''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Pederlerimiziň watançylyk ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň durnukly ösmegi bilen gazanylýan üstünlikler  Bitaraplyk ýörelgelerimizden ugur alýan, Harby doktrinamyz esasynda giňden ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen geçirilen bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri hem muny aýdyň dabaralandyrdy.

Taryhy şäher — Änew

Türkmen topragy örän gadymy taryhy maglumatlary özünde saklaýan mekandyr. Änew şäheri hem şeýle baý taryhy maglumatlara eýedir. Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki 4-5 müňýyllyklarda dowam eden Jeýtun medeniýetiniň we Änew medeniýetiniň keramiki önümleriniň umumylyklary we aýratynlyklary düýpli öwrenilmegini talap edýär. Türkmen topragynda ilkinji ekerançylyk we maldarçylyk medeniýetleri bolan Jeýtun, onuň yzy bilen bolsa Änew medeniýeti kemala gelipdir, dowam edipdir we gülläp ösüpdir. Neolit zamanynda Jeýtun medeniýetiniň keramiki önümleri inçeden uzyn görnüşinde böleklere bölünip, kesilip alnypdyr. Olary biri-biriniň üstünden ýelmäp, gerek bolan gaby ýasap, soňundan gabyň içi we daşy endiganlanylypdyr. Endiganlanylan gaplary Günüň gyzgynlygyna guradypdyrlar we ýylmapdyrlar. Soňundan, gaplara nagyş çekipdirler. Palçygynyň düzümine bolsa, owradylan saman goşulypdyr. Jeýtun keramikasynyň nagyşlarynyň esasy görnüşlerine tolkun görnüşli çyzyklar, kese we dik çyzyklar, ýaý we gözenek şekilindäki, seýrek ýagdaýda bolsa, üçburçluk şekilindäki nagyşlar degişlidir.

Türkmen halysy — müňýyllyklaryň şaýady

Türkmen halylary elde dokalýan halylaryň arasynda dokalyş aýratynlygy, reňkleriniň solmaýanlygy, nagyşlarynyň sazlaşygy bilen ençeme asyrlardan bäri dünýä halklaryny özüne bendi edip gelýär. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine ylmy işlerdäki maglumatlar, dünýäniň dürli muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleriniň seýrek nagyşlary, taryhçylaryň, syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-barlag işleri geçirilende tapylan halylar we haly keserleridir beýleki maglumatlar doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň dowamynda türkmen haly we haly önümlerinde giňden ulanylýan nagyşlaryň gadymy nusgalary eneolit hem-de bürünç eýýamlaryna degişli ýadygärliklerde has köp tapylypdyr. Türkmen halylaryna we haly önümlerine salynýan nagyşlardyr göllere, olaryň merkezi älem göllerine, gyra nagyşlaryna meňzeş şekilleri Türkmenistanyň günorta sebitiniň arheologik ýadygärliklerinden tapylan küýzeleriň we beýleki keramika önümleriniň ýüzündäki bezeg nagyşlarynda görmek bolýar. Bularyň has gadymylaryny, ýagny miladydan öňki V — III müňýyllyklara degişlilerini häzirki Tejen we Sakarçäge etraplarynyň aralygynda ýerleşýän Göksüýri ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylarda görmek bolýar.

Täsin nagyşly ýadygärlik

At-owazasy äleme ýaýran Seýit Jemaleddin metjidi ak bugdaýyň gadymy mekany hasaplanýan Änew topragynda XV asyrda bina edilipdir. Zehinli suratkeş K.S.Mişiniň «Metjidiň içki görnüşi» (1900ý.), «Änew metjidi» (1902ý.), şeýle hem meşhur ermeni suratkeşi M.S.Sarianyň «Änew» (1934ý.) atly nakgaşlyk eserlerinde bu ýadygärligiň pajygaly ýertitremesinden öňki sudury şekillendirilipdir.

Dal bedewleriň waspy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Gyz gylykly owadan bedewlerimiz diňe ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem, gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňa gozgalaň salyp, buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär, öçmejek yz goýýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda bedew atlarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2010-njy ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Assosiasiýanyň esasy wezipesi ajaýyp tohum atlary köpeltmäge we kämilleşdirmäge ýardam etmekden, bütin dünýädäki ahalteke atlaryny ýetişdirýänleriň bir gurama birleşmeklerini üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan baý maddy we ruhy mirasy bar. Türkmen bedewleri hem halkymyzyň milli baýlygy, guwanjy bolup durýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaplaryndaky halkymyzyň guwanjyna öwrülen gözelligiň, çeýeligiň, ýyndamlygyň nusgasy bolan bedew atlarymyzyň şanyna aýdylýan parasatly sözlerini okanyňda hem duýmak bolýar. Türkmen halkynyň ata-baba bedew ata goýýan sylag-sarpasy, bedewiň durmuşda tutýan orny, olaryň gadyr-gymmaty barada nakyllardyr atalar sözlerin

Meşhurlyga eýe bolan türkmen halylary

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň çeken bir suraty ünsümizi özüne çekýär. Ol surat halyçy Ýazbibi Ahmedowanyň portretidir. Ýazbibi Ahmedowa XX asyryň başlarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda halyçylar maşgalasynda dünýä inipdir. Ol «Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez» diýilýän halyçy bolup ýetişipdir. «Zehin zehine ýol açýar» diýlişi ýaly, halyçy zenan dürli el hünärinden baş çykarýan aýal dogany Enejanyň 1937-nji ýylda dünýä inen gyzy Jöwza Şahberdiýewanyň hem ussat halyçy bolup ýetişmeginde-de uly tagalla edipdir.

Taýsyz gözelligiň nusgasy

Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenip geçildi. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli gözel paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň senenamasynda aýratyn orun alan bu wakalar türkmen halyçylarynyň gazanýan üstünliklerini, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezdi. Şeýle hem, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen, halkymyzyň iň gadymy sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan ussat halyçylaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Halyçylyk türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Bu sungatyň dury gözbaşy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar. Çünki ol halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyna gadym döwürlerde kök uran sungat. Munuň şeýledigini Altaýyň Pazyryk depe diýen ýerindäki gadymy mazarlykdan türkmen halysynyň haýran galdyryjy nusgasynyň tapylandygy hem subut edýär.

Haly — halkymyzyň hazynasy

Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýulmagyň nyşany hökmünde her ýylda bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Şu jähetden, 26-njy maýda paýtagtymyzda bu baýram mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we köp sanly beýleki adamlar gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Ajaýyp sungatyň belent sarpasy

Türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň naýbaşysy bolan türkmen halylary özüniň gaýtalanmajak owadanlygy bilen dünýäni haýrana goýup gelýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bu ajaýyp sungatyň we şeýle gözelligi döredijileriň sarpasy belent tutulýar. Munuň şeýledigine Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi. Şeýle dabaralaryň biri etrabymyzyň Sakar şäheriniň medeniýet öýünde geçirildi. «Çitimiňde gül Diýaryň keşbi bar» diýen at bilen geçirilen çärä elleri hünärli gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Turuwbaşdan aýdym-sazyň şirin owazyna beslenen çärede ene-mamalarymyzyň halyçylyk senedini üstünlikli dowam etdirýän zenanlar çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy gorap saklamak, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Halyçylyk sungaty bolsa halkymyzyň gözellik nusgasy hökmünde dünýäde meşhur bolýar. Çäräniň dowamynda halyçylyk sungaty, onuň täsin gölleri hakynda giňden durlup geçildi we çärä gatnaşyjylara owadan haly we haly önümleri görkezildi. Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdymlarda we

Daraklaryň owazy – ýürekleriň owazy

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda halkymyzyň ruhy gymmatlygy bolan gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmäge goşýan uly goşantlary üçin ýakynda dünýä meşhur halylary dokaýan eli çeper halyçylarymyzyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Olaryň arasynda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylarynyň 5-si bar. Belent adyň berilmegi mynasybetli ussat halyçylaryň ýürek şatlyklaryny we buýsançlaryny size ýetirýäris.

