''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Eksport ugurly ýüplükler

Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde öndürilýän 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler dünýä bazarynda uly islege eýedigi we bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, olar Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly döwletlere yzygiderli eksport edilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň yhlas-tagallalary bilen öndürilen ýüplükleriň bir bölegi agzalan ýurtlara eksport edildi. Bu ýerde önümçilik işiniň ýokary derejede alnyp barylmagy guwandyryjy görkezijileri gazanmagyň esasy şertidir. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 59 million 220 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterim ösüş depgininiň üpjün edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Şol döwürde bu kärhanada 3537 tonna golaý ýokary hilli nah ýüplük öndürildi.

Ajaýyp binalary gurup adygan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň 90 göteriminiň ýaşlardygy onuň utuşly taraplarynyň biridir. Çünki ýaşlaryň bar ýerinde güýç bar, gaýrat bar. Olar ýadamagy-ýaltanmagy bilmeýärler. Öwrenmegiň, bilmegiň, gurmagyň, döretmegiň, täze, innowasion usullarda zähmet çekmegiň höwesindäki ýaşlar täzeçe pikirlenip, täze teklipler bilen çykyş edýärler. Saýlap alan hünärine, işine höwesli ýaş össürimleriň häzirki zaman tehnologiýalaryna erk etmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin ähli şertler bar. Gurluşyk-gurnama işlerini alyp barmagy maksat edinen kärhanadaky ýaşlar şol mümkinçiliklerden giňden peýdalanýarlar. Tejribeli telekeçi Berdimyrat Garlyýewiň ýolbaşçylygyndaky gurluşyk kärhanasy paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysyny gurup, ulanmaga berdi. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisi, orta mekdepleriň üçüsi, çagalar bagy, medeniýet öýi, köpugurly hassahanalaryň ikisi, sport desgalary toplumy, Halkara karantin merkezi we çagalar dynç alyş seýilgähi hut şu kärhananyň işgärleriniň yhlasly zähmetiniň miweleri. Binagärlik keşbi bilen owazasy dünýä dolan Arkadag ş

Tomus berekedi — bazar bezegi

Ýylyň ähli paslynda-da adyny tutan zadyň tapdyrýan bereketli türkmen bazarlarynyň tomus paslyndaky bolçulygyny görmäge göz gerek. Şu günler Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Gündogar bazarlaryna mahsus gyzgalaňly söwdasy bilen tapawutlanýan söwda nokatlarynyň alyjysy ýetik. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýylboýy azyk bolçulygynyň üpjün edilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitleýär. Şundan ugur alyp, şu ýyl hem Diýarymyzyň oba hojalykçylary, telekeçileri miweleriň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Olaryň çeken halal zähmeti, döken alyn deri türkmen halkynyň rysgalyna öwrülip, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Alyjylaryň göwni hoşal

Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da hem 2023-2024-nji tä­ze okuw ýy­ly­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Yn­ha, aw­gust aýy­nyň ba­şyn­dan we­la­ýa­tyň äh­li et­rap­dyr şä­her mer­kez­le­rin­de ýö­ri­te mek­dep ba­zar­la­ry iş­läp baş­la­dy. Ma­ry we­la­ýat Aly­jy­lar jem­gy­ýet­le­ri bir­le­şi­gi­ne de­giş­li ba­zar­lar­da, söw­da mer­kez­le­rin­de je­mi 111 ýer­de ýö­ri­te mek­dep ba­zar­la­ry açy­lyp, hal­ka hyz­mat ed­ýär. Mek­dep ba­zar­la­ry­nyň iş­läp baş­lan gü­nün­den bä­ri söw­da-sa­tuw iş­le­ri gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Esa­san hem, Ma­ry we­la­ýat kö­pu­gur­ly söw­da ba­za­ryn­da, Baý­ra­ma­ly, Ma­ry şä­her­le­rin­dä­ki «Ma­ru-şa­hu-ja­han» mer­ke­zi söw­da top­lum­la­ryn­da dö­re­di­len mek­dep ba­zar­la­ryn­da sa­tuw iş­le­ri has-da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Mek­dep ba­zar­la­ry okuw­çy­la­ra ni­ýet­le­nen okuw es­bap­la­ry bi­len do­ly üp­jün edi­lip­dir. Bu ýer­de okuw­çy­lar üçin ýö­ri­te ni­ýet­le­ni­len egin-eşik­le­riň, aýak­gap­la­ryň, okuw­çy tor­ba­la­ry­nyň, ga­lam­dyr dür­li ýa­zuw depderleriniň we su­rat al­bom­la­ry­

«Amantaýyň» hyrydarly önümleri

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler özüniň oňat netijelerini berýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ilata hyzmat ediliş derejesiniň ýokarlanmagy, önümçiligiň giň gerime eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, ýurdumyzda hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümleriň möçberi barha artýar. Olarda diňe bir içerki bazarlarymyza däl, eýsem dünýä bazarlaryna çykarmaga niýetlenen ýokary hilli önümleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Olaryň hatarynda welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Amantaý» hususy kärhanasy hem bar.

