''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Nusgawy edebiýatymyza buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, nusgawy edebiýatymyzyň eserleri okyjylara ýetirilýär. Milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde görülýän nusgawy edebiýatymyz nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde hem şöhratlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi bu günki gün diňe bir halkymyzy däl, eýsem, dünýä okyjylaryny hem gyzyklandyrýar. Şu günler täze çap edilen «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki, guramalarda, edaralarda, medeni ojaklarda geçirilýär. Bu ajaýyp kitapda akyldar şahyryň baý many-mazmunly goşgulary okyjyny has-da gyzyklandyrýar, köňüllere ylham berýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi her bir ynsan üçin gymmatlydyr, ruhy baýlykdyr. Akyldar şahyr goşgularynyň üsti bilen ähli ynsany ýagşylyga, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çagyrýar. Çeper sözüň üsti bilen beýan edilýän her paýhas pelsepe derejesine eýe bolýar. Söz adamyň kalbyna barýan, ynsany dogry ýola ugrukdyrýan gymmatlyk hasaplanýar. Şonuň üçin hem söz ussadynyň goşgy setirleri adam üçin ruhy gymmatlyk bolup hyzmat edýär.

Duş gelen dileg

(Hekaýa) (Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi ru­hy baý­ly­gy­myz­dyr

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz be­ýik ösüş­le­re eýe bol­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi dün­ýä ýaý­mak­da, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mä­ge we ýaş ne­sil­le­re wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­re bes­len­ýän döw­rün­de bi­lim iş­gär­le­ri hem mil­li­li­ge esas­lan­ýan çe­per gym­mat­lyk­la­ry yl­my esas­da öw­re­nip, ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat ed­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze çap­dan çy­kan «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şyp, bu ne­şi­riň gym­mat­ly­gy­ny dü­şün­dir­ýär­ler. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­niň we däp-des­sur­la­ry­nyň gym­mat­ly­gy­ny pel­se­pe­wi pi­kir­ler­de jem­le­ýär. Şo­nuň üçin hem akyl­da­ryň eser­le­ri­ni mil­li me­de­ni­ýet­imi­ziň öze­ni ha­sap­la­ýa­rys, bu pi­kir­le­ri, pa­ra­sat

Pyragy

Şahyryň sesine, sözüne gymmat goýlanda, döwrüň başgaça ýylgyrýan meňzini synlaýaň, oňa guwanýaň, buýsanýaň.Eşretli eýýamyň waspyna, badyna, bagyna sözümem, söhbedimem ejiz gelýär. Diýeniňi kemter görýäň. Aýdymyň, aýdanyň az oňa. Sen derýa ýaly joşguna dolýaň. Durşuň bilen oňa sary akýaň. Gülşenli günlerine bakýaň.Onsoňam, bizi goltugyna gysan döwrem büs-­bütin başgaça bolubam geldi. Bu ösüşleri, özgerişleri synlap durkaň, nädip saýramajak? Günler asuda, parahat akyp dur. Parahat gijeleriň senden goşgy talap edýär. Onuň raýyny ýykasyň gelenok. Seniň özüňem oňa ilgezik ahyryn.Men näme üçindir Magtymguly Pyragynyň döwri bilen öz döwrümizi deňeşdirýän. Olaryň parhyny bilýän, bilibem joşa gelýän.Ony direldip, şu döwrüň gujagyna getiresiň gelýär. Onda ol nähili saýrardy?! Biziň çakymyz bolmazdy, bilbilgöýä öwrülerdi, döwrüň-­döwranyň gadyr­-gymmatyny başgaça bilerdi. Şahyrlaryň arzuwydyr diňe saňa meňzemek,Aýdymyňa,                 aýdyşyňa owazyny deňlemek.Matlabyny,                gatnawyny ünse berip diňlemek,Ýaranymsyň,                ýardamymsyň    &n

Şygryýet bossany

Dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si hal­ka­ra de­rej­esin­de da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän Ma­gtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da bu gu­ra­ma bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy TÜRK­SOÝ-yň 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» di­ýip ka­bul eden ka­ra­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň BMG-niň be­lent mün­be­rin­den Py­ra­gy­nyň «Adam­zat» şyg­ry­nyň bir par­ça­sy­ny äle­me jar et­me­gi pä­him­dar şa­hy­ry­my­zyň dün­ýä­de do­ly yk­rar edil­me­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Bu türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň, hal­ky­m

Şygryýet bossany

Bilmediň(nezire) «Magtymguly diýer, dostum-ýaranym,Kelam haýsy, destan haýsy, bilmedim».                                  Magtymguly Pyragy.

Şygryýet bossany

Magtymguly Sözleriň goşulyp mukama-saza,Aýdymlaň ogşaýar bilbil owaza,Kalplary joşduryp,                                dönderip ýaza,Paýhasly goşgulaň umman Magtymguly!

Şygryýet bossany

Nur Magtymguly Bu dünýäde gadamlaryň rowandyr,Elmydam alnyňda dur Magtymguly.Şygyrlary bakylyga dowamdyr —Hakdan hak halatly — nur Magtymguly.

Şygryýet bossany

Bagtyýar döwürde Mertebeläp Magtymguly danasyn,Belläp üç ýüz ýyllyk şanly senesin,Toý toýlaýas jemläp halklaň hemmesin, Bagtyýar döwürde, ajap eýýamda.

Şygryýet bossany

Her şygry arzyly(akra) Pähimiň, paýhasyň ummany özüň,Älemiň baş egip, uýýany özüň,Her şygryň hikmetli, dürdür her sözüň,Indi dünýä meşhur dogduk Gerkeziň, Manydan doludyr şygryň Pyragy!

Şygryýet bossany

Ynsan göwünleriniň röwşen çyragy(şygyr bossany) Akyldar Pyragy,Beýik Pyragy!Haky gözläp gezdiň ýakyn-yragy,Halkyň görer gözi,Sözlär tili sen,Ynsan göwünlerniň röwşen çyragy.

Medeni mirasymyzyň merjeni

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar barha giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy möhüm taryhy wakalaryň biri boldy. Açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy agzybir halkymyzda ruhy galkynyşy döretdi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ykbaly göterilen türkmen halkynyň bir supranyň başynda jemlenip toýlaýan dabarasynyň şatlygy agzybirligiň, asudalygyň, parahatlygyň nyşany hökmünde ýüreklere mähir paýlaýar. Gündogaryň beýik söz ussadynyň belent ruhuny sarpalaýan bu taryhy wakalar dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar

Sergin maýyň 17-sinde türkmen halkynyň taryhy ykbalyna şanly sahypalar ýazyldy. Şol gün merjen paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda sözlän sözünde: «Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýip belledi. Bu jümlelerde Türkmenistan Watanymyzyň ähli raýatynyň, halkymyzyň ogul-gyzlarynyň gursagynda ýaşaýan hakykat jemlenen. Biz bu hakykata akyldar şahyrymyzyň ýadygärligine we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp görenimizde ýene bir gezek göz ýetirdik. Owalbaşda söz bilen bina bolan älem-jahanyň ähli pähim-paýhasy-da ýene sözde jemlenýär. Özi-de hut adamzat taryhynyň iň beýik akyldarlarynyň sözlerinde jemlenýär. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas älemine eltýän çelgiler bolsa Milli Liderimiziň köňül kelamy bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly

Umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy milletimiziň parasat ummanydyr. Ol türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, edebi gymmatlyklarynyň, şol sanda Garaşsyzlyk, berkararlyk pelsepeleriniň kemala gelmegine ägirt goşant goşan danadyr. Beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet islärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Şu döwletli döwranda akyldar şahyryň hormat-sarpasy hem görlüp-eşidilmedik derejede belentliklere göterilýär.

Duýguly dünýä

SEN MENIŇ ŞÄHRIZADAM Sag-aman ördüňmi?Ýatmadyňmy ýa?!Öten agşam men-ä uklap bilmedim.Gündizki gürrüňleň agdaryp her ýan,Hyýalymda ýene seni diňledim.

Şygryýet bossany

MEN ÝAŞAP BAŞLADYM Men ýaşap başladym, Özüm özümiKabul etdim doly. Kä akylym dury, Kä telbe-däli, Ýönekeý, Imisala, Kä ýel kibi, Kä jala.

Göwünlik (Oýlanma)

Ony her säher gädigiň agzynda otyrka görýän. Töwerekden adam gözleýär gözleri. Öňler okuwçylardyr mugallymlar geçýär diýseň, rugsada çykylaly olaram ýok. Kileň işe barýanlar, käýarym bir sygyrlaryny örä kowup gelýän oglanjyklar görünýär diýmeseň, uly köçe bolsa-da, çolalyk. Obanyň aýallary aýtmyşlaýyn, indi öňküler ýaly pyýada gezip ýörene-de duşaňok. Her kim taksä münýär gidýär geläýýär barjak ýerine. Menem her taksä münjek bolanymda aň edýän oňa. Deňinden geçip barşyma: «Wah, bende...» diýýän-de, gynanýan öz ýanymdan. Birwagtlar toýda-beýlekide gollaryny galgadyp, şadyýanlyk bilen tans ederdi. Bagşa goşulyşyp, kellesini iki ýana ýaýkaýa-ýaýkaýa aýdym aýdardy. Ýyndam ýyllar ol günleriň hem depesinden gum sowrup, ötägidipdir. Şol men diýen dogumly kişiden bolsa nazary adam görse begenip duran bir ejizje ýaşuly ýasap oturyberipdir.

Şygryýet çemeni

SUBUT Gözleň bulut deý buglanar,Buz bolar ýüregiň we soň,Ajy geplerden duzlanar,Geň görer adamlar gülseň.Dymar dünýe, damagyňaAgyr halyny sygdyrar.Basyp inçe damaryňa,Peltäňe gülki damdyrar.Bokurdagyň bogular hemIner gözleriňe ünji.Özüň sabyrly duý, şol demÝeňersiň dymyp ökünji.Kyndyr umytly ýaşamak,Günleriň sudury öçer,Aglama, dolsa-da damak,Gözýaşyň gymmaty gaçar.

Ylham joşguny

MAGTYMGULY PYRAGY Şu güne çen aşylan ýol undulmaz asyllar,Uçrasa-da külpete, türkmen ruhy basylmaz.Bir ägirt kalpda ýaşaýar, geçse-de kän asyrlar,Keşbi siňmiş daglara, şygyrlary çuň many,Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummany.

Beýik akyldara belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň adyny arşa göteren nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar. 17-nji maýyň sergin howaly agşamynda gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde, gojaman Köpetdagyň eteginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy 2024-nji ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp, eziz Diýarymyzda hem-de halkara derejesinde geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamyna öwrüldi. Ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuna örän ýokary baha berýär. Çünki, Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy.