''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

«McDonald`s» 2027-nji ýyla çenli 10 müň sany täze nokadyny açmagy meýilleşdirýär

«McDonald`s» kompaniýasy 2027-nji ýyla çenli dünýä ýurtlarynda 10 müň sany taze nokadyny açmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, kompaniýanyň nokatlary 25 göterim artyp, 50 müňe ýetip biler. Bu, «McDonald`s» kompaniýasynyň taryhynda gysga wagtyň içinde açylan täze nokatlaryň sany boýunça iň uly waka bolar. Mundan başga-da, kompaniýa yzygiderli ulanyjylaryň ulgamynda (muňa 90 günde iň bolmanda bir gezek kompaniýanyň söwda nokadynda naharlanan müşderiler girýärler) hasaba alnan müşderileriniň sanyny köpeldip, olaryň sanyny 250 million ýetirmekligi maksat edinýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň şeýle müşderileriniň sany 150 milliona deň. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa özüniň söwda nokatlaryna dowamly gatnaýan şeýlke müşderilerden gelýän ýyllyk girdejininiň ýakyn dört ýylda 20 milliard amerikan dollaryndan 45 milliard amerikan dollaryna çenli köpelmegine garaşýar.

Marokko Ispaniýa rekord mukdarda gawun eksport etdi

2023-nji ýylyň 9 aýynda Marokko umumy bahasy 10 million amerikan dollaryna deň bolan 13,8 müň tonna gawuny Ispaniýa eksport etdi. Bu görkeziji Marokkodan Ispaniýa eksport edilen gawunyň mukdary boýunça rekord hasaplanýar. Marokko öz gawunyny ispan bazaryna dowamly eksport edýän ýurt bolup, adatça, ýyllyk eksportyň ortaça mukdary 4 — 8 müň tonna barabar bolýar. Diňe Ispaniýada çakdanaşa guraklyk bolan 2018-njy ýylda bu görkeziji 12 müň tonna ýetipdi. Marokkodan Ispaniýa eksport edilýän gawunyň aglaba bölegi bahar aýlaryna gabat gelýär. Ýeri gelende bellesek, Ispaniýa gawun importynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýar. Has takygy, Ispaniýa bu ugurda dünýäde ýedinji orny eýeleýär. Şu ýylyň 9 aýynda ispan bazaryna daşary ýurtlardan 78 müň tonna gawun getirilip, bu görkeziji mundan ozalky degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze rekorddyr.

Pakistanyň mandarinleri özbek bazarynda elýeterli boldy

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde hereket edýän supermarketlerde Pakistan mandarinleri satuwa çykaryldy. «EastFruit»-iň hünärmenleriniň bellemegine görä, özbek bazarynda elýeterli bolan mandarinler pakistanly daýhanlar tarapyndan ýetişdirilen hasylyň ilkinji tapgyrydyr. Mandariniň 1 kilogramynyň bahasy 1,02 amerikan dollary bolup, bu Özbegistana başga ýurtlardan getirilýän mandariniň nyrhyndan tas 1,5 esse arzandyr. Soňky ýyllarda Özbegistanyň mandarin importy ýokarlanýar. Ýurt 2022-nji ýylda 63,6 müň tonna mandarin satyn aldy. Bu görkeziji 2021-nji ýyldakydan 1,8 esse, 2020-nji ýyldakydan bolsa 2,8 esse köpdür. «EastFruit»-iň hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, şu ýylyň ahyrynda Özbegistan getirilýän mandariniň umumy mukdary 65 — 75 müň tonna aralygynda bolup biler.

Goşulyşmazlyk Hereketi we BSGG: ynsan saglygynyň goragynda

Türkmenistanda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär Aşgabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty öz işine başlady. Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guralýar.

Ýörite maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Gundo WEÝLER,BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýurtlary goldamak we hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji:

Türkmenistanyň Bitaraplygy — sebit durnuklylygynyň möhüm şerti

Kaha IMNADZE,BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy. Hormatly Türkmenistanyň raýatlary!

Tejribeler. Taslamalar. Mümkinçilikler

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. 6 — 8-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi, şeýle-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty doganlyk döwlet bilen däp bolan hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň täze mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Biz senagat kärhanalary üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, suw üpjünçilik, barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän türk kompaniýalarynyň 100-e golaýyny Aşgabatda jemlän gözden geçirilişe gatnaşan myhmanlaryň pikirlerini okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Umit ÝAZGAN,«Water grup» kompaniýasynyň esaslandyryjysy:

Türkmenistan — ABŞ: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

5-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.

Türkmenistan — Türkiýe: netijeli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz hem Türkiýe bilen strategik, uzak möhletleýin häsiýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejedäki hökümetara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň, ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we gepleşikleriň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam edýändigini nygtadylar.

