''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Magtymguly Pyragynyň çuňňur pelsepä ýugrulan şygryýet mirasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny

Milli mirasymyzyň hukuk binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli medeniýetimizi, mirasymyzy goramak, aýap saklamak we ony geljekki nesillerimize ýetirmek ýaly asylly işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, ýaýratmak, halkara derejesine çykarmak üçin ýerine ýetirilen işler halkymyzy guwandyrýar. Türkmeniň milli mirasy taryhyň ähli döwürlerinde  bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem halklaryň birek-birek bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, kalplara ynam, köňüllere ylham çaýýan şamçyragdyr.

Pyragynyň şygyrlarynda söz suratkeşligi

Şygryýet äleminde pikir, çeperçilik we duýgudan başga söz suratkeşligi diýen usul hem bar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem şygyr düzülişiniň bu usulyny goşguda ulanypdyr. Muňa biz onuň ähli goşgularynda diýen ýaly duşýarys. Ussat tebigy meňzetmeleri sözüň tebigatyndan alyp, okyjynyň ýüregine we heňňamlara öwrüp ýazypdyr. «Sözi Hak agzyma salar» diýen ussadyň diline gelip duran bu meňzetmeleri şygry bezemek üçin däl-de, manynyň pelsepesini çuňlaşdyrmak üçin kemala gelipdir. Mysal üçin:

Ýargyjak

Degirmeniň bugdaýy, arpany, daryny, jöweni üwäp, un öndürmekde ulanylandygyny, juwazyň däneli ekinlerden ýag almakda ulanylandygyny bilýäris. Degirmenlere, juwazlara biziň mirashanalarymyzda duşmak mümkin. Ýöne däneli ekinleriň arasynda şalyny gaýtadan işläp, tüwi we tüwi ýarmasyny almak üçin geçmişde, esasan,  soky, depme, ýargyjak ýaly gurallar ulanylypdyr. Olaryň içinde soky iň ýönekeýi bolup, depmeler gurluş taýdan çylşyrymlyrak bolupdyr. Özem adyndan belli bolşy ýaly, aýak bilen depilip işledilipdir. Şalyny gaýtadan işlemekde has giň ýaýran gurallaryň biri ýargyjaklar bolupdyr. Ýargyjak hakynda «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde»: «Şalynyň gabygyny arassalamak üçin daşdan edilen gural» diýlip, düşündiriş berilýär. Soňam «Görogly» şadessanyndan Hüňkär şanyň berýän zulumy dogrusynda aýdylýan «Hyzmatkär çorularymyz ýargyjagyny gatyrak darta bilmeýärdiler» diýen sözlem mysal getirilýär.

Ýylyň şygary — köňülleriň çyragy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Hökümet agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň belli sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Çäre bilen ugurdaşlykda Mukamlar köşgüniň eýwanynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň, Milli Liderimiziň eserleriniň, şeýle-de halkymyzyň şekillendiriş, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi-de guralyp, ol maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Kesbi nesillere ýörelge

Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri senetçiligiň, hünärmentçiligiň ösmegine mynasyp goşant goşupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda senetçiligiň döwrebap öwüşginler bilen baýlaşmagy we dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde geçiren «Asyrlara görelde — nesillere ýörelge» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Hojambaz etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Haltäç Rahymow agaç ussaçylygy boýunça ýeňiji boldy. Ol birnäçe ýyldan bäri halkymyzyň milli senetçilik däplerini dowam edip, ussaçylyk bilen meşgullanyp gelýär. Onuň ýasaýan agaç önümleriniň arasynda at eýerleri we agaç okaralar aýratyn orny tutýar. Ol 1996-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tamamlap, orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlaýar. Işiniň gapdalyndan özüniň ýaşlykdan öwrenen ussaçylyk kärini dowam edýär.

Parasatly pikirler

Durmuş sahna oýny kibidir: onda esasy zat oýnuň näçe wagtlap dowam edýändiginde däl-de, oýnuň nähili oýnalýandygyndadyr. ***

«Adym geçer ilden-ile, nagyş ederler dilden-dile»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip bellemek bilen, dana şahyrymyzyň döredijiliginiň uç-gyraksyz ummandygyny we onuň çuňňur öwrenilýändigini nygtaýar. Magtymguly Pyragy — özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir.

Alajalar nagyş hökmünde

Alajalar, alaja görnüşli ýüpler türkmen halkynyň durmuşyna mäkäm ornaşan milli gymmatlyklar bolup durýar. Halkymyz alajalary uzak geçmişden başlap, häzirki güne çenli diňe bir gözden-dilden goraýjy serişde hökmünde däl, eýsem nagyş, bezeg hökmünde hem ulanypdyr. Çaganyň gundag bagy, sallançak bagy, gelin-gyzlaryň bukjasynyň bagy alajadan bolupdyr. Olara uk bag, tüýnük bag, serpik bag, üzük bag, durluk bag degişlidir. Alajadan edilen baglar ak öýlere özboluşly gelşik beripdir. Ak öýleriň torbalarynyň gyralaryna hem nagyş hökmünde alajalardan baglar tutulypdyr. Gelin-gyzlaryň el işlerinde, haly-palaslarda alaja şekilindäki nagyşlar köp ulanylýar. Gelin-gyzlar alaja nagşyny erkek adamlara niýetlenen tahýalara, guşaklara, çaýhaltalara, elýaglyklara has köp salypdyrlar.

Sandyk

Umumadamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän «Görogly» şadessanynda: Eý ýaranlar halaýyklar,Gyzlar göteriň sandygy.Aga-ini, dosty-ýarlar,Gyzlar göteriň sandygy —

Söz manysy

Hüýt Halkymyzyň arasynda eždatlarymyzdan gaýdýan «Hüýt ýaman gelse — ýut, ýagşy gelse — gut, çelek-çelek süýt» diýen aýtgy bar. Bu ýerde ýut — gadymy türkmen dilinde mal gyrgynçylygyny, gut — berekedi aňladypdyr. Biz «hüýt» sözi bilen gyzyklananymyzda duş gelen täsin maglumatlarymyzy okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi – dil hazynasynyň göwheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa, hemişe geljek üçin mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar” diýip parasatly belläp geçmeginden ugur alyp ýurdumyzda gadymy eserler alymlarymyza ene dilimiziň geçmiş taryhyny, onda ýüze çykan özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmekde, çeperçilik taýdan ýokary hilli eserler döretmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Göz

Röwşen geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň Täze — 2024-nji ýylyň bosagasynda halkymyza sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby türkmen ýaşlary üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma bolar. Bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrülen bu eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda türkmen ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, bilimde, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, telekeçilikde uly üstünlikleri gazanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen gadam basdylar. Gazanylan uly üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň özeninde bolsa ýaş nesliň terbiýesiniň esasy orunda durýandygyny durmuş hakykaty subut edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda belleýşi ýaly, «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär». Perzent terbiýesinde il ogly bolmagy başarmak, iliň biri bolmak, zähmetiň, başarnygyň bilen il içinde tanalmak belent mertebedir. Döwrümiziň bagtyýar ýaşlary kämil ylym-bilim alyp, hakyky hünär eýeleri, öz işiniň ussatlary bolup ýetişýärler. Olar täze, innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp, Garaşsyz,

Menzilli ýollara nur saçýan kitap

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň giň okyjylar köpçüligine gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi ulus-ilimiz üçin gymmatly sowgat boldy. Agzybir halkymyzyň ruhy dünýäsini deňsiz-taýsyz buýsanja beslän bu kitap Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan ilkinji kitap bolmak bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten uly sepgitleriniň we üstünlikleriniň jemine bagyşlanýar. Şeýle hem bu kitap hormatly Prezidentimiziň parasatly pikir-garaýyşlaryny, dürli pudaklarda işleýän, döredýän, gurýan, ylym-bilim ojaklarynda okaýan, hünär öwrenýän ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýan saldamly öwütleri özünde jemleýär. Bu barada bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz: «Men bu kitabymda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan beýik işler, olara ýaşlarymyzyň gatnaşygy, şeýle hem geçilen ýollar, toplanan tejribeler hem-de ýerlikli hasaplan maglumatlarymyň, esasanam, halkymyz, Watanymyz baradaky pikir-garaýyşlarymyň käbirlerini siziň bilen paýlaşmagy müwessa bildim» diýip ýazýar. Bu dürdäne sözler täze kitabyň çuňňur many-mazmunly, uly terbiýeçilik ähmiýetli, okyjylaryň ýürek töründen orun alyp, ýankitabyna öwrüljek eserdiginden habar berýär. Ýeri gelende, «Sowgadyň gowusy — kitap» diýen h

El işlerinde balykçylygyň beýany

Dünýä halklarynyň arasynda türkmenler öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen has-da tapawutlanýar. Türkmen halylary, şaý-sepleri, milli egin-eşikleri gaýtalanmaýan sungat eserleridir. Olaryň esasy aýratynlygyny alamatlandyrýan zat hem nepis nagyşlardyr. Şol nagyşlaryň özeninde bolsa janly tebigat beýan edilendir. Nagyşlara diňe bir ýaşaýan ýeriniň täsin tebigaty däl-de, eýsem, ilatyň meşgullanýan kesp-kärleri hem täsirini ýetiripdir. Ýurdumyzyň günbatarynda ýaşaýan kenarýaka türkmenleriniň keşde nagyşlary şekilleriniň özboluşlylygy, reňkiniň goýulygy bilen tapawutlanýar. Kenarýaka ilatyň döreden haly gölleriniň, milli lybaslarynyň nagyşlarynda olaryň suw ýakasyndaky mesgeniniň, esasy kesbi bolan balykçylyk käriniň, suw ulagy gaýykdyr gäminiň, aw gurallarynyň, bereketli deňziň, suwdaky guba-gazlaryň sudurlary ýerleşdirilendir. Balyk tutmaklykda esasy gurallar bolan «gadalga», «gaňrak», şeýle hem gämini açyk suwda saklaýan enjam «labyr» bilen baglanyşykly «gaňrakly göl», «gaňyrçak», «gaňyrçakly älem», «labyr» ýaly nagyşlar döräpdir. Halylara salynýan «dyrnak», «dyrnakgöl», «gabsagöl» nagyşlarynyň daş-töweregi durşuna goçak bolup, olar balykçynyň esasy ulagy gaýyklaryň keşbini aňladypdyr. «Tirana» nagşy bolsa Hazaryň baýlygy bolan balyklar

Milli gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda

Çeper sözüň ägirdi – Magtymguly Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, belent adamkärçilik sypatlaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Akyldar şahyr çeper sözüň ägirdi bolup, onuň goşgulary ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Magtymgulynyň goşgulary her bir adama öz täsirini ýetirýär. Onuň döredijilik mirasynyň häzirki wagtda hem ähmiýeti egsilenok. Ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaşlary bilime ugrukdyrmakda, dünýä tejribelerinden ugur alyp, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmekde, sanly bilim ulgamyny giňden ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi öwredilýär. Ýaş nesilleri terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti çäksizdir. Akyl

Milli arhiwler — gymmatly ýazuw çeşmeleri

Her bir döwletde halkyň milli ýazuw mirasynyň aýawly saklanmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki bu babatdaky arhiw resminamalary halkyň taryhyny beýan edýän milli ruhy baýlykdyr. Arhiw işi öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Geçmişde hem sowatly adamlar, akyldarlardyr alymlar halkyň durmuşyny, jemgyýetçilik we hojalyk gatnaşyklaryny, olaryň özara baglanyşygyny beýan edýän resminamalara aýawly çemeleşmegiň zerurdygyna düşünipdirler. Geçen nesilleriň bilimlerini, toplan tejribesini özünde jemleýän şol resminamalara uly ähmiýet beripdirler. Gündogaryň görnükli şahyry Alyşir Nowaýy: «Kim arhiwe kembaha garasa, ol taryha düşünmez, kim taryha düşünmese, ol geçene we geljege ýolbaşçylyk edip bilmez» diýip belleýär. Türkmenistanyň arhiwleri we olaryň döreýiş taryhy hakynda gymmatly maglumatlar kän. Ýurdumyzyň arhiw gullugy gözbaşyny XIX asyryň 70-nji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Şol ýyllarda ýerli ilaty dolandyrmak üçin döredilen Zakaspi harby bölümi, Zakaspi oblastynyň naçalniginiň kanselýariýasy ýaly harby-administratiw edaralarda, olaryň guramalarynda — uýezd naçalniklerinde, pristawlarda, okrug we harby kazyýetlerde, rus hem-de daşary ýurt banklarynda, söwda-senagat kärhanalarynda, Zakaspi demir ýolunyň edarasynda, statistik, okuw, şeýle-de beýlek

«Ýedi goýun, bir guzy»

Içmek alty-ýedi goýnuň derisinden tikilýär. Onuň üçin ilki ösgün tüýli goýunlaryň derisi saýlanyp alynýar. Alnan deri dört-bäş sagatlap duzda ýatyrylyp, soň günde guradylýar. Şondan soň ol arpa uny, zäk we turşy çal goşulyp alnan goýy ergini deriniň iç ýüzüne çalnyp, sekiz günläp eýlenilýär. Şondan soň eýlenen derini kölegede gündizine düýrläp, gijesine tekiz ýere serip şemalladýarlar. Bu işi alty gün dowam etdirip, ýedinji gün derini duzlaýarlar. Sekizinji gün ony güne serip, gutarnykly guradýarlar. Soň ýuwup, çalt gurar ýaly üstüne çäge sepýärler. Deri bäş-alty sagatda gowy guransoň, deridaş bilen deriniň ýüzünde galan ýaglary we etleri aýrylýar. Bu işden soň deri agarýar.

Syrly älemleriň şahyrana beýany

Hormatly Prezidentimiz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, söz ussady Magtymgulynyň umumadamzat ähmiýetli mirasyna belent baha berýär. Şol ruhy gymmatlykda durmuşyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, ynsan ählini asyrlarboýy pikirlendirip gelýän syrly älemler bolan «ýedi gat Ýer», «ýedi gat asman» diýen düşünjelere hem giň orun berilýär. Alym G.Gurbanowyň belleýşi ýaly, beýik akyldaryň bu meselä içgin aralaşmak üçin dünýä ylmyndan söhbet açýan ylmy we edebi çeşmeleri, Gündogaryň beýik şahsyýetleri Hoja Ahmet Ýasawynyň «Hikmetlerini», Rabguzynyň «Kasasyl enbiýa», Wepaýynyň «Rownakyl yslam» kitaplaryny, Süleýman Bakyrganynyň şygyrlaryny okandygy bellidir. Bu ugurda atasy Döwletmämmet Azadynyň «Behiştnama», «Hekaýat», «Wagzy — Azat» eseri bolsa beýik akyldara has ygtybarly gollanma bolup hyzmat edipdir.