''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Türkmen-malaý gepleşikleriniň jemleri: möhüm resminamalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapdy. Malaýziýanyň Hökümet binasynda döwlet Baştutanymyzyň hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň wiza talaplary kem-käsleýin ýatyrmak hakynda arasynda Ylalaşygy hakynda notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiýasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýzi

Türkmen-malaý gepleşikleri geçirildi

Şu gün Kuala-Lumpurda ilkinji gezek resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Däp bolşy ýaly, belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy Kuala-Lumpurdan 20 kilometr uzaklykdaky Malaýziýanyň häzirki zaman dolandyryş merkezi hasaplanýan Putrajaýa şäherinde geçirildi. 1995-nji ýylda esaslandyrylan bu şäherde Premýer-ministriň we Hökümetiň iş kabulhanasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Aşgabat — Kuala-Lumpur, 18-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama BMG-niň alty dilinde ýaýradyldy

2024-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi. Olar indi Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resminalary hökmünde BMG-niň alty dilinde elýeterlidir. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy sişenbe güni habar berdi. Şolaryň hatarynda “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama, Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň duşuşygyň Jemleýji jarnamasy, Halkara bilermenleriň “Energiýa baglanyşygyny gowulandyrmak: Hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ösüşe ýetmek” atly mejlisiniň jemleýji hasabaty bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Aşgabat — Kuala-Lumpur, 18-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. Bu şanly gün Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we diplomatik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň özara ynanyşmaga, netijeli dialoga esaslanýan halkara gatnaşyklara çemeleşmesi dünýädäki köp sanly adamlar üçin ylham çeşmesidir. Siziň ýurduňyzyň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek babatdaky tagallalary diňe bir Siziň döwletiňiziň däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine-de uly goşant goşýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen paýtagtynda guralan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Milli ykdysadyýetde möhüm pudak

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatda, hususan-da, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň çägindäki biokärhanalary abatlamak, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Arkadagyň şöhratly şäheri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Gadymy Ahal topragynda taryh üçin juda gysga döwürde döredilen Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy hem-de guwanjydyr. 14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, şeýle-de Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy.

Hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň gözel tebigatynyň we haýwanat dünýäsiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtap, ýurdumyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny belledi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologiýa ugruna aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklipleri boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama

Ylym-bilim — ösüşleriň binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr» diýen parasatly sözleri, ylmyň-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we özboluşly many öwüşginlerini berýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna uly üns berilýär, onuň yzygiderli kämilleşdirilmegi üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim jemgyýetiň ösüşinde hereketlendiriji güýçdür. Hut şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň başlangynjy bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ulgamlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge, bilim bermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar ulgamyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň iň täze maglumat tehnologiýalary durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmak bilen, ýokary tizlikli internet arkaly ylmy maglumatlar gorunyň dürli çeşmelerinden peýdalanmaga mümkinçilik döredilýär. Häzirki wagtda ýurdum

Rowaçlyga beslenýän belent maksatly tutumlar

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Özara bähbitli ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de mejlisiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Täzeçil tehnologiýalara eýe bolan Arkadag şäheri

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherinde iş saparynda bolup, şol ýerde Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyny we güwänamalary alyp gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol täze şäheriň binagärlik, ekologik derejesi bilen bagly berlen baýragy, degişli güwänamalary görkezdi we Gahryman Arkadagymyzy täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýan bu çözgüt bilen gutlady.

Möhüm işleri ýokary hilli geçirmeli

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy. Sizi ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň halkara derejedäki nobatdaky ykrarnamasyny alamatlandyrýan bu wakalar mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýa geldi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Hormatly Prezidentimiziň sapary mynasybetli Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Beýik başlangyçlar dabaralanýar

Türkmenistan — parahatlyk mekany Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda şeýle diýýär: “Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş hakykaty ýaşaýar”. Çünki, Bitaraplyk düşünjesiniň aňyrsynda adamzadyň parahatlygy, dostluk gatnaşyklary, dawa-jenjelden azat durmuş, ynsan mertebesi durýar.