''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Täsin duýgy (durmuş pursaty)

Kän wagtdan bäri obamy küýseýän ýüregim hyýalymy alyslara alyp gaçýar. Çünki ol ýerde iň ýakymly ýatlamalarym galdy. Esasan hem, ýaş oglan wagtlarymyz depedir düzleri aýakýalaňaç ylgap geçen ýerlerim gözlerimiň öňünde. Mal bakmaga gidenimde men mydama goýun sürüsiniň yzyndan ýöremegi gowy görerdim. Sebäbi süriniň aýak yzlaryndan çykýan tozanjygyň düşündirip bolmaýan ýakymly ysy bardy. Megerem, bu ene topragyň mährem ysy bolsa gerek. Ýöne bu ajaýyp ysy duýup, ondan täsin lezzet alýan diňe özümdim. Ulaldygymça inçe duýgurlygym meniň köp zatlardan uly lezzet alyp bilmegime sebäp boldy. Ýyllar geçdi, bileje okan synpdaşlarym toý pişmesi ýaly seçilip gitdiler. Öýden okuw diýip gaýdanyma eýýäm bäş ýyl bolupdyr. Bu ýyl men hem okuwymy tamamlaýardym.

Şygryýet älemi

SENLI GÜNLER Kalbymda duýgular dyňzap,Saçlarym şemal oýnady.Gözlerim bir seni gözläp,Yşkym gursaga sygmady.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas mekdebi

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda beýik şahsyýetler, akyldarlar, şahyrlar kemala geldi. Milli edebiýatymyzyň şygyr hazynasyny hasyl eden, özboluşly milli häsiýetli edebi döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan nusgawy şahyrlarymyz munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Eserleri gaýtalanyp okalýan we her gezek okalanda ruhy lezzet, güýç-kuwwat berýän, ahlak-terbiýe mekdebini döreden akyldarlardan Döwletmämmet Azadyny, Magtymguly Pyragyny, Ýunus Emräni, Garajaoglany, Nurmuhammet Andalyby, Zelilini, Keminäni, Mollanepesi, Mätäjini mysal getirmek bolar. Bu şahsyýetler sözüň ussatlary hökmünde durmuş meselelerine özboluşly garaýyşlary bilen halkymyzyň hakydasynda we kalbynda ýaşap gelýär. Ömrüniň, durmuşynyň halk bilen baglanyşygy, döredijiliginiň milliligi, düşnükliligi, çeperçilik kämilligi bilen türkmeniň danasy Magtymguly Pyragy dünýäde ykrar edilen paýhasly şahyrdyr. Şonuň üçin dünýä halklarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň şöhraty uludyr. Ynsan kalbyna ýagşylyk şuglasyny çaýýan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy asylly ýörelgelerimizde uly orun aldy. Dünýä meşhur, tanymal pähimdaryň adynyň, ömür ýolunyň, döredijiliginiň, ýaşan döwrüniň türkmen edebiýatynda örän köp ýyllardan bäri görnükli orny eýeleýändigi halkymyzy guwan

Nusgawy edebiýatyň altyn hazynasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňişleýin öwrenmäge, halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ady äleme dolan türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy dünýäniň söz medeniýetinde öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň döredijiligi halkymyzyň müňýyllyklardan miras galan genji-hazynasydyr. Nijeme asyrlar geçse-de, dana akyldaryň Watanyňy, il-ýurduňy söýmäge, jebislige, agzybirlige, parahat durmuşa çagyrýan şahyrana setirleri ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy. Beýik söz ussadynyň döredijiliginde adamzat durmuşyna degişli meseleler beýan edilýär. Gozgalýan meseleleriň çözgüdi bolsa, halkymyzyň milli ýörelgelerine we umumadamzat bähbitli pikirlere esaslanýar. Magtymgulynyň nesillere nesihat goýan edebi mirasy halkymyzyň aňyna, durmuşyna we hakydasyna ornaşyp, Garaşsyz döwletimiziň we häzirki zaman türkmen jemgyýetimiziň ruhy sazlaşygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Beýik söz ussadynyň döredijiligi türkmen halky üçin paýhas ummany, ylham çesmesi bolup ýaşaýar. Akyldar dananyň goşgularynyň her bir setirinde halkyň ykbaly, paýhasy bar.

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Adamzat kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gymmatly miras, ruhy hazynadyr. Adamlary ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan akyldaryň şygyrlary tutuş umumadamzat üçin ruhy gymmatlykdyr. Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň ruhy şamçyragy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyz tutuş dünýä derejesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki dag gerişleriniň belentliginde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Magtymguly Pyragynyň bu ýadygärligine halkymyz çäksiz hormat-sylag bilen gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman

Her jümlesi Dünýe malyndan zyýat

Magtymgulynyň şygyrlarynda bedew waspy

Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, şygryýet ummanynyň akyldary Magtymguly Pyragy akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne eserleri bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik söz ussadydyr. Onuň kalp töründen syzylyp çykan şygyrlarda durmuşyň ähli meseleleri, şol sanda bedewleriň waspy hem öz beýanyny tapypdyr. Bedew at mert ýigitleriň syrdaş dosty bolupdyr. Magtymgulynyň ýaşan döwründe bedew durmuş üçin ilkinji zerurlyk hasaplanypdyr. Şahyr eýesine wepaly bedewi saýlap münmegi mert ýigidiň baş maksady hasaplaýar. Ol bedew atyň batyrlyk hem ýyndamlyk tarapynyň zerurlygyny aýdýar. Mert ýigide il-günüň, Watanyň goragynda durmak üçin bedew at gerek. Bedew aty saýlamakda dana akyldar şeýle diýýär:

Zyba guş

Men köp ýyllardan bäri Magtymguly atamyzyň aramgähine zyýarat etmegi göwnümde besleýärdim. Ine, bu gün nesibäm meni şol ýere atardy. Zyýaratgähe adamlar köp ýygnanan ekeni. Özi-de olaryň köpüsi çet ýurtlardan gelen adamlar — dana Magtymgulynyň edebi mirasynyň muşdaklary. Muny olaryň dana akyldar hakynda aýdýan gürrüňleri beýan edip durdy. Ine-de, gürrüňi hindi topragyndan gelen zenan başlady:

Mirkulal baba barada söhbet

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Bady-sabany görsem» atly goşgusynda: «Bahaweddin, Mirkulal, // Zeňňi babany görsem» diýip beýan edýän taryhy şahsyýetleri, onuň döredijiligine, düşünje dünýäsine täsir eden beýik adamlar bolmaly. Magtymguly Pyragynyň durmuş ýol-ýörelgesi, döredijilik dünýäsi örän giň bolup, onuň sopuçylyk bilen baglanyşykly şygyrlary hem köpdür. Sopuçylygyň nagyşbendiçilik taglymatyna uýan, onuň ýörelgelerinden ugur alan Magtymgulynyň döredijiliginiň süňňi, esasy sopuçylyk taglymatyna, ýagny tarykata baglydyr. Tasawwufyň nagyşbendiçilik tarykatyny esaslandyran Muhammet Bahaweddin Nagyşbendiniň ady birnäçe taryhy kitaplarda uly hormat bilen tutulýar. Onuň şahsyýetiniň tarypa we öwgä mätäç däldigi, onuň tarypynyň sözlere sygmajakdygy dogrusynda agzalyp geçilýär. Bahaweddin Nagyşbendi il arasynda Bahaweddin Belagerdan, Bahaweddin pir, diwana Bahaweddin ýaly atlar bilen tanalan bolsa, ulamalardyr öwlüýäleriň arasynda Bahaweddin Muhammet Nagyşbendi, Şeýh Bahaweddin, Hezreti işan, Uly hoja ýaly atlar bilen meşhur bolupdyr. Mawerennahrdan Merkezi Aziýa, ondan soňra-da tutuş yslam dünýäsine ady ýaýran Muhammet Bahaweddin nagyşbendiçilik tarykatynyň gurujysy, şol akymyň şasy hasaplanýan beýik alym bolup, onuň halypasy bolsa Pyragynyň goşgusynda hem beý

Beýnili sütün

Häzirki zaman ylmynyň juda ösendigine garamazdan, syr ýumagyny çöşlemekden ejiz gelýän bir synamyz bar. Ady — beýni. Beýnimiziň juda ýeňillik bilen ýerine ýetirýän işlerini nähili amala aşyrýandygy alymlar üçin juda çylşyrymly mesele. Aslynda, onuň bilinýänje aýratynlyklary hem özümiziň näderejede kämil hem täsin barlykdygymyza akyl ýetirmek üçin ýeterlik. — Geçirilen ylmy barlaglarda, takmynan, 1,5 kilogram agrama barabar bolan beýnimiziň maglumatlary toplap, saklamakda hiç bir çäginiň ýokdugy anyklandy.

Pähimler

* Göz şatlygyň we gussanyň aýnasydyr. * Aýak adamyň tebigy ulagy, ony gurat sakla.

«Magtymguly – söz ummanynyň ägirdi» atly bäsleşige

Her aýdan sözüň mukaddes, kelamyň keramatly,Zehiniň uç-gyraksyzdyr Hakdan içen halatly,Berkarar döwlet islediň bolup sabyr-takatly,Agzybir arzuwlan halkyň ak ýoldadyr ak atly,Adyňy aýdym eýledik aýdyp öwran-öwran bu gün,Dogdy Zeminiň Zöhresi biziň ilde döwran bu gün.

Durmuşyň okuw kitaby

Çeper edebiýat hakyndaky «Durmuşyň okuw kitaby» diýen kesgitleme köplere öňden tanyşdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söz açylanda, edebiýatyň durmuşa täsir edijilik hyzmaty has möhüm derejä göterilýär. Şahyryň «Gul bolgul» atly goşgusynyň mysalynda hem şuňa doly göz ýetirmek mümkin. Goşgynyň birinji bendinde şahyr döwletli we bidöwlet, asyl, bedasyl düşünjeleriniň gapma-garşylygyny beýan edýär. Şunuň özi jemgyýetçilik gatnaşyklary babatda anyk hereketleri ugrukdyrýan kesgitlemedir. Şahyryň döwletlilik hakyndaky pikirleri Milli Liderimiziň eserlerinde täze mazmuna eýe bolýar. Döwletlilik nusga edinilýän ýörelgäni, asyllylyk adamkärçiligi bezeýän sypatlary aňladýar. Şahyryň: Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,Kelhemeç hem «öz oglanym gözel» diýr.Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,Goýun kibi çar tarapa il bolgul —

Çyn-Maçynly ussat bilen gaýybana söhbet

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy! Köpetdagyň eteginde ylhamyňa ylham goşýan ajaýyp mekan. Akyldar şahyryň ýadygärligi bilen birlikde dost-doganlyk halklaryň ýigrimi dört ussadyny özünde jemleýän bu ýerde bolanyňda, üýtgeşik dünýä düşen ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. Döredijilik dünýäsinde öçmejek yz goýan ägirtleriň her biriniň heýkeliniň deňinde aýak çekeniňde, olaryň ömri we döredijiligi barada köp zatlary bilmäge höwes döreýär. Ol ýerde ilkinji gezek bolan mahalym hytaýly şahyr Du Funuň ýadygärligi aýratyn ünsümi çekdi. Ondaky ýazgylary okap, görnükli hytaý şahyrynyň mundan esli asyr öň ýaşap geçendigine göz ýetirdim we döredijilik dünýäsine gaýybana seýran etdim. Gözlegleriň esasynda durmuşa, tebigat gözelliklerine, bedew atlara bagyşlanan ençe şygyrlarynyň üstünden bardym. Ine-de, elimde şahyryň bedew atlara bagyşlanan goşgusy. Olary galamdaş şahyrymyz Ysmaýyl Taganow türkmen diline terjime edipdir. Bu goşgulary okanyňda, göz öňüňde hytaý sähralyklarynda çapyp ýören atlar janlanýar. Beýan etmelerden görşümiz ýaly, ol atlar edil türkmen bedewleri ýaly wepaly, ezber, ýüwrük... Mysal üçin, şahyryň «Ak tulpar» atly goşgusyna ýüzlensek, onda:

Alymlara uýsaň, açylar gözüň...

Beýik nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkyň kalbynyň owazydyr, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy bolsa tapylgysyz hazynasydyr. Söz ussadynyň her bir setiri türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, aýdyň ýoly salgy berýär. Akyldar şahyrymyzyň setirleri nakyla öwrülip, halkyň arasynda giňden ýaýrandyr. Her bir adam dana şahyry işde we durmuşda öz hemaýatçysy hem mugallymy hasaplaýar. Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Akyldar şahyryň edebi mirasy diňe türkmen iliniň däl, umumadamzat kalbynyň gözgüsidir.

Körpelere okap beriň!

ARASSA ÝAZUW SAPAGYNDA Ýazýaryn «Gül»Sözüni.Ýazýaryn «Bal»Sözüni.

Alma agajy (Hekaýa)

Tomus paslynyň yssy günleri bazara giren Gülaýym edil jennete düşen ýaly boldy. Gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişdir miweleriň hoşboý ysyndan ýaňa behiştde gezmeläp ýören ýalydy. Ol biraz dem-dynjyny almak üçin gyra çekilip, gözüňi dokundyrýan täsin gözelligi synlap başlady. Şol wagt satyjynyň: — Öz bagymyzyň almasydyr. Alyberiň arkaýyn. Şekerek almadyr — diýen sözleri gulagyna degdi. Satyjy zenanyň mylaýym sesi Gülaýymy almalaryň ýanyna eltdi. Şekerek almalar welin, hakykatdanam, agzyňy suwjardýardy. Ol bazarlap bolansoň hem satyjy zenanyň: «Öz bagymyzyň almasy» diýen sözleri gulagyndan gitmeýärdi. Bu gysgajyk pursat oňa çagalyk döwründäki alma agajy bilen baglanyşykly ýakymly wakalary göz öňünde janlandyrýardy...

«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň tä­ze sa­ny oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň 2024-nji ýyl­da­ky 5-nji sa­ny oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di. Žur­na­lyň il­kin­ji sa­hy­pa­la­ryn­da 18-nji maý­da bel­le­ni­len Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li paý­la­şy­lan «Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň syn­maz sü­tün­le­ri» at­ly ma­ka­la ýer­leş­di­ri­lip­dir. «Mer­te­be be­lent­li­gi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan çy­kyş bol­sa Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň paý­tag­ty­myz­da bi­na bo­lan ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr.

Täze neşir — köňülleriň paýhasy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 17-nji ma­ýyn­da gö­zel Kö­pet­da­gyň ete­gin­de akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ýa­dy­gär­li­gi hem-de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy. Be­ýik­li­gi 60 met­re deň bo­lan, ýüz­ler­çe ton­na bü­rünç­den bin­ýat bo­lan bu ýa­dy­gär­lik dün­ýä bi­na­gär­li­gin­de söz sun­ga­ty­na, şa­hy­ra ba­gyş­la­nan iň be­ýik bi­na­dyr. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň öz akyl­dar şa­hy­ry­na nä­hi­li be­lent de­re­je­de hor­mat goý­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne bir su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ta­ry­hy Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­ny­lan «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň hem şol ta­ry­hy gün­de oky­jy­la­ra go­wuş­ma­gy has-da çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na eýe­dir.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, şahyr, ýazyjy, dramaturg, žurnalist hem-de jaz aýdym-saz žanrynyň esaslandyryjylarynyň biri Lengston Hýuzyň bolmagy watandaşlarymyzda aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki Lengston Hýuz türkmen halkynyň dosty hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenip, öz eserlerinde gülgüzar ülkämizi, myhmansöýer halkymyzy belentden wasp eden söz ussadydyr. «Güneşiň ak nury ak altynly atyzlarda eglendi». Aýdym bolup dünýä dolan şu goşgy setirleri Lengston Hýuzyň güneşli Diýarymyzda syýahatda bolanda ýazan sözleri. Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna özüniň saldamly goşandyny goşan Lengstonyň keremli topragymyzda bolan döwründen bäri eýýäm bir asyr geçip barýar. Ol 1902-nji ýylyň 1-nji fewralynda Amerikanyň Missuri ştatynyň Joplin şäherinde mekdep mugallymynyň maşgalasynda dünýä inýär. Şahyryň ilkinji halypasy ejesi Koralina Merser Lengstondyr. Mekdep okuwçysyka Hýusyň şygyrlary gazet-žurnallarda çykyp başlaýar. Şoňa görä-de, Hýuz «Synpyň şahyry» lakamy bilen çagalyk ýyllary adygyp başlaýar.