''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ýokary ösüş we netijeli hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň barha döwrebap kämilleşýändiginden hem görmek bolýar. Şol üstünliklere mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Söwda toplumynyň düzümindäki Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurdumyzda lomaý söwdany ösdürmek baradaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, şeýle hem daşary ýurt döwletleri bilen daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmekde uly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň esaslandyrylanyna 1-nji awgustda 29 ýyl boldy. Ol lomaý haryt bazaryny emele getirmek üçin ygtybarly şertleri dörediji gurama bolup hyzmat edýär. Birža işini mundan beýläk-de ösdürmek we has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, olaryň içerki we daşarky alyjylaryny, durnukly bazarlaryny tapmak, esasan-da, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna we tejribesine daýanýar. Toplumda şeýle gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady meseleler boýunça maslahatlaryň, bilermenleriň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi aýratyn n

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 40 sanysy hasaba alyndy. Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden, Hytaýdan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, polipropileni, awtobenzini, dizel ýangyjyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 87 million 808 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Aşgabat sammitine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

Şu gün — 4-nji awgustda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça metbugat maslahaty guraldy. Oňa daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Möhüm taryhy waka: Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti geçirilýär

Şu gün — 4-nji awgustda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmelidir.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň dost-doganlyk gatnaşyklary ilerleýär

Halkymyzyň arasynda «Ýer alma, goňşy al» diýen dana pähim bar. Bir howadan dem alyp, bir derýanyň suwundan içýän goňşy döwletimiz Özbegistan bilen Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklary hem öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biziň halklarymyzyň taryhynda, medeniýetinde, dilinde, däp-dessurynda meňzeşlik bar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary uly üstünliklere beslenýär. Bu iki doganlyk döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk edilip, ýokary netijeler gazanyldy. Hoşniýetli gatnaşyklaryň netijesinde Aşgabat bilen Daşkent doganlaşan şäherlerdir. Aşgabatda «Daşkent» dynç alyş seýilgähi, Daşkentde «Aşgabat» dynç alyş seýilgähi açyldy. Türkmenistanyň Medeniýet günleri Özbegistanda, Özbegistanyň Medeniýet günleri Türkmenistanda yzygiderli geçirilip, türkmen-özbek dostlugy has-da berkeýär. 2018-nji ýylda bolsa Horezm welaýatynyň Ürgenç şäherinde Türkmen-özbek dostluk öýi açyldy.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar täze sahypalary açýar

Türkmenistan Täjigistan bilen hoşniýetli, dostana gatnaşyklaryny alyp barýar. Indi 30 ýyl bäri Türkmenistan Täjigistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny amala aşyryp, medeni-syýasy, ynsanperwer we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 10-11-nji maýda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze sahypany açdy. Onda gol çekilen resminamalar toplumy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, ýükleri we ýolagçylary üstaşyr geçirmek, gurluşyk, oba we suw hojalygy, ýaşlar syýasaty, syýahatçylyk, medeniýet we sungat ýaly ugurlar, iki ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti geçirilýär Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmelidir.

Türkmen-täjik gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar

«Daglar ýurdy» Täjigistanda mekan tutunan täjik halky «Az dusti dur hamsoýai nazdik beh» diýip, ýakyndaky goňşynyň uzakdaky garyndaşdan has gowudygyny tekrarlaýar. Bu hakykat hem geografik, hem medeni-ruhy ýakynlyklary paýlaşýan türkmen we täjik halklarynyň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklarynyň mysalynda-da aýdyň açylýar. Biz Merkezi Aziýanyň günorta-gündogarynda ýerleşip, meýdanynyň 93 göterimini daglyklar tutýan Täjigistany özümize ýakyn goňşy, ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýarys. Bu günki gün gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň binýady döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde barha pugtalandyrylýar. Edil adamlaryň arasynda bolşy ýaly, döwletlerem öz aralaryndaky gatnaşyklarda dosty saýlap biler. Ýöne tebigat tarapyndan berlen goňşyny öz islegiňe görä saýlap-seçip bolmaýar. Taryhyň sapaklary bolsa goňşularyň arasyndaky dostlugyň näçe berk boldugyça, adamlaryň şonça-da asuda hem abadan ýaşaýandygyny görkezip gelýär. Bu syýasat babatda-da şeýle. Şoňa görä, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň jebisliginiň sebäbiniň hem hut goňşy halklaryň arasyndaky mizemez dostluk gatnaşyklarynda görülmegi tebigy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklara-da hut şeýle dostl

Türkmenistan — Özbegistan: köpugurly gatnaşyklarda nusgalyk tejribe

Türkmen hem özbek halklary ýakyn dostlar, ynamdar goňşular hökmünde agzybir ýaşap, umumy maksada — agzybirlige, asudalyga, ösüş arkaly parahatçylyga gulluk edýärler. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky şu günki gatnaşyklaryň kökleri öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar we ol birek-birege hormat goýmaga, ynsanperwerlige, ynama hem ygrara daýanýar. Döwletara hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň tarypy halklarymyzyň edebi-döredijilik dünýäsinde hem giňden beýanyny tapýar. Munuň şeýledigini türkmenistanly özbek şahyry Abdulwahid Saýitmedowyň goşgusy esasynda döredilen, Özbegistanda uly meşhurlyga eýe bolan «Dost-doganlyk mukamy» aýdymynyň mysalynda-da görmek bolýar. Bu aýdym Türkmenistanda ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmen-özbek halklarynyň dostluk festiwalynda ýaňlanypdy we festiwala gatnaşyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy:

Akyldar şahyryň döredijiligi — köňülleriň ylham çeşmesi

Munuň şeýledigini Magtymguly Pyragynyň 270 şygry ýerleşdirilip, «Tubo nashr» neşirýaty tarapyndan çap edilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň akyldar şahyr barada aýdan jümleleri bilen açylýan täze neşirdenem görmek bolýar. Şahyryň bu saýlanan eserlerini Özbegistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komiteti, Özbegistandaky Türkmen medeniýet merkezi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilelikde çapa taýýarlady. Özbek we türkmen halklary bir derýanyň suwuny içip, asyrlaryň dowamynda medeniýetini, däbini we dilini baýlaşdyryp, agzybirlikde, dostlukda ýaşap gelýärler. Iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de strategik hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berýändigini belläsim gelýär. Daşkent şäherinde Magtymguly köçesiniň we şahyryň ýadygärliginiň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Öz gezeginde, Türkmenistanyň paýtagtynyň esasy köçeleriniň biri Alyşir Nowaýynyň adyny göterýär. Bagşy-sazandalar «Nowaýy» sazyny belentden ýaňlandyrsa, dil, edebiýat ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde

Döwrebap mekdep gurulýar

Birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda Täjigistanyň Dusti etrabynda Magtymgulynyň adyny göterýän orta mekdebi gurmak barada ylalaşyk gazanyldy. Geçen ýylyň 9-njy dekabrynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistana amala aşyran ilkinji döwlet saparyna gabatlanyp, bu ýerde Magtymguly adyndaky orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň geçirilmegi we oňa ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet, jemgyýetçilik wekilleriniň hem gatnaşmaklary iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Emomali Rahmonyň göni aragatnaşyk arkaly gatnaşyp, gurluşyga ak pata bermekleri bolsa dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmen, täjik hem-de özbek dostlugy.

 Gözbaşlydyr asyrlaryň çuňundan,Türkmen, täjik hem-de özbek dostlugy.Güýç alýandyr bir-biregiň heňinden,Türkmen, täjik hem-de özbek dostlugy. Özbekde Nowaýy, täjikde Aýny,Okasaň görersiň Pyragyň taýny,Üç ägirde berer hormat paýyny,Türkmen, täjik hem-de özbek dostlugy.

Taryhyň nurly sahypalary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Şol gezek syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän döwrebap infrastrukturany döretmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 24-sine gol çekilmegi hem saparyň taryhy ähmiýetine şaýatlyk edýär. Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň köki asyrlaryň jümmüşine siňip gidýär. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty, gadymdan gelýän ýakynlygy hemmetaraplaýyn ösdürýärler.

