''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Şengen wizasy gymmatlar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna barmaga ygtyýar berýän Şengen wizasyny resmileşdirmegiň bahalary 2024-nji ýylyň 11-nji iýunyndan başlap ýokarlanar. Has takygy, bu wizany resmileşdirmegiň nyrhy ulular üçin 80-90 ýewro, 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar üçin 40-45 ýewro bolar. Degişli karar Ýewropa Bileleşiginiň resmi žurnalynda çap edildi. Wizany resmileşdirmekdäki alynýan ýygymy köpeltmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi ÝB-de hümmetsizlenmäniň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.

2 aýda Ýerden Marsa eltjek raketa dörediler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Howe Industries» kompaniýasy bary-ýogy 2 aýda Ýerden Marsa baryp biljek impulsly plazma raketasyny döretmek boýunça iş alyp barýar. NASA-nyň hünärmenleriniň bellemegine görä, täze tehnologiýa aşa gysylan ýadro ýangyjyna esaslanýar. Onuň kuwwatynyň häzirki zaman raketa hereketlendirijilerinden 10 esse ýokarydygy aýdylýar.

Iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi

«HotCars» portaly tarapyndan dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi. Degişli sanawdan hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar orun aldy. Sanawyň birinji ornuny 2010–2015-nji ýyllarda öndürilen «Hyundai Elantra» kysymly ulaglar eýeledi. Ikinji orna 1988–2002-nji ýyllarda bazara çykarylan «Chevrolet Silverado» pikaby, üçünji basgançaga bolsa 2011–2016-nji ýyllarda öndürilen «Ford Super Duty» ulaglary ýerleşdi.

Moldowa soňky üç ýylda oba hojalyk önümleriniň eksportyny 3,5 esse artdyrdy

Soňky 3 ýylda Moldowadan Ýewropa Bileleşigine eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň mukdary 3,5 esse artdy. Bu barada ýurduň Ykdysady ösüş we sanlylaşdyrmak ministrligi tarapyndan mälim edildi. Bellenilişine görä, häzirki wagtda ýurduň umumy eksportynyň hem 65 göterimi Ýewropa Bileleşiginiň paýyna düşýär.

Türkmen kompaniýasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny hödürleýär

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin uly göwrümli taslama hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär. Ýurduň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşjek bu ýoluň uzynlygy takmynan 450 km bolar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, uçar we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de gidrawlik ýagyny satyn aldylar.

Beýik ösüşli Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda iri möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrebap özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanyp, halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Alnyp barylýan giň gerimli we uzak möhletleýin özgertmeler döwletimizde kuwwatly we köpugurly ykdysadyýeti döretmäge, şeýle hem halkyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» arkaly amala aşyrylýar.

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Uly ösüşler gazanylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ykdysadyýetde hem belent üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öňe sürlen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, giň möçberde amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalyk, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň himiýa, gurluşyk materiallary, dokma önümçiliklerini we beýleki möhüm pudaklaryny has-da ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» dürli ugurlar boýunça ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Muňa mysal hökmünde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegini aýratyn bellemek bolar. Şolaryň esasynda häzirki wagtda senagat önümleriniň möçberi barha artýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşini, senagat kärhanalarynyň kuwwatlylygyny üpjün edýär.

Транспорт и энергетика - в повестке ашхабадского заседания Совета глав правительств СНГ

Ашхабад принимает 24 мая очередное заседание Совета глав правительств Содружества Независимых Государств. Традиционно в узком формате члены Совета обменяются мнениями по актуальным темам экономического взаимодействия в Содружестве. В широком формате предлагается обсудить проекты Концепции сотрудничества в сфере энергетики и Плана первоочередных мероприятий по ее реализации, а также Плана действий по оптимизации инфраструктуры и развитию международных транспортных коридоров, проходящих по территориям государств – участников СНГ.

Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda demir ýol gatnawy 14% ýokarlandy

«Trend» tarapyndan berlen habarda ýanwar — aprel aýlarynyň netijelerine görä, Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol ulaglarynda daşalan ýüküň möçberiniň 10,1 million tonna ýetendigi, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14% köpdügi tassyklandy. Şunlukda, eksport 21% ýokarlandy we 4,5 million tonna ýetdi. Altynköl — Horgos serhet geçelgesinden geçýän ýük gatnawlarynyň derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8% ýokarlandy we 4,2 million tonna ýetdi. Bu geçelgäniň üstünden amala aşyrylýan eksport 42% artyp, 1,5 million tonnalyk görkezijä eýe boldy.

Hytaý — Ýewropa ugry boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygy artýar

2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň netijelerine görä, Hytaý — Ýewropa ugry boýunça hereket edýän ýük otlularynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýokarlanandygyny we 6184-e ýetendigini «Hytaý demir ýollary» korporasiýasynyň maglumatlaryna salgylanýan “Xinhua” habarlar agentligi habar berýär. Ýanwar — aprel aýlarynda bu ýük otlulary jemi 675 müň TEU barabar bolan harydy daşady. Munuň bir ýyl ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende 11% köpdügini «Hytaý demir ýollary» korporasiýasy habar berýär.

Iri desga — ilata eşret

Ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň bedew bady bilen günsaýyn ösýändigini, özgerýändigini alamatlandyrýar. Düýn hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metre deň bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasy açylyp ulanmaga berildi.

«Rysgally gapdan» rysgal ýagýar

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren galkynyşdan ganatlanan döwrümizde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze nesli kemala geldi. Döwlet goldawlaryndan ruhlanan türkmen telekeçileri ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmeklige we bazar bolçulygyny kemala getirmeklige mynasyp goşant goşýarlar. Ine, şeýle öňdebaryjy telekeçileriň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Bahadur Durdyýewdir.

Ykdysady ösüşler — eşretli durmuşyň güwäsi

Täze taryhy eýýamda ykdysadyýetiň köpugurly ösüşini gazanmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ösen isleglere laýyklykda, ýokary hilli harytlaryň, önümleriň möçberlerini artdyrmak, telekeçileri, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek we goldamak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň özenini düzýär.  Bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň hatarynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilik kärhanalaryny we dürli maksatly desgalary gurmak, ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, energetika, gurluşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn ähmiýet bermek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ýaly işleri görkezmek bolar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan beýleki maksatnamalar, oýlanyşykly we ylmy esaslandyrmalara daýanýan ykdysady özgertmeler ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede bolmagyny üpjün edýän ykdysady ugurly syýasatyň has-da rowaçlanýandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowul

Ýewraziýa yklymara söwdasynda ýük daşamak kuwwaty ýeterlik däl

«Alphaliner» tarapyndan hödürlenen hasabata salgylanýan «Loadstar»  soňky ýyllarda täze tonnažlaryň getirilmeginiň rekord görkezijisine garamazdan, Aziýa — Ýewropa söwdasynda ýük daşamak kuwwatynyň takmynan 10% ýetmezçilik edýändigini aýtdy. Gyzyl deňiz sebitindäki ýagdaý we gämileriň Ýagşy Umyt kölüniň üsti bilen hereket etmegi sebäpli, Aziýadan Ýewropa hepdelik gatnawlaryny goldamak üçin zerur konteýner gämileriniň sany artdy.

Pekinde Hytaýyň täze ulag merkezi dörediler

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Pekinde Aziýanyň iň uly ýerasty ulag merkezlerinden biri açylar we Hytaýyň esasy hem iri ulag taslamalarynyň üstüni ýetirer. Ol şäher häkimliginiň täze dolandyryş merkezini ýurduň infrastrukturasy bilen utgaşdyrar. «Inbusiness.kz» tarapyndan berlen hasabat bu taslamanyň nähili durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Administratiw merkezini göçürmegiň umumy bahasy takmynan 6-7 milliard dollar töweregi bolup, Pekiniň täze sebiti bolan Tunçžou şäherini taryhy merkezi, ýakyn welaýatlar we Hytaýyň esasy şäherleri bilen birleşdirjek ulag merkeziniň gurluşygyny öz içine alýar. Şäher häkimliginiň göçürilmegi üçin administratiw binalar toplumynyň, köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň, ulag merkeziniň, medeni we dynç alyş desgalarynyň, şeýle hem işewürlik merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Durmuş ugurly ykdysadyýeti ilerledip

Ösüşinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulyp, Türkmenistan özüni diňe bir baý tebigy mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde däl, eýsem, milli ösüşiň esasy ýörelgesine — ykdysady taýdan özüňi doly üpjün etmek ýörelgesine üstünlikli we yzygiderli eýerýän ýurt hökmünde hem ykrar etdirdi. Şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň oňyn önümçilik netijeleri bu pikirimiziň dogrudygyna birjik-de şübhe goýmaýar. Ösüşler ilatyň durmuşynda aýdyň şöhlelenýär. Abadançylyk we bolçulyk — ine, türkmenistanlylaryň häzirki «ýaşaýyş peýzažy». Durmuşa geçirilýän makroykdysady syýasat jemi içerki önümiň möçberlerini ýokary depginler bilen artdyrmaga mümkinçilik berýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bolsa ýurdumyzyň uzak möhletleýin geljegi üçin ösmegini göz öňünde tutýan strategik maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly gazanylýar. 3-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda amala aşyrylan işler kiçi-girim däl. Makroykdysady görkezijiler jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini tassyklaýar: ösüş 6,3 göterim. Geçen ýylyň degişli döwri bilen

Ykdysady kuwwatyň görkezijisi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda düýpli özgerişlikler amala aşyrylyp, ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşler gazanylýar. Bu gazanylýan üstünliklerde, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynyň hem uly orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegi ähli ildeşlerimizi begendirdi. Sebitlerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagy işjeň maýa goýum syýasatyny talap edýär. Şeýle uly möçberli gurluşyk işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgerdýär we önümçilik-durmuş ulgamlarymyzyň ýokary depginli ösüşini kepillendirýär. Bu desgalar ýurdumyzyň önümçilik pudagyny, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini halkara derejelerine ýetirmekde ähli amatlyklary döredýär. Ýurdumyzda gurulýan köp ugurly desgalar we binalar barada aýdylanda, bir zady aýratyn bellemeli, ol hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamasyna bildirilýän örän ýokary talaplardyr. Diňe ýokary hilli taslamalaryň işlenilip düzülmegi, olarda ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň gazanan iň soňky üstünliklerini

Il-ýurt ähmiýetli işler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň geljegimizi nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümleleri barha dabaralanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda umumadamzat bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň täze taryhynda şeýle beýik işler eziz Diýarymyzy ösdürmekden, halkymyzyň abadançylygyny, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüşini aýdyň beýan edýän şanly wakalar taryh sahypalaryna ýazylýar. Şolaryň hatarynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, şeýle-de Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralarynyň bolmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň netijesidir. Bularyň her biri ýurdumyzyň beýik ösüşine, pudaklaryň döwrebap mümkinçilige eýe bolmagyna gönükdirilen uly goşantdyr. Bu ägirt uly desgalar iň täze

Bäsdeşlige ukyply we islegli önümler

Döwletimiziň ýangyç-energetika pudagynyň kerwenbaşysy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan ägirt uly işler bu ulgamyň täze belentliklere göterilýändiginden habar berýär. Bu toplum mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde düýpli täzelenişi başdan geçirip, tutuş dünýäde giňden tanalýan kärhanalaryň hataryna goşuldy. Döwlet maýa goýumlarynyň yzygiderli gönükdirilmegi bilen bu ýerde çig nebitden harytlyk önümleri taýýarlaýan zawodlar, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary önümçilige ornaşdyryldy. Juda gysga wagtda ozalky ýönekeý zawodyň ornunda nebiti gaýtadan işlemegiň önümçiliginiň iň häzirki zaman toplumy döredi.