''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Basar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserini okanyňda türkmen halkynyň birnäçe asyrlaryň dowamynda terbiýeläp ýetişdiren alabaý itleriniň batyrlygyna, gaýduwsyzlygyna, wepadarlygyna buýsanjyň artýar. Bu gymmatly kitaby okap, ýaşlygymda bolup geçen bir waka ýadyma düşdi. Oglanlyk bir hezil döwür, her bir zatdan oýun döredýärsiň. Hamala dünýä seniň üçin diňe oýun-gülküden ybarat ýaly. Seniň keýpiňe sogan dograjak, oýunlardan ünsüňi sowjak hiç bir sebäp ýok. Oýunlaryň has gyzyşýan ýeri hem öri meýdanydy. Oglanlar mallaryny örä kowansoňlar, olaryň goh-galmagaly asmana göterilýärdi. Düzzüm oýnaýan haýsy, biri-birini kowalap, ylgaşyp ýörenler haýsy! Aşykdyr çilik oýnaýanlaryň hem şowhuny özüne ýetikdi. Garaz, oglanlaryň dek oturýany ýokdy. Mallary örä alyp gaýdýan weli, Basar atly alabaý itim hem yzymdan galmazdy.

Göwnüm bilen ikiçäk

Aslynda, bu ýana bu golaýda ýolum düşmändir. Gatnaw bolany hem unudylana çalymdaş saýgarar-saýgarmaz ýodajygy yzarlap geldim. Daşyndan göräýmäge, hut şarňyldap duran köşkpisint jaýyň düşäýen halyny... Gapyny kakyp, esli wagt durdum. Soň ýene... ahyry soňky umydym diýenimde, gapyny bir ýaşuly zenan açdy. Gözlerime ynanman, geň galdym. Çünki göz öňüne getirýän, garaşýan sypatym bu däldi. Ýüzüme öýkeli hem içgin nazarlary bilen baka-baka meni içeri saldy. Giň otagyň içinde sowuk ýel öwüsýärdi. Bir burçunda bolsa ejem aýtmyşlaýyn, «jynyň yşygy ýaly» ne ýanandan, ne-de sönenden bolup ot ýanýardy. Garaz, uzyn gepiň keltesi, doganym pahyryň diýşi ýaly, bu ýer, bu zenanyň sypaty, hakyt, «pozulan gurjak ýalydy». Birsalym gözügidijilik bilen däl-de, aňkasy aşgynlyk bilen bu ýeri synlanymdan soň, dymyşlygy hälki zenan bozdy. — Seni haýsy güýç-gudrat getirdi?

Körpelere okap beriň!

GARGA WE MEN — Ak towşanjyk,Ak garjagaz.Ak guzujyk,Ak gazjagaz.

Zeminiň dostluk damary

«Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan ...1886-njy ýylyň 2-nji iýulynda merwliler bu ýere gelen ilkinji demir ýol ulgamyny görmek üçin onuň ýoluna çykýarlar. Ine, şondan soň bu ýoluň iň güzaply, iň kyn bölegini — Garagumuň hemişe ýel-tupan öwsüp duran bölegini gurmaga girişilýär. Ylaýta-da Rawnina, Üçajy töwereklerde gurlan ýoly çäge syrgyny basyp, hupbat baryny görkezýär. Köp ýerde aňňat-aňňat çäge alaňlaryny böwsüp geçmeli bolýar. Ahyrsoňunda 1886-njy ýylyň 30-njy noýabrynda demir ýol Amyderýanyň bäri kenaryna barýar. Ýöne iş munuň bilen tamamlanaýmaýar. Demir ýoly ondan aňryk — Gyzylgum sähralarynyň içi bilen Buhara, Samarkanda ýetirmek strategik taýdan juda möhüm bolupdyr. Şeýlelikde, 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amyderýanyň üstünden 124 gije-gündizde gurlan köprüden ilkinji ýükli otly geçýär.

Ýagşylyk guýup kalplara

Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynyň ösdürilmegine, edebi gymmatlyklarymyzyň baýlaşdyrylmagyna goşant goşan halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür-döredijiliginiň öwrenilmeginiň we ilata ýetirilmeginiň hökmanylygy barada elmydama nygtaýar. Milli Liderimiz bu barada geçen ýylyň dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren iş maslahatynda hem ýörite belläp geçdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp eserleri bilen hakydalara siňen halypalarymyz bolsa barmak basyp sanardan köp. Şahyr Möwlamy hem şolaryň biri. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň edebiýat meýdanyna gelşi her kimde her hili bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň halk ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamowyň — Möwlamynyň döredijilik ýolunda hem şeýle bolupdy. Şu günler segsen bäş ýyllyk ýubileýi bellenilýän Öwlüýäguly aga baryp orta mekdepde okan ýyllarynda çaklaňja goşgular bilen «Halaç pagtaçysy», «Mydam taýýar» gazetlerinde çykyş eden hem bolsa, edebiýatyň ala meýdanyna bilini guşap girmäge howlukmandy. Bu ýagdaý hatda ol 1955-nji ýylda paýtagtymyzdaky şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat fakultetiniň talyby bolan döwründe-de şonlugyna galypdy.

Magtymguly Pyragy — söz şalygynyň soltany

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini açmaga görülýän taýýarlyklar barada habar berilmegi beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň we milli edebiýatymyzyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň ajaýyp eserlerine goýulýan hormat-sarpanyň tutuş dünýäde barha beýgelýändiginiň nyşany hökmünde köňüllerimizi buýsanja pürepürledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda onlaýn tertipde birnäçe duşuşyklaryň guralmagynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän çäreleriň Magtymgulynyň bahasyz edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmeginde, umuman, dünýä halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşanda öwrüljekdigini belledi.

Ol söz — ejedir

«Sözleri köp gaýtalaberseň ähmiýeti ýitýär» diýýärler. Belki-de, dogrudyr. Ýöne şeýle bir söz bar welin, ony näçe gaýtaladygyňça gaýtalasyň gelýär, ýüregiňe-de giňlik aralaşýar. Çünki ol iň eý görülýän sözleriň biri bolan — eje sözi. Onuň her biriňize-de şeýle täsir edýändigine hiç hili şübhäm ýok. Şol sözi zybanyňa alan mahalyňda ol mähriban ynsanyň uzak aralyklary golaý edip, bozup bolmaýan serhedi böwsüp, ýanyňda bolmagyny isleýärsiň... Ejeme bagyşlap täsin bir aýdymaýdasym geldi-de, çykdym daglara.Ýaňlanan badyna eje diýen sözGün lowurdap, guşlar gondy baglara.

Mukaddes kär (oýlanma)

Men mugallym. Doglan ýerimem mugallymyň maşgalasy. Ejem, kakam, atam, enem, hatda babamam mugallym. Mamam welin, halyçy. Kämahal ýolda-yzda gabat gelýän ozalky synpdaşlarym: «Tüweleme, sen-ä ejeň, kakaň kesbini ýöretmek üçin mugallym bolaýdyň» diýýärler, diýselerem mende mugallymçylyk kärine höwes döreden-ä, mamam. Ol öz dokaýan halylarynyň her bir göli barada şeýle bir täsirli gürrüň bererdi welin, meniňem şol hekaýatlardyr rowaýatlary başgalara gürrüň beresim gelerdi. Ýöne kime?! «Mamam ýaly garryja bolan bolsam, menem agtyklaryma gürrüň bererdim, belki. Ýöne garraýançam entek wagt kän-ä» diýerdim öz-özüme. Şol höwesim halys öz ugruma goýmansoň, köçämizdäki kiçijik çagalary üýşürip, seteran oturdardym-da, mugallym bolardym. Eli çeper halyçy gyzyň düşbüligi, ussatlygy bilen täsin haly dokaýşy baradaky rowaýaty olara her gün gürrüň bererdim. Umuman, haly barada ähli eşidenlerimi düşündirip bildigimden düşündirerdim. Meniň ýaşajyk diňleýjilerim bolsa, hezil edinip diňlärdiler. Men bolsa, olaryň bilesigeliji nazarlaryndan barha ylham alyp, «sapak» geçerdim. Şeýdibem, mende çagalykdan mugallym bolmak höwesi döredi.

Paýhas siňen setirler

«Öý-ojak bu näme?» diýen sowala, men saňa sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ýer diýerdim. Seniň gereklenýän hem-de arzylanýan ýeriň diýerdim. Ol ýerde saňa şatlanan wagtyň bile şatlanjak, kösenen wagtyň kömege ýetişjek, islendik ýagdaýda saňa goldaw berjek hem-de hemişe ýanyňda boljak adamlar ýaşaýar. * * *

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Garaşsyzlyk ýalkymy dünýä nurun saçanda,Bitaraplyk il-günmüň ak bagtyny açanda,Bagtyýarlyk günleri Güneş ýaly guçamda,Ynsanperwerlik ýolda ak daňlaryň atany,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Parahatlyk halkyň bagty, ýakymly sazy bar,Goňşy-goňşa goldaw etse, egsilmez many bar,Türkmenistan gül mekan, parahat asmany bar —Özgerýär öňe ädip, ýagşylykda bekäni,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Tebigy dermanhananyň melhemleri

«Türkmen sährasynyň ösümlik dünýäsi» atly goşgular toplumyndan Alym Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltliylmy-ensiklopediki kitaplaryny okap, sere gelen setirler

Şygryýet çemeni

GÖZEL ÝURDUM Türkmenistan — gözel ýurdum,Ajapdyr Aýly gijeleň.Gujagynda maksat tutsaň,Mydam şowlaýar bijeleň.

Dillerde dessan Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyranda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belläp, şu mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmalydygyny aýtdy. Bu şatlykly habar ýurdumyzyň her bir döredijilik işgäriniň göwün guşuny göge uçurdy. Bu joşgun täze-täze eserleriň döremegine badalga boldy. Saňa salam berýäs säher çagynda,Köňüller seýl edýär dostluk bagynda,Ýaşaýşyň ýalkymy ýaşyl Tugumda,Arkadagyň şa tagty sen, Aşgabat,Dünýä dolan ak bagty sen, Aşgabat!

Pyragynyň arzuwlan zamany

Türkmen ilim, eý, adamzat!Azat il, güzer gözlärin — Hor galmasyn puştdan-puşdum,Berkarar döwlet islärin —

Galmanam senden

Sensen köňlümiň hoşgähi, Galmanam, senden galmanam. Şeýda köňlüm seýilgähi, Galmanam, senden galmanam. Bagrym ýakdy yşkyň derdi, Söýmüşem seniň dek merdi, Harap bolsun Bagdat ýurdy, Galmanam, senden galmanam.

Şygryýet

Sende Ýaşa, Türkmenistanym,Gurban eziz adyňa!Gumuň bermen göwhere,Suwuň bermen altyna.

Galkynan ylham

Allaýar Çüriýewiň aýdymçy şahyrlygy onuň adaty şahyrlygyndan has ýokarda durýar. Bu-da, öz nobatynda, onuň goşgularynyň ýüregiňi gyjyklap, diliňi süýjüdip duran äheňinden ybarat. Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri eýýäm 30 ýyla gadar wagt geçdi. Şu ýyllaryň içinde Türkmenistan döwleti köpugurly ösüşde ägirt uly ädimler ätdi. Elbetde, özbaşdak döwletde ýüz berýän täzelikleriň başynda Gahryman Arkadagymyzyň durandygy, ykdysady, maddy we ruhy galkynyşlarymyzyň gös-göni şol mertebeli at bilen baglanyşyklydygy şübhesiz bir hakykatdyr. Şunuň bilen birlikde halkyň umumy ýaşaýşyny, galkynyşlaryny çeper edebiýatsyz göz öňüne getirip bolmajakdygyny-da bellemek gerek.

Kerim Gurbannepesowyň «Edebiýat we durmuş» atly kitabyndan

Çeper edebiýatyň diline halkdan üzňe bir zat hökmünde garamak bolmaz. Edebiýatyň ösmegi, onuň stilleriniň ösmegi tutuş halk diliniň medeniýetiniň ösmegine milli edebi diliň kämilleşmegine täsirini ýetirýär. * * *

Halypalaryň şygyr hazynasyndan (Eneler hakynda)

Ene goşgusy Mahmal sähram sen bolup,Bahar maňa bakanda,Howlukmadym hiç zada,Sen bar diýip jahanda.

Goja (hekaýa)