Dost ýagşysy gatnaşykly goňşudyr

Türkmen-özbek dostlugynyň gözbaşy asyrlaryň çuňlugyndan başlanyp, nesilleriň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda iki goňşy ýurduň arasyndaky täzeçe öwüşginlere beslenen gatnaşyklardyr hyzmatdaşlyklar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyryldy. 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistan — Täjigistan: dostluk, ynanyşmak, hoşniýetlilik

Merkezi Aziýa döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Täjigistan Respublikasy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürýärler. Bu hakykat ýakynda geçiriljek sebitiň üç ýurdunyň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda has-da belentden dabaralanar.

Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlylyk

«Goňşy» sözi türkmen halkynyň durmuşynda uly orun tutýar. Muny biz halk döredijiligine, edebiýata ser salanymyzda has hem anyk göz ýetirýäris. Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri bolan goňşy Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklar hem milli daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Öňde boljak sebitiň üç dostlukly ýurdunyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Aşgabat duşuşygy hoşniýetli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmekde taryhy waka bolar.

Üçtaraplaýyn duşuşyk: gadyrly gatnaşyklaryň täze gözýetimleri

Dünýä ýurtlary, hususan-da, goňşy döwletler bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Işjeň durmuşa geçirilýän parahatçylyk dörediji syýasat halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, sebit hem-de bütindünýä derejesinde häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde tapmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan — Täjigistan: barha berkeýän strategik hyzmatdaşlyk

Aşgabat halklary dostlaşdyrýar

Aşgabat şäheri — dünýäde iň gözel, ýaşamak üçin ähli oňyn şertleri bolan şäherleriň biri. Ol halkara derejedäki medeni, syýasy, işewürlik merkezine öwrüldi. Onda uly ykdysady we ylmy mümkinçilikler bar. Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklar, olarda garalýan meseleler diňe milli bähbitlere degişli bolman, eýsem, umumadamzat bähbitlerini hem nazarlaýar. Dünýä öz täsirini ýetirip bilýän abraýly şäherler köp däl. Munuň üçin halkara durmuşyň içinde gaýnap joşmaly. Ol bolsa diýseň joşgunly. Onuň üznüksiz hereketiniň, köptaraply we çylşyrymly meseleleriniň içinde baş çykarmak üçin kesgitli ugruň, anyk matlabyň, agramly sözüň bolmaly.

Hoşniýetli goňşuçylyk hem ylalaşyklylyk

türkmen-täjik-özbek gatnaşyklarynyň binýadydyr Gadymy grek akyldary Sokrat: «Dostluk bolmazdan, adamlaryň arasyndaky hiç bir gatnaşygyň gymmaty ýokdur» diýip nygtapdyr. Munuň sebäbi «dostluk» diýen gysga sözde adamlaryň iň oňat ahlak häsiýetleriniň, umumy gyzyklanmalarynyň, özara hormatyň hem ruhy gymmatlyklaryň iň gowy däpleriniň jemlenýänligindedir, megerem. Sebäbi diňe ruhy taýdan ýakyn, birek-birege ynanýan we düşünişip bilýän ynsanlar hakyky dostluk gatnaşyklaryny gurmagy başarýarlar. Şeýle bolýan bolsa, dostlukly gatnaşyklaryň döwletlerdir halklaryň arasynda ýola goýulmagynyň hem ilerledilmeginiň näderejede ähmiýetlidigini göz öňüne getirip görüň! Adaty durmuşda dostlaryň başy jem bolanda, ýürekdeş gürrüňdeşlikleriň başlanyşy ýaly, döwletleriň Liderleri duşuşanda-da millionlarça ýüregi ýakynlaşdyrýan, dost-doganlyk, ylalaşyklylyk ýörelgeleriniň binýadyny has-da pugtalandyrýan belent maksatlara ýol açylýar. Biz bu hakykata mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny asyrlarboýy dowam etdirip gelýän Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň öňde boljak duşuşygynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetireris.

Çar tarapdan myhman gelişin görüň!

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Aşgabatda geçiriljek sammiti hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Sammitiň barşynda sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Özbegistan respublikasy