''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Kämil maksatlaryň aýdyň beýany

Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ylym-bilimiň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmek ugrundaky amal edilýän giň möçberli işler, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda jemgyýetimizi hereketlendiriji güýjüň esasy özeni hasaplanýar. Şeýle kämil maksatlar bolsa özüniň aýdyň beýanyny tapyp, halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. Binýady berkden gurlan, bagt daragtynyň barha pajarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesiller hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň ýagty ertiri hasaplanýan ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almaklary, hünär we ylym öwrenmekleri, sagdyn ruhda terbiýelenmekleri, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýör

Habarlar

2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar 11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Ýylyň şygary — döwrüň şamçyragy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, indi ýurdumyzda her ýyly özboluşly şygar bilen dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şol şygar öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy dabaraly belleniljek 2021-nji ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi watandaşlarymyzyň her biriniň göwnüni galkyndyran waka öwrüldi. Uly umyt-arzuwlar bilen garşylan täze ýylymyzyň bu buýsandyryjy şygarynyň manysynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti «Daşoguz habarlary» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» diýen at bilen bäsleşik yglan edýär. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, şeýle hem TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihatçylaryň arasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» diýen at bilen geçiriljek welaýat bäsleşiginiň maksady we wezipeleri:

Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen ädilen ädimler misilsiz menziline ýeter

Danalaryň biriniň aýdyşy ýaly, parahatçylyk güýç bilen däl-de, düşünişmek arkaly gazanylyp bilner. Hawa, hut düşünişmek we ynanyşmak ýoly bilen. Biz haçan birek-birege ynam edýäris? Elbetde, düşünişmegi başaran halatymyzda. Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli bu ideýasynyň halkara derejede uly ykrara eýe bolandygyna hemmämiz şaýat. Şoňa görä, üstümizdäki ýylyň şygary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, 11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýdy. Şu ýylyň dowamynda geçirilýän çäreleriň hemmesiniň şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr.

Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy açylýar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ynsanperwer goňşuçylyk gatnaşyklaryna ýugrulan halkara hyzmatdaşlyklary netijesinde gazanylýan üstünlikler hem halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň, halklar arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy ýoly hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Milli Liderimiziň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer syýasatlarynyň netijesinde Türkmenistan goňşy Owganystanda parahatçylygyň we gülläp ösüşiň dabaralanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda aragatnaş

Älem içre adyň belent

Biz hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýyly päk umyt-arzuwlar, belent maksatlar bilen garşy aldyk. Ýylymyzyň şygaryny ýoluna çyrag edinen ildeşlerimiziň her biri häzirki günlerde eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere saldamly goşant goşmak hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda täze zähmet üstünliklerine galkynýar. Öňňin welaýat häkimliginde Täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat we döredijilik işgärleri çykyş edip, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Biz olaryň birnäçesiniň ýürek owazyny ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun Arkadag!

Zamananyň zynaty, ýürekleriň senasy,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag!Göwünleriň ganaty, rahatlygyň penasy,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag,Ýörelgäňiz geljege rowan bolsun, Arkadag! Dost-doganlyk — dünýäniň, yklymlaryň ykbaly,Beýik tutumlaryňyzyň ýer ýüzünde ykrary,Baky Berkarar Watan halkymyzyň mähraby,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag,Ýörelgäňiz geljege rowan bolsun, Arkadag!

Baky bagtyň mekany

Biz döwlet ygtyýarlylygyna eýe bolan asuda, parahat ýurtda, erkanalygyň goýnunda ýaşaýan bagtly ynsanlardyrys. Bu beýik bagta nädip buýsanmajak, nädip guwanmajak, eýsem, ynsan üçin özbaşdak, abadan döwletiň bagty çüwen raýatlary bolmakdan uly bagt barmyka?! Bu özbaşdak döwletlilige teşne bolan pederlerimiziň hem ençeme asyrlap ýetip bilmedik arzuw-hyýaly, erk-islegi ahyryn. Ynha, indi laýyk 30 ýyldan bäri öz Garaşsyzlygynyň maksatly menzilleri, rowaç tutumlary bilen halkymyz bagtyýarlygyň, bagtyň hözirini görýär. Bu döwürde parasatly pederlerimiziň parahatçylygy hem-de milletiň bitewiligini gorap saklamak we dowam etdirmek ýaly ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ýurdumyzyň ýeten derejeleri eýýäm alyslara ýaň salýar. Bu hakykat halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan özgerişlikleriň, halkyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalaryň mysalynda hem aýdyň görünýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz milliligine, kökleri uzak asyrlara uzaýan maddy we ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmaga we ösdürmäge giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa özüňi beýik millet hökmünde dünýä tanatmak, ykrar etdirmek, yklymda dost-doganlyk ýollaryny gurmak üçin esasy möhüm şertleriň biridir. Şeýle hem bu ugurda döwlet derejesinde ýola goýlan giň gerimli işler türkmen

Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen

Soňky ýyllarda täze eýýamyň her bir ýylynyň şygaryny yglan etmek ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Munuň özi, ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Golaýda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde şu ýylyň şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Belent maksatlary nazarlap

Özgerişler ýörelgesi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mähriban Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan belent netijeleri has-da ösdürmekde yhlasly işlemegini dowam etdirýär. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy dabaraly bellenilip geçildi. Şeýle hem bolçulygyň we zähmet ýeňişleriniň görkezijisi bolan Hasyl toýy uludan tutuldy. Şeýle bol hasyly ýetişdirmekde berýän ýardamlary, döredip berýän şertleri, aýratyn-da, halal zähmetiň rehnedini görüp ýaşalýan parahat, asuda durmuş üçin mähriban Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bu toýa uly zähmet ýeňişleri bilen gelen babadaýhanlarymyzyň diliniň senasy boldy.

Döwrüň beýik nusgasydyr bu binalar, bu binalar

Sähel wagtyň dowamynda täze bir şäheriň döremegi akylyňy haýrana goýýan hakykat! Bu hakykatyň durmuş ýüzünde dabaralanmasynyň aňyrsynda neneňsi aladadyr zähmetiň ýatandygy dogrusynda oýlanan pursadyňda, dogrudan-da, dünýäňi haýran galmak duýgusy gurşap alýar. Bu babatda, bu taslamada — Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynda gije diýmän, gündiz diýmän zähmet çekilendigini görmek bolýar. Şonuň ýaly-da, ol ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygyndan we özümizde-de täze ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň, gurluşykçylaryň kemala gelendiginden habar berýär. Eliňdäki eliň aýasy ýaly dolandyryş enjamyny basýaň welin, ol seniň özüňe derek ähli zadyňy edip berip dur. Onsoň, muňa nädip haýran galmajak?! Ýadyňyza salyp görüň! «Gapyny ýapdymmykam, yşyklary öçürdimmikäm, telewizor öçürildimikä?..» diýen ýaly pikirler bilen uzakly günümizi aladaly ýagdaýda geçirmeli bolýan wagtymyz az bolmaýardy. Has gowy ýeri, öýdäki ähli enjamlaryň sanly ulgama birikdirilendigi şol aladalaryň ählisini aradan aýyrýar. Şeýle öýleriň birinde bolanymyzda öý eýesiniň şeýle enjamyň üsti bilen diňe penjiräniň perdelerini açyp-ýapyp görkezmeginiň özem ähli zady aýyl-saýyl etdi. Şeýdip ähli amatlyklary bolan öýüň içindäki tehnik

Parahat ertirimiziň kepili

Berkararlygyň synmaz sütünleri

Milli Liderimiziň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň gazanan uly üstünligi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we halkymyzyň islegi bilen bu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýar. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra parahatçylykly durmuşy üpjün etmek üçin daşary syýasatda hoşniýetli bitaraplygy esasy ugur-ýol hökmünde saýlap aldy. Bu ýolda döwletimiziň yglan eden «Açyk gapylar» syýasaty möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu syýasatyň özeninde ata-babalarymyzyň ähli halklar bilen agzybirlikde ýaşamaga, arkalaşykly hereket etmäge esaslanýan milli häsiýeti durandyr.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde belent abraýly hem-de täsirli döwlet hökmünde çykyş edýär. Munuň şeýledigine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda amala aşyrylan beýik işler aýdyň şaýatlyk edýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi döwletimizde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasyndan gözbaş alýar.

Gülläp ösüşiň mekany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyz gadamlaryny has-da batlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyza mahsus bolan ruhy gymmatlyklara, oňyn ýörelgelere esaslanýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Mähriban Watanymyz dünýäde dost-doganlygyň, rowaçlygyň ýurdy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty netijesinde, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan soňky onýyllykda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny ösdürmek babatda gymmatly te

Ata Watanymyzyň nurana menzilleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk tarapyndan döwlet Baştutany wezipesine saýlanyp, işe girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly itergi berdi. Şeýle bolansoň, bu gün eziz Diýarymyz gülläp ösüşiň ýoly bilen rowaçlyklara sary öňe barýar. Ösüşiň täze taryhy döwründe her bir ýylyň onda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrylmagynyň bolsa, möhüm ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhynyň 2007-nji ýyldan başlan ilkinji ýyllaryny Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamany diýlip atlandyrylan bolsa, 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygy yglan edildi. Ine, şondan soňra her bir ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumly işler ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halky

Bagtyýarlygyň aýdyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Şonuň netijesinde halkara giňişliginde hem onuň abraý-mertebesi barha belende galýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil ýaşlar bolup ýetişmegi hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin bizde amatly şertler bar. Bu jemgyýetiň esasy gymmatlygy adamdyr we onuň baş maksady adamyň abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmekdir, baş ýörelgeleri bolsa ynsanperwerlik, adalatlylyk we ruhubelentlikdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady reformalar biziň “Döwlet adam üçindir!” diýip yglan eden baş ýörelgämiziň gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip parasatly belleýär. Şonuň üçin hem halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşamagy ugrunda döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadanlyk we parahatçylyk ýoly bilen barýan Diýarymyz asyrlara barabar üstünliklere beslenýär.

Uly işlere badalga

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli sebitleri, şäherleri, obalary ýokary derejede ösdürilýär. Muny biz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, desgalaryň mysalynda görýäris. Munuň özi uly ösüşlerden, geljegiň has-da aýdyňlygyndan habar berýär. Ynsanyň bagtyýarlygy üçin esasy zat ýaş nesilleriň bagtyny görmek, asuda durmuşda ýaşamak, Watanyňa guwanmak bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde täze binalaryň gurulmagy, täze obalaryň döredilmegi gönüden-göni halkyň eşretli durmuşynyň güwäsidir. Şeýle hakykata bolsa biz ýygy-ýygydan şaýat bolýarys. Ynha, geçen ýylymyzyň ösüşlerine nazar aýlanymyzda hem muny aýdyň görmek bolýar. Esasan hem baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen desgalar, binalar biziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ähli babatda ýurdumyzy ösdürmek, adamlaryň ýaşaýşy, dynç almaklary üçin şertleri döretmek barada yzygider alada edýändiginiň subutnamasydyr.