''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmenistanda Orta geçelgäni diwersifikasiýa etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

«Azerbaýjanyň demir ýollarynyň» (ADÝ) başlygy Rowşan Rustamow Aşgabada iş saparynyň barşynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda demirýol ulaglary pudagyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, Merkezi Aziýa — Ýewropa we Hytaý — Ýewropa ugurlarynda multimodal ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda demirýol ulaglary pudagyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we ýük dolanyşygynyň ýokarlanmagy boýunça meselelere jikme-jik seredildi.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy kökleriň umumylygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň — Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Halkara giňişlikde

Türkmen-çeh gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ýolunda Pragada geçirilen Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady bilen baglanyşykly meselelere-de garadylar. Duşuşykda türkmen we çeh taraplaryna, degişlilikde, daşary işler ministriniň orunbasarlary A.Gurbanow hem-de I.Kozak ýolbaşçylyk etdi.

Alysdaky ýakynlyk

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýakynda Ýaponiýada türkmen medeniýetiniň toýuny toýladyk. Halkymyzda haýsydyr bir zadyň at-owazasynyň Arşa galanyny aňlatmak üçin «Dabarasy dag aşypdyr» diýilýär. Günüň dogýan ýurdunda milli medeniýetimize goýulýan sarpany görüp, türkmen sungatynyň dabarasynyň ýeke bir daglary däl, eýsem, ummany hem aşandygyna göz ýetirdik. Ýaponiýa rowana bolanymyzda, uçarda ýapon ýaşulusy bilen hem söhbet etdik. Ol ömründe bir sapar dadan türkmen gawunynyň tagamynyň henizem agzyndan gitmändigini aýtdy. Ýaponiýada medeniýet günlerimiziň çäklerinde türkmen sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna tomaşa edenler ýaňky ýaşulynyň ýaşyna baryp, ildeşimiz bilen söhbetdeş bolmak miýesser etse: «Watandaşlaryňyz şeýle bir täsirli çykyş edipdi welin, hakydamyzdan gidenok» diýip gürrüň berseler gerek.

Warşawada türkmen wekiliýeti bilen demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetiniň başlygynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Warşawada Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýakynda geçirilen duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polýak tarapyna Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Hytaý kompaniýasy Özbegistanda awtoulaglary gurnaýan zawodyny işe girizmek isleýär

Hytaýyň «China Xiaou Group» kompaniýasy Özbegistanyň Fergana sebitinde awtoulag gurnama zawodyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada sebit häkimiýetiniň (administrasiýa) metbugat gullugyna esaslanýan «Trend» habar berýär. Maglumatlarda häkimiýetiň wekilleriniň sapary wagtynda 1,5 milliard dollarlyk kärhanany döretmek baradaky şertnama gol çekilendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 5-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Serbiýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 637 müň 500 amerikan dollaryna deň boldy.

Türkmenistan Gazagystana serhetýakasebitlerde söwda öýlerini açmagy teklip etdi

Türkmenistan Gazagystana ýurduň serhetýaka sebitlerinde söwda öýlerini açmagy teklip etdi. Bu teklibi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew Gazagystanyň söwda we goşulyşmak ministri Arman Şakkaliýew bilen golaýda Astanada geçirilen duşuşykda mälim etdi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde ministrler iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mundan beýläk-de ösüşiniň üpjün edilmegi we onuň oňyn depgininiň saklanylmagy üçin ähli tagallalary amala aşyrmagy ylalaşdylar.

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy ugratmakda öňdebaryjylygy eýeleýär

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gazy ugratmakda öňdebaryjylygy eýeleýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda umumy bahasy 4 milliard amerikan dollaryna barabar bolan türkmen gazyny import etdi.

Pakistanyň wekiliýeti söwda boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler

Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseýniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet şu ýylyň 24 — 26-njy iýuny aralygynda Türkmenistana geler we ikitaraplaýyn söwda we maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri öwrener. Bu barada Pakistanyň milli habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi. Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow bilen penşenbe güni geçirilen duşuşykda Rana Tanwir Husseýn Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Pakistanyň Hökümeti üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Şeýle hem Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň gün tertibini ösdürmekde möhüm orny eýelejekdigini aýtdy.

Asylly işleriň belent ykrarnamasy

Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Afrika yklymynyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistan “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerindäki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň häkimlikleriniň wekilleri 2024-nji ýylyň 9 – 11-nji sentýabrynda Kazan şäherinde “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerinde geçiriljek häkimleriň halkara “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar. Bu barada TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi. Şeýle hem bu çärä Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşigi ýük ulaglary üçin rugsat edilýän agramlary, ýükleri we gabara ölçeglerini utgaşdyrar

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) ýurtlary Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän ÝYB döwletleriniň ýollarynda ulag dolandyrylanda  rugsat berilýän agramlary, ýükleriň möçberini we ulaglaryň gabara ölçegleri baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň içki nusgasyny tassyklamak işlerini tamamladylar. «Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň ösmegine we ÝYB-nyň tranzit mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna möhüm itergi berer» — diýip, Ýewroziýa ykdysady komissiýasynyň infrastruktura we energetike boýunça wekili Arzybek Kožoşew belleýär.

Zähmet gatnaşyklary: şert, hukuk we döwür

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan HZG-niň binýatlaýyn konwensiýalarynyň ählisine goşulyp, olardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» kabul edilmegi, onda bu gurama bilen bilelikdäki işleri ýerine ýetirjek ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň anyk kesgitlenilmegi öňde goýlan wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, hususan-da, durmuş-zähmet gatnaşyklaryny halkara hukuk kadalaryna laýyklykda ösdürmäge ýardam berer. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçirildi we oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.