''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Işewür hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda uly tagallalar edilýär. 28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşmagy munuň nobatdaky mysalydyr. Duşuşygyň gün tertibini gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary baradaky meseleler düzdi. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Taraplar özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şunda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesine aýratyn üns çekildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bu babatda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan “Italiýa-Merkezi Aziýa” ministrler maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýada geçirilen “Italiýa-Merkezi Aziýa” 3-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýaniniň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew hem-de Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin gatnaşdy. – Italiýa Merkezi Aziýa döwletleri bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmagy esasy ugurlarynyň biri hasaplaýar we bu gatnaşyklary italýan kompaniýalarynyň Merkezi Aziýa döwletlerine açylmagy üçin ümümkinçilik hökmünde garaýar. Sebit ýurtlary bilen ykdysadyýet, senagat, ekologiýa, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berýäris – diýip, Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýani belledi.

Türkmenistan CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyga gatnaşdy

Golaýda Daşkent şäherinde CASCA+ ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň hem-de Türkiýäniň demir ýol gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda taraplar CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilmeli taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda suw ulaglary boýunça guralan konferensiýada çykyş etdi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekiliýeti Astrahan sebitinde Hazar ylym-bilim kongresiniň çäginde guralan «Suw ulaglarynyň meselelerini çözmegiň häzirki zaman çözgütleri» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri üstaşy ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak we ulag infrastrukturasynda geografiki maglumat tehnologiýalaryny ulanmak ugrundaky gazanan ösüşlerini köpçülige hödürlediler.

Strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýän iri sebitleriň biri hem Aziýa—Ýuwaş umman sebiti bolup durýar. Bu sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hem-de bar bolan möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgüdini tapmak ýurdumyzyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär. Aziýa—Ýuwaş umman sebitinde okgunly ösýän we ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hem Hytaý Halk Respublikasydyr. Döwletleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Aziýa yklymynda geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmekde giň mümkinçilikleri döredýär.

Страны ОТГ создают Совместный комитет по комбинированным грузоперевозкам

Страны-члены Организации тюркских государств (ОТГ) создают Совместный комитет по комбинированным грузоперевозкам. Как передает в среду Trend, об этом говорится в сообщении Мажилиса парламента Казахстана. Так, сегодня Мажилис ратифицировал Соглашение о международных комбинированных грузовых перевозках между правительствами стран ОТГ, подписанное в Самарканде 11 ноября 2022 года. Оно направлено на дальнейшее развитие транзитно-транспортного потенциала и торгово-экономических отношений между Казахстаном, Азербайджаном, Кыргызстаном, Турцией и Узбекистаном.

На границе Китая и России расширяют пропускную способность железных дорог

В провинции Хэйлунцзян началась реконструкция участка железной дороги от города Суйфэньхэ до российско-китайской границы. Двухколейная магистраль Харбин – Суйфэньхэ – один из важнейших транспортных коридоров между двумя странами. Около девятисот поездов Китай – Европа ежегодно перевозят по ней свыше 10 миллионов тонн грузов, передает Большая Азия. После реконструкции скорость движения составов увеличится с 55 до 120 километров в час, что повысит пропускную способность линии в два раза.

Dünýä we Magtymguly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iki günlük medeni-sport çäreleri guraldy. Çäreleriň birinji gününde diplomatlaryň, talyplaryň, edebiýat muşdaklarynyň, bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda edebiýat agşamy geçirildi. Onda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň, ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçimiz M.Orazowyň çykyşlaryna orun berildi. Soňra hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary we Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy. Çärä gatnaşyjylara bu eserleriň many-mazmuny, olaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berlip, şahyryň şygyrlaryndan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi.

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek maksadyndan ugur alyp

Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan we Gazagystan ulag-logistika taslamalarynyň durmuşa geçirilişine garadylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika ugurlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça işleriň alnyp barylyşyna garadylar. Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini ýene bir gezek tassyklajak bu taslamalaryň gutarnykly netijä getirilmeginiň ähmiýeti hem bellenildi.

