''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, mejlisiň işiniň dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, onuň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmäge rus tarapynyň gyzyklanma bildirýändigi barada aýdanlaryny ýetirdi.

Maksatlaryň umumylygy — okgunly ösüşiň binýady

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Dostlukly gatnaşyklar berkeýär

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklar

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda Türkmenistan we Tatarystan nebitgaz, gämigurluşyk, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikalaryny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Netijeli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Duşuşyklaryň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady, medeni-ynsanperwer maksatnamalara işjeň gatnaşýar, ýurdumyzda GDA-nyň çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasy

Türkmenistan — GDA: Açyklyk. Deňhukuklylyk. Ylalaşyklylyk (Ýaş žurnalistiň sözi)

Dostluk — ynsan gatnaşyklarynyň içinde iň naýbaşysy. Pähim-paýhas esasynda gurlan dostluk uzaga gidýär. Dosta iň gowy, iň ýakymly zatlar arzuw edilýär. Bu jümleler diňe bir ynsan gatnaşyklary babatda däl, eýsem, döwletara gatnaşyklarynda hem şeýledir. Ata Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän ýörelgeleri dostluga, hoşniýetlilige, ynama, ynanyşmaga, ylalaşyklylyga, ynsanperwerlige esaslanýar. Şeýle ýörelgelere ygrarlylyk 24-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen nobatdaky mejlisinde ýene-de bir gezek belentden dabaralandy. HYZMATDAŞLYK, ÖZARA BÄHBITLILIK

Делегация Туркменистана участвует в российской конференции в области цифровой индустрии

Ашхабад принимает 24 мая очередное заседание Совета глав правительств Содружества Независимых Государств. Традиционно в узком формате члены Совета обменяются мнениями по актуальным темам экономического взаимодействия в Содружестве. В широком формате предлагается обсудить проекты Концепции сотрудничества в сфере энергетики и Плана первоочередных мероприятий по ее реализации, а также Плана действий по оптимизации инфраструктуры и развитию международных транспортных коридоров, проходящих по территориям государств – участников СНГ.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mümkinçilikleri «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisinde görkezilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi ertir — 24-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda badalga beriljek «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisine gatnaşýar. Her ýyl Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan halkara sergide ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, şol sanda paýtagtymyzyň ýeten belent sepgitleri ýörite diwarlyklarda görkezilýär.

Sergeý LEBEDEW: «GDA-nyň işini kämilleşdirmek — şu günüň möhüm talaby»

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, döwletlerimiziň halklaryny baglanyşdyrýan taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýär. Muny ýurdumyzda guramanyň ugry boýunça yzygiderli guralýan çäreler, olarda kabul edilýän oňyn çözgütler hem doly tassyklaýar. Şu gün — 24-nji maýda-da paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Biz bu çäräniň öň ýanynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý LEBEDEW bilen söhbetdeş bolduk. — Sergeý Nikolaýewiç, Siziň bilen möhüm çäräniň öňüsyrasynda söhbetdeş bolýarys. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň taslamasynda nähili meseleler bar?

Dünýäde sarpalanýan akyldar

ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi 20-nji maýda ABŞ-nyň Milli poçta muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ilçihanasy we «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşi tarapyndan bilelikde çykarylan poçta markasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Waşington şäherinde ýerleşýän muzeýde guralan dabara ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet işgärlerinden düzülen wekiliýet hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä amerikan tarapyndan agzalan geňeşiň we Milli poçta muzeýiniň Ýerine ýetiriji direktorlary, Döwlet departamentiniň, ýurduň beýleki edaralarynyň, meşhur kompaniýalaryň wekilleri, alymlar gatnaşdylar.

Türkmenistan — GDA: deňhukukly we hemmelere bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

Arkadagly eýýamymyzda dünýäniň halkara guramalary, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Bu gurama agza döwletler bilen ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilýän işler hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen 22-nji maýda bolan duşuşygy hem muny aýdyň görkezdi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem goňşy ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Şunda Türkmenistan Hazarýaka sebitiniň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Şunlukda, sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini netijeli çözmek ýurdumyzyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýurdumyz Hazarýaka sebitinde Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri bilen özara hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şeýle möhüm hyzmatdaş sebitleriň biri hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bolup durýar. Halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Çünki iki halkyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda umumylyklar köpdür.

Türkmen wekiliýeti Russiýada sanly senagat boýunça konferensiýa gatnaşýar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan) Baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet «Senagatlaşan Russiýasynyň sanly industriýasy» atly halkara konferensiýa gatnaşmak hem-de bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Nižniý Nowgorod şäherine geldi. Saparyň çäginde Nižniý Nowgorod sebitiniň halkara we sebitara gatnaşyklar ministri Olga Gusewa bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Nižniý Nowgorod sebitiniň häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady.

Zenan dünýäsi: ýüpek gatnaşyklaryň nusgasy

Maý aýy — gözellige, güllere baý aý. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýy-da ýurt we dünýä ähmiýetli wakalara beslenýär. Tebigatyň iň ajaýyp paslynyň şu günleri göwnüňe mylaýymlygyň, mähremligiň täsin şuglasyny saçýan ýaly duýgy döredýär. Diňe şu aýyň däl, tutuş ýylyň iň ýatda galjak wakalarynyň biri-de golaýda paýtagtymyzda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahatdyr. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen halkara forumlar hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çäreler bilen utgaşan bu maslahat iki ýurduň gadymy gatnaşyklarynyň häzirki ajap eýýamdaky mynasyp dowamyny alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahat türkmen we hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda şanly sahypa öwrüldi.

Maslahatda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi»

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly maslahat geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň gatnaşmaklarynda 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forumyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp geçirilen bu maslahata «akylly» şäherde zähmet çekýän zenanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.