Paýhas akabasynyň zerbap serpaýy
Türkmen halkynyň beýik şahyry, Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybirligiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň döredijilik kuwwaty gitdigiçe artýar, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady we medeni durmuşynda bolup geçýän wakalar, gazanylýan ägirt uly netijeler täze buýsandyryjy sepgitlere ulaşýar. Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy tamamlanyp barýan 2024-nji şanly ýylyň iň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Bu taryhy ähmiýetli eseriň ata Watanymyzda uly dabara bilen bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda halkymyza peşgeş berilmegi at-abraýy dünýä ýaýran Türkmenistan döwletimiziň gadymy taryhynyň, baý medeniýetiniň, ummasyz miras gymmatlyklarynyň halkara giňişligindäki şöhratly ornuny has-da belende galdyrdy. Aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň täze ýazan kitabynyň ilkinji nusgasyny pederlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna çäksiz sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hormat bilen ibermegi, hormatly Prezidentimiz