''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

TEJRIBE ALŞYLDY AHAL. Welaýatyň şäherdir etraplarynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary geçirildi. Okuwlaryň barşynda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň, innowasion tehnologiýalary, sanly serişdeleri sapakda giňden peýdalanmagyň netijeli usullaryny, öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribesini öwrenmek, ýaýratmak, şeýle-de ýaş nesli ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere üns çekildi. Bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynyň çäginde geçirilen bu okuwlaryň barşynda umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini hem-de ýaş nesle netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça tejribeli hünärmenleriň çykyşlaryna aýratyn orun berildi.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Birek-biregi ýyllaryň gelmegi bilen gutlamakdaky arzynyň aňyrsyna göz ýetmez. Muny diýmek bilen nämäni ýaňzytjak bolýan?! Kesgitli ömrüň her bir pursatyna gadyr goýmalydygyny ýatlatsam diýýän. Şol zerurlyga düşünmek diňe birimize däl-de, barymyza hökmany. Toýly günleriň gujagyndan jyda düşürmesin Biribar. Türkmene salan nazary sowulmasyn, hemişelik bolsun! Onda asudalyk, abadanlyk, imisalalyk bar. Ömrüň düzümini düzýän dürler dünýäni emele getirýändir. Şol lezzeti, eşreti, eziz halkyna eçilýän hormatly Prezidentimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan bimöçber işleri rowaçlyklara beslensin!

Gymmatlyklarymyz dünýä mirasynda

ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň hem-de türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça işler ýola goýuldy. Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda medeni-ynsanperwer ugur esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň gadymy milli däp-dessurlaryny, pähimlerini we medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň çar künjeginde medeniýet hyzmatlarynyň hilini giňeltmek we ösdürmek üçin, ilata elýeterligini gowulandyrmak, döredijilik toparlarynyň repertuaryny täzelemek, muzeý we kitaphana gaznalaryny, medeniýet ulgamlarynyň işlerini utgaşdyrmak ugrunda işler amala aşyrylýar. Bu işleri alyp barmak bilen ýaş nesliň millilik we watançylyk ruhunda terbiýelenmegine giň ýol açylýar.

Üs­tün­lik­le­riň çe­me­ni

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­by­nyň oky­jy­la­ra go­wuş­ma­gy mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­na aja­ýyp toý sow­ga­dy bol­dy. Geçen — 2020-nji ýylda mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak­da öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň halk köp­çü­li­gi­niň ara­syn­da sak­la­ny­lyp ga­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy top­la­mak, ola­ry düýp­li öw­ren­mek, şo­nuň esa­syn­da yl­my iş­le­ri ýaz­mak we hal­ky­my­za ýe­tir­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, il için­den me­de­ni, ede­bi mi­ra­sy­my­zyň dür­li gör­nüş­le­ri ýyg­nal­dy. Şeý­le­lik­de, hal­ky­my­zyň mü­di­mi ru­hy ha­zy­na­sy­nyň üs­ti ýe­ti­ri­lip, de­giş­li de­re­je­de baý­laş­dy­ryl­dy.

Watanperwerligiň beýik nusgasy

Belarus žurnalisti hem-de ýazyjysy Ales Karlýukewiçiň ady türkmen okyjylaryna ozaldan tanyşdyr. Ol 1985 — 1988-nji ýyllar aralygynda Aşgabatda ýaşady we türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen dostlukly gatnaşykda bolup, olaryň eserlerini belarus diline terjime etdi. Bu günki günde Ales Karlýukewiç ýurdumyzda geçirilýän medeni çärelere yzygiderli gatnaşýar hem-de häzirki zaman türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini belarus dilinde neşir etmek bilen içgin meşgullanýar. Biz gazetimiziň şu sanynda Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, Belarus Respublikasynyň «Zwýazda» neşir öýüniň direktory, «Zwýazda» gazetiniň baş redaktory Ales Karlýukewiçiň türkmen-belarus edebi gatnaşyklary hakynda gürrüň berýän makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Parahatçylygyň goragynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6-njy ýanwarda geçiren täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi hem muny doly aýan etdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleri jemlenilip, ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlendi.

Halkara gatnaşyklaryň hukuk binýady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň goldamagy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygynyň, döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr, halkara ähmiýetli möhüm taryhy wakadyr. Adamzat ýaşaýşynyň parahatçylyga, ynanyşmaga, goraga, howpsuzlyga bolan zerurlygy hemmelere mälim hakykatdyr. Parahatçylygy, howpsuzlygy, adamlaryň abadan ýaşaýşyny syýasy diplomatik, durmuş-ykdysady, hukuk, ruhy-ahlak, medeni usullar bilen gazanyp bolýandygyny Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüş arkaly parahatçylyk tejribesi tassyklady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda möhüm halkara-hukuk guraly bolmagy, Bitaraplygyň mazmunynyň baýlaşmagy, onuň ösüş ykbaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň netijeliligi bilen baglanyşyklydyr.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Sagdyn durmuş ýörelgelerini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek — kanun bozulmalarynyň öňüni almak» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany Döwran Amanmyradow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jenaýat agtaryş müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Guwanç Weliýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany Daýanç Durdyýew, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany Ata Boppyýew dagy çykyş etdi. Çärede ulag dolandyrýan ähli sürüjilere we pyýadalara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köpçülik ýerlerinde, işde, okuwda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, lukmanlaryň berýän maslahatlaryny dogry ýerine ýetirmek we zyýanly endiklerden daşda durmak barada nygtalyp geçildi. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň sagdyn, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak we işleriniň

Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikleriň hatarynda ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň ösüşi hem aýdyň şöhlelenýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalarynda döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrýan, bazar gatnaşyklary hem-de ynsanperwerligi dabaralandyrýan kämil kadalar öz beýanyny tapdy. Jemgyýetimiziň barha ösýän durmuşy milli hukuk ulgamynyň hemişe kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň hukuk ulgamy barha berkeýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň kabul edýän kanunlarydyr kodeksleri hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan kanunçylyk-hukuk özgertmeleriniň çäklerinde işlenilip taýýarlanan täze kanunlaryň we hukuk namalaryň mazmuny, gurluşy, döwrebaplygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýandygy bilen tapawutlanýar. Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bilen bagly döwlet dolandyryşyny, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tert

Parahatçylygyň ýoly bilen

Türkmenistanyň Mejlisiniň — 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda karar kabul etmegi halkymyzyň ruhuny joşdurdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň milli gymmatlyk hem-de ýörelge derejesinde durmuşymyza ornaşmagydyr. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň alty resmi dilinde çap edilendigi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradylandygy barada hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä içre adyň belent

Adamyň ruhy ahwaly bilen ýürek tarynyň tirpildisi mylaýym sazy emele getirýär. Şol mylaýym sazy kalby bilen duýup, ýaşap bilýän ynsana — bagtly ynsan diýilýär. Şol bagtly ynsan biziň ýurdumyzda ýaşaýan adamlar diýsegem, ýalňyşmarys. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan özgerişleriň keşbi, türkmen ykbalynyň belentliklere göterilmegi baradaky ajaýyp aýdym bolup kalplara dolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýilýän döwri, megerem, şu biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüdir. Çünki halkyň arzuwlarynyň wysaly şu bagtyýar zamanada jemlenendir. Biz muny türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri, döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň ýörelgelerinde aýdyň duýýarys.

Parahatçylygyň röwşen ýoly

6-njy ýanwarda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda ýerleşýän edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerimiziň žurnalistleri işjeň gatnaşdy. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň žurnalistleri onlaýn görnüşinde gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Maslahatda geçen ýylda alnyp barlan işler barada giňişleýin beýan edildi. Şonuň ýaly-da, Aşgabat jemleýji resminamasynyň BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, köpçülikleýin ýaýradylmagynyň ähmiýeti we Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä derejesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi. Mälim bolşy ýaly, tamamlanan ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllyk ýubileýi boldy. Bu sene Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gabat gelýär. Şonuň üçin hem bu şanly sene taryhy wakalara mynasyp boldy. Maslahatyň dowamynda Aşgabat jemleýji resminamanyň Ýer ýüzüniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny barada hem giňişleýin gürrüň edildi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFC) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Hoşniýetli ýörelgeler dabaralanýar

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň maksady dünýäde parahatçylygy, asudalygy berkitmekden, dost-doganlygy pugtalandyrmakdan, ählumumy ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli, özara bähbitli we netijeli gatnaşyklary bitaraplyk ýörelgelerine daýanýar hem-de dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Muny baky Bitaraplygymyzyň çärýek asyrlyk döwrüniň dowamynda döwletimiziň durmuşa geçiren işleri, öňe süren we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan halkara başlangyçlary, teklipleri hem bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi muňa mysal bolup biler. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, «Abraýly halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Bitaraplyk parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr». Berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan Bitaraplygymyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýä halklaryny dostlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Milli  Liderimiziň pähim-paýhasly ýol

Beýik maksat — bagtyýar geljek

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly üstünliklere beslenen ýyl bolar Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ösüşli, özgerişli gadamlara beslän halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar, belent maksatlar bilen täze ýyly garşy aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp özgerişleriň, ösüşleriň, şanly wakalaryň, gowulyklaryňdyr öňe ilerlemeleriň köp sanlysyny ýurdumyza peşgeş beren 2020-nji ýyl taryha girdi. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli hem-de maksadaokgunly başlangyçlarynyň netijesinde köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan uly işleriň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da arşa göterdi.

Dostlukly gatnaşyklaryň merkezi

Il agzybirliginde, ýurt abadançylygynda täze, 2021-nji ýyla gadam basdyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl ählumumy abadançylygyň, hoşniýetli dostlugyň alamaty bolup geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ol baky bitaraplyk ýörelgelerini äleme ýaýan we oňa ygrarlylygy bilen halkara jemgyýetçiliginiň hormat-sarpasyna mynasyp bolan ylalaşdyryjy ýurtdur. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilen ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu abraýly guramanyň şol mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan ägirt uly işleriniň özboluşly ykr

Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz

(Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi kalbymyzy egsilmez buýsanja besledi) Dünýäni çagyryp durar jebislige, birlige,Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz.Bagtyň ajap nurun çaýar ol buýsançly serlere,Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz.

Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenildi.

Parahatçylygyň ýoly bilen ynamly ädimler

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýörite iş maslahatyny geçirdi. Elbetde, bu taryhy pursadyň özi tutuşlygyna üstünliklere beslenip tamamlanan ýylyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadag Prezidentimiz bu gezekki geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna degişli buýsançly tabşyrygynda «Wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmeli. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, Demokratik partiýanyň jemgyýetdäki ornuny berkitmeli, täsirini artdyrmaly bu ugurda syýasy-jemgyýetçilik ulgamlar bilen arkalaşykly işlemeli» diýip belledi. Şeýle hem eziz  Arkadagymyz 2021-nji ýylda dabarasy uludan tutuljak Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy hakynda aýratyn bellemek bilen, «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geljek ýyl bellenjek şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmeli. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmeli» diýip nygtady. Ine, şeýle buýsançly hem-de sogaply tabşyryklary