Işi rowaç bolar alkyş alanyň

Öz öndürýän önümleri bilen ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýan işewür adamlar, hojalyk jemgyýetleri Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri hem Baýramaly etrabynyň çäginde birnäçe ýyl mundan ozal gurlup, ulanmaga berlen, bu günki gün bolsa halkymyzyň ýumurtga we towuk etine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumydyr. Bir ýylda 8 million ýumurtgany we 1 müň tonna guş etini öndürmäge mümkinçiligi bolan bu toplumda işler döwrebap derejede alnyp barylýar. Ýumurtga berýän towuklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin döredilen mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ýarmasy, mekgejöwen, soýa ýaly iýmleriň ýokumlylygyny has ýokarlandyrmak üçin olaryň düzümini baýlaşdyrýan witaminler ulanylýar. Bu ýerde her aýda ortaça bir million ýumurtganyň öndürilmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Et üçin ösdürilip ýetişdirilýän towuklar baradaky aladalar hem birjik-de ünsden düşürilenok. Kadaly iýmitlendirilmegi we olara gowy garaşyk edilmegi üçin döredilen şertler guş etiniň ýokary hilli hem-de köp mukdarda öndürilmegini üpjün edýär. Işewür adamlaryň işlerini

Bagy-bossanlyk — deňsiz-taýsyz baýlyk

Ata-babalarymyz ene ýere yhlas siňdirip, ondan bereketli hasyl alypdyrlar. Ekerançylygyň inçe syrlaryny özleşdirip, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Bu günki gün hem pederlerimiziň daýhançylyk däpleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär. Şol bossanlygy döretmekde türkmen işewürleri, hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Olar döwlet tarapyndan bölünip berlen meýdanlarda miweli baglary ýetişdirýärler. «Merkez» hojalyk jemgyýeti-de şolaryň biridir. Golaýda bu hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy Rejep Annageldiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Daýhançylyk yhlasly, irginsiz zähmeti talap edýär. Her kim daýhan bolup bilenok. Hakyky daýhan gözi düşenden ýeriň ýagdaýyny bilýär. Gurpsuz bolsa, ony gurplandyrmagyň aladasyny edýär. Şol ýere ýerli döküni köpräk berýär. Hojalygynda ekin dolanyşygyny ýola goýýar. Bu usul öňden bäri ulanylyp gelinýär. Özüm daýhançylygyň inçe syrlaryny kakamdan öwrendim. Ol ömrüni ekerançylyga bagyşlady. Daýhanlar onuň ýanyna ýygy-ýygjam gelip, maslahatyny alardylar.

Hususyýetçiligiň kanunçylyk binýady

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmakda, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň rowaçlygyny gazanmakda hususy pudagyň orny uludyr. Türkmen işewürleriniň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda alyp barýan döredijilikli, netijeli işleri muňa aýdyň subutnamadyr. Munuň özi hususyýetçiligiň köpugurly ösüşi gazanmaga, önümçiligi netijeli dolandyrmaga ukyplydygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hakykatlardan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmekdäki düýpli tutumlary täze taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda hususy pudak berk kanunçylyk resminamalaryna daýanýar. Esasy Kanunymyzda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi, olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi aýratyn bellenilip geçilýär. Şeýle-de Esasy Kanunymyzda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar. Şunuň ýaly konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler

Tebigy tagamly milli önümler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň ter miwelerden, gök-bakja ekinlerinden taýýarlaýan önümleri hil derejesiniň ýokarylygy we tebigy tagamy bilen tapawutlanýar. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinji bolup maýonez öndürip başlady. Soňra önümçiligini giňeldip, konserwirlenen milli önümleri taýýarlamak işlerini ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň söwda dükanlarynyň tekjelerini bezeýän «Nur», «Mylaýym», «Hazyna» haryt nyşanly önümleri müşderilere öňden tanyş bolsa gerek. Telekeçiler ýakynda «Esmo» haryt nyşanly täze önümi hem satuwa goýberdiler. Şeýle haryt nyşanly maýonezdir üwmeçleriň gaýtalanmajak üýtgeşik tagamy bar. Dürli ýaglylykdaky maýonezler, üwmeçler, duzlanan we marinada ýatyrylan gök-bakja önümleri, mürepbedir jemler, ösümlikli spred ýagynyň dürli görnüşleri, gaýtadan işlenen pagta ýagy, kakaoly we hozly desert goýaltmasy ýaly azyk önümleriniň müşderisi ýeterlik.

«Doganlar ýyldyzy » — toý saçaklarynyň bezegi

Ýurdumyzda halkyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar bu günki gün öz miwesini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz agzybir, parahat we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bu ugurda içerki we daşarky bazarlarda ýokary hilli önümleri öndürýän türkmen telekeçileriniň aýratyn orny bardyr. Şolaryň arasynda hem gysga wagtyň içinde özüniň konditer önümleri bilen halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmagy başaran «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasynyň bardyg­yny bellemelidiris. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedowyň esaslandyran «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasy eýýäm birnäçe ýyl bäri ilatymyzy dürli hili konditer we şokolad önümleri bilen üpjün edip gelýär. Şonuň ýaly-da, bu hususy kärhanada «Doganlar ýyldyzy» haryt nyşany bilen dürli gaplarda assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly, huruşsyz süýjüler we başga-da şokoladlaryň 45 görnüşi öndürilýär. Olar ISO we «Halal» halkara ülňülerine doly laýyk gelýär.

«Noş» bolsun!

Tomsuň bereketli günleri azyk senagatynda iş alyp barýan hususy telekeçiler üçin gyzgalaňly zähmetiň gaýnap joşýan jogapkärli döwri. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinden güýç alyp, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň sany gün­saýyn artýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Parasatly zaman» hususy kärhanasydyr. Telekeçi Rüstem Allanazarow tarapyndan esaslandyrylan kärhanada öndürilýän «Noş» haryt nyşanly önümler halkymyza 2012-nji ýyldan bäri hödürlenilip gelinýär. 11 ýyl mundan ozal döredilen «Noş» haryt nyşanly önümleriň görnüşleri ýylsaýyn artýar. Kärhananyň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleri turuwbaşdan diňe bir içerki bazarlarda alyjylaryň kalbynda orun almak bilen çäklenmän, eýsem halkara sergi-ýarmarkalarda-da baýrakdyr sylaglara mynasyp bolup gelýär. Russiýa Federasiýasynda, Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurtlarynda guralan halkara sergi-ýarmarkalarda «Noş» haryt nyşanly önümler altyn medallar we hil derejesiniň ýokarydygyny tassyklaýan diplomlar bilen ençeme gezek sylaglanyldy.

Gözel ymaratlar gurulýar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan binalaryň sany yzygiderli artýar. Bu asylly işe türkmen işewürleri-de mynasyp goşant goşýarlar. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem gün-günden gülläp ösýän Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, şäherçeleridir oba-kentlerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny ýokary depginler bilen alyp barýarlar. «Kerwenli dowamat» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda täze binany ulanyşa berdiler. 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýy gapylaryny giňden açdy. Otaglaryň açaryny alan ýaşaýjylar ýagşy niýetler bilen bosagadan ätläp, toý saçagyny giňden ýazdylar. Otaglarda ähli amatlyklar döredilen. Bu ýaşaýyş jaýy şäheriň binagärlik keşbine özboluşly gözellik berýär. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Toplumyň çägindäki orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş zolaklary, söwda nokatlary, bazar ýaşaýjylaryň hyzmatynda. Ulag-aragatnaşyk hyzmatlary-da kadaly ýola goýlan.

Tä­ze önüm­le­riň ta­ga­my­ny «Ýat­da sak­la» oý­ny oý­nal­dy

«Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly konditer we beýleki önüm­le­ri ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň et we şöh­lat önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ta­gam da­dyp gör­mek çä­re­si Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry, Sa­kar­çä­ge, Baý­ra­ma­ly şä­her­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ryn­da uly tä­sir gal­dyr­dy. Da­dyp gör­len tä­ze ta­gam­la­ryň ady­ny ýat­da sak­lap, göz­le­ri da­ňyl­gy ýag­daý­da ola­ry tä­ze­den da­dyp, ady­ny dog­ry bi­len­le­re kär­ha­na ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

«Ak gar» hu­su­sy kär­ha­na­sy önümleriniň görnüşlerini artdyrýar

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri hem my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak ba­bat­da dö­red­ýän şert-müm­kin­çi­lik­le­ri­niň sa­ýa­syn­da önüm­çi­li­gi­niň ge­ri­mi­ni bar­ha gi­ňeld­ýän «Ak gar» hu­su­sy kär­ha­na­sy öz işin­de tä­ze­çil çe­me­leş­me­ler­den we döw­re­bap ýö­rel­ge­ler­den ugur al­ýar. 2011-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan kär­ha­na gys­ga wag­tyň için­de meş­hur ha­ryt ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Tä­ze dur­muş oba­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky Se­na­gat zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän önüm­çi­lik kär­ha­na­sy Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň döw­re­bap en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Ýyl­lyk önüm­çi­lik kuw­wa­ty 4200 ton­na­dan geç­ýän kär­ha­na­da ýer­li çig mal esa­syn­da dür­li gör­nüş­li gant we süý­ji önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Ga­ty ka­ra­mel, çeý­nel­ýän hu­ruş­ly süý­jü­ler, kon­di­ter önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan ha­myr ga­bart­ma­sy, şe­k

Milli önümlere dünýäde gyzyklanma artýar

Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň alty aýynda gazanylan ösüşleri barada aýratyn durlup geçildi. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 133,3 göterime deň bolsa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiliginde 109,6 göterime barabar boldy. Bu görkezijiler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, netijeli işleri alyp barýan, ýurdumyzyň «altyn gaznasyna» deňelýän telekeçileriňdir işewürleriň işleriniň ileridiginden habar berýär. Biz munuň şeýledigine şu günlerdäki wakalara şaýat bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. 12 — 14-nji iýulda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Food Istanbul Expo — 2023» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem 16-sy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda miwe içgilerini taýýarlamakda, konditer ýaly köpugurly azyk önümçiliginde meşhurlyk gazanan «Parahat», «Täze Aý», alkogolsyz gazlandyrylan içgileri bilen tanalýan «Arçalyk» we «Tükel», miwe suwlaryny ön

Telekeçilik ösüş ýolunda

Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünliklerde, eýelenýän belent sepgitlerde ýurdumyzyň hususy işewürleriniň mynasyp ornunyň bardygyny bellemek buýsançlydyr. Telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmegiň we ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmegiň kepili bolup, ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmagyň möhüm serişdesidir. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde alnyp barylýan işleriň we hususy önüm öndürijilere berilýän goldawyň netijesinde telekeçilik ulgamynyň ösmegine giň mümkinçilik açylýar. Telekeçiler ulgamyň gerimini giňeltmekde döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň hususyýetçileri ykdy-

«Food Istanbul Expo 2023» halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi

«Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşigine Diýarymyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçilikleri barha artýar. Hususy işewürleriň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere, ýarmarkalara we forumlara yzygiderli gatnaşyp, öndürýän ekologiýa taýdan arassa önümlerini we ýerine ýetirýän ýokary hilli hyzmatlaryny tanyşdyrmaklary milli haryt nyşanly önümlerimiziň dünýä bazarlarynda meşhurlygynyň artmagyny şertlendirýär.

ÝAŞLAR TELEKEÇILIGI: INNOWASION YKDYSADY ÖSÜŞLERE BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda hemişe üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we ýaş telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere täzeçillik, döwrebaplyk we innowasion häsiýetli ösüş depgini mahsusdyr. Şu jähetden hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz we senagat pudagy ösüşiň täze basgançagyna — innowasion ösüş tapgyryna gadam basdy. Netijede, ýurdumyzyň çäginde bazar gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, işewürligi guramagyň hem-de önümçiligi ýola goýmagyň häzirki zaman usullary kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen we üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky pa

Bina gurup adyganlar

Ahal ýaýlasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşyklary üstünlikli tamamlandy. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, sebitde deň-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň açylyş dabarasy hem ýokary guramaçylykda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şäheriň birinji tapgyrynda türkmen gurluşykçylarynyň gujur-gaýraty, yhlasly zähmeti bilen dürli maksatly döwrebap desgalaryň 336-sy bina edildi. Täze binalaryň aglabasy ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarydyr. Ak şäherde gurlan 5, 7, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hatary uzap gidýär. Olary buýsanç bilen synlanyňda, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasyndaky taryhy çykyşynda aýdan sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar». Ynha, bu sözleriň hakykat ýüzünde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy! Täze şäherde gurlan zamanabap jaýlardan nesibeli bagtyýar ildeşlerimiziň müňlerçesi bu ýerde jaý toýlaryny toýladylar. Aslynda, öý-ojak edinmek, jaýly bolmak ilkinji zerurlyklaryň biri. Döwrebap ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna şert döredýär. Bu döwletli işlerde ýurdumyzyň hususy pudagynda zähmet çekýän te

Türkmen telekeçileri Stambuldaky halkara foruma gatnaşýar

Şu gün — 12-nji iýulda Türkiýäniň Stambul şäherinde «F Istanbul» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy işe başlady. Oňa dünýäniň 100-e golaý döwletine wekilçilik edýän 1000-den gowrak önüm öndürijiler bilen birlikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 14-si gatnaşýar. Halkara sergi-ýarmarkasy bäş bölümden, ýagny azyk harytlary we içgiler bölümi, konditer önümleriniň, maňyzlaryň we gury iýmişleriň bölümi, köke we şokolad bölümi, azyk senagatynyň goşundylarynyň we gaplarynyň bölümi, söwda enjamlarynyň we dükanlaryň bezegi bölüminden ybaratdyr.