''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Mirasgäriň hazynasyndan

Pul hakynda Dilim bar, pulum bar.

Rowaýatlar ummanyndan

Täsin ahwalat Ýurt goragyna giden gerçek söweşde agyr ýaralanýar. Özüne bir zat bolaýsa: “Bir dogan ýanar, birem dogran” diýip mähribanlarynyň ýaka ýyrtyp aglajakdygyny aňlan ýigit ejesine habar ugradýar. Uly sadaka edip, aja nan, ýalaňaja don paýlamagy. Ýöne şol sadaka diňe ölüm görmedik öýden, ajal awusyny datmadyk adam gelmelidigini tekrarlaýar. Ene aýdylyşy ýaly, çar tarapa çapar ýollap sadaka taýýarlyk görýär. Emma, sadaka kabul bolsun diýýänler bar-da, sadaka bararys diýýän ýokmuşyn. Ýüregi bir zatlar syzan ene obanyň danasyny çagyryp, syrly sargydy soraýar. Dana: “Ölüm görmedik öý ýok, ajal awusyny datmadyk adam. Şoň üçin seniň sadakaňa adam gelmez... Ýöne ilogly merdanyň ejesem mert bolmaly. Sen goç guzyňy gözle. Kim bilýär, ol bir ýerlerde Garagumy ýassanyp ýatandyr” diýip aýlawly jogap berýär.

Tymsal

Şükürli bol! Şükürli bolmak barada şeýleräk bir tymsal bar. Garga hem-de totuguş ýaradylanda bigörk ýaradylypdyr. Emma, totuguş bu ýagdaýa närazylyk bildiripdir. Ol şeýle bir owadan bolmak, görenleriň gözüni gamaşdyrmak, haýran galdyrmak isläpdir. Allagatala hem onuň raýyny ýykman, oňa gözellik, owadanlyk bagyş edipdir. Soňra garga hem özünden nägiledir öýdüp, ondan hem owadanlyk isleýändigini ýa-da islemeýändigini sorapdyr. Ýöne garga, özünden göwnüniň hoşdugyny, berlen keşbi üçin şükür edýändigini mälim edipdir.

Mukaddes baýramdyr Gurban baýramy

Taryhy yzlasak, gadymdan gelýänMukaddes baýramdyr Gurban baýramy.Bu gün sarpasyny giň dünýä görýänMukaddes baýramdyr Gurban baýramy. Döwrümiz ajaýyp, eşretli zaman,Asylly däp-dessur dowamat-dowam,Toýuny toýlaýan ilimiz aman,Mukaddes baýramdyr Gurban baýramy.

Hy­dyr aga öý­de ýok (Gül­kü­li kys­sa)

Hy­dyr aga ba­zar­dan gel­ýär­di. Aram-aram onuň şeý­dip, keý­pi­ne ba­za­ra git­me­si bar­dy. Et­rap mer­ke­zi bi­len daý­han bir­le­şi­gi­niň ara­syn­da gat­na­ýan aw­to­bu­syň sü­rü­ji­si Hy­dyr aga­nyň öýü­ne bar­ýan ýo­luň de­ňi­ne ge­len­de ula­gy sak­lap: — Hy­dyr aga, öýü­ňe el­tip gaý­dy­ber­se­gem bo­lar­dy we­lin, bu adam­lar ra­zy bol­jak­my, bol­ma­jak­my bi­le­mok — di­ýip, müýn­li äheň­de go­ja ýüz­len­di.

Pyragyň ruhy heýkeli her köňülde perwaz bu gün

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen medeniýetini, türkmen sungatyny, milli edebiýatymyzy, türkmen ykbalyny täze eýýamyň ruhunda dünýä çykarmakda bahasyna ýetip bolmajak beýik işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, dabaralary giň gerimde dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Aşgabat şäheriniň görnükli ýerinde, Köpetdagyň belent gerşinde Magtymguly Pyragynyň mertebesi ýaly belentlikde, depesi arşa ýetip duran heýkeliniň dikeldilmegi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy halkymyzy buýsandyrdy. Dünýä jemgyýetçiliginde joşgun, uly tolgunma döretdi.

Arzuwlary hasyl bolan Pyragy

Her bir milletiň ruhy bitewüligi onuň geçmişinden gözbaş alýar. Aý-ýyllar, asyrlar geçse-de, milletiň birligini, geljek üçin guran sagdyn hyýallaryny goran beýik şahsyýetler hiç wagt ýitip gitmeýär. Olar halkyň geçen ýoly, döreden taryhy hakykaty bolup, täze nesilleriň durmuşynda öz beýikligine gowuşýarlar, milletiň parasatlylygyny, beýikligini gorap saklamagyň gözbaşynda durýarlar. Biziň halkymyz bütin taryhy ösüşiň dowamynda beýik şahsyýetleri öňe çykaran we häzirki döwürde olaryň mertebesini arşa göterýän halkdyr. Muny türkmen ruhunyň şamçyragy, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän beýik işlerde hem aýdyň görýäris. Şahyryň saýlanan eserler ýygyndysynynyň — «Magtymguly» atly täze kitabyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin mynasyp sowgat boldy. Täze ýygyndyda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilipdir. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen bu ýygyndynyň umumadamzat ähmiýetli, ajaýyp kitapdygyny halkara jemgyýetçiligi ykrar edýär. Ol hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, dünýäd

Ada (Tymsal)

Gadym zamanlarda Ýer ýüzünde ruhy gymmatlyklaryň ählisiniň bilelikde ýaşaýan bir adasy bar eken. Emma bir gün ada suwuň aşagyna çöküp başlapdyr. Ruhy gymmatlyklar howul-hara gämilerine münüp, çaltlyk bilen batyp barýan adadan aýrylyp, ýola düşüpdirler. Adada diňe Söýginiň ýalňyz özi galypdyr, onuň özbaşdak gämisi bolmansoň, kimdir-biriniň özüni çagyrmagyna soňky pursada çenli garaşypdyr. Ahyry hiç pursat galmansoň, ol adadan uzaklaşmagyň ugruna çykypdyr. Şonda ol adanyň ýanyndan ýüzüp barýan Baýlyga ýüz tutup, ondan gämisinden özi üçin ýer bermegini haýyş edipdir. Emma Baýlyk oňa: «Meniň gämimde gaty köp gymmatbahaly şaý-seplerdir altynlar bar, bu ýerde saňa ýer galmady» diýip, ýoly bilen bolupdyr. Söýgi batan adanyň sähelçe galan gury ýerinde durşuna, ýanyndan ýüzüp barýan Gussanyň gämisini görüpdir we ondan ýanyna gelmegini, gämisine mündürmegi haýyş edipdir. Ýöne Gussa oňa: «Bagyşla, Söýgi, men şeýle bir hasratda galdym, gaýga batdym, meniň ýalňyz galmagym gerek» diýip, jogap beripdir. Soňra Söýgi Gedemligiň gämisini görüpdir we ondan kömek sorapdyr. Emma Gedemlik Söýginiň öz gämisindäki sazlaşygy bozjakdygyny aýdyp, çaltlyk bilen ondan uzaklaşypdyr. Bir ýerden Şatlygyň ýüzüp barýanyny görüpdir, ýöne ol öz şowhun-şagalaňy bi

Baýramçylyk şowhuny (Durmuş pursaty)

Çaga wagtymyz gurbanlygyň golaýlaýanyny eşidenimizden juda begenerdik. Sebäbi her ýyl gurbanlygyň öňüsyrasynda kakam bize hiňňildik ýasap berse, ejem täzeje köýnek tikip geýdirerdi. Gurbanlyk biz üçin iň hezil baýramdy. Toparlanyşyp, jagylda-jugul bolup ejelerimiziň yzyndan galman oglan-gyzlar bolup barymyz üýşüp gurbanlyk aýlanmaga giderdik. Obada gurulýan uly hiňňildigiň töwereginde bolsa aýdymdyr saz ýaňlanardy. Agşamara hiňňildigiň daşy has-da hezil bolýardy. Hol alysdan gyzyl çog bolup görünýän şaman ody hemmeleri hiňňildigiň başyna çagyrýan ýaly, otly ganatyny galgadýardy. Biz hiňňildigiň gapdalyna barsak gözümiz onuň daşyndaky owadan geýnen uly gyzlarda eglenýärdi. Şonda jigidir doganlaryma aýtmasam-da, içimden basymrak ulalmak barada pikir öwürýärdim. Esasan-da, höwesleýänim gyzlaryň dakynýan kümüş şaý-sepleridi. Bezemen gyzlary synlanymda olaryň assaja ýöreýän ädimine ses goşýan şaý-sepleriň näzijek owazyna maýyl bolýardym. Şaýlaryň sesi islendik aýdymyň sesinden hem ýakymly täsir edýärdi. Bu belki meniň atamyň zergär bolanlygy üçin şeýle bolandyr. Men atamyň ýasaýan şaýlaryna gözügidijilik bilen serederdim. Onuň ussahanasyna girmäge welin çekinerdim. Emma ýüregim şol tarapa atygsar durardy. Ahyry bir gün höwesimi aňan atam meni ussahanasyna

Şygryýet älemi

Diýar Bir uly söýgi bar juwan ýürekde,Bir şirin duýgudan sämeýär serim.Gol bulaýar gözlerimiň öňündeÇagalykda gülüp-oýnan ýerlerim.

«Ismim düşdi ilden-ile...»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimize, medeni-ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa uly many-mazmuna eýe bolýar. Milli gymmatlyklarymyza döwrüň beýik ruhunyň täsiri güýçli bolup, döwrebap garaýyşlar döreýär. Halkyň taryhy, medeniýeti, sungaty, halk döredijiligi, dili we edebiýaty eserlerde öz beýanyny tapýar. Ruhy gymmatlyklary döredýän şahsyýetler halkyň milliligini, özboluşlylygyny, tapawutly aýratynlyklaryny özünde jemleýän eserleri döredip, döwürleriň, eýýamlaryň, zamanalaryň jümmüşinde olary kämilleşdirip, nesillere bahasyz miras galdyrypdyrlar. Olar ähli döwürlere degişli bolup, nesilleriň aňynda ebedilik ýaşaýar. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri akyldar şahyrymyz we nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragydyr. Külli adamzat üçin şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragy ady, şöhrat-şany, beýik döredijiligi bilen ynsanlaryň aňynda hiç öçmejek yz goýan pähim-paýhas ummanydyr, gaýtalanmajak beýiklikdir, ägirt döredijiligi özbaşdak ylym hökmünde öwrenilmäge mynasyp beýik danadyr.

Eziz dilim, mähriban dilim

Ösüşiň kuwwatly güýji hökmünde ýurdumyzda ylma möhüm ähmiýet berilýär, bu ugurda döwrebap özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar gününde ulgamda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Ylymlar gününiň tutumy has-da uly boldy. Ylmyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, dil biliminiň işini netijeli ýola goýmakda, ösdürmekde, döwrebaplaşdyrmakda, baýlaşdyrmakda hem netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen diliniň döwlet dili diýlip yglan edilip, kanun esasynda berkidilmegi netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda sözlük hazynamyz has-da baýlaşyp, onuň ulanylyş gerimi öňküden-de giňedi. Diňe bir özümizde däl, dünýä ýurtlarynda-da türkmen diline täzeçe garaýyşlar kemala geldi.

Magtymguly we parahatçylyk taglymaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik ýaly garaýyşlar esasy orny eýeleýär. Şeýle taglymatlar onuň «Türkmeniň» goşgusynda has hem ýiti duýulýar: Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Halkyň aňynda ýaşaýar beýik Pyragy

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz döredijiligi bilen halkymyzy dünýä çykardy. Beýik şahyryň şanyna döredilen naýbaşy eserleriň awtorlary hem bu günki günde ýatlanyp sarpalanylýar. Akyldar şahyrymyzyň kanoniki portretini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyň eýesi Aýhan Hajyýew hem ýagşylykda ýatlanylmaga degişli guýmagursak sungat ussatlarynyň biridir. Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Bagyr obasynda doglan. Ol on bir ýaşyndaka iki dogan bolup ýetim galýarlar. Uly dogany Kakabaý bilen internata getirilýär. Dogany sazçylyk mekdebinde okaýar. Aýhan bolsa kiçilikden surat çekmek bilen gyzyklanýar. Ol 13 ýaşynda bütinsoýuz bäsleşikde ikinji orna mynasyp bolýar. «Ýaş hudožnik» žurnalynda işleri çap edilýär. Biz Gündogaryň beýik şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän günlerinde halypa suratkeşi ýatlap, onuň gyzy Oguljeren Hajyýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

«Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde...»

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde, esasan, adam hakyndaky taglymat uly orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, şahyryň döredijilik dünýäsi tutuşlygyna adama, adamzada gönükdirilen pikirlerde açylýar. Onuň «Delalat ýagşy» şygryndaky: Asla adamzada ajy söz urma,Pakyra-misgine delalat ýagşy

Gutly bolsun, adamlar!

Arkamyzda Lider — Arkadagym bar,Dört pasylda gülläp duran bagym bar,Milli baýlyk, dessurym bar, däbim bar,Gurban baýram gutly bolsun, adamlar! Sowulmajak döwlet, döwran, ýazly biz,Gursagmyz Hudaýly, Alla ýarly biz,Arkadag Serdarly — hoşwagt çagly biz,Gurban baýram gutly bolsun, adamlar!

Pyragy paýhasy täze eserlerde

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde yglan edilen «Iň gowy monografiýa, ylmy makala, eser» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Bäsleşigiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 14-nji iýunda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde boldy. Oňa ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri, ýagny monografiýalary, ylmy makalalary, aýdymyň sözleri üçin niýetlenen goşgularydyr hekaýalary bilen gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenen eserlerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, agzybirlik ýaly belent pikirleriň manysy, akyldar şahyrymyzyň ömri, döredijilik dünýäsi, onuň edebi mirasyny içgin öwrenmek, dünýä ýüzünde hormat-sarpasyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan işler beýan edilipdir.

Gurban baýramy

Ýurdum toýa beslendi,Çagalar şat seslendi,Uly-kiçi höwesli,Geldi Gurban baýramy. Süýji sözler diýilýär,Täze lybas geýilýär,Hiňňildige barylýar,Ajap Gurban baýramy.

Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi

Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy özüniň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri bilen türkmen halkynyň, umuman Gündogar halklarynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde öçmejek yz galdyran söz ussadydyr. Şahyryň eserleri türkmen kalbynyň aýnasydyr. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällilik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuňňur many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Zamanasynyň ylymly-bilimli adamy, XVIII asyryň görnükli şahyry, öz mähriban pederi Döwletmämmet Azadydan tälim alan, mekdep gören, Gündogaryň dana kişilerine gol beren Magtymgulynyň öwüt-ündewe ýugrulan pelsepewi şygyrlary uly ähmiýete eýedir. Şahyryň akyl-parasatly, welilik garaýyşly şygyrlarynyň jadysy ýürekden-ýürege ornap, asyrdan-asyra uzap bilýän ruhy çeşmedir, gymmatly baýlykdyr. Şahyryň tutuş döredijiligini bezäp duran eserleri onuň ýürek owazyny, durşy bilen päklige ýugrulan arzuw-hyýallaryny, isleg-maksatlaryny beýan edýär. Şahyryň ajaýyp şygyrlary watansöýüjilik, adamkärçilik, bir-birege hormat, geçirimlilik, sabyr-kanagatlylyk ýaly çuňňur many-mazmunly, ynsanperwerlige ýugrulan edebi garaýyşlary özünde jemleýändigi bilen özüne çekijidir.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary — ynsan kalbynyň çyragy

Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary bilen türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň edebi eserlerini, halkyň milli-edebi gymmatlyklaryny gorap saklamaga, olary dünýäniň beýleki halklaryna ýaýmaga uly tagallalar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölüminde Magtymguly Pyragy hakynda: «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, il-ulus, Watan hakyndaky köňül owazlary alyslara ýaň saldy» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyryň sarpasy belent tutulýar. Olk diňe bir öz iliniň «sözlär tili» däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem arasynda giňden tanalýar. Ussat Magtymgulynyň ömrüni we edebi mirasyny bu gün her jähetden çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredilýär. Magtymguly atamyz her bir mesele babatda geňeşçimiz, halypamyz, syrdaşymyz, «döwürdeşimiz» hökmünde biziň bilen bilelikde ýaşaýar. Beýik akyldarymyzyň döredijiligi uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, onuň pendi-nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidir.