''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Röwşen geljegiň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi gurluşyk pudagynyň üstünlikli ösüşinden bir mysaldyr. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly döwletimiziň yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwrülmeginde möhüm halka bolup durýar. Bu awtoban iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk getirilip, häzirki zaman serişdelerini ulanmak bilen gurulýar. Bu taslama ýurdumyzyň sebitlerini gysga ugurlar bilen baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ýoluny işe girizmäge mümkinçilik berer.

Ýollar halklary dostlaşdyrýar

Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky beýik işlerde häzirki zaman halkara ulag-üstaşyr logistik düzümleri döretmäge we olaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit özgertmelerine-de oňat täsir edýär. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ornuny berkidýän Türkmenistan ägirt uly baýlyklaryny hem-de mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirýär. Bilşimiz ýaly, ýakynda paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçirildi. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Forumyň maksadynda demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri ösdürmek ýaly meseleler goýuldy. Bu forum «Türkmendemirýollary» agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen utgaşdy.

Üstünlikleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen berkarar Watanymyzda ýetilýän belent sepgitlere we gazanylýan uly üstünliklere tüýs ýürekden buýsanýarys. Munuň özi röwşen geljegimiziň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere bolan buýsanjymyzdyr. Türkmenistan häzir ykdysady taýdan durnukly ösýär we maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Önümçilik depgini artdyrylýar

Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýar doganlar» hojalyk jemgyýetine degişli bolan hususy önümçilikde ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan harytlyk betony öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde her ýylda harytlyk betonyň 3 müň kub metrden gowragy öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Şu ýylyň ýanwar—mart aýlarynda 117 müň 853 manatlyk önüm öndüren hususyýetçiler geljekde bu görkezijini has-da artdyrmak ugrunda degişli işleri alyp barýarlar.

Ertir Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlar

Ertir, 24-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF — 2024) öz işine başlar. TEIF — 2024-iň guramaçylary bolup «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Turkmen Forum» we «GaffneyCline» kompaniýalary hyzmatdaşlykda çykyş eder. Pariž forumynyň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.

Döwrebap desga gurulýar

Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerini sanasaň, sogaby artýar. «Şerepli», «Kelleli», «Ýylan» gaz känleri-de senagat taýdan täze özleşdirilýän gaz ýataklarynyň düzümine girýär. «Kelleli» gaz käninde «Türkmengaz» döwlet konserniniň meýilnamasyna laýyklykda, tebigy gazy ilkinji arassalaýan kuwwatly desga gurulýar. Täze desgany «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasyna görä, «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 2-nji ýöriteleşdirilen edarasynyň gaz gurluşykçylary baş potratçy hökmünde alyp barýar. Gaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan gazy harytlyk derejesine ýetirip, ony Garagum — Üçajy — Malaý ýokary basyşly gaz geçirijisine akdyrmak maksady bilen gurulýan desgada zähmet çekýän gurluşykçylar kömekçi gulluk binalarynyň işini doly tamamlap, häzir diametri 159 we 219 millimetrlik gaz geçirijileriň gurluşygyny, desganyň seperatorlarynydyr kömekçi enjamlaryny, ýygnaýjy hatarlar toplumynyň hem-de ilkinji birikme nokadynyň enjamlaryny gurnamak işlerini alyp barýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze desga işe girizilensoň, gaz känlerinden her gije-gündizde 1 million 100 müň kub metr harytlyk tebigy gaz daşarky bazara ugradylar.

Bilelikde işlemek — üstünligiň kepili

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek, tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça anyk we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Ol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, il-ýurt bähbitli meselelerde ýokary netijeleri gazanmak üçin tagallalary birleşdirmek, maksada okgunly zähmet çekmek talap edilýär. Şol talaplardan ugur almak bilen, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edaralarynda anyk we netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde alyp barýan işleri, bu babatda ýakyn ýyllar üçin tassyklanan meýilnama hem aýdyň mysallaryň biridir. — Hawa, şanly wakalara baý, uly ösüşlere beslenýän ýylda tebigy gazyň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen köptaraply, maksatlaýyn işlere badalga berildi. Munuň üçin Lebap welaýatynyň çäginde hem gözleg-barlag, ulanyş we baha beriş guýularyny burawlamagyň meýilnamasy işlenip düzüldi. Şoňa laýyklykda, häzirki günlerde degişli işleri guramaçylykly girişýäris — diýip, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy Myrat Koşaýew gürrüň berýär.

Baş maksat — ulag ulgamynda tagallalary birleşdirmek

Aşgabat forumy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertidigini görkezdi Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär. Şu jähetden, türkmen paýtagty Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň geçirilmegi degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy we binýatlyk ýagy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty, guradylan buýan köki, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümler, nah mata we nah ýüplük, arassalanan nah galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 46 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Serbiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki hem-de kök baldaklary satyn alyndy. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 35 million 703 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Hytaýda benziniň nyrhy ýokarlanar

Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler boýunça döwlet komitetiniň kararyna laýyklykda, ýurtda benziniň bölek satuw bahasy ýokarlanar. Has dogrusy, çarşenbe gününden başlap bolsa, benziniň we dizel ýangyjynyň bölek satuw bahalary degişlilikde, 200 we 195 ýuan gymmatlar. Habarda aýdylyşyna görä, ýurtda hereket edýän nyrh ýokarlandyrma dünýä bazarynda çig malyň we nebit önümleriniň bahalarynyň kada gelmeginiň netijesinde arzanladylar.

Dünýäde awtoulag satuwy boýunça birinji orny eýeledi

Mart aýynda dünýä bazarynda awtoulag satuwy 8,026 million ýeňil we ýeňil söwda awtomobiline deň boldy, bu bir ýyl ozalkydan 1,9 göterim köpdür. Çärýegiň dowamynda satuw 4,4 göterim ýokarlanyp, 20,762 million awtoulaga barabar boldy. Bu barada «GlobalData» habar berýär. Hytaý mart aýynda 2,154 million awtoulag satyp, dünýäde awtoulag satuwy boýunça ýurtlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Mart aýynda ABŞ-da 1,437 million awtoulag satyldy, ösüş 5,5 göterim boldy.

Ulag diplomatiýasynyň türkmen nusgasy — Aşgabat — Türkmenabat awtobany

Luw ýylynyň — 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 17-sinde gadymy Mary topragynyň ýaň salan tutumly dabarasynda durkaň, nazaryň ilerdäki-gaýradaky guba depelerde eglenýär. Hawa, bu ýerler Garagumuň içi, has anygy, şöhraty äleme ýaýran gadymy Ýüpek ýolunyň geçen ýerleri. Ösen dünýäniň häzirki döwründe bolsa Türkmenistan öz milli ykdysadyýetiniň hasabyna, öz gujur-gaýratly, başarjaň, zamananyň iň çylşyrymly inženerçilik-tehnologik çözgütlerini kemsiz berjaý edibilýän hünärmenleriniň güýji bilen Garagumuň içinden awtoban gurýar. Awtobanyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýäniň geosyýasy giňişliginde ýurdumyzyň juda amatly ýerde ýerleşmek bilen, häzirki zaman ösüşiniň esasy starategik ugry bolan ulag-logistika babatda täze taslamalary amala aşyrýandygyny, şeýlelikde, Demirgazyk-Günorta, şeýle hem Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ýollaryň gurluşygyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Garagumuň içinden gurulýan awtoban munuň anyk mysalydyr.

«LVMH» korporasiýasynyň girdejileri hytaýly baýlaryň hasabyna köpelýär

Bernar Arnonyň LVMH korporasiýasynyň girdejileri hytaýly baýlaryň hasabyna ýokarlanýar. 75 sany lýuks brendleri özünde jemleýän korporasiýanyň önümlerine bolan isleg 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda 10 göterim artdy. Bu hasabata degişli brendleri satyn alýan hytaýlylaryň diňe Hytaýyň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlardaky söwdalary-da girýär. Meselem, şeýle söwdalaryň uly bölegi Ýaponiýanyň paýyna düşýär: bu ýurtda hytaýly syýahatçylar «Louis Vuitton» torbalaryny we beýleki gymmatbahaly harytlary satyn alýarlar. Hytaýlylaryň öz ýurdunda däl-de, hut Ýaponiýada köp söwda etmekleri häzirki wagtda ýeniň hümmetsizlenmegi bilen baglydyr.

Entegem Hytaýa maýa goýýan milliarderiň pikiri

«Meniň maýa goýmak usulyma görä, «ýaramaz bazar» diýen düşünje ýok, diňe ýaramaz çözgüt çykarmak hadysasy bar». Dalionyň sözüne görä, «Hytaýyň syýasatyna düşünýän adam islendik meseleden baş alyp çykyp biler». Dünýäniň görnükli maýadarlarynyň biri bolan Reý Dalio «Linkedin» sosial torunda Hytaýda gazna bazarynyň pese düşmegine, ykdysady meseleleriň ýüze çykýandygyna garamazdan, näme üçin şu ýurtda maýa goýýandygy barada gürrüň berdi. Ol 40 ýyldan gowrak wagt bäri hytaý işewürligine maýa goýup, ähli maýa goýumlarynyň-da şowly bolandygyny aýdýar.

Çehiýaly magnat XVI asyryň başyndan bäri hereket edýän poçta gullugyny satyn almak isleýär

Çehiýaly milliarder we energetika magnaty Daniel Kržetinskiý Beýik Britaniýanyň «Royal Mail» poçta gullugyna eýeçilik edýän «International Distributions Services» («IDS») kompaniýasynyň paýnamalaryny satmaklaryny teklip edýär. Işewür häzirki wagtda «Korollygyň poçtasynyň» paýnamalarynyň 27,5 göterimine eýelik edýär. Onuň «EP Group» kompaniýasy paýnamalaryň galan bölegini-de satyn almaga taýýardygyny mälim etdi. Ýöne IDS entek bu teklibi kabul edenok. Eger ylalaşylsa, paýnamalaryň bahasy 4,5 milliard ýewro möçberinde bahalandyrylýar. Kržetinskiniň satyn almaga meýil bildirýändigi hakdaky täzelik ýaýranyndan soňra, «IDSiň» paýnamalary 29 göterim ýokarlandy. «Royal Mail» poçta gullugyna ýurt boýunça 11 000 bölüm degişli bolup, onuň taryhy korol Genrih VIII 1516-njy ýylda poçta gullugyny döredeninden soň başlanýar.

Türkmenistanda “Rysgal” bankyň taýýarlan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler

Türkmenistanda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi

Ulag düzümleri üstünlikli ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň geçirilmegi milli ulag diplomatiýamyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. «Ýyldyz» myhmanhanasynda guralan wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Netijeli işler alnyp barylýar

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 6 million 112 müň 412 manatlyk önüm öndürilip, iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 779 tonnasy, onuň ekstraktynyň bolsa 375 tonnasy öndürildi. Şeýle-de degişli döwürde buýan köküniň ekstraktynyň 105 tonnasy eksport edildi. Toplumyň agzybir işgärleri üstümizdäki ýylda buýan köküni ýygnamaga hem guramaçylykly girişýärler.

Haýyr-sahawatly işler

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen başlangyçlarynyň aýdyň beýanyna öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ynsanperwerlik işleriniň ençemesi durmuşa geçirilýär. Döredilenine bary-ýogy 3 ýyl bolandygyna garamazdan, gaznanyň hemaýatkärliginde howandarlyga mätäç çagalaryň onlarçasy operasiýa edildi, şeýle-de derman serişdeleridir lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Ýeri gelende, howandarlyga mätäç daşary ýurtly çagalaryň hem ünsden düşürilmeýändigini hem bellemelidiris. Has dogrusy, hormatly Prezidentimiziň Buýrugy esasynda, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde berildi. Munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklarynyň, ynsanperwer däp-dessurlarynyň, şeýle hem gaznanyň işiniň halkara derejede dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Asylly işleriň durmuşa geçirilýän mekanyna öwrülen ýurdumyzyň her bir başlangyjydyr goldaw-hemaýaty bu günki gün halkara derejede