''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Halkara guramalar: pikirler, garaýyşlar

Antoniu GUTERRIŞ,Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary:

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdi. Bu waka ýurda diňe Bitarap döwlet derejesiniň berilmegini berkitmän, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki geljekde ähli hyzmatdaşlygynyň manysyny, ugruny hem-de iş ýüzündäki guralyny kesgitledi. Agzalan Kararnama halkara gatnaşyklaryň tejribesinde bitaraplyk babatda Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen ilkinji resminama hökmünde taryhy ähmiýete eýedir. «Bitaraplyk» düşünjesi örän giň manyny öz içine alýar. Taryhyň dürli döwürlerinde uruşýan taraplara goşulyşmazlyk, bir çetde galmak, emma olar bilen dostluk gatnaşyklaryny saklap galmak bilen baglylykda, bitaraplygyň dürli görnüşleri kemala geldi. Häzirki zaman şertlerinde bitaraplyk iki görnüşde — onuň däp bolan manysynda, ýagny uruş döwründäki bitaraplyk hem-de hemişelik bitaraplyk görnüşinde hereket edýär. Hemişelik bitaraplyk — bu bitaraplygyň ýokary görnüşi bolup, bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak üçin uly mümkinçilige eýedir. Gelip çykyşy boýunça «ykrar edilen», görnüşi boýunça «hemişelik», manysy boýunça «oňyn» häsiýete eýe bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy b

Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary — anyk çözgütlerde

Bu günki gün parahatçylyk söýüjilikli, netijeli daşary syýasaty alyp barýan hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar, ýurduň abraýly halkara guramalarda öňe sürýän köp sanly başlangyçlary giňden goldanylýar. Geçen ýyllaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Kararnamalaryň 19-syny kabul etmegi munuň anyk mysalydyr. 1995-nji ýyl, 12-nji dekabr.

Ýurt garşy alsyn!

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 6-sy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu waka täze taryhy döwrümizde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek, raýatlary eşretli durmuşda ýaşatmak ugrundaky tagallalaryň barha rowaçlanýandygynyň dabaralanmasyna öwrüldi. 288 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri üçin döwlet Baştutanymyza alkyş aýtdylar. Toý gününde täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp baran «Joşgun bina» hususy kärhanasynyň gurluşykçy-hünärmenlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar maşgalalaryň birnäçesine täze jaýlardan öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy dabaranyň şatlykly pursatlarynyň birine öwrüldi.

“Bitaraplyk - parahatlyk aýdymy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz içeri hem-de daşary syýasatda örän uly üstünlikler gazanýar. Bu üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda giň gerime eýe bolýan hyzmatdaşlyklarynda aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklary we borçlary halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan toý dabaralarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Ýer ýüzüniň ähli künjeginde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Olaryň möçberi häzirki günde onlarça däl-de, ýüzlerçe sanlar bilen ölçelýär. Olaryň hatarynda iri halkara maslahatlar, metbugat hem-de köpsanly medeni we sport çäreleri bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bütin halkara jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji, ýubileý

Bitaraplyk — bagta binýat

«Aslyna dartadyr ýüwrük-çamanlyk», «Alma agajyndan uzak düşmez» diýlen kämil paýhaslaryň çuňňur many-mazmuna baý özeni halkyň taryhydyr ykbaly we milli häsiýeti bilen utgaşdyrylanda, has hem çuňlaşýar, tereňleşýär, beýgelýär. Bu günki gün Bitaraplyk baýramynyň — Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ähli pikirlerim ýene-de milletimiziň millilige eýlenen menzillerinde ynsanperwerlik häsiýetiniň şöhlelenmegine gönükdirildi. Türkmeniň ynsanperwerlik häsiýetleri, gör, kimleri haýrana goýmady.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde «Bitaraplyk türkmeniň baky buýsanjy» ady bilen geçirilen dabaraly duşuşyk welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli giň gerime eýe bolan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga birleşigiň welaýatymyz boýunça şahsy we köpçülikleýin agzalary, mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň baky bagtydyr

Berkarar döwletimizde yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Garaşsyz Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar. 12-nji dekabr Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şoňa görä-de, halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her günki ösüşleri nusgalykdyr. Bu zatlaryň özi Bitaraplyk derejesiniň pugtalandyrylmagynyň miwesidir.

Ykdysady strategiýanyň kämil esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde gazanylýan oňyn netijeleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň döredýän amatly şertleriniň esasynda mümkin bolýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmen Bitaraplygynyň 27 ýyllyk tejribesi halkara hukuk derejesiniň abadan ösüşimizi üpjün edýän şertleriň birine öwrülendigini görkezmek bilen bir hatarda, ol ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen milli maksatnamalary we halkara taslamalary amala aşyrmagyň, ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň mäkäm binýadyny emele getirýär. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysadyýeti durnukly ösýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ykdysady ulgamda ýetilýän sepgitleriň, gazanylýan üstünlikleriň syýasy garaşsyzlygymyzyň, ykdysady taýdan özygtyýarlylygymyzyň, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň berýän datly miweleridigi her birimizi buýsandyrýar.

Bitaraplyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Ýaňy-ýakynda “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna bagyşlap ylymy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň işgärleri, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyna

Bitaraplyk — bagtymyzyň binýady Bu günki gün Türkmenistanyň halkara abraýy ählumumy derejede uly meşhurlyga eýe bolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde guramanyň şol wagtky agza ýurtlarynyň 185-siniň biragyzdan ykrar etmeginde hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmegi we onuň taryhy Kararnama bilen berkidilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanan iň uly üstünlikleriniň biri boldy. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda gaýtadan kabul edilmegi bolsa Milletler Bileleşiginiň Türkmenistana bildiren ýokary ynamynyň nobatdaky nyşanydyr.

Bitaraplyk — bagtymyz

Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz alyp barýan Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlarynyň ýüzlerçesi bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy türkmen diplomatiýasynyň uly ösüşlerinden habar berýär. Şeýle hem ata Watanymyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň dabaralanmagyna örän uly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär. Halkara maslahatlarynyň yzyzgiderli geçirlip durulmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň giň möçberde gurulmagy, ylym-bilime uly üns berilmegi Diýarymyzda il-ýurt bähbitli syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasaty dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Çünki, biziň ýurdumyz sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde, şeýle-de, döwletiň içki asudalygyny doly üpjün edip, Bitaraplyk syýasatyny durnukly amala aşyrýan, halkara diplomatiýasyna netijeli goşant goşýan, durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşleri gazanýan döwlet hökmünde tanalýar.

Beýik işleriň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başyny başlan Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly tamamlanyp barýar. Şu ýylyň belent sepgitleriň, şanly wakalaryň ýyly bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. 2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynda gazanylan zähmet ýeňişleri ähli ulgamlardaky üstünlikler bilen utgaşýar. Şanly ýylymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakda bitirilen we bitirilýän tutumly işler “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň taýsyz tagallalarda ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzyň taryhy wakalary dünýä ýaň salyp, Garaşsyz döwletimiziň halkara maslahatlarynyň, forumlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän arzyly mekanyna öwrülýändigi guwandyrýar. Halkara Bitaraplyk gününiň uly toýunyň barha golaýlaýan günlerinde şanly ýylymyzyň ýeňişli menzilleri hakynda oýlananyňda ata Watana guwanjyň goşalanýar. Şu guwanç duýgusy bolsa, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlere goşantly bolmaga ruhlandyrýar.

Waspy dillerde dessan

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenýär. Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde welaýat döwlet drama teatrynda geçiren aýdym-sazly dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. «Eziz Watan Bitarap, dünýä ýüzi bize tarap» diýen at bilen geçirilen dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlary, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti dogrusynda söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty bilen ata Watanymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, ähli pudaklarda ýokary netijeler gazanylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak barada amala aşyrylýan tutumly işler barha rowaçlanýar. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine oňyn halkara gatnaşyklara ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar we bu ugurda anyk ädimleri ädýär, döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär.

Abadançylygyň, asudalygyň, parahatçylygyň kepili

Ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşy

Ajaýyp döwrümizde ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň at-abraýy täze belentliklere galýar. Munuň özi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp alyp barýan daşary syýasatynyň, durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasatymyzam, ynsanperwer işlerimizem merdana halkymyzyň hoşniýetli däp-dessurlaryna, asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklaryna daýanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde we sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan  «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi, şonuň ýaly-da gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri munuň subutnamalarydyr. Arkadagly Serdarymyz: «Biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bile

Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabyndan

Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär. * * *

Ýaşasyn!

Arzuw-umytlary hasyl eýleýen,Hemişelik Bitaraplyk ýaşasyn!Ýer ýüzünde ykrar bolup beýgelen,Hemişelik Bitaraplyk ýaşasyn! Alnymyzdan ak günleri atyran,Dostluk sazyn şirwan perdä ýetiren,Köňüllerde waspy arşa ýetirlen,Hemişelik Bitaraplyk ýaşasyn!

Dünýä ykrarynyň belent nusgasy

«Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýen jümläni durmuşa geçirilýän tutumly işleriň esasy ýörelgelerine öwren hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige, abadançylyga gönükdirilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bu babatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler saýlanyp alnan daşary syýasat ýörelgämiziň dogrudygyny we aýdyňdygyny görkezdi. Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan ata Watanymyz öz ösüşiniň ajaýyp eýýamyna gadam basdy. Dünýä döwletleri bilen gysga wagtda ýola goýlan ygtybarly hyzmatdaşlyk Türkmenistany parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän kuwwatly döwlete öwürdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda 185 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ösüşiň aýdyň ýoluna düşen daşary syýasatymyzyň naýbaşy üstünlikleriniň biri boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan eziz Diýarymyzyň ýaşyl Tugunda Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagyndaky zeýtun şahajyklary ýerleşdirildi. Ol ýaşyl ýaz deý Baýdagymyz bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, ýurdumyzyň parahatçy

Joşgunly kalplaryň buýsanjy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesiniň giňden dabaralandyrylýan günlerinde «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalary hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne badalga beren «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaraly maslahata döredijilik işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary, wagyz-nesihatçylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler eýwanynda geçirilen aýdym-sazly maslahat baý many-mazmunlylygy bilen tapawutlanyp, baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi. Maslahaty TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew açdy we şanly sene mynasybetli ýürek buýsanjyny beýan etdi. Soňra «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy Gözel Seýidowa, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçylary Täçmyrat Rejepow, Ýusup Öwezow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, TMÝG-niň wela