''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Okgunly ösüşleriň gözbaşy

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Türkmen halky üçin Bitaraplyk parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe uzaýan nurana ýoldur. Bitaraplyk Watan mertebesini parahatçylyk, asudalyk düşünjesi bilen berkidýän, türkmen halkynyň tutuş dünýäni agzybirlige çagyrýan daşary syýasat ugrudyr. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz Bitaraplyk derejesine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Rezolýusiýasy esasynda eýe boldy. Bu taryhy waka pederlerimiziň arzuwlan ajaýyp döwrüniň — Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk şertlerindäki täze eýýamynyň ilkinji basgançagyny goýdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ikinji gezek ykrar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmesi bolup dünýä doldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi.

Parahatçylygyň beýik dabaralanmasy

Parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek gadymy we müdimi türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda türkmen Bitaraplygy parahatçylygy, durnukly ösüşi we ylalaşygy ündeýän, halklary dostluga we bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän taglymat hökmünde bu günki gün bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň iki gezek ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Öz saýlap alan ýoluna ygrarly berkarar Watanymyz daşary syýasatynda dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda, esasan hem, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişlidir. Şol sanda Türkmenistan tutuş dünýäde öz Konstitusiýasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny girizen ýeke-täk döwlet bolmak bilen, bu gurama we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi öz halkara gatnaşyklarynyň esasy ugry hasaplaýar. Ýurdumyzyň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise başlyklygyna saýlanylmagy, dünýäniň belent münberinden türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlarynyň uly

«Ýaşlaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy» atly bäsleşige

Döwletli döwranym Gujagyňda rahatlyk bar, kemal bar,Şypaly howam sen, Bitarap Diýar!Beýik parasat bar, ýagşy kelam bar,Dowamat dowam sen, Bitarap Diýar!

Bitaraplyk mukamy

Bitaraplyk mukam bolup ilimeMertebe, şan-şöhrat, abraý getirýär.Baglap göwünleri birek-birege,Ýagşy niýetlere ganat bitirýär. Asmana, Zemine nuruny saçypUçýar ak kepderi — rahatlyk guşy.Parahatlyk sazy külli türkmeniňEziz Arkadaga aýdýan alkyşy.

Arkadagly Serdarym

Binalaryň sany artyp gün-günden,Ösüşlere beslenilýär ýyl-ýyldan.Joşgun alyp nagma kakýan bilbilden,Şygyr ýazdym Arkadagly Serdarym. Obalarmyz şäher ýaly görkana,Il-günümiz bagtyýar hem erkana,Döwran döndi Hak ýalkamyş ülkäme,Siziň bilen Arkadagly Serdarym!

Parahatçylygy goramagyň türkmen nusgasy

Planetalar barada gysgajyk düşünje berýän gysga görnüşli wideofilmde şeýle surat görkezilýär. 2004-nji ýylda awtomatik usulda dolandyrylýan guralda goýlan teleskop arkaly Saturn planetasynyň halkalarynyň golaýynda düşürilen suratda bir kiçijik mawy nokat bar. Onuň ululygy ýazuwymyzda ulanýan nokadymyzdan uly däl. Ol «Ýer togalagy» diýlip ýörite bellenilipdir. Şol ýazgy bolmanlygynda, şojagaz nokat birbada ünsüňem eglänok. Ýer togalagy gözümize hernäçe uly görünse-de (540 million inedördül kilometr meýdany bar), beýleki ägirt planetalaryň ýanynda güýçsüz, ýaralanmaga-zeperlenmäge golaý, şol sebäplem goralmaga, aýalmaga mätäç bolup görünýär. Birleşen Milletler Guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň noýabrynda sany 8,076 milliarda ýeten adamzat ähli meseleleri — uruş-dawalary, şatlyk-şagalaňy, azyk-owkat, suw üpjünçiligi, howanyň maýlamagy, ekologiýa müşgillikleri, döwlet araçäkleri, milli bähbitleri, dini garaýyşlary, garaz, oňuşmaklyga ýa-da oňuşmazlyga eltýän ähli sebäpleri bilen goralmagyna mätäç bolup durýan şu kiçijik nokatda ýaşaýar. Eýsem-de, şu kiçijik nokady — ählimiziň öý-ojagymyz bolan Ýer togalagyny abadan saklamak üçin näme etmeli?! Ählumumy parahatçylygy saklamaly diýersiňiz! Rast aýdýarsyňyz! Parahatçylygy saklamaly. Ý

Türkmenistanyň Bitaraplygy — ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň ýoly

Ýurdumyz şanly seneleriň bosagasynda. 12-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy — Halkara Bitaraplyk güni, 10-njy dekabrda bolsa, adam hukuklarynyň halkara güni uludan bellenýär. Bu şanly seneleriň utgaşyp gelmeginiň çuňňur manysy bar. Bularyň ählisiniň mazmunyndan parahatçylyk, abadançylyk ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk taglymaty ynsanperwerligiň, parahatçylygyň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň girewidigini yzygiderli tassyklaýar. Bitarap Türkmenistanda häzirki döwrüň bedew batly ösüşiniň esasy ugry ylymda, innowasiýalarda, yzygiderli senagatlaşmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmekde ýüze çykýar. Bu ösüşleriň ählisi-de Bitaraplyk taglymaty bilen pugta baglanyşyklydyr. Arkadag şäheri onuň aýdyň mysalydyr. 2023-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýeti

Hoşniýetli ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň kabul edilmegi diňe sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan wakadyr. Gahryman Arkadagymyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny — ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýyly halkara derejede «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklip bilen çykyş etmegi bolsa hoşniýetli daşary syýasy ýörelgä ygrarlylygyň nobatdaky ýüze çykmasydyr. Milli, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň ygtybarly guraly hasaplanýan baky Bitaraplygyň tutuş dünýä bileleşiginiň gymmatlygyna öwrülmegi döwletimiziň daşary syýasy işinde gazanan u

Parahatçylygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz toý-baýramlara, uly ösüşlere beslenýär. Şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly baýramy bellenilýär. Ýurdumyz häzirki wagtda parahatçylyk söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerinde biz — ýaşlar hem bu ösüşleriň, özgerişleriň şaýady bolýarys, Watanymyzyň gazananlaryna buýsanýarys. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmeniň hemişelik Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýär.

Şanly sene

Agzybir hem-de bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär, aýdym-sazly dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024—2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda bu şanly sene diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde uly ruhubelentlik bilen baýram ediler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem şanly dabaralara halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar uly höwes bilen işjeň gatnaşýarlar. Ýörite guralýan ylmy maslahatlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, aýratynlyklary barada çykyşlar guralýar.

Bitaraplyk joşgun berýär diýara

Halkymyzyň agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen toýlajak hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramynyň merjen paýtagtymyzyň keşbinde hem özboluşly şöhlelenýändigini aýratyn bellemek gerek. Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanyna döredilen bezegler we «Baky Bitarap Türkmenistana 28 ýyl» ýazgylary paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň toý şatlygyny goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýan Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy bilen bilelikde, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny has-da berkeýär. Türkmen döwletiniň ileri tutýan we yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy ugurlary, öňe sürýän wajyp başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma we goldaw bilen garşylanýar.

Röwşen geljegiň baky binýady

Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk — röwşen geljegimiziň baky binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tutuş dünýäde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlangyçlarynyň umumadamzat üçin gymmaty dogrusynda giňişleýin belläp geçdi.

Buýsançnama

Bitaraplyk — ata-baba ýörelgäm,Röwşen ykbal sen, sowulmaz ýaz sen.Eziz Arkadagdan görüm-göreldäň,Müdimi beýiklik, soňlanmaz saz sen! Aýak goşup deňlik, dostluk akyma,Ýollar açyk parasada, akyla,Nazaryň dynçlyga, mähir, ýakyma,Ýagşy arzuwlara baky dowam sen!

Baýramçylyk dabarasy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli, TDP-niň welaýat hem-de Daşoguz şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat merkezimizdäki «Maral» toý mekanynda «Hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary: parahatçylyk, dost-doganlyk mukamy» atly şygar bilen geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, işjeň partiýa agzalary, mugallymçylyk, lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Bitaraplyk — asudalyk, parahatçylyk hem agzybirlik

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen güni bolan 12-nji dekabr taryhymyzyň altyn sahypalarynda orun tutdy. Bu sene parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetligi dabaralandyrýan, halkara derejede uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyga öwrüldi. Bitaraplyk baýramy abadançylygyň, gülläp ösüşiň nyşany hökmünde uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki orny barha pugtalanýar. Ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Ol halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän dost-doganlyk, ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagydyr, şol asylly ýörelgeleriň Ýer ýüzünde ykrar edilmegidir. Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri, iri halkara gura

Beýik gymmatlyk hem ählumumy taglymat

Taryha ser salanymyzda, merdana halkymyzyň goňşy halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barandygynyň şaýady bolýarsyň. Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçmegi bolsa, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk netijesinde emele gelen gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna getiripdir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyza Bitaraplyk derejesiniň berilmegi bilen, bu gatnaşyklar täze basgançaklara çykdy. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän birek-biregi hormatlamak, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşmak ýaly milli ýörelgeleri bitaraplyk syýasatymyzda öz beýanyny tapýar.  Gün-günden ösüşlere beslenýän Diýarymyzyň alyp barýan syýasatynyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellemek gerek. ªunuň ýaly ynsanperwer işleriň netijesinde döwletimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň beýgelmegi bizi has-da buýsandyrýar. Bitaraplyk hukuk derejämizi alanymyzdan bäri geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň dünýä we sebit möçberinde geçiren işleri, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler döwletimiziň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. 

Berkararlygyň baky binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Bu gün biz Halkara Bitaraplyk gününi uly dabaralar bilen garşylaýarys. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam bildirmek we ýardam bermek esasynda gatnaşyklary ösdürip, köp ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, söwda we medeni ugurlarda gatnaşyklary berkidýär. Köp asyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmek, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga hem-de berkitmäge, ykdysady, söwda, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, Durnukly ösüş

Belentden ýaňlanýan bagtyýarlyk aýdymy

Berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň täze derejelere çykýandygy ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň rowaçlanyp, halkara gatnaşyklarda täze sahypalaryň ýazylmagynda aýdyň görünýär. Ata Watanymyzyň parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň arasynda dostlugy, doganlygy berkitmek babatda ýöredýän daşary syýasaty umumadamzadyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlykda ýöredýän daşary syýasaty bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Her bir geçýän gün bizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyna ýakynlaşdyrýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy barada aýdylyp: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip bellenip geçilýär. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary kabul etdi. Munuň özi ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgelerimiziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň düýp

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Döredijilik bäsleşigine mekdep okuwçylarymyz işjeň gatnaşyp, olar «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini, çeken suratlaryny we maketlerini hödürlediler.

Bitaraplyk — bu biziň bagtly dünýämiz

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ahyrlap gelýär. Bu ýyl özüniň ösüş-özgerişleri, şanly wakalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň altyn şuglalaryndan barha nurlanýar. Mähriban halkymyz ýene-de sanlyja günden başymyzyň täji, eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçer. Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň özüniň erk-ygtyýarynyň meýletinlikde saýlap alan ýol-ýörelgesiniň miwesidir. 1995-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistan döwletine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi, şeýle hem bu derejäniň ikinji gezek hem ykrar edilmegi Türkmenistan döwletine bildirilen uly ynamdyr. Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde halkara-hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy onuň ähli ýurtlar bilen deňhukukly halkara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegini üpjün etdi. Ýurdumyza öz içerki hem-de halkara ösüşini amala aşyrmagyň bütinleý täze ýollaryny açmaga örän giň mümkinçilikler döretdi. Şeýle bolansoň hemişelik Bitaraplygyň halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy häzirki taryhy döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.