''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Arkadagyň ýoly pähim-paýhasdyr

Milli Liderimiziň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda uçursyz köp işler amala aşyryldy. Ölmez-ýitmez şygyrlary bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Gündogaryň beýik danasynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň üstümizdäki ýylyň bütin dowamynda bellenilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen dabaralanýar. Bu baýramyň halkara derejesinde bellenilmegi hem şanly senä nähili ähmiýet berilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary bilen Magtymguly Pyragynyň birnäçe döwletlerde heýkelleri oturdyldy. Olaryň hatarynda şahyryň 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda açylan ilkinji heýkelini, 2009-njy ýylda Astrahandaky, 2012-nji ýylda Ankara şäherindäki heýkellerini, 2017-nji ýylda Daşkent şäherinde açylan barelýef şekilli ýadygärligini agzamak bolar. 2014-nji ýyly bolsa, şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi we «Magtymguly Pyragy» medaly döredildi. Şol ýyldan bäri hem her ýyla mynasyp at goýmak däbe öwrüldi. Ýene-de şol ýyl Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eseriniň okyjylara ýetirilmegini agzamak ýerlikli bolar. Akyldaryň adyny göterýän medeni ýadygärlikler toplumy we adybir mu

«Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr...»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüji pähim-parasady bilen bu günki gün türkmen medeniýetini ösdürmek, ony dünýä derejesinde belende götermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki medeniýete aýratyn ähmiýet bermek, medeni baýlyklarymyzy ösdürmek işi türkmen topragyna gadymdan mahsus bolmak bilen, ol şu günki nesillere ata-babalarymyzdan galan ajaýyp ýol-ýörelgeleriň biridir. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Kararda bellenilişi ýaly-da, şu ýylyň 22-nji iýunynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda berk binýatly saglygy goraýyş ulgamy döredildi we bu ugurda buýsançly öňegidişlikler gazanylýar. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap saglyk maksatly desgalaryň birnäçesi halkymyza ulanmaga berildi. Şol sanda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bina bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda açylan saglygy goraýyş desgalarynyň ençemesi ilata hyzmat edýär. Olaryň mysalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Saglyk öýi, «Tiz kömek» merkezi, Onkologiýa merkezi, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasy, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi halkymyzyň hyzmatyna berildi.

Bedew batly, Arkadagly Watanym

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegi, il-günümiziň köňül ganaty, milli buýsanjymyzdyr» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň hut özi ýurdumyzda atşynaslaryň netijeli işlemekleri, atçylyga degişli ylmy işleriň alnyp barylmagy, naýbaşy ahalteke atlarynyň baş sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, nesil ugrunyň netijeli dowam etdirilmegi, arassa ganlylygynyň goralyp saklanylmagy, milli atçylyk däpleriniň ösdürilmegi, şeýle hem milli baýlygymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi ugrunda bimöçber aladalary edýär. Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda atçylyk sport toplumlary, okuw-ylmy merkezleri, athanalar gurlup ulanmaga berilýär. Arkadag şäherinde atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, döwrebap athanalaryň döredilmegi aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. «Akylly» şähere nobatdaky iş saparlarynyň birinde bolsa, Gahryman Arkadagymyz milli atşynaslyk däplerine ygrarly ýaş nesli kemala get

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle-de başga birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler halkara kadalara, milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellemeli.

Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaranyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrjakdygyna, gazanýan ajaýyp üstünliklerimize buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

Arkadag şäheri, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hasaplanýan bu ajaýyp künjek düýpli özgerdi. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde dag etekleriniň gözel keşbe eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şol bir wagtyň özünde, degişli ekologik ýagdaýynyň saklanmagy ugrunda edilýän aladalar esasynda jenneti mekanyň gür baglyga bürenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirdi.

Resmi habar

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli edara-kärhanalara binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Siziň üstüňiz bilen ähli doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Duşuşyklar geçirildi

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi.

Galla önümleri önümçilik toplumynda

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Bu ýerde toplumyň işi bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

AŞGABAT, 27-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şanly wakanyň — okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

 2023-nji ýylyň 29-njy iýuny ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol gün gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan sebitde deňsiz-taýsyz Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 29-njy iýunynda bolsa ýaşlygyň, ýaşlaryň hem geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň bir ýyllygy dabaraly bellenilýär. Täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir.