitapdan üzňe bolmaly däldigi çagalara ýene bir gezek maslahat berildi we kitaphananyň ýaşajyk okyjylarynyň ýylsaýyn köpelýändigi buýsanç bilen nygtaldy.      Bagtly çagalaryň mekany diýlip tanalýan ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň  bilim-ylym almaklary, dynç alyş möwsümlerini oňat geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar çagal

Aýdym-sazly dabara

Biz — bagtyýar çagalar TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 4-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Biz — bagtyýar çagalar” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 4-nji, 5-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Döw­let­li­lik halallygyň tugudyr

Döwlet diýmek, belli bir araçägi, esasy şerti bir milletiň dilini, dinini, ygtykadyny, çäk bitewiligini üpjün edýän ýurt, mekan, administratiw birlik diýmekdir. Türkmen döwletiniň döwletlilik diýlen düşünjäniň çygryndaky iň kämil jemgyýetiň biridigini bolsa diňe bir türkmen milleti däl, eýsem, tutuş dünýä ykrar edýär. Onsoňam, döwletiň döwletli işlerine düşünmek üçin, adamlar hakdaky aladadan çen tutmagyň özi ýeterlik. Sebäbi döwletiň uly işleri millet, halk üçin kuýaşly Güneş halkasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz yhlasdyr aladasy milletimizi diýseň mertebelendirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir işi halkyň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan asylly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatdaky ägirt uly işleriniň netijesini has guwandyryjy ösüşlere besleýär.

Pyragynyň toýun toýlaýar türkmen

17-nji maýda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy hökmünde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy hem-de halkara maslahatlar geçirildi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde tanalýar.

Kons­ti­tu­si­ýa, Döw­let baý­dagy – döw­let­lili­giň we özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň ny­şan­la­ry

Her bir halkyň, döwletiň özygtyýarlylygyny aňladýan nyşanlary bar. Olar döwletleriň, halklaryň milli aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Olaryň biri-de Döwlet baýdagydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşany – Döwlet baýdagy. 2017-nji ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilelikde dabaraly bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr. Garaşsyz Türkmenistan dünýäde häzirki emele gelen ähli hakykatlary ykrar etmek bilen, şol bir wagtda gadymy taryhy köklere daýanyp, syýasy, ykdysady, durmuş, medeni, täze filosofiýany döretdi. Bu syýasat taryhy geçmişi öz içine aldy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkiniň saýlanyp alynmagynda we ondaky alamatlaryň ýerleşdirilmeginde türkmen halkynyň ýüregine has ýakyn bolan niýetlerinden, ynamyndan, däp-dessurlaryndan, milli aýratynlyklardan we taryhy köklerimizden ugur alnandygy görünýär. Ýaşyl reňk tebigatyň joşan iň ajaýyp reňkleriniň biri. Ýaşyl öwüsýän ösümlikli meýdanlar gözelligi, bolçulygy, abadançylygy, asudalygy alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyzda Aý bilen bäş ýyldyz ýe