Türkmen halysynyň baýramy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ha­ly — türk­me­niň ha­ly-ah­wa­ly, dur­mu­şy, geç­mi­şi, şu gü­ni, ba­har-ýa­zyň owa­dan keş­bi­ne bes­le­nen aja­ýyp ýaý­la­la­ry, dag­la­ry, urp-ada­ty, kalp gö­zel­li­gi. Ol ze­nan­la­ry­my­zyň köň­lü­niň hem aňy­nyň iň bir aja­ýyp önü­mi. Ha­ly­la­ryň gö­zel­li­gi, gym­ma­ty, mu­kad­des­li­gi, gi­ňiş äle­mi özün­de be­ýan ed­ýän­li­gi ha­kyn­da Gahryman Ar­ka­dagymyz «Ar­şyň ne­pis­li­gi» at­ly ki­ta­byn­da şeý­le be­ýan ed­ýär: «Türk­men ha­ly­sy mad­dy hem ru­hy baý­ly­gyň hiç üýt­gew­siz çeş­me­si de­ýin, yn­sa­nyň ün­sü­ni he­mi­şe özü­ne çek­ýär. Çün­ki ol gaý­ta­lap-gaý­ta­lap, sün­nä­li­gi­niň, gö­zel­li­gi­niň aňyr­sy­na çy­kyp bol­ma­ýan um­ma­syz gi­ňiş­lik äle­mi». Mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­tyn­da türk­men hal­ky­nyň mak­sa­da ok­gun­ly­lyk, ru­hu­be­lent­lik ýa­ly hä­si­ýet­le­ri jem­len­ýär.

Şöhraty äleme dolan gözellik

Halkymyzda haly sungaty bilen bagly «Haly düşek törde ýagşy», «Ýigide maly döwlet getirer, gelin-gyza—haly», «Dokmaly öý—dok öý», «Öý bezegi haly, gyz bezegi näzi» diýen ýaly onlarça pähimler bar.  Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinde bolsa, bu gadymy we müdimi sungatyň döreýiş taryhy, dokalyş aýratynlygy, nusgalary, gölleri, reňkleri barada gymmatly maglumatlar aýdylýar.

Halkymyzyň genji-hazynasy

Halyçylyk — türkmeniň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Köp asyrlaryň dowamynda halkymyz haly we haly önümlerini elde dokamagyň tehnologiýasyny we onuň çeperçilik aýratynlygyny kämil görnüşde biziň günlerimize ýetiripdir. Onuň hiç bir halkyňka meňzemeýän, çeperçilik taýdan düýpgöter tapawutlanmagynyň özi türkmenleriň halyçylyk senedi bilen has gadymy döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini görkezýär. Milli halyçylyk sungaty ýurduň durmuş-ykdysady ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup, ilatyň medeni özboluşlylygynyň görkezijileriniň biridir. Türkmen halysy öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny biziň günlerimize çenli ýetirip, häzirki günde hem şöhlelendirýär.

Älem sazlaşygynyň nepis nusgasy

Türkmeniň halyçylyk sungaty gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol halkymyzyň gelip çykyşy, ösüş taryhy we ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşykly öwüşginleri özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden, ýadawsyz zähmetinden kemala gelen nepis halylarymyz bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Halyçylyk sungaty halkymyzyň dünýägaraýşyny, geçmiş taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny we nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwyny özünde jemleýär. Sünnälik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Ol türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar ajaýyplyga gyzyklanmalary äşgär edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Türkmen halysynyň milli muzeýinde gadymy hem häzirki zaman halylarynyň mynasyp orun almagy daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylary, jahankeşdeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylaryny öwrenen rus alymy S.Dudin nepis milli sungatymyzyň ajaýyp nusgalarynyň jahanda iň gadymy haly eserleri bolup durýandygyny bellemek bilen, olaryň meşhur pars halylaryndan has

Göllerinde Gün dogar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň taryhyna zynat berýän milli gymmatlyklarymyz mukaddeslik derejesinde sarpalanýar. Türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen, gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungatymyz hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli sungatymyzdyr. Haly — halkymyzyň milli buýsanjy. Ol iňňän çeperçilik we ussatlyk bilen döredilýär. Haly ata-babalarymyzyň ruhy ahwalyndan, belent ylmy aň-düşünjesinden, pelsepewi garaýyşlaryndan kemala gelen gymmatly mirasymyzdyr. Halylar öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen bilelikde halkymyzyň taryhyny dünýä ýaýýan sungatdyr. Şol sebäpli hem ýurdumyzyň ähli künjeginde halyçylyk sungatyna aýratyn üns berilýär.

Zer gadyryny zergär biler

Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyza aýawly garamak, senetçiligi ösdürmek we ýaşlara öwretmek hakynda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde beýleki ugurlar bilen birlikde zergärçilik hem ösüşlere eýe bolýar. Ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamyndan döreden gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek we bu kesbe ýaşlary giňden çekmek maksady bilen ýerlerde anyk işleri alyp barýarys. Şonda zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň iş tejribelerini ýaýradýarys. Inçe senedi özüniň ykbal işine öwrenleriň biri-de Ogulnur Öräýewadyr. Etrabymyzyň Hojainebeg geňeşliginiň Täze ýol obasynda ýaşaýan bu zenan indi köp ýyldan bäri zergärçilik bilen meşgullanýar. Ol öz kärini çagalaryna we obanyň beýleki ýaşlaryna yhlas bilen öwredýär. Biz hem inçe senede gulluk edýän şeýle adamlary giňden goldaýarys. Şonuň netijesinde senetçilik ýoluny ýöredýänleriň sany barha artýar.

«Magtymguly» diýip, adym tutsalar»

Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasy, däp-dessurlary, taryhy we edebiýaty bilmek watansöýüjilik, ýurduňa we halkyňa wepalylyk ýaly mukaddes duýgularyň kemala gelmeginiň esasy çeşmesi bolup durýar. Türkmen halkynyň şahyrana edebiýatyny Magtymgulusyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz mülküniň şasy hasaplanylýan Magtymgulynyň döredijiligi halkymyzda terbiýe mekdebi, akyl-paýhas terezisi hasaplanylýar. Üstünden ençe asyrlaryň geçendigine garamazdan, çyn göwheriň has ýiti lowurdaýşy ýaly, akyldaryň şygyrlary biziň günlerimizde-de gymmatyny ýitirmän, paýhas dürlerini seçmegini dowam edýär. Şol dürdäne eserleriň geljekde-de ähmiýetini ýitirmejekdigine şübhe ýokdur. Ykbaly çylşyrymly döwre gabat gelendigi bilen baglanyşykly Pyragynyň şygyrlarynda biziň häzirki döwürde eýe bolan asudalyk, erkinlik, döwletlilik ýaly bahasyz baýlyklarymyzyň gadyr-gymmaty has ýiti duýulýar. Ol türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmeginde ägirt uly goşant goşan danadyr. «Türkmen ilim, eý adamzat!//Azat il, güzer gözlär men» diýen setirler şahyryň öz iliniň erkana ýaşaýşyny arzuwlandyg

Hyýalyny Hindistana baglan Pyragy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýagşylygy ündeýän taglymatlary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk we dostluk barada ajaýyp şygarlar bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 17-nji maýda açylyp ulanmaga berlen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy muny aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowamat-dowama besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: «Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr».

Milletiň milli mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürýän, äleme meşhur halylary dokaýan halyçylarymyza döwletimiz tarapyndan uly hormat goýulýar. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk günlerinde halyçylyk sungatymyzyň baý öwüşginleriniň çuň manysyny açýan halkara maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegi, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna hormatly atlaryň dakylyp, döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi.

Pyragyly golýazmalar

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli gymmatlyklarymyz baradaky aladalarynyň netijesinde dünýäniň belli-belli medeni ojaklaryndan ylym, edebiýat ägirtleriniň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň eserlerini agtaryp tapmak işlerine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasyndan we maglumat merkezinden Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Meşrebiň, Misginiň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgularyny öz içine alýan golýazmanyň tapylmagy ruhy gymmatlyklarymyzyň entek-entekler tapyljakdygy baradaky pikiri döredýär. Neşirýat, çaphana bolmasa-da, Magtymgulynyň şygyrlarynyň asyrlaryň içinden geçip gelmegi üçin belli-belli şahsyýetleriň siňdiren yhlasy ýatlanylmaga mynasypdyr. XIX asyrda Magtymgulynyň kitaplary Daşkentde, Kazanda, Buharada, Samarkantda, Bakuwda neşir edilipdir. Olaryň arasynda XIX asyryň başynda Magtymgulynyň 200-den gowrak goşguly golýazmasyny Başgyrdystana, türkolog Ahmet Zaki Welidä iberen asly kokantly Aşyraly Zahyrow hem bar. Orenburgda çap edilýän “Şura” žurnalynyň 1913-nji ýyldaky birnäçe sanynda A.Z.Welidiniň A.Zahyrowyň iberen golýazmasyna we Magtymgulynyň 1912-nji ýylda Abdyrahman Nyýazy tarapyndan Astrahanda neşir edilen kitaby hakdaky makalasy çap edilýär. Nyýazynyň