''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Dur­muş hak­da tym­sal­lar

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Guş

Bu milletiň ykbalysyň, Arkadag!

Agzybir, jebis halkymyzyň, müdimi milletimiziň beýik watansöýüjilik bilen belleýän, ýürekleri joşduryp, kalbymyzy hoşlaýan şanly seneleriniň biri Watanyň söwer Ogly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mübärek doglan günüdir. Bu gün bu şanly sene Milli Liderimiziň paýhasyndan binýat, köňlünden görk alan, döwrümiziň buýsanjy Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy bilen ajaýyp sazlaşyga öwrülýär. Gahryman Arkadagym! Bu şanly senä il begenýär, men begenýän. Barlygyňy ömrüm hasaplaýanym sözlerimiň aýdyň, anyk subudydyr.

Söz sizden, döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri!

26-njy iýunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan dörediji ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň uly topary bu bäsleşige ussadyň edebi mirasyna bagyşlanan iň gowy işlerini hödürlediler. Olaryň iň gowulary saýlanylyp, ýaş döredijileriň ençemesi bu bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de pul baýragy bilen sylaglanyldy. Biz hem Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlarymyzy uly üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Duýguly dünýä

ÝÜK Owal Eýäm ikimiziTaýlap, göterip asmana,Täleýe ýazandyr emrin...Bir-birege ýük bolsak-da,Men-ä senden razydyryn,Sen menden razymyň, ömrüm?

Şygryýet bossany

PYRLAMPAÇ Pyrlan-pyrlan, pyrlampajym...Ikimiz meňzeş — saňa tow gerek,Saňa biri tow bermese, togtaýaň.Maňa bolsa söýgi gerek tow ýerne.Biri meni söýmeli,Ol söýmeli alyp elden ygtyýar.Ýogsa, menem togtaýan.

Şygryýet çemeni

MUGALLYM GYZ Durşy bilen alçak gyz,Gürrüň-söhbet söýýäniň.Hergiz göwnüň aljak gyz,Gelişip dur geýýäniň.

Ähli döwürleriň şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, agzybirlik höküm sürýär, halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna döwlet derejesinde uly üns berilýär we belent sepgitlere ýetilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde beýik şahyrymyzyň döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleriniň uly sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşany hökmünde görnükli söz ussadymyzyň ägirt uly heýkeli we seýilgäh toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu gün bagtyýar döwrümizde hasyl boldy» diýmek bilen, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýär. Gadymy we müdimi türkmen halkynyň geçmişini, şu gün

Ene (hekaýa)

Garagumuň Güne göýdük bolan gerişlerine urşuň ýelgini çabran mahaly Akgül eje gawun üstündedi. Agtygy Hangeldiniň ilkinjileriň biri bolup urşa ugraýandygyny eşitdi-de, şol ýerden aýakýalaň, başaçyk çöp-çöňürleriň arasy bilen oba tarap gönüläýdi. Gele-gelmäne şaýyny tutup ýören agtygyna kömekleşmäge başlady. — Gyýylýandyr diýme, guzym. Watanyň başyna düşen müşgil iş seniňem müşgiliňdir. Muny ata-babalarymyz aýdypdyr. Sen Göroglynyň neslisiň. Pederiň mertdir. Heder etmän ed-dil iki gözüniň ortarasyna urgun duşmanyň.

Güller Saňa, reýhan Saňa, Arkadag!

Günler gözelligini, hoşamaýlygyny, hoşniýetliligini mähriban Arkadagymyzyň dünýäsinden alýandyr. Oňa sähelçe zynatym ýetse, meňziniň bir ýylgyrmasyna sebäp bolan setirlerim dörän bolsa bagtlydyryn. Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüniň her pursaty, güni, sagady gymmatdyr bize. Sebäbi ol il-gün, ynsanlar, biziň her birimiz hakyndaky üznüksiz aladalara ýugrulandyr. Magtymguly Pyragy hut şu döwre — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eşretli eýýamyna garaşandyr, ony şygyrlarynda arzuwlandyr. Wysalyny görendigimiz üçinem bagtlydyrys.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, hormatly Prezidentimiz!

Maksat BUGRAÝEW,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy: — Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Sanly innowasiýanyň ösen döwrüni nazara alyp, «Magtymgulynyň dünýäsi» atly oýlap tapan ykjam mobil goşundym (programma), «Magtymgulynyň dünýäsi» atly halynyň şekil taslamasyny ýerine ýetirmegim, şeýle-de «Türkmenistan» teleýaýlymynda üç dilde çykyş etmegim meni bu bäsleşikde arzyly ýeňşe ýetirdi. «Magtymgulynyň dünýäsi» atly ykjam mobil goşundymy ýükläp alan adam akyldar şahyryň goşgularyny diňe bir okap däl-de, eýsem, türkmen, rus we iňlis dillerinde diňläp hem bilýär.

Şygryýet

Arkadag Halk üçin bitirýän ägirt işleri Buýsandyrýar, ykballara şan berýär. Parahatlyk, ynanyşmak ýollary Giň älemde makullanýar, oňlanýar.

Ylham akabasy

Bu gözel mekana gadam basan badyma, ynsan duýgularynyň güýji barada okan setirlerim ýadyma düşdi. Munuň başgaça boljak gümany-da ýok. Sebäbi şu mekanda ynsanlaryň kalbyndaky belent duýgular töweregiň gözelligine ses goşýar. Bu ýerde bir gezejik bolup görenler gürrüňimiň Arkadag şäheri barada barýanyny derhal aňlandyrlar. Aňlaýyşlary ýaly-da, her bir ädimi ertekini, arzuwlaryň hasyla durmagyndan dörän gudraty ýatladýan şäheriň täsirlerine dulanandyrlar. Ajaýyp eserler ynsanlaryň kalbyna bir pursat gonak bolan ylham atly ganatly duýgularyň miwesi. Olaryň her biriniň — ajaýyp surat eseriniň, goşgynyň, kyssanyň, aýdymyň, sazyň... döreýşinem gudrata deňäp bolar. Ýok ýerden şeýle ajaýyplygyň döremeginde asman bilen baglanyşygy görmek kyn däl. Dünýäniň çar künjündäki, ady dillerde dessan bolan, asyrlardan-asyrlara ýaşap gelýän gözel binalaryň birini göz öňüne getirip göräýiň. Olary gudratdan başga nämä deňäp bolar?!

Hakyň serpaýy (Hekaýa)

Indi üç günüň içidir, dört atlynyň şol ümzügini öňe tutup, ýol söküp barşydy. Adamlar argyn ýaly görünse-de, bahar pasly bolansoň, göwünleri joşgunlydy. Öňde aňyrsyna-bärsine gözýetmez sähralyk başlandy. Daş-töweregi synladygyňça, synlasyň gelýärdi, gözellikler nepesiňi durlaýardy. Atlylar Beňňiwan diýlip atlandyrylýan beýik depäniň eteginde saklanyp, az-kem dem-dynç alyp, ýene ýola rowana boldular. Magtymgulynyň her düşelgede dünýä, ylym-bilim baradaky çuň pelsepeli söhbetleri, okaýan goşgulary ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly edýärdi. Sähranyň gyzyl köz ýaly gülälekleri pessaý şemalyň badyna ikibaka yranyp: «Bizi synlaň!» diýýän ýalydy. Bu görnüşe kalby joşan iki ýetginjek — Aran bilen Esenaly yz çaljak bahanasy bilen şahyrdan ejaza alyp, öňe okdurylyp gitdiler. Aradan çaý içer salym geçip-geçmänkä-de, yzyna dolanyp geldiler. Atlarynyň yzyndaky bökderilgi horjunlarynyň gäbe görünmeginden, ýigitleriň wagtyhoşlugyndan awlarynyň şowly bolandygyny soraman biläýmelidi. Esli wagtdan Dehistanyň belent minaralary Gün nuruna öwşün atyp göründi. Bu ajaýyp görnüşe kalby joşan Magtymguly özüne mahsus owazy bilen ýuwaşja hiňlenip başlady: Dehistanyň baýrynda Bady-sabany görsem.Bahawetdin, Mirkülal, Zeňňi Babany görsem.

Türk­meniň, dünýäniň buý­san­jy

(Ýazyjy Osman Ödäýewiň Magtymguly barada aýdanlaryndan) Magtymguly — türkmen halkynyň wyždany! Bu asyl-ha ulaltma däl! Magtymguly tutuş Gündogaryň, tutuş eýýamyň wyždanydyr.

Egsilmejek çeşme

Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň altynjy nesli, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşan Ata işan Muhammedi Annagurban ahun, onuň ogullary hem-de Magtymgulynyň ýedinji nesilleri Gara işandyr Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetdeş bolup, beýik akyldaryň ömri-döredijiligine degişli maglumatlary toplamak bize miýesser etdi. Bu işlerimiz häzirki günlerde-de dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Aba işan bize agasy Gara işanyň ömrüniň 35 ýylyny sarp edip, halk arasyndan Magtymguly Pyragy hakda toplan maglumatlarynyň käbirini gürrüň berdi. Halk arasynda ýaşap gelen rowaýat häsiýetli bu maglumatlary Gara işanyň dili bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Pyragy alymyň dünýäsinde

Ata-babalarymyz: «Köp zady bilmek düýpli zady öwrenmekdir» diýýär. Munuň şeýledigini belli alym zenan Gurbanjemal Ylýasowanyň ýakynda «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly kitabynda beýan edilen beýik akyldar hakyndaky ylmy seljermeleriniň çuňňur we hertaraplaýynlygy-da aýdyň subut edýär. Kitapda akademik Baýmuhammet Garryýewiň Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly ýazan ylmy işleriniň esasynda halklaryň milli edebiýatynyň gadymydygy we dowamlydygy, edebi-taryhy şahsyýetleriň bolsa çuňňur ylymly aryflardygy edebiýat nukdaýnazarynyň ykraryýetinde açylyp görkezilýär.

Şygyrlary şekerli Şirazy

Lezzet (Tymsal)

Maňa bu tymsaly çagakam garry atam gürrüň beripdi. Akyldar Pyragynyň öz halypasy saýan ussatlarynyň biri Omar Haýýam Balhda medresede okap ýören döwürleri şeýleräk bir waka bolýar. Onuň diňe bilim bilen meşgul bolup, töwerek-daşyna üns bermän, hemişe bir zatlaryň gözleginde bolup ýörmegi deň-duş talyplarynyň käbirinde göriplik duýgusyny döredipdir. Sebäbi Haýýam beýlekilerden barha öňe saýlanypdyr. Bir günem olar halypalaryna bildirmän, Omar Haýýamyň ýanyna baryp: «Ussadymyz saňa aýratyn tabşyryklar, artykmaç üns berýär, ýogsam şeýle üstünlik gazanmak üçin nämeleri okamalydygyny nireden biljek?» diýip, pikirlerini mälim edipdirler. Omar Haýýam olara jogap bermäge derek, tekjesindäki kitaplara ümläpdir-de: «Alyň, sizem okaberiň şulardan» diýipdir. Oglanlaryň hersi eline bir kitap alyp, Haýýamyň ýanyndan gitselerem, birnäçe günden ýene-de şol gürrüňe dolanýarlar: «Sen bize kitabyň haýsy ýerini okamalydygyny salgy bermediň-ä» diýip, oglanlaryň biri hüňürdeýär. Olaryň halys goýmajagyna gözi ýeten Haýýam ýylgyrýar-da, elindäki kitabyny bir gyra goýup, gürrüňe başlaýar: «Gök öwsüp oturan giň meýdanda sygyr bilen geçi otlap ýörmüşin. Äwmezlik bilen gäwüşäp ýören sygryň gözi geçidemişin. Geçi her bir oty, güljagazy gözlerini süzüp, şe

Medeniýetiň şanyna

Ýene beýik hakykatlar, kök urdy şahyr şygryna: Mertden önen merdananyň çäksiz yşkyna ýugrulan, Halallyk Galkynyş berdi bedew deý ýyndam döwrüme, Toýlar toýlara ulaşýar, şatlyk-şatlyga höwrügip, Her pursady lezzet paýlap, köňüllere, janyňa, Arkadag şäherinde toý, medeniýetiň şanyna. Çekilýän her bir zähmetiň mynasyp miwesi bardyr, Tejribesi badalgadyr, okaýan ylymy nurdur, Köňül içre ýagşy niýet hem ynam-yhlasy bardyr, Medeniýet hepdeligi — 2024-iň Her pursady lezzet paýlap, köňüllere, janyňa, Arkadag şäherinde toý, medeniýetiň şanyna.

Pyragy

Keremli kämil keşdesi, Kalbymda kelam, Pyragy. Reňbe-reň, röwşen rişdesi, Sagadat-senam, Pyragy.