Halk bilen Watan berkarar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:— Döwletimiziň adamlar hakyndaky aladasynyň mazmuny hem adamlaryň ýagşy edim-gylymlaryna, adalata garaýyşlaryna, halal we dogruçyl ýaşaýşyna aýratyn üns bermekdedir. Adamkärçiligiň asyly nusgalaryny ýaşaýşyň baş ýöregesi hökmünde ykrar etmekdedir. Watan — mizemez binýat. Bu binýadyň köküni guranlar bolsa biziň merdi-merdana ata-babalarymyz. Geçmişiň gatlarynda yz galdyran beýik-beýik döwletler bu günki gün bir Watanda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak, agzybir döwlet bolmak hakynda eden arzuwy bu gün wysal boldy. Magtymguly Pyragynyň ömri we ummanlara deňelýän döredijilik dünýäsi, beýik taglymatlary bu gün dünýä ýüzünde wagyz edilýär. Ýurdumyzda beýik filosofyň, Gündogaryň ýagty ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede bellemek babatda alnyp barylýan işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Dok­ma­sy bo­lan dok bo­lar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berkarar Watanymyzy ösen senagat ýurduna öwürmek ugrundaky taýsyz tagallalary Ahal welaýatynyň senagat pudagynda alnyp barylýan işlerde, gazanylýan üstünliklerde anyk beýanyny tapýar. Welaýatyň senagat pudagynyň ösüşinde innowasion tehnologiýaly döwrebap kärhanalaryň orny uludyr. Şeýle döwrebap kärhanalaryň hatarynda Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumyny agzamak bolar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu dokma toplumy mundan sanlyja ýyl ozal gurlup ulanylmaga berlendigine garamazdan, öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýýan wezipelerine bu gün kärhananyň agzybir zähmetkeş topary saldamly goşant goşýar. Kärhanada işçi-hünärmenleriň müňden gowragy zähmet çekip, şonuň aglabasynyň ýaş gelin-gyzlar bolmagy, olaryň her biriniň işine yhlasly ýapyşmagy has-da guwandyrýar. Ýaşlar ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata ýaly önümçilik bölümlerindäki innowasion tehnologiýalary ezberlik bilen dolandyrmagy başarýarlar.

Şa serpaýly etrabym

Py­ra­gy­nyň ady­ny gö­ter­ýän et­rapösüş-öz­ge­riş­den al­ýar be­lent bat. Mäh­ri­ban oky­jy­lar! Mä­lim bol­şy ýa­ly, žur­na­ly­my­zyň her sa­nyn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly hem-de aja­ýyp söz us­sa­dy­my­zyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň çä­gin­dä­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady­ny gö­ter­ýän eda­ra-kär­ha­na­lar­dan, zäh­met ojak­la­ryn­dan ýö­ri­te sa­hy­pa taý­ýar­lap, Si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris. Bi­ziň bu ge­zek­ki sa­hy­pa­myz bol­sa akyl­dar şa­hy­ryň ady­ny uly mer­te­be bi­len gö­ter­ýän Mag­tym­gu­ly et­ra­by barada taý­ýar­la­nyl­dy.

Magtymguly egin deňläp daglara...(Pub­li­sis­tik oý­lan­ma)

Göwnüňe bolmasa, hezreti Magtymguly myhyny ýere uran daglaryň gujagyndan çykyp gelýäne meňzeş. Eli kitaply, dili kelamly, köňli halatly kişi geriş-geriş daglara egin deňläp, jülge-zawlaryň depesinden seredip: Hydyr kimin çöllerde,Ylýas kimin suwlarda, Kowus kimin daglarda,Ýagşy-ýamany görsem —

Ömri nusgalykda, sözi keremdi

Geçen asyryň 1941 — 1945-nji ýyllarynyň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanany bäri uzak ýyllar geçip gitdi. Biziň pikir-hyýallarymyz welin şol günlerden asla daşlaşyp bilmeýär. «Aýatda diridir, hökman geler» diýip, ýanýoldaşyna garaşyp, ömür menzili tamamlanýança onuň ýoluna intizar gözlerini dikip ýaşan wepaly zenanlaryň biri hem Ogulgerek Saparowady. Ol 1920-nji ýylyň 1-nji iýulynda Gämi obasynda daýhan Gurbansähet Hansähet oglunyň we Ogulsoltan enäniň maşgalasynda dünýä inipdi. Ogulgerek işe-ýumşa ýarandan soň, ata-enesine ogul küýsetmedi, öý-içeriň işine el-aýak bolup ýetişdi. Hernäme bolanda-da, gyz — kişi maşgalasy, ony bagty açylan güni durmuşa çykarmaly. Ogulgeregiňem maňlaýyndan öz kowumyndan Sapar atly ýigit çykdy. Sapar zawodyň işçisidi. Nägehan uruş turanda Ogulgerek bilen Saparyň oguljygy Orazmyrat ýaňy üç ýaşyny dolduryp barýardy. Sapary Aşgabatda döredilen 87-nji aýratyn atyjylyk toparyna alýarlar. Ol jeňe ugramazdan öň, Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Bükri obasyndaky (Bekrewedäki), Köşüdäki, Goturatadaky harby türgenleşik meýdançalarynda harby-tälim okuwlaryny geçýär. 1942-nji ýylyň awgust aýynda fronta gitmeginiň öňüsyrasynda, ol täze dünýä inen ogly Amanmyratjygy görmäge gelýär. Şonda mana düşmez ilkinji didary Orazmyratjyk k

Muzeý sergisinde Pyragynyň waspy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz ady hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň şuglasy bolup öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Mähriban halkynyň bagtyýar, asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasada we ýokary paýhas duýgularyna ýugrulan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna hem-de Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan muzeý gymmatlyklary aýratyn orny eýeleýär.  Taryhy tapyndylar, gadymy golýazmalar, nesil daragty boýunça maglumatlar, Pyragynyň çeper keşbine bagyşlanan sungat eserleri tutuş türkmen halky, şeýle-de şahyryň döredijiligine gyzyklanma bildirýän adamlar üçin gymmatly çeşmedir.

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi yglan edildi. “Sanly çözgüt – 2024” innowasion taslamalar bäsleşigi baradaky Düzgünnama neşir edildi.

Arkadag şäherinde demir ýol menzili we durmuş ugurly beýleki binalar gurlar

Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli edaralara we kärhanalara Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen resmi habara görä, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda Arkadag şäheriniň demir ýol menzili, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy esasynda bolsa Arkadag şäheriniň awtomobil menzili hem-de awtotoplumy we bellige alyş nokady gurlar. Olaryň gurluşygyny, degişlilikde, «Ulgam gurluşyk» we «Kent gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri ýerine ýetirer.

«Arkadag» ýyldyzy — asman röwşeni

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy hem-de ony tassyklaýan degişli güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň bu ýokary okuw mekdebine gowşurylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlary, şeýle-de uniwersitetiň talyplary gatnaşdylar. Hoşallyk maslahaty bilen ugurdaşlykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, talyplaryň halkara, döwlet derejesinde geçirilen ylym-bilim, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisi hem guraldy. Bu ýerde uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.

«Dürdänede» bagtyýarlyk joş urýar

Köpetdagyň Gyzylarbat şäheriniň golaýyndaky jülgeleriniň birinde ýerleşýän «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ajaýyplyklarynyň hataryny uzaldýar. Dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda balkanly mekdep okuwçylarynyň 300-sini kabul edýän bu merkezde şu günler çagalaryň gülki sesleri has belent ýaňlanýar. Birnäçe ýyl mundan öň ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan «Dürdänede» mekdep okuwçylarynyň mynasyp dynç almaklary, kompýuterlere we dürli tilsimatlara başarjaň erk etmekleri, kitap okamaklary, sportuň köp sanly görnüşleri bilen işjeň meşgullanmaklary, açyk we ýapyk howuzlarda suwa düşüp, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler bar. Dag jülgesine bezeg berip oturan merkezde her gün meýilnama esasynda geçirilýän çäreler çagalaryň ösen aň-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil ýaşlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir. «Dürdänede» çagalaryň wagtlaryny sapaly geçirmeklerini üpjün etmek bilen meşgullanýan terbiýeçilerdir gurnak ýolbaşçylary öz işlerini döwrebap ýola goýmagy başarýarlar. Bu ýerde geçirilýän «Dostluk agşamlary», «Kim bolasyň gelýär?» atly söhbetdeşlikler, «Şirin owazlar» atly aýdym-sazly dabaralar, «Watanymyzyň waspy» surat bäsleşigi, «Sport — sagdynlyga

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär

27-nji iýunda Gökdere jülgesinde we ýurdumyzyň sebitlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry badalga aldy. Geçen hepdede Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünden mekdep okuwçylary Köpetdagyň salkyn saýaly dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine dabaraly ugradyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary şirin sazlaryň owazy astynda bezelen awtobuslaryň kerweni bilen Gökderä ugur aldylar we tiz wagtdan dynç alyş merkezlerine bardylar. Dynç alyş merkezlerinde çagalar mähirli garşylandy, olara süýjülikler hödürlenildi, dynç alyş dabaralary guraldy.

Arkadag şäheri — belent sepgitlerimiziň nyşany

Mälim bolşy ýaly, 29-njy iýunda iň täze taryhymyza möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli şol gün täze şäherde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi. Ilkinji nobatda, Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylaryň jaý toýuny tutandyklaryny bellemek gerek. Bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Täze jaýlara göçüp gelenler ýaşaýjylar üçin iň ýokary rahatlygy üpjün edýän «akylly» öý tehnologiýalarynyň artykmaçlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. «Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.

Baýramçylyk dabaralary

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna Gutlagyny iberdi.

Köňlüm, saňa nesihat (Kämillige tarap)

Köňül küýsegine tükenme, arzuwyna ýetme ýok. Köňül sarç bedew deý çarpaýa galýar, göýä asmanyň Aýyna tebil kakýar. Oňa niçik baş öwredip bolar? Haçan köňül karar tapar jem bolup? Men Jygalybegi gözläp çar ýana bakýan. Goja seýis — ussat terbiýeçi nirede? Meniň bir bedew atym — däli göwnüm bar. Köňül ussat seýsiň nesihatyny küýseýär. Eý, köňlüm, saňa nesihatym şudur: adam bolup dünýä gelensiň, adamlyk mertebäňe hem mynasyp bolup ýaşa! Öňi bilen, özüňi tana! Sen özgeler ýaly dälsiň. Bir zada düşün, seniň ýaşaýyş ýoluň başgalara meňzänok, bu durmuşda seniň öz ornuň, öz ýoluň bar. «Hemmeler hem şeýdýär» diýip, öz haýryňa çapyp akmaklyk etme, sen hemmeler däl! Başgalar bol-telki ýaşaýyş üçin her hili işe baş goşýar, emma sen bal günüňe batmak isläňok. Her kim mal-mülk toplap, ýagy-ýesir, sen welin eliňe düşenini ile paýlap gutarýaň. Adam oglunyň her haýsy bir işe gümra: gün-güzeran, ogul-gyz, maşgala, ilen-çalan, sen bolsa başga dünýäde. Kämil bir köýde — «Akmak sürer dünýäni, akyl onuň haýrany»; özüňi özgeler üçin has köp öňe tutýaň; özüň gürlemän, özgeleri diňleýäň; özüňe dözýäň, özgelere dözmeýäň. Ýeri, sen bu durmuşdan niçik many gözleýäň?!

Göreçleriň gürrüňi (Oýlanma)

Anha, sen ýene seretdiň. Göreçlerimiz ýene biri-birine galtaşdy. Hemişeki bolşuň ýaly, çala ýylgyrdyň-da, ýüzüňi kesä sowduň. Menem adatdakylar ýaly, ýene seni synlamaga durdum. Her gezek şeýle bolan mahaly sen hakda näçe oý-hyýallary başdan geçirýänimi bilýäňmi? Arzuw ummanynda hyýal gämisiniň ýelkenini açyp, seniň owadan hyýaly keşbiňe syn edýänimden habaryň barmy? Ýokdur. Muny diňe men bilýän hemem meniň kalbym. Nazarymyz kaklyşan mahaly gözümi sowmaly bolýan, şonda birhili bakyşlaryňdan asgyn gelip, aljyraberýän. Her gezek hem şeýle bolýar, sen ýeňýäň. Içimden: «Şu gezeg-ä hökman onuň gözlerine göni bakaryn» diýýän. Ýöne bu pikiriň amala aşmak ähtimallygy ýok diýen ýaly.