Dostluk. Işewürlik. Ynanyşmak

6—8-nji dekabrda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi guraldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi. GÖZDEN GEÇIRILIŞE IRI KOMPANIÝALAR GATNAŞDYLAR

Giň mümkinçilikleriň meýdançasynda

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkeýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň  6-njy dekabrynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we iki ýurduň işewür toparlarynyň işewürler maslahaty geçirildi. Bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän  100-e golaý kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri Aşgabada geldiler.

Täze uçar — ýolagçylaryň hyzmatyna

4-nji dekabrda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir. Bu howa gämileri ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanýar we 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar. Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek. Şeýle-de olaryň rahatlygy üçin ähli zerur serişdeler, çaga esbaplary we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Täze howa gämisiniň tehniki häsiýetnamalary Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmasyz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Köpugurly gatnaşyklary ilerletmegiň ýolunda

Paýtagtymyzda iki ýurduň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu komitetiň hytaý tarapyndan başlygy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Komitetiň 6-njy mejlisiniň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde däp bolan söwda-ykdysady, ulag, energetika pudaklary görkezildi. Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar. Muňa mysal hökmünde özara tagallalaryň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilen ägirt uly transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Onuň üsti bilen türkmen tebigy gazy HHR-e bökdençsiz iberilýär.

Bütindünýä durnukly ulag güni bellenildi

26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmendemirýollary» agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.

Welaýatymyzyň teatr ussatlary Gyrgyzystanda geçirilýän festiwala gatnaşýarlar

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly öz işine başlady. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary bu festiwala ýazyjynyň adybir eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly oýny bilen gatnaşýar. Režissýor Perhat Hudaýberenow Ç.Aýtmatowyň eserinde gozgalýan durmuş meselelerini inçelik bilen yzarlap, onuň öňe süren pikirini çugdamlamagy we sungat eserine siňdirmegi başarypdyr.

Türkmen-german forumy: ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dekabr aýynda geçirilýän XI türkmen-german forumy milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmekde, ikitaraplaýyn halkara gatnaşygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ösüşlere beslenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bütin dünýäde öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýan Federal saglygy goraýyş ministrligi bilen indi köp ýyllardan bäri köptaraplaýyn, ýokary netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekden, amaly tejribe alyşmakdan başga-da, ýurdumyzda täze gurulýan saglyk merkezlerini döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmekde bu döwletiň önüm öndürijileri bilen ýokary hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen lukmançylyk derejesine laýyklykda köptaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygynyň ýene bir aýdyň beýanydyr.

Gazak ýük daşaýjylary Türkmenistanyň üstünden Ýewropa çykýarlar

Gazak ýük daşaýjylary päsgelçiliksiz üstaşyr geçmek üçin Türkmenistan we Eýran arkaly Ýewropa çykýarlar. Bu barada 5-nji dekabrda Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Sathan Ablaliýew hökümet ýygnagynda habar berdi. Sathan Ablaliýewiň pikiriçe, soňky ýyllarda Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükler babatda ulag ulgamynda oňyn ösüş depgini ýokarlandy. Mysal üçin, 2022-nji ýylda gazak ýük daşaýjylarynyň bu bazardaky paýy 13% ýokarlandy we 48% deň boldy.

Azerbaýjan goňşulary bilen bilelikde Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeldýär

Russiýada agyr we uly ulaglar üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň möhleti çaltlandyrylar

Russiýa Federasiýasynyň hökümeti agyr we göwrümi uly bolan ulaglaryň ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň şertlerini ýeňilleşdirdi. Hökümetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu işi optimizirlemegiň hasabyna şeýle resminamalary bermegiň möhleti üç sagada çenli azaldylar. Üýtgeşmeler 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan güýje girer. Hökümetiň karary bilen tassyklanan agyr we uly ulaglaryň hereket etmeginiň düzgünleri, ýol eýeleri tarapyndan ýörite rugsatnama bermek üçin ulgama giren ýollardaky maglumatlara esaslanyp, agyr ulaglaryň ugruny awtomatiki kesgitlemäge geçmegi teklip edýär. Şeýlelikde, ýörite rugsat almak üçin anketa tabşyrylanda ulgamyň özi ýoluň mümkinçiliklerini döreder we daşaýjynyň saýlamagyny teklip eder. Ol ýollara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin tölenmeli tölegi hem awtomatiki usulda hasaplar. Döwlet ýol gözegçilik gullugy ulagyň ugruny utgaşdyrmakdan aýrylýar. Bularyň hemmesi ýörite rugsatlaryň berilmegini ep-esli çaltlaşdyrar. Häzirki wagtda bu işiň dowamlylygynyň 7 — 9 güne barabardygyny ýatladýarys.