''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Tebigatymyzy goralyň!

Tebigaty goramak, onuň köpdürlüligini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Türkmenistanyň uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Bu hakda “Tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak barada hemişe alada etmek, Watana, mähriban ojagyna, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp, biziň günlerimize gelip ýeten asylly däplerine bolan hakyky söýgä her bir ýolbaşçy, ýurdumyzyň her bir raýaty doly düşünmelidir!” diýip, Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda nygtap geçýär. Hormatly Prezidentimiziň tebigaty we daşky gurşawy goramak baradaky alyp barýan syýasatyndan ugur alýan Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri hem gözel tebigatymyzy gorap saklamaga öz goşantlaryny goşýar.

Okýylan

Ot-çöplere baý, çeşme-çaýly iň gözel ýerleriň eýeleri hasaplanylýan ýylanlar barada näçe gürrüň etseň az. Olaryň owadan keşbi ýa-da peýdaly taraplary, olar bilen baglanyşykly yrym-ynanç adatlarymyz barada gürrüň etdigiňçe gürrüň açylýar. Dünýäde ýylanlaryň üç müňe golaý görnüşi bolup, olar Antarktidadan we Irlandiýadan özge hemme ýerde ýaýrandyrlar. Olaryň köpüsi gury ýerde, käbirleri süýji suwlarda we deňizlerde ýaşaýarlar. Ýumurtga ýa-da içi eýýäm janly ýylanly ýumurtga taşlamak arkaly köpelýärler. Ýylan çagasyna ýylançyr diýilýär.

Yssy günlerde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otag sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şoňa görä-de, olarda ýangyn döremek howpuny aradan aýyrmak üçin, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly we ulanmaly. Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däldir. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Öýden, iş ýerleriňizden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda, jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlarynyň öçürilendigini barlaň! Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek bolup biläýjek nogsanlyklaryň öňüni alar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Şa zenan bilen atdaş

Mähriban çagalar, siz Wiktoriýa Amazonka ösümligi barada nämeleri bilýärsiňiz? Tebigatyň iň täsin ösümlikleriniň biri bolan Wiktoriýa Amazonkanyň ady Angliýanyň şa zenany Wiktoriýanyň hormatyna dakylandyr. Bu ösümligiň açylyş taryhy hem sizi gyzyklandyrsa gerek. Aslynda, oňa ilkinji gezek 1801-nji ýylda Boliw kölünde gabat gelnipdir. Aradan ep-esli ýyl geçensoň, ýagny 1832-nji ýylda nemes tebigaty öwrenijisi Eduard Peppig Amazonka derýasyna syýahat edýärkä, bu üýtgeşik ösümligiň üstünden barýar. Şol ýylyň özünde žurnallaryň birinde heniz hiç kime mälim bolmadyk bir ösümligiň tapylandygy baradaky habar çap edilýär. Muňa garamazdan, açyş köpçülik üçin ýene-de nämälim bolup galýar. Ösümligiň üçünji saparky açylyşy 1836-njy ýylda, Britaniýanyň Gwiana sebitinde bolup geçýär. Britan şalygy nemes botanigi Şomburgk Roberte bu sebiti öwrenmek barada tabşyryk berýär. Gözlegleriň dowamynda uly göwrümi we suwda ýüzýändigi bilen tapawutlanýan täsin ösümlik Robertiň ünsüni özüne çekýär. Ol botanika bilen içgin gyzyklanýan iňlis şa zenanynyň hormatyna, bu ösümlige «Wiktoriýa Amazonka» diýip at berýär.

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, biz asman hadysalary barada bilmek isleýäris. Näme üçin asman mawy reňkdekä? — Muňa akyl ýetirmek üçin adamzat ägirt uly ylmy açyşlar etmeli bolupdyr. Asmanyň mawy reňke boýalmagynyň esasy sebäbi Ýer şaryny atmosfera gatlagynyň gurşaýanlygydyr. Aslynda, kosmos giňişligine çykan kosmonawtlara Gün şöhlesi ak reňkde görünýär. Emma şol şöhleler Ýeriň töweregindäki atmosfera gatlagyna aralaşanda, döwülme hadysasyna sezewar bolýar we dürli tarapa syçraýar. Ylmy nazaryýete görä, ak reňkiň düzüminde älemgoşaryň ýedi reňki saklanýar. Reňkleriň iň gysga tolkunlary mawy reňke degişli bolansoň, olar beýleki tolkunlara görä has köp ýaýraýar. Emma bulutly günlerde Gün şöhleleri ýeriň ýüzüne ýetip bilmedik ýagdaýynda dürli ululykdaky ähli tolkunlar asmanda gyradeň ýaýraýar we asman çal ýa-da garamtyl reňkde görünýär.

Tebigatyň bezegi

Esaslandyrylanyna140 ýyl bolan Aşgabat köp wakalary başdan geçirdi. Aşgabat şäheriniň taryhy bilen birlikde, tebigatynyň gözelligi täsindir. Aşgabat şäheriniň seýilgählerinde we köçeleriniň ýakalarynda uzak ýaşan agaçlary göreniňde haýran galýarsyň. Ol agaçlara ýerli we biziň howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan görnüşler degişlidir. Aşgabat şäheriniň seýilgähleri şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Daşky gurşawymyzyň arassaçylygy we gözelligi adamlaryň saglygy üçin edilýän aladalaryň ýerine düşýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ekologiki abadançylygy gazanmak esasy meseleleriň biridir. Onuň çözgüdi bolsa tebigat bilen ynsan durmuşynyň sazlaşykly emele getirýän gözellikleridir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradus yssy welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Diýarymyzyň gözel tebigaty

Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan işlere nazar aýlanymyzda, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işleriň çäksizdigine göz ýetirýärsiň. Häzirki döwürde ata Watanymyzyň ýaşyl donly bagy-bossanlyga bürenip oturyşyny synlanyňda, türkmen edebiýatynyň meşhur şahyry, Gara Seýitliýewiň: «Her kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen ajaýyp setirleri seriