''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ýokary hilli we ygtybarly önümler

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti şanly baýramy mynasyp sowgatlar bilen garşylaýar Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Bu gün milli öndürijilerimiziň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem göz ýetirip bolýar. 2008-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti döwlet tarapyndan bölünip berlen ýer böleginden we karz serişdelerinden netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýada iň iri senagat toplumlarynyň birini döretmegi başardy. Häzirki wagtda «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik toplumlarynyň 3-sinde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Olaryň birinjisi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän polipropilenden we polietilenden öý hojalygy üçin zerur önümleri öndürýän önümçilik kärhanasydyr. Ikinjisi hem ýene şol ýerde 2017-nji ýylda ulanyşa b

«Rysgal mebel » — rahatlygyňyzyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açyldy. Eziz Diýarymyzda işewürlige we telekeçilige döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde, häzirki wagtda hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň sany günsaýyn artýar. Indi birnäçe ýyl bäri özüniň müşderilerine göwnejaý hyzmat edip gelän «Rysgal mebel» hojalyk jemgyýeti hem bagtyýar raýatlarymyzy dünýä belli mebel öndürijileriň ýokary hilli mebelleri bilen üpjün edip gelýär. Öz işini 2009-njy ýylda başlan «Rysgal mebel» häzirki güne çenli müňlerçe ildeşlerimiziň öýleriniň rahat we göze gelüwli görnüşde bolmagyna mynasyp goşant goşup, halkymyza ýokary hilli we rahat mebelleri hödürleýär. Bu hojalyk jemgyýetiniň müşderiler üçin hödürleýän ýene bir amatly aýratynlyklarynyň biri-de, önümlerini Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip bermek hem-de gurnama hyzmat­laryny ýerine ýetirýänligidir. Şeýle-de bu mebelleriň ähli görnüşlerine bir ýyl kepilnama berilýändigini-de nygtamagymyz zerur. Häzirki wagtda «Rysgal mebel» hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde, şeýle-de Türkmenbaşy, Magdanly, Kerki, Hazar şäherlerinde öz dükanlary bar. Bu bolsa ýurdumyzyň çägindäki ähli raýatlarymyzyň ýokary hi

Döwrebap aýakgaplar öndürilýär

Bazar ykdysady şertlerinde öz işlerini döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýýan we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän önümçilik kärhanasynyň önümleri hil taýdan özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu hususy kärhananyň agzybir işçileri kämil tehnologiýaly enjamlar arkaly dürli ölçegde öndürýän aýakgap önümlerini alyjylara yzygiderli hödürleýärler. Hususy kärhanada önümçilik bölümleriniň sekizisi bolup, olarda, esasan, ýaş hünärmenler zähmet çekýärler. Bu bölümler tutuşlygyna daşary ýurtlaryň aýakgap öndürýän kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilip, olar arkaly ýokary hilli aýakgabyň alty ýüzden gowrak görnüşi öndürilýär. Hususyýetçileriň tagallasy bilen bu kärhanada aýakgabyň üstki bölegini dokamak, onuň petegini taýynlamak we boýamak, nagyşlamak, gaş bezegleri bilen timarlamak, aýakgaplaryň aşaky böleklerini guýmak ýaly işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärhanada lazer şöhleli enjamyň kömegi bilen aýakgap önümlerini bezemek we nagyşlamak işleri hem sazlaşykly ýola goýulýar. Döwrebap öwüşginli aýakgaplary öndürmekde emeli deri, dürli reňkli ýüpler, polýuretan, poliwinilhlorid serişdeleri çig mal hökmünde ulanylýar. Şeýle

Önümçiligiň gerimi giňeýär

Ahal welaýatynyň çäginde hususy pudagyň wekilleriniň alyp barýan işleri barha artýar. Bu gün maşgala suprasyna bereket goşýan, datly önümleriň dürli görnüşini öndürýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meret Meredowa degişli kärhananyň «Datmeni» haryt nyşanly önümleri il arasynda uly islege we meşhurlyga eýedir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý ruhunyň belende göterilýän günlerinde gürrüňi edilýän kärhananyň iş depgini barha ýokarlanýar. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki telekeçileriň Senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşanymyzda, bu hakykata anyk göz ýetirdik. Kärhananyň hünärmeni Maral Kakajanowa bizi işleriň ýola goýluşy we önümçilik depgini barada ýerinde tanyşdyrdy. Onuň gürrüň bermegine görä, iki gektar meýdanda gurlup, 2017-nji ýylda işe girizilen önümçilik kärhanasynda ilkibaşda nahar duzunyň önümçiligi ýola goýulýar. Ýurdumyzda duzuň iri tebigy ýatagy bolan Balkan welaýatyndaky Guwly kölüň tebigy käninden getirilen duz kärhanada ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilýär: kämil tehnologiýalar arkaly ýuwulýar, arassalanýar we guradylýar. Göze gelüwli owadan gaplara gaplanan, ýodlaşdyrylan iýmit duzy, şeýle-de ý

Telekeçiler — ýurdumyzyň daýanjy

Täze okuw ýyly golaýlansoň, bu günler söwda nokatlaryna, bazarlara ýygy-ýygydan barýarys. Çagalarymyza mekdep lybaslaryny, okuw esbaplaryny alyşdyrmaly. Söwda nokatlaryndaky, dükanlardaky tekjeleri dolduryp duran biri-birinden meşhur haryt nyşanly, dürli görnüşdäki önümleri göreniňde, göwnüň göterilýär. Begendirýän ýerem, ol harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilendigidir. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden ykdysadyýetimiziň ösüşine köp babatda bagly bolup durýan telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen, türkmen telekeçileri üçin täze üstünlikli döwür başlandy. Telekeçilik ulgamynda alnyp barylýan işleriň ilerlemegi hem-de onuň hukuk binýadynyň berk bolmagyny şertlendirýän «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky düzülen döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we özüniň oňyn netijesini hem berýär. Ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň wekilleri bu günki gün ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirip, önümçiligiň dürli görnüşlerini işläp taýýarlamakda baý tejribe topladylar. Gahryman Arkadagymyzyň goldawy bilen olar gurluşykda,

Şanly senä mynasyp zähmet üstünlikleri

Agzybirligiň hem jebisligiň, erkinligiň hem mizemez ynamyň kepili bolan milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her güni şanly wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ata Watanymyzyň rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar raýatlarymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilýär.

Üstünligiň açary

Jemleme ýa-da üstünligiň 33 usuly hakynda kelam agyz «7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021.

Telekeçiligi goldamagyň hukuk binýady

Telekeçilige we hususyýetçilige goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar zamanamyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşýan telekeçiler döwlet tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýokary hilli harytlary öndürmäge, azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen netijeli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda telekeçilige berilýän döwlet goldawy ulgamlaýyn häsiýete eýe bolmak bilen, ol hukuk, guramaçylyk, emläk, maliýe, maglumat we beýleki görnüşlerde amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň esasy maksatlarynyň biri-de, telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleri döretmekden we işiň bu görnüşi bilen meşgullanýan taraplaryň kanuny bähbitlerini gorap saklamakdan ybaratdyr. Şu maksatlardan ugur alnyp, Esasy Kanunymyzda telekeçilik we kanun bilen gadagan edilmedik gaýry ykdysady iş bilen meşgullanmak üçin her bir adamyň ukyplaryndan we emläginden erkin peýdalanmagy boýunça hukugy göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, hususy ulgamyň fiziki we ýuridik taraplaryna zähmet işi bilen meşgullanmagy kanunçylyk taýdan kepillendirilýär.

Gül bolup açylan dünýä

Howla ýetýänçäk, günüň argynlygy ýüzümizden hem görnüp durdy. Oňa gadam goýan dessimize bolsa al-elwan reňkli, owadan güllere gözüm düşdi. Läle-reýhan bolup açylan güller gözelligini töwerege paýlap durdy. Göýä, olar tebugatyň ähli ajaýyplygyny özünde jemlän ýalydy. Öý eýesi bizi mähirli garşylap, ýyladyşhanalara tarap alyp gitdi. Hälki gören güllerimize edil «entek bu dagy näme?!» diýlen ýaly boldy. Ine, saňa durşuna gözellik. Bu ýeriň gözelligi öňküden-de owadan. Gülleri görüp, ýadawlygym edil el bilen aýrylan ýaly boldy. Uzyn ýyladyşhananyň içi durşuna owadan güller. Bu ýer edil mähir-muhabbeti, owadanlygy özüne jemlän gözelligiň ajaýyp nusgasy ýalydy.

Firmanyň ady we haryt nyşany barada

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da kämilleşmegi, täze döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Muňa «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýdyň mysaldyr. Bu Kanun telekeçi ýuridik şahslaryna firma atlary berlende bildirilýän talaplary belleýär we olaryň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Kanunda esasy iki düşünjä — firmanyň adyna hem-de haryt nyşanyna orun berilýär.

Naz-nygmata baý ülkede

Ýadyma düşýär, okuwçy wagtymyz tomusky dynç alyş möwsüminde oba — enemlere gezelenje giderdik. Mellekdäki ülje, garaly, saraly, şetdaly, alma baglarynda miweler düzüm-düzümdi. Şol döwürler (geçen asyryň altmyşynjy ýyllary) enem dagy miweleri gaýnadyp, mürepbe, şerbet taýýarlamaýardy diýsemem, hakykata ýakyn bolar. Biz — çagalar baglaryň şahalaryndan ýolup iýenimizi iýerdik, iýmediklerimizi-de, ýere gaçanlaryny-da çöpläp, pagsa jaýyň üçeginde ak kagyzyň ýüzüne serip goýardyk. Arada “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň köpugurly işleri bilen tanşanymda, ine, şol zatlar hakynda oýlandym. Häzirki wagtda baglaryň düzüm-düzüm hasyly bişip ýetişdigi, hyrydarlary häzirdir. Özem öýüňe gelip, köplenç, özleri ýygyp alyp gidýändirler. Nähili gowy! Bu hususy kärhananyň ýerleşýän ýeri bolan Mary welaýatynda miweli baglary we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlar şu babatda asla-da alada edýän däldirler. Olar we başga-da oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara şertnama esasynda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýan hususy kärhana satyn alnan önümleri Mary şäherinde ýerleşýän sowadyjy ammarlar toplumynda uzak möhlet saklamak bilen, indi bäş ýyla golaý wagt bäri ilaty ýylyň ähli paslynda ter miweler we gök-bakja ekinleri bilen üpjün ed

Milli önümleriň sergisi — ýurduň ýüzi

Üstünligiň açary. Otuz üçünji söhbet

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. «SOŇA GOÝMAK» BOLMAÝAR.  Bilşimiz ýaly, taým-menejment wagt baradaky ylym. Bu ylymda ulanylýan ähli usullar wajypdyr we meşhurlygyny ýitirmän saklaýandyr. Bu gezek gürrüňini etjek usulymyz barada aýdanyňda, ondan daşda durmak maslahat berilýär. Bu usul «Soňa goýmak» usulydyr. Bu usul «prokrastinasiýa» diýen iňlis sözi bolup, terjime edilende «ertire, soňa goýmak» manyny berýändir.

Üstünligiň açary. Otuz ikinji söhbet

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. «ABWGD» USULY. «ABWGD» usuly taým-menejmentde ulanylanda, gündelik işleriň wajyplygyny kesgitleýär. Bu usulyň esasy güýji ýönekeýligindedir. Ilkinji gezek «ABWGD» usulyna ýazyjy we şahsy öndürijiligi ýokarlandyrmak boýunça hünärmen Braýan Treýsiniň kitabynda agzalyp geçilýär. Şeýdip, bu usul hem meşhurlyga eýe bolup başlaýar.

Mekdep bazarlary size garaşýar!

Tomus paslynyň özüne mahsus lezzeti bar. Onda-da awgust aýynyň. Talyplardyr mekdep okuwçylary üçin-ä hasam lezzetli hem gyzgalaňly. Sebäbi her kim täze okuw ýyly üçin üýtgeşikden-üýtgeşik okuw esbaplaryny, lybaslaryny almak bilen başagaý. Mekdep bolsun, ýokary okuw mekdebi bolsun, bularyň ikisi-de adamy durmuş ýoluna atarýar. ekdebe ilkinji ädim ädýän çagalaryň okuw esbaplaryny alyp, hut şu ýerden mekdebe gitjek ýaly, öz joşgunyna sygman duruşlaryny görüb-ä, öz kalbyňda hem mekdebe gitmek höwesi oýanýar. Megerem, adam ömrüniň ýatdan çykmajak pursatlarynyň başlangyçlary şeýle ilkinji ädimlerden gözbaş alýan bolsun gerek. Şonuň üçin-de täze okuw ýylynyň hysyrdysy özüne ýetik. Muňa paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlarynyň deňesinden geçeniňde has magat göz ýetirýärsiň.

Möwsümleýin döwrebap we rahat aýakgaplar

Rahat, ýeňil we pasla görä aýakgaplar — alyjylaryň esasy islegi. Her bir adamyň aýagynyň şekili we ölçegi dürlüçe bolýar. Şol sebäpli aýagymyza laýyk köwüş saýlamak saglygymyz üçin hem, ýadamazlygymyz üçin hem zerur hasaplanylýar. Şundan ugur alyp, bu günki gün türkmen telekeçileri oňaýly we rahat aýakgaplary öndürip, ýurdumyzyň hususy pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. RUNO: Eýýäm 22 ýyldan gowrak wagt bäri ýokary hilli aýakgap önümlerini öndürip, halkyň söýgüsini gazanan kärhanalaryň biri-de, «Runo» haryt nyşanly aýakgaplary, guşaklary, ýörite lybaslary öndürýän kärhanadyr.

«Altyn gümmez» internet dükany hyzmatyny hödürleýär

Ýurdumyzda gündelik gerekli harytlaryň islendik görnüşini özünde jemleýän onlaýn dükanlaryň sany günsaýyn artýar. Muňa mysal edip, Mary şäherindäki «Altyn Gümmez» söwda onlaýn marketini görkezmek bolar. Bu onlaýn market özüniň ýeňillikli hyzmatlaryny halk köpçüligine hödürlemek bilen bir hatarda, haryt bahalarynyň elýeterliligi, dessin eltip bermek hyzmaty, tölegleriň nagt hem-de nagt däl görnüşinde amala aşyrylmagy bilen tapawutlanýar.

3-damja: Kärendeçiler onlaýn platformada

Bäherden etrabynyň «Garry Nohur» daýhan birleşiginde «3-Damja» birleşiginiň kärendeçileri 16 ýyldan gowrak bäri bölünip berlen ýerde zähmet çekip, ilaty ekologiýa taýdan arassa we sagdyn önüm bilen üpjün edýärler. Olar hiç hili himiki dökün ulanmazdan, malina, smorodina, çereşnýa, badam, erik we igde ösdürip ýetişdirýärler. «3-Damja» birleşiginiň kärendeçileri öz işinde sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, diňe bir ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrman, eýsem, tejribelerini başga kärendeçiler bilen paýlaşýarlar. Olar 3-damja.com saýty arkaly daýhançylyga täze başlan ildeşlerimize howa şertlerine, topragyň we suwuň häsiýetlerine görä, suwarmagyň usullaryny we ýollaryny kesgitlemäge kömek edýärler, ekinler, seleksiýalar babatynda maslahat berýärler.

Süýt önümçiligi: Saglyk we ýokary hil

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleri yhlasly we öndürijilikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmäge, Diýarymyzda öndürilýän azyk önümleriniň möçberini artdyrmaga öz goşantlaryny goşýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýan türkmen telekeçileri häzirki günlerde öz önümçilikleriniň gerimini has-da giňeldip, önümleriň dürli görnüşlerini halkymyza ýetirýärler. Şunda telekeçiler tarapyndan öndürilýän süýt we süýt önümleriniň öndürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Süýt önümleri ynsan saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. «ŞAWAT» haryt nyşanly süýt we süýt önümlerine bolan isleg barha artýar. Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde ýerleşýän «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümleri welaýatyň hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýär. Daşoguzly telekeçileriň mesge ýagy, gatyk, uýadylan gaýmak, peýnir, aýran, dorag, süzme, ýogurt ýaly ynsan saglygy üçin peýdaly süýt we süýt önümleri ýokary hili hem-de elýeterli bahasy bilen alyjylaryň söýgüli harytlaryna öwrüldi.

Polipropilenden multifilament ýüplükler – ýerli çig maldan eksport ugurly önümler

Häzirki wagtda ýurdumyzda işewürligiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ýerli çig mallardan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümleri öndürýän senagat kärhanalary yzygiderli döredilýär. Şolaryň biri hem polipropilenden multifilament ýüplükleri öndürýän «Abraýly dostlar» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada ýüplükler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan öndürilýär. Bu ýerde Awstriýanyň «SML» kompaniýasynyň iri döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýüplükleri dykyzlykda we uly tizlikde öndürmäge mümkinçilik berýär.