Казахстан и Туркменистан увеличат объемы грузоперевозок между портами Актау и Туркменбаши

Более 100 зарегистрированных в Казахстане туркменских компаний вносят значительный вклад в двустороннюю кооперацию. Об этом заявил заместитель премьер-министра – министр иностранных дел РК Мурат Нуртлеу по итогам состоявшихся 27 мая в Астане переговоров со своим туркменским коллегой Рашидом Мередовым. — Я пригласил наших туркменских братьев присоединиться к Исламской организации по продовольственной безопасности. Активно развивается и наше инвестиционное сотрудничество. Более 100 зарегистрированных в стране туркменских компаний вносят значительный вклад в двустороннюю кооперацию. В свою очередь, мы готовы инвестировать в экономику Туркменистана. Здесь важно подписать соглашение о поощрении и взаимной защите инвестиций, — передает слова Мура

Декларация Группы друзей устойчивого транспорта опубликована в качестве документа ООН

Итоговая декларация, принятая в ходе первого министерского совещания Группы друзей устойчивого транспорта, состоявшегося в штаб-квартире Организации Объединенных Наций в Нью-Йорке 16 апреля 2024 года, была опубликована и распространена на шести официальных языках ООН в качестве официального документа 78-й сессии Генеральной Ассамблеи. Декларация обеспечивает правовую основу для дальнейшей деятельности Группы и определяет ее формат и методы работы.

Russiýa we Özbegistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapynda

Moskwa we Daşkent ulag-logistika pudagynda özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirer. Bu barada iki döwletiň ýolbaşçylary Wladimir Putin we Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki beýanynda aýdylýar. «Taraplar ulag we logistika pudagynda özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirerler, ýük dolanyşygynyň ösmegi üçin, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly amatly şertleri üpjün ederler» — diýlip, Kremliň web saýtynda tassyklanylýar.

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek maksadyndan ugur alyp

Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Abadançylygyň röwşen menzillerinde

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň düzümleýin edaralary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Sebitde we dünýäde parahatçylygy, netijeli hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurdyr. Hemişelik Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň binýatlaýyn esasy bolup hyzmat edýär. Golaýda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge bagyşlandy. Häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diplomatik gullugy dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän 40-dan gowrak edarany özünde birleşdirýär. 153 ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyz dürli halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary işler ministrligimiz, ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz öz işlerinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda öňde goýlan wezipelerden ugur alýar. Bu wezipeler BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmegi, ählumumy howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegi maksat edinýär. Konsepsiýada

Akyldaryň şygryýetinde ynsan duýgularynyň şöhlelenişi

Ibrahim Mustafa Al-Hamad, Yragyň Tekrit uniwersitetiniň professory. Söýgi adamzada mälim bolan iň ýokary duýgudyr. Şeýle bolansoň, Gegel ony gymmatlyklary döretmegiň binýady hasaplaýar. Onuň pikirine görä, söýgi üstünlikleriň esasyny hem emele getirýär. Şonuň üçin hem şu makalamyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň söýgi temasyndaky goşgulary we onuň şöhlelenişi barada söz açmagy makul bildik. Çünki ol söýgä ylahy huzura çykmagyň basgançagy hökmünde garaýan sopy şahyrdyr. Muňa garamazdan, onuň söýgüsiniň dürli röwüşlere eýedigini hem ýatdan çykarmaly däldiris. Akyldaryň Meňlä bolan yşky bolsa munuň iň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle yşky beýan edýän eserler sopuçylyk äheňinde ýazylan şahyrana eserleriň bir görnüşi bolup, ondan öň bu däbe Hallaç, Muhýiddin Ibn Arabi, Ferideddin Attar, Gazaly we başga-da birnäçe arap sopulary eýeripdir. Şahyr munuň üsti bilen tükeniksiz ylahy söýgä ýetýär. Oňa bolsa «şaýatlaryň birligi» diýilýär. Bu öz söýgüli ýaryny hem gurşap alýan ähli bar bolan zatlar Ýaradanyň bardygyny alamatlandyrýar diýildigidir.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi

24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldi.

Türkmenistan — GDA hyzmatdaşlygy: tagallalary birleşdirmegiň täze tapgyry

Türkmenistan — GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary, umuman, Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýup, GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şu jähetden, 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. HORMATLY PREZIDENTIMIZ GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ ÝURTLARYNYŇ PREMÝER-MINISTRLERINI KABUL ETDI

Paýtagtymyzda söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça iki günlük maslahat geçirdi. Maslahat «Türkmenistanyň söwda mümkinçiligini güýçlendirmek, II tapgyr» atly dowam edýän bilelikdäki taslamanyň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

22-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Reinis Trokşa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.