''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ene toprak(rowaýat)

Has irki döwürlerde bar yhlasyny ýere hyzmat edip, ykbalyny daýhançylyga baglan bir daýhan ýaşapdyr. Ol ene ýeriň eçilýän rysgal-berekedinden döwlet tapyp, güzeranyny oňat dolandyrýan eken. Günlerde bir gün keseki ýurtlaryň birinden alamançylar dökülip, daýhany ýesir alyp gidipdirler. Talaňçylaryň ýurduna baranlarynda-da, ol aglap-eňräp özüni ýitirmändir. Ony ýesir alan adam maşgala ýagdaýy barada soraşdyrypdyr. Soň bolsa: «Men seni ýurduňa goýbersem, näçeräk möçberde pul tölärsiň?» diýip sorapdyr. Daýhan özünde artykmaç puluň ýokdugyny, aýalynyň, hem dört sany çagasynyň bardygyny, olaryň agzyndan kesip töleg töläp bilmejekdigini aýdypdyr. Onda hojaýyny: «Beýle bolsa men seni bazara çykaryp, soralan baha sataryn» diýipdir.

Şygryýet

Aşgabadyň baglary Mydam gülläp durandyrAşgabadyň baglary.Aýy elläp durandyrAşgabadyň baglary.

Şahyryň dostluk söhbedi

Görnükli şahyr Mämmet Seýidowyň milli ruha we çuňňur duýgulara ýugrulan goşgulary özüniň tematiki taýdan baýlygy we köpgyraňlylygy bilen tapawutlanyp, türkmen-täjik edebi gatnaşyklarynyň ösmeginde hem möhüm orny eýeleýär. Şu makalamyzda XX asyrda türkmen-täjik edebi gatnaşyklarynyň ösüşini şahyr Mämmet Seýidowyň döredijiliginiň mysalynda yzarlamagy maksat edindik. Şol döwürde täjik ýazyjydyr şahyrlary bilen Türkmenistandan gelen wekilçilikli topar Wahş jülgesine gezelenç edip, şol ýerdäki mekdepleriň birinde geçirilen duşuşyga gatnaşýar. Şahyr M.Seýidow bu ýerdäki döredijilik duşuşygy barada ýazan «Ýatlar ýaly zat kän» publisistik ýatlamasynda: «Wahş jülgesiniň mekdepleriniň birinde garaýagyz oglanjyk maňa bir desse gül getirip berdi. Men ol oglanyň özüne aýtmasam-da, onuň ajaýyp şahyr bolmagyny arzuw etdim. Näme üçin? Täjigistanda şahyr azmy? Kän. Onda-da Mürze Tursunzada, Mirseýit Mirşeker, Dehoti, Baky Rahymzada ýaly meşhur şahyrlar köp. Emma ol oglanyň öz wasp etmeli zatlary bar» diýip belleýär. Oglanjygyň geljekki durmuş ýoly baradaky pikir, şahyry öz erkine goýmaýar. Netijede, M.Seýidow «Gül beren oglan» atly şygryny ýazyp, öz pikir-arzuwyny şeýle teswirleýär:

Duýgular düwünçeginden (Sere gelen setirler)

Eneden galyp biljek iň gymmatly miras edepdir. * * *

Rowaýatlar ummanyndan

Öz diliňe söýgi Mahmyt Zamahşarydan:

Sungat hakynda pähimler

Diňe balarylaryň gülüň gizlin tagamyny bilşi ýaly, suratkeşler hem ähli ajaýyp zatlaryň gözelligini duýýar. Afanasiý Fet. Sungatyň terbiýeçilik ähmiýeti bolmalydyr, ýöne onuň esasy maksady lezzetdir. Bertold Breht.

Ýaşlar biz

Ata-baba wesýetine wepaly,Berkarar döwletli, bagtly ýaşlar biz.Ylym bilen açyp, dünýä şaýoly,Öňe barýan bedew batly ýaşlar biz. Sagdyn ösýäs, ruhumyz belentde,Okaýas, döredýäs beýik döwletde,Abraý alýas sportda hem sungatda,Eziz Arkadagly, bagtly ýaşlar biz.

Mukaddes Watan

Zamana bagtyýar, ajap eýýamyň, Her künjegiň täji-tagtdyr, Watanym. Köňüller küýsegi, jennet mekanym, Goýnuňda ýaşamak bagtdyr, Watanym. Topragyňa togap, Tuguňa tagzym, Çöregiňe togap, duzuňa tagzym, Watansöýer ogul-gyzyňa tagzym, Saňa tagzym etmek bagtdyr, Watanym.

Şygryýet bossany

Köňül joşguny Diýaryma seýran eýläp,Dünýä nusga döwlet gördüm.Güler ýüzde şatlyk, mähir,Bir-birege hormat gördüm.

Gar

Sahydyň kärende ýerine bolan yhlasyny diýsene. Haçan görseň, ekin meýdanyna tarap haýdap barýandyr. Öýlerinden iki menzillikde ýerleşýän güýzlük ak bugdaý ekilen ýaşyl öwsüp, begres don geýnen bugdaýly meýdan Sahydy görende, has-da reňk açýar. Sahyt her günki howa maglumatyny hökman diňläýmeli. Ertir gar ýagjagyny eşideninde, Sahydyň hem-ä keýpi çaglandy, hemem birhili aladasy artdy. Bu garyň şu ýylyň ilkinji garydygy kalbynda şatlyk uçgunlaryny döretdi. Ýaşyl öwsüp oturan giň meýdanyň ak garyň aşagynda galjakdygy welin, böwrüne iňkis saldy. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Ýöne irki döwürlerden bäri ata-babalarymyz her Täze ýylyň ilkinji günlerini, mübärek Nowruzy ýaşyl maýsalar bilen, ýaşyl maýsadan taýýarlanýan semeni tagamy bilen garşy almagy söýüpdirler. Bu barada atasy kän sapar gürrüň beripdi. Ol gürrüňlerden çagalykda göwni ganan Sahydyň ýaşyl maýsaly meýdany eziz görýändigi şundandyr. Şonuň üçinem ol ertir ýaşyl maýsalaryň üstüni gar örtmänkä, kärende ýerine barar-da, olara guwanar. Ýaşyl maýsaly meýdan bilenem gürleşer. Ol:

Şygryýet bossany

Eziz Watan Erkana gülleýän Türkmenistanym,Ösüşlerňe älem guwanýar, bakýar.Oba, şäheriňde eziz mekanym,Beýik bagtyň ajap derýasy akýar.

Şygryýet bossany

Arkadagymyz Täze ýyl ýylgyryp girdi gapydan,Sag bolsun Gahryman Arkadagymyz!Ýurdumda bagt, bereket tapylar,Sag bolsun Gahryman Arkadagymyz!

Şygryýet bossany

Mähriban watanym — eziz diýarym Täze ýyly görüp, joşdy ýüregim,Mähriban Watanym — eziz Diýarym!Şatlygyna şatlyk goşdy ýüregim,Mähriban Watanym — eziz Diýarym!

Şygryýet bossany

Bitarap mekanym meniň Täze ýyly garşy alýan —Bitarap mekanym meniň.Kalplary heýjana salýan—Bitarap mekanym meniň.

Şygryýet bossany

Berkarar watan Sen maňa ykbalyň kerem-peşgeşi,Durmuşyň manysy, mertebe bagym.Sen maňa ömrümiň beýik manysy,Türkmenistan atly şugla-çyragym!

Şygryýet bossany

Watan Nur bolsaň, daşyňda perwanadyryn,Ojagňa ymtylan guwançlarym sen.Goýnuňda biminnet mekan tapylar,Gözümdäki begenç gözýaşlarma hem.

Şygryýet bossany

Watançylyk duýgusy Bagta alyp barýar geçilýän menzil,Lezzet berýär nurun saçýan zamanaň.Seniň waspyň etmek nähili hezil,Men behiştiň gujagynda hamana.

Şygryýet bossany

Ata watanym meniň Eşretiňe haýran, eziz mekanym,Ady bütin dünýä ýaýran mekanym.Goýnuňda taplanyp gaýym bekänim,Ýyllar arzuw edip ýetenim meniň,Türkmenistan ― eziz Watanym meniň.

Şygryýet bossany

Arkadagyň ýoly bilen Türkmen halky öňe barýar,Arkadagyň ýoly bilen.Çar tarapdan myhman gelýär,Arkadagyň ýoly bilen.

Şygryýet bossany

Baýlygymdyr jahan içre barlygyň Baýlygymdyr jahan içre barlygyň,Darlygyn bil sensiz maňa bu dünýäň.Toplasaň älemiň ähli garlarynAk bagtyňa deň däldigne düşünýän.