''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Türkmen topragyndan älem giňişligine çenli

Antuan de Sent-Ekzýuperiniň «Kiçijik şazada» atly kitabynda: «Her bir adamyň öz ýyldyzlary bar. Kimler üçin ýöne bir yşyk bolsa, aýlanyp ýörenlere olar ýol görkezýär» diýen jümleler bar. Laýyk 60 ýyl mundan ozal — 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Jeýhun ýakasyndaky Türkmenabat şäherinde dünýä inen Oleg atly oglanjyk hem çagalygyndan sanýetmez ýyldyzlary gujagynda göterýän älem giňişligine aralaşmagy arzuw etdi. Ýyllaryň geçmegi bilen, şo-ol arzuw ýyldyzlary ony ýöne bir «kosmonawt» diýilýän arzyly käriň eýesi edip çäklenmedi. Bu gün ol älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýäniň rekordsmenine öwrüldi. Şu ýylyň 4-nji fewralynda Oleg Kononenko kosmosda jemi 878 gün, 12 sagat bolup, umumy görkezijisi babatda dünýä rekordyny goýmagy başarypdy. 5-nji iýunda, Moskwa wagty bilen sagat 00:00:20-de bolsa ol älem giňişliginde 1000 günläp bolan ýeke-täk kosmonawt hökmünde adyny taryha ýazdyrdy. Watan — beýikleri beýgeldýän mukaddeslik. Ol öz sesine sesini goşan, şan-şöhratyny beýgelden adamyň hemişe gadyryny bilýär, arzylaýar. Duz nesibäň çekip, ykbal seni nireden çykarsa-da, edil mährem eneň deýin, Watan hem elmydama saňa gujagyny açýar. «Meniň üçin eziz ýurdum — Türkmenistanda bolup geçýän wakalar hemişe möhümdir. Ýurtda g

Dokmada döredip ajap dessany...

ýa-da ýürek mähri siňen sungat barada (Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Şan-şöhratly Diýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz öz ykdysady ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýan döwlet hökmünde sebitde möhüm ylalaşdyryjy merkeze öwrülýär. Bu zatlaryň ählisi dünýä derejesinde döwletimiziň abraý-mertebesiniň arşa galyp, halkara abraýynyň artdyrýandygyny görkezýär. Şonuň üçin hem ýurdumyz bu gün abraýly halkara guramalar bilen işjeň gatnaşykda bolup, Ýer ýüzünde möhüm, global meseleleriň çözülmegine öz sesini goşup gelýär. Garaşsyzlykdan galkynan, Bitaraplyk ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, ekologiýa arassaçylygy, sebit we halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilişinde howpsuzlygyny gazanmak we ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça birnäçe başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip gelýär. Ýurdumyz ençeme abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen, diňe bir Aziýa yklymynda däl, eýsem, bütin dünýäde sazlaşykly ykdysady ösüşiň rowaçlanmagyna hem-de parahatçylygyň pugtalanmagyna hem öz saldamly goşandyny goşýar.

Magtymgulynyň edebi mirasy — milli medeni gymmatlyk

Ol ýurdumyzda kanun esasynda berkidildi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi beýik akyldaryň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine, parasatly öwüt-ündewlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Döretmek we gurmak ýoly bilen

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn orun degişlidir. Pudaga ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, Diýarymyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli işler şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde her ýyl önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurulýar we durky täzelenilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutuldy. Şol desgalaryň aglabasynyň gurluşyklarynyň öz ýerli çig mal serişdelerimiziň hasabyna, türkmen gurluşykçylarynyň zähmeti bilen amala aşyrylýandygy örän guwandyryjydyr. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän binalarda milli binagärlik däpleri şähergurluşyk babatda dünýäniň häzirki zaman tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi milli gurluşyk pudag

DOKMADA DÖREDIP AJAP DESSANY...

ýa-da ýürek mähri siňen sungat barada Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy şäheriň taryhy, medeni, ylmy gymmatlyklarynyň, onuň ussat senetkärleriniň sungat ýolunyň şöhratyny dünýä ýaýýar. Änewiň buýsanjy hem ajaýyp nyşany hasaplanýan Seýit Jemaleddin metjidiniň gözelligini özüne siňdiren aždarha keşpli, güberçekli türkmen halysyny synlap, milli sungatymyzyň beýikliginiň öňünde baş egýärsiň. 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagtyna gelýän jahankeşdeler paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýerleşýän bu halynyň keşbinde gözbaşyny gadymy Änew medeniýetinden alyp gaýdýan diwar bezegleriniň kämil nusgalaryny synlap, milletimiziň baý ruhy dünýäsiniň gözelliginden lezzet alýarlar.

Sebitiň döwrebap şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen kemala gelen Arkadag şäheri gysga wagtyň içinde bina edilen, dünýäniň üns merkezini özünde jemlän gözellik şäheri bolup, ol döwrümiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan kämil eseridir. Ol eserde türkmen halkynyň ýagty ykbaly, beýik geljegi altyn sahaplarda ýerleşip, onda gözelligiň hem ýagtylygyň nury dünýä ýalkym bolup saçylýar. Gysga wagtyň içinde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlup, ähli şertler we mümkinçilikler bilen üpjün edilen, ajaýyp hem owadan binalary gözüňi dokundyrýan Arkadag şäheri bagşy-sazandalaryň dilinde aýdym-mukama öwrüldi. Eline galam alan ýazyjy-şahyrlar Arkadag şäheriniň gözelliklerini, özlerinde galdyran täsirlerini şirin owazlara, setirlere salyp, dünýä ýaýýarlar.

Binagärlik — belentlik

Köpetdagyň gadymy topraklarynda peýda bolan ak mermerli ajaýyplyk ýurdumyzyň binagärlik buýsanjyna öwrüldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bina bolan bu döwrebap şäher milli binagärlik sungatynyň kämil nusgasydyr. Gysga döwrüň içinde gurlan, taryhda müdimilik orun aljak bu şäheriň binagärlik gurluşy, desgalaryň daşky keşbi taýsyz gözelligi bilen gözüňi dokundyrýar. Binagärlik işi döwrebap tehnikany, ylmy we sungaty özünde jemlemek bilen, ol adamlar üçin peýdaly, berk we gözel bolmaly. «Şäher gözelligi» düşünjesi diňe bir gözel keşpli binalar bolman, eýsem, ol şäheriň meýilnama gurluşyny, desgalaryň talabalaýyk ýerleşdirilip taslamalaşdyrylyşyny, landşaft binagärligiň ýerlikli ulanylyp, daşky gurşawyň adamlaryň we tebigatyň peýdasyna laýyklykda gurulmagyny talap edýär. Bu şertleriň ählisini bolsa Arkadag şäherinde görmek mümkin. Özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýan Arkadag şäheriniň taslama we binagärlik gurluşy daşky keşbi boýunça aýratyn görnüşe eýe. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýşi ýaly, şäher taslamasynyň esasy merkezinde medeni desgalar ýerleşdirilipd

Döwrebap awtobuslar halkyň hyzmatynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşleriň, rysgal-berekediň mekanyna öwrülýär. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde welaýatymyzyň ýaşaýjylary şatlykly wakalaryň şaýatlary boldular. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary wagtynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslarynyň 200-sini sowgat bermegi şeýle mizemez durmuş hakykatyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Döwrebap awtobuslaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösüşlere besleýän sungat baýramy

Sarpasy belent zenanlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Mährem enelerimizdir gelin-gyzlarymyz baradaky alada esasy orunda durýar. Özleri hakda edilýän aladalara bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmeti bilen jogap berýärler. Maşgala binýadynyň berk bolmagynda, ýaş nesliň Watanymyzyň wepaly perzentleri bolup kemala gelmeginde zenanlaryň, eneleriň üstüne uly borç düşýär. Şeýle-de ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan uly üstünliklerde hem zenanlaryň saldamly goşandy bardyr. Olar beýik işleri amala aşyrmakda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda abraýly zähmet çekýärler. Ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde, jemgyýetimizde agzybirligi berkitmekde alnyp barylýan işlere goşantlaryny goşýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys

Annaguly Annagulyýew, Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Gurban baýramynyň şatlyk-şowhuny

Binýady ynsanperwerlikden, hoşniýetlilikden, haýyr-sahawatlylykdan tutulan mukaddes Gurban baýramynyň çuň mazmunly dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus şatlyk-şowhun bilen üç günläp dowam eden baýramçylyk agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, mizemez durmuş ýörelgelerini, ýokary ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrdy. Gurban baýramynyň esasy çäreleri Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelliginiň möhüm bölegine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň döwresinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Toý ýörişi mukaddes baýramyň dabaralarynyň özboluşly badalgasy bolup, oňa hormatly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar hem-de dürli ýaşdaky raýatlar agzybirlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylar joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlar, folklor toparlarynyň täsirli çykyşlary, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Edepli ile ýarar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda syýasatda, ykdysadyýetde, bilimde, sungatda... belent sepgitlere ýetilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň bagtyýar şu güni we nurana geljegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Şunda olaryň bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Taryha ser salanymyzda hem, halkymyzyň öz perzentlerine edep-terbiýe bermegi esasy orunda goýandygyna göz ýetirmek bolýar. Çaganyň edepli, akylly bolmagy üçin, ilkinji nobatda, onuň ene-atasynyň görüm-görelde görkezmegi zerurdyr. Ösüp barýan çaganyň gözýetiminiň giňelmegi üçin ene-atanyň, çagalar baglaryndaky terbiýeçileriň we mekdepdäki mugallymlaryň deň derejedäki göreldesi zerurdyr.

Bagtly çagalygyň mekany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň sagdyn kemala gelmegi hem-de terbiýelenmegi, bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalar edilýär, giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalaryň akyl we ruhy taýdan kemala gelmeginde aýdym-sazyň güýji örän uludyr. Şol sebäpden hem mugallymlar mekdepde aýdym-saz terbiýesini bermekde hepdede geçilýän sapak bilen çäklenmän, eýsem, sapakdan daşary döredilen saz gurnaklaryndan hem netijeli peýdalanmalydyr. Sapakdan daşary çärelere gatnaşmak okuwçylaryň göwnüniň saýlan işleri bilen meşgullanmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, mugallym okuwçylarda döredijilik işjeňligini terbiýeläp bilýär.

«Dürdänede» sapaly günler

Tomus — 2024 Baky berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesilleriň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gojaman dagyň eteginde täsin tebigaty, arassa howasy, çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin döredilen amatlyklary bolan Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem çagalar mähir bilen garşy alynýar. Merkezde çagalaryň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin giň mümkinçilikler bar. Munuň şeýledigine bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.

Şatlykly pursatlaryň döwri

Orta mekdebi tamamlanyma ençe ýyl geçse-de, okuwçy wagtlarym her ýyl tomus paslynda oba gidişimiz ýadyma düşýär. Ol ýyllaryň hezilligini diýsene! Mamamyň tamdyrda bişirýän gyzgyn çöregini suwa batyryp iýmegiň lezzeti bir başga. Gelnejemiň süýtden taýýarlaýan önümleriniň tagamyny-da hiç zat bilen deňär ýaly däl. Agtyklarynyň gelýänini eşidäýse, babamyň howludaky üzüm bagynyň aşagynda garaşyp oturyşy, mamamyň bizi ezizleýşi häli-häzirlerem göz öňümde. Oba barsak, deň-duşlarymyz bilen «Bäşdaş», «Bukuldym», «Ýüp bökdi» ýaly oýunlary oýnardyk. Ululara öýkünip, dürli nygmatlary, işdäaçar taýýarlardyk...

Körpeler degişýärler

— Oglum, kitap okaýşyň nähili seniň? Iki-üç sahypa geçiribem bir kitap okalarmy? — diýip, ejesi Azada geň galýar. — Eje, şu ýerde bir ýarak it bar. Men ondan sowlup geçýän...

Belentde abraýyň, şöhratyň, şanyň

Magtymguly, sen beýik sen, beýik sen,Belentde abraýyň, şöhratyň, şanyň.Her jümläňde hak sözleri diýip sen,Ýüregine çuňňur ornap ynsanyň. Soňlanmajak, ebedilik ömür sen,Hak serpaý beripdir akyl ummany.Magtymguly, sen döwran sen, döwür sen,Sözlän her sözüňde bardyr çuň many.

Hoşniýetliligiň, päkligiň baýramy

welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslendi Hoşniýetliligiň, ruhy päkligiň baýramy bolan Gurban baýramy külli musulman ymmaty üçin iň mukaddes baýramlaryň biridir. Güneşli ülkämizde bu baýram uludan bellenilýär.