''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Magtymguly etraby

Da­na akyl­da­ryň dog­lan me­ka­ny,Pä­him-paý­has bo­lup aň­da be­kä­ni,Yl­ha­ma duş eder kö­ňül sa­ka­ňy,Gül-gun­ça­ly Mag­tym­gu­ly et­ra­by. Seýl et­seň, gö­rü­ner Py­ra­gyň keş­bi,Te­bi­ga­ty haý­ra­na go­ýar çeş­mi,Hik­met­li söz­le­re örk­le­nen tes­bi,Zer par­ça­ly Mag­tym­gu­ly et­ra­by.

Mag­tym­gu­ly Pyragynyň köňül aýnasy

Goşgyny şahyryň göwün manzarasyndan aýry göz öňüne getirip bolmaýar. Adamyň köňli juda çylşyrymly. Göwün bipeýan giňişlige eýe bolup, ol arzuw-isleglerden püre-pür bolýar. Onda adamyň ähli duýgy-düşünjeleri joş urýar. Şonuň üçin-de, yşk, küýseg, gaýgy, şatlyk, gorky, ýigrenç... ýaly duýgular haýsydyr bir «lybasyny» geýip, daşyna çykýar.

Magtymguly Pyragy

«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy» —Bu söz giden bir many,Köňülleriň çyragy —«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy». Bagşylaryň dilinde,Has-da galýar belende,Bagty gelen ilimde,Arkadagyň şygary —«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy».

«Ençeler gör, kitap okap»

Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2014. Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bilen baglanyşykly mübärek Kararynyň we edebi-ruhy mirasymyzy ösdürmekdäki tagallalarynyň gönüden-göni netijesi bolan bu kitapda ýurdumyzyň dürli ylym we bilim edaralarynda ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlaryň, aspirantlaryň Magtymgulynyň edebi mirasy, pelsepewi garaýyşlary bilen baglanyşykly makalalary ýerleşdirilen. Garaşsyzlyk ýyllary içinde täzeçe garaýyşlar esasynda ýazylan makalalar edebiýat muşdaklary üçin gyzykly we peýdaly bolar diýip umyt edýäris.

«Ençeler gör, kitap okap»

Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. Kitaba türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen we dünýä ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, alymlarynyň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakda aýdan sözlerinden – köňül nagyşlaryndan parçalar girizilen. Magtymguly Pyragynyň bu kitaba ýerleşdirilen pähimleri we öwütleri umumadamzat kalbynyň ynsap ölçegleridir, olar ruhubelent, ynsanperwer, mert, ynsaply, ertirki güne ynamly bolmak çakylygydyr. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilen.

Halkyň ruhy hazynasy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan şahyryň umman ýaly giň many-mazmuna eýe bolan edebi mirasy hakdaky maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasynyň» taýýarlanylýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Sanly we neşir görnüşde taýýarlanýan bu iş «Şahyryň edebi mirasy», «Ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy», «Esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi», «Türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny» diýen ýaly otuza golaý bölümi öz içine alýar.

Magtymguly, öwüt bergin söz bile

Türkmen edebi mirasymyzda öçmejek yz galdyran milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň her bir jümlesi çuňňur mana eýedir. Dana şahyryň kämillige ýetmeginde pederi Döwletmämmet Azadynyň şahsy göreldesi uly täsir edipdir. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki nesil terbiýesi babatda aýdylanlaryň agramly bölegi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde dowam etdirilýär. Ýaş nesli öz döwrüniň nusgalyk şahsyýeti hökmünde kemala getirmekde, dogry ýola gönükdirmekde parasatly şahyryň watançylyk, agzybirlik, dostluk, söýgi, edermenlik, döwletlilik, ahlaklylyk temalaryndaky goşgulary uly ähmiýete eýedir. Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat häsiýetli goşgulary halkymyzyň aýratyn bir görelde mekdebine öwrüldi. Olar halk içinde nakyla öwrülip, häzirki günlere çenli dilden düşürilmän ulanylyp gelinýär. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň nesihatçy şahyrydyr. Muny parasatly şahyryň özi hem ençeme şygyrlarynda beýan edýär:

Körpelere okap beriň!

YNAM Goşulaýsaň ýaryşa,Diňe bir zada ynan.Üstünlige, ýeňişeBolmaly sende ynam.

Müň sowala jogap gözlän

(«Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan) Kitap tekjämden elime ilen kitaby sogurdym. Gözüme has yssy görnüp gitdi. Dagy nä! «Inim Gurbannazara iň oňat arzuwlar bilen Arazbaýdan» diýen ýazgy «Ruh» neşirýatynda 1995-nji ýylda çykarylan «Adat» diýen galyň kitaby açaýan ýeriňe ýazylypdyr. Ortadan uzynrak boýly, agajetden garaýagyz Arazbaý Öräýew göz öňüme gelip gitdi. Saçakly-sarmykly gatnaşmadygam bolsak, meniň oňa bolan hormat-sarpam uludy.

Pyragy we ruhy ahwalatlar

(«Kalbymyň sedasy we Pyragy» atly goşgular toplumyndan) ÖMÜRNAMA

Şygyrlaryň şirin owaz

Essalawmaleýkim Beýik halypa,Ylham dünýäsiniň nurly çyragy.Joşgunly setirleň ýüregme şypa,Beýik şahyr Magtymguly Pyragy. Ataňyzam beýik,                           pirdir ol, belki.«Wagzy Azat» bilen joşdurdy halky.Size hormatlarmy aýdaýyn ilki,Akyldarmyz Magtymguly Pyragy.

Magtymgulynyň alysdaky mertebesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, taryhymyzy, milli mirasymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda ägirt uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkyny dünýä tanadan nusgawy şahyrlarymyzyň nesillere miras galdyran ajaýyp eserlerini bir ýere jemläp, ylmy esasda öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine tanatmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, ata Watanymyz Türkmenistanda we onuň çäklerinde, şol sanda Türkiýe döwletinde-de uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ankaranyň sosial ylymlary uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilendigini bellemek bolar.

Ýollar Arkadaga barýar

Bir damjada deňzi, bir gülde bagy,Bir jümlede tükel döwri görýäris.Gaýtalanýar her gün, gör, näçe gezek:« — Ugur nirä?  — Arkadaga barýarys!». « — Dilegimiz duşup bir sähetli gün,Bu şäherden jaý berildi ogluma.— Tüweleme!                         Bizem çowlukly bolduk, Toý edýärler, şoňa barýas howluga».

Ruhy galkynyşyň goşa ganaty

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde neşire taýýarlamagynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowanyň «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi» atly täze kitaby çapdan çykdy. Adyndan belli bolşy ýaly, kitapda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik ýoly hem-de şu günlerimizde dowam edip gelýän edebi mekdebi hakynda söhbet edilýär. Neşirde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň many goýazylygynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebinden gözbaş alyp, täze bir milli ýörelgäniň başlangyjy bolýandygy, alym Arkadagymyz bilen beýik söz ussadynyň döredijiliginiň arasyndaky özboluşly edebi köpriniň ähmiýeti barada ygtybarly maglumatlaryň esasynda gürrüň berilýär. Magtymgulynyň ynsanperwer garaýyşlary bilen Milli Liderimiziň kitaplarynyň düýp özenindäki garaýyşlar derňelýär.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge we giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň esasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäreleri, ylmy maslahatlar we dabaralar ýokary derejä eýe boldy. Bu babatda birnäçe kanunçylyk namalarynyň hem kabul edilendigini bellemek gerek. Hususan-da, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Kanunlar kabul edildi. Bularyň ählisi beýik akyldara goýulýan belent sarpany we gymmatly eserleriniň uly ähmiýete eýedigini aýdyň beýan edýär. Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň şygyrlary asyrlaryň synagyndan geçip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem gymmatyny ýitirmeýän paýhasly pikirlerini dünýä ýaýýar. Ynsan akyl-paýhasynyň zergäri Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy beýik ata Watanyna, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Häzirki günde bu gymmatly eserler aýratyn many-mazmuna eýedir.

Umumadamzat gymmatlyklaryny wasp eden şahyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz batly gadamlar we mizemez ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şunda nusgawy edebiýatymyzyň, ene dilimiziň ähmiýetini aýratyn belläsimiz gelýär. Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar, temasynyň köpdürlüligi şahyryň eserlerini has-da şöhratlandyrýar. Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatyny dünýä tanatdy. Halypa hökmünde Magtymguly öz döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde has aýdyňlaşýar. Magtymgulyny garagalpak söz ussady Berdak hem halypasy hasaplapdyr. Berdagyň:

Kitap dostdur, asla gama batyrmaz

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy», «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­tap­la­ry geç­miş­den gel­je­ge bar­ýan köp­ri my­sa­ly şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz, şan­ly şu gü­nü­miz, be­ýik gel­je­gi­miz ba­ra­da söh­bet aç­ýar. As­lyn­da, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aý­dyp ge­çi­şi ýa­ly,

En­gam bu gün

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Buý­san, eý türk­me­nim, Hak­dan gel­miş gö­zel en­gam bu gün,

Arzuw

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Kän ahy­ry baş­lan­gy­jy toý­la­ryň,

Döredijilik howasy

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Ynsan balasynyň göýä ählisi deň howadan dem alýan ýaly bolsa-da, her kimiň gursagyna aýratyn howa zerurlyk edýär. Her kim öz isleglerinden gelip çykyp, «daşky gurşawyny» saýlaýar. Şol howadan käte-käte bolsa gursagyňy dolduryp durmasaň durmuşyň manysy kem gelýän ýaly duýulýar...