''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Watan hakyndaky müdimi owaz

Durdy bagşynyň «Ak ýüzli Maralym» atly belli aýdymy döreden sazanda-şahyrdygyny köpler bilýändirler. Bu aýdym başdan-aýak çeküwli bolup, hemme bagşa şeýle kyn aýdymlary aýtmak başardyp hem durmaýar. Şony nazarda tutup hem, käbir aýdymlara aýdym-sazdan gowy baş çykarýan adamlar «Bagşy saýlaýan aýdym» diýýärler. Durdy bagşynyň bu goşgusynyň her bendi bäş setirden we on dört bogundan ybaratdyr. Türkmen edebiýatynyň goşgy düzüliş aýratynlygyndan azda-kände habarly adamlar bilýändirler, Magtymguly Pyragynyň enesi ýogalanda ýazan «Kaýda sen?» atly goşgusy hem şol galypda ýazylandyr. Dostmämmet, Durdy şahyr XIX asyr türkmen edebiýatyna, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ondan öňki asyra degişli. Taryhy birleşdirýän uly wakalaryň ähmiýeti bolsa bimöçberdir. Magtymguly Pyragynyň fenomen şahsyýeti barasynda şony aýtmak bolar. Dünýä taryhyna irki ekerançylyk medeniýetini ornaşdyran Änewiň ekerançylygy hem taryha täzelik getiren hadysadyr. Iki sany taryhy ähmiýetli uly hadysa Watanymyzyň şöhratly sahypasydyr, halkymyzyň ebedi hakydasydyr, dünýäniň medeniýet äleminde bolsa lowurdaýan ýyldyzlardyr. Köpetdagyň eteginde dörän gadymy medeniýet, Etrek hem-de Sumbar derýalarynyň boýunda dünýä inen beýik mukaddeslik — bular halkymyzyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir,

Çowdur nagyşlary

Türkmeniň çowdur taýpasyna degişli nagyşlary, esasan, başgaplar bolan tahýalarda, çagalaryň geýýän topbularynda görmek bolýar. «Börük» ýa-da «topby» diýlip atlandyrylýan çagalaryň gulakjynyna «goçbuýnuz» nagşynyň ýarty görnüşi keşdelenip, tolkun (egrem) alaja nagşy bilen aralary bölünip edilýär. Olar, esasan, el işiniň ilme görnüşini ulanypdyrlar. Topbularyň bu görnüşi öň 5 — 9 ýaşyndaky çagalara geýdirilende alaja edilip, düwmejikler dakylypdyr. Häzirki görnüşinde-de şeýle etseň has owadan, göze gelüwli görünýär. Çowdur nagyşlary keşdelenende, töweregine jähek salnanda, esasan, ýaşyl reňkli sapaklar köp ulanylypdyr. Topbynyň maňlaý tarapy 3,5 sm edip çykarylyp, gulaklyklarynyň üçburç görnüşinde alynmagynyň sebäbi çagalaryň gulaklaryny sowukdan goramak üçindir. Topbulara, tahýalara her dürli çowdur nagyşlary, alaja, mekany, guşgözi, okgözi we ş.m nagyşlar tikilipdir. Oguz hanyň agtygy Çowduryň tagmasyna çalym edýän nagyşlara gelin-gyzlaryň beýleki el işlerinde hem duş gelmek bolýar.

Halk pähimleriniň durmuşy ähmiýeti

Halkymyzda pähim-parasada ýugrulan birnäçe nakyllardyr atalar sözleri bar. Olaryň her biriniň aňyrsynda durmuş hakykaty durýar. Ata-babalarymyzyň «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýen halk pähiminde awçylyk bilen durmuş hakykatynyň durandygyny gürrüň berýärler. Halkymyzyň awçylyk bilen bagly döreden birnäçe ýörelgeleri hem durmuşyň ýazylmadyk kanunlary ýaly adata öwrülip gidipdir. Awa çykylanda, islendik haýwany awlanyňda ony kowup awlamak halallyk hasaplanypdyr. Awçynyň öňünden dogry gelen janawara degilmändir. Dogry öňüne çykan haýwany atmak oňlanylmandyr. Şonuň üçin hem «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýlipdir. Bu pähim durmuş hakykaty bilen birlikde, adamlaryň dogruçyllyk häsiýetini ösdürmekde hem ähmiýetli bolupdyr. Halk pähimleriniň şeýle giň many-mazmuny olaryň durmuşy ähmiýetiniň uludygyny aýdyň görkezýär.

Lagly-göwher dakynyp...

Ata-babalarymyz durmuşda her bir zadyň takyk hasabyny yzygiderli ýöredipdirler. Ölçeg birlikleri we olar baradaky anyk maglumatlar durmuşda zerur hasaplanypdyr. Şol maglumatlaryň kömegi bilen islendik zadyň hümmetini, gymmatyny, möçberini, agramyny we beýleki sypatlaryny kesgitläpdirler. Irki zamanlarda pederlerimiziň ulanan dirhem, dinar, apbasy, gyran, tümen... ýaly, pul birliklerini aňladýan teňňeler diňe bir harytlary alyş-çalyş etmekde peýdalanylman, eýsem, gyz-gelinleriň bezeg şaýy görnüşinde-de uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Munuň şeýledigine nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Seýdiniň goşgularyny, hususan-da, Keminäniň:

Ak öýde un eläliň!

Türkmen halky Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eşretli döwrana ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki bagtly ýaşaýşy görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Her günümiz toý, her günümiz baýram! Her bir baýram döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilip gelinýär. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle toýlaryň dabaralary dag aşýar. Toýlarymyzyň, baýramlarymyzyň dabarasy neneň uludan tutulmasyn?! Bu Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halky has eşretli döwranda ýaşatmak üçin edýän taýsyz aladalarynyň netijesi. Toý-baýramlarda bolsa türkmeniň bereketli desterhany giňden ýazylýar. Şol dürli naz-nygmatlaryň arasynda bereketli topragymyzdan bolluk bilen ýygnalan ak bugdaýdan taýýarlanylýan dürli azyk önümleri agdyklyk edýär. Türkmen gallaçylary ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerine eýerip, uly iliň soltany bolan gallanyň bolçulygyny döredýärler.

Türkmen halylarynyň aýratynlygy

Türkmen halk amaly sungaty baý we köpdürlüdir. Olar halydyr haly önümleriniň dürli görnüşlerinden başga-da, keçe nagyşlaryny, bejerme donlary, tahýalary we başgaplary, zergärçilik önümlerini aýal-gyzlaryň bezeg şaýlaryny, at esbaplaryny, keteniden tikilen önümleri we şuňa meňzeşleri öz içine alýar. Olarda halkyň ýaşaýşy we durmuş gurluşy öz beýanyny tapypdyr. Halk amaly sungatynyň dürli görnüşleriniň içinde has baýlaşany we öseni halyçylyk senedidir. Ol irki döwürlerden bäri dünýä meşhur bolmak bilen, şöhratyny häzire çenli saklap gelýär. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köpasyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada ilkinji ýatlamany baryp XIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo galdyryp gidipdir. Ol öz kitabynyň XXI babynda: «Bu ýerde, bilýäňizmi, dünýäde iň nepis we owadan halylar dokalýar, şonuň ýaly-da bijaý gowy, gymmatbaha gyzyl hem başga reňkli matalar dokalýar, başga-da köp zatlar öndürilýär» diýip ýazýar. Eger-de Marko Polonyň döwründe halylar türkmen ilinde nepislik we owadanlyk babatynda şeýle derejä ýeten bolsa, onda haly önümçiliginiň taryhyň has irki döwürlerde kök urandygyny çaklamak kyn däl bolsa gerek. Çünki haly halkyň jümmüşinden çykan ady näbelli ussat zenanlaryň köp nesliniň döredijilik zähmetiniň önümidir.

Şöhratly taryhyň beýany

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan aja­ýyp ýy­ly­my­zyň her bir gü­ni ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra, zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne we uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ed­ýän ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz be­ýik ösüş­le­re eýe bol­ýar. Şol ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy hem eziz ýur­du­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy ruhy şamçyragdyr

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döred

«Depderler içinde bir kitap gördüm...»

Kitap — bilimleriň çeşmesi, akyl-paýhasyň gözbaşy, döredijiligiň badalgasy hasaplanýar. Muňa biz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem göz ýetirip bilýäris. Ussat şahyryň hormat goýan Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri Abdyrahman Jamy hiç wagt garramaýan, hemişe juwan, hemişe ynsan gullugyna wepaly, umumadamzat genji-hazynasy bolan kitap barada şeýle ýazypdyr: Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,

Arminiý Wamberi — Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenen syýahatçy alym

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Arminiý Wamberiniň Magtymguly we onuň edebi mirasyny öwrenmekdäki bitiren hyzmatlary türkmen alymlary tarapyndan hem ykrar edilýär. Hususan-da, türkmen alymy Aly Nuryýewiň belleýşi ýaly, Arminiý Wamberi 1863-nji ýylda Reşit Efendi ady bilen Osman türkmenleriniň derwüşi sypatyna girip, Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana syýahat edende, türkmenleriň ene diline, folkloryna, edebiýatyna degişli köp maglumatlary toplapdyr. Ol Magtymgulynyň 260 sahypalyk golýazmasyny tapypdyr we 1870-nji ýylda «German gündogar jemgyýeti» žurnalynda «Türkmen dili we Magtymgulynyň diwanlary» atly makalasyny çap etdiripdir, diýip Aly Nuryýew ýazýar. Türkmen alymynyň bellemegine görä, Arminiý Wamberi 1879-njy ýylda Leýpsig şäherinde Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyny çap etdirýär hem-de şondan soň Magtymgulynyň goşgulary Ýewropanyň beýleki dillerine terjime edilip başlanýar.

Şahyryň arzuwlan zamanasy

Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleri dünýä üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Çünki beýik akyldar, filosof, Gündogaryň pähim-paýhasyny öňe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr durmuşyň ähli temalary bilen birlikde, Watan we watançylyk duýgularyny has hem täsirli teswirleýär. Söz ussadynyň Watana bolan beýik söýgüsi onuň adyny dünýä edebiýatynda ebedileşdirdi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Dana Pyragynyň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun aldy. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolup durýar.

Milli gymmatlyklar — mertebämiz

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylyna gabat gelmegi milli mirasymyzyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar. Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr» diýlip bellenilýär. Diýmek, medeni mirasymyzy sarpalamak hem-de maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň geljekki nesillere üýtgewsiz ýetirilmegi ugrundaky işlere goşant goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Terbiýe mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda içgin öwrenilýär. Ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetik taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Özüniň ajaýyp döredijiligi bilen dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa türkmen halkynyň milli şahyry, guwanjy, buýsanjy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda nygtaýşy ýaly, ol «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty». Gahryman Arkadagymyz ady äleme dolan ussadyň sözleriniň we pelsepewi pikirleriniň diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna girendigini nygtaýar.

«Görülmedik illerden...»

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Garagalpagystanyň Dörtgül raýonynyň «Sary meý» sowhozynyň Meşikli obasyndan Meret Akgaýew bilen Dörtgülde Genjebaý mollada Magtymgulynyň harpy arapça, dili türkmençe kitabyny görüpdik. Ýaşy birçene baran goja kitaby eline alanynda: «Bismilla» diýip, üç sapar maňlaýyna togap etdi. Molla aga özbekçe, garagalpakça aýdymlaryň köpüsiniň Magtymgulynyň setirlerine sanalýandygyny, nakyl hökmünde-de Pyragynyň goşgy setirleriniň ulanylýandygyny aýtdy. Kitaby soranymyzda, ol: «Kitaby baryň sogaby zor. Kitaby haryň günäsi bar». Biz ony berip bilmeris, çünki edep-ekram, terbiýe, hatda dini meselelerde-de Magtymgula sygynýarys. «Magtymguly sözüm älemdir, // Nesihatym ulus-ile mälimdir» diýdi-de, mahmal daşly kitaby galyň akja ýaglyga dolap, pagsa diwardaky tekjede, çagalaryň elýeterinden ýokarda goýdy. Dilegimiz bitmese-de, ýaşulynyň ýanyndan özümiziň türkmendigimize, Magtymgulynyň kitabynyň eý görlüp saklanylýandygyna buýsanyp çykyp gaýtdyk.

“Berkarar döwlet istärin”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Hut şu jähetden hem häzirki ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň birine öwrüldi. Magtymguly Pyragy - çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir. Şonuň üçin hem bu pähimli sözleriň manysyny ýaş nesillere düşündirmekde bilim işgärleriniň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar.

Guramalar

Türkmen gelin-gyzlarynyň mähir-yhlasyndan döreýän el işleriniň arasynda guramalar hem owadanlygy, hem inçeligi bilen tapawutlanýar. Dürli mata böleklerinden birleşdirilip tikilmegi we umumy sazlaşykly şekiliň, nagşyň döredilmegi guramalaryň esasy aýratynlygy bolup durýar. Halkyň arasynda guramaly eşikler, öý goşlary adamy gözden-dilden goraýar diýlen ynançlar bar. Guramany gurap başlamazdan öňürti dürli şekillerde deň ululykdaky mata bölekleri jemlenilýär. Soňra olary biri-birine gabat geler ýaly edip tikmeli. Guramadan dürli egin-eşikler, düýebaşlyk, kürtekçe, ululy-kiçili torbalar, elbukja, tuty, ýorgandyr ýassykdaşlar, ýandüşekçeler taýýarlanylýar.

Ýagşyny älem arzuwlar

Ümür agany ýatlap... Belli mirasgär alym Ümür Esen hakda uly bir kitap ýazsaňam boljak.

Bäsleşik geçirildi

Şu gün – 10-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de türkmen halkynyň milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Keşdeli dünýämiz, nagyşlaryň nagmasy» atly el işleriniň sergi bäsleşigi geçirildi. Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligine degişli bolan edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli gyz-gelinler türkmeniň keşdeçilik sungatynyň göknükli nusgalaryny, onuň inçe syrlarynyň aýratynlyklaryny, ruhy gymmatlyklaryny, milli nagyşlar we olaryň döreýşi barada rowaýatlary, halk arasynda toplanan maglumatlary, el işlerini ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler.

Ýeňişler ýaraşýan bedewler

Alym Arkadagymyz behişdi bedewleriň taryhy, seýisçilik sungatynyň tejribeleri we olar babatdaky birnäçe ylmy açyşlary özünde jemleýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplaryny giň okyjylar köpçüligine sowgat etdi. Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri barada tolgundyryjy hekaýatlary özünde jemleýän «Gadamy batly bedew» atly eseri bolsa Moskwada geçirilen otuzynjy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň Baş baýragyna mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde behişdi bedewlerimiziň türkmen durmuşyndaky orny, keşbi we waspy ylmy-çeper täzeçillikler bilen beýan edilýär.

Muzeýe öwrülen mekdep

Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasyna baranymda, bu ýerdäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýe aýlanyp görmek mende üýtgeşik täsir galdyrdy. Muzeýiň ýerleşýän binasy geçen asyryň 40-njy ýyllarynda garry atam Berdimuhamet Annaýewiň yhlas-aladasy bilen mekdep hökmünde gurlupdyr. Bu obada ýaşap, zähmet çekip, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk işleri bitiren Berdimuhamet mugallym tä meýletin urşa gidýänçä, bu mekdebe ýolbaşçylyk edipdir. Onuň talabalaýyk enjamlaşdyrylmagy, okuw-usulyýet işiniň kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagalla edipdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlygyň, edermenligiň nusgasyny görkezen Berdimuhamet Annaýew uruşdan sag-aman dolanyp gelip, ýene-de bu mekdepde asylly kärini dowam etdiripdir. Uzak ýyllaryň dowamynda mekdep hökmünde hyzmat eden bu bina 2012-nji ýylda muzeýe öwrülýär. Muzeý taryhy gymmatlyklara baý eken. Garry atamyň iş otagy, şeýle-de gahrymançylykly ömür ýoly bilen baglanyşykly gürrüň berýän maglumatlar, onuň fotosuratlary, ulanan iş esbaplary, maşgala agzalaryna degişli taryhy maglumatlar, beýleki resminamalardyr gymmatlyklar meniň ünsümi çekdi. Şonda garry atamyň: «Dowamat-dowam bolsun! Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen jümleleriniň çuň many-mazmunyna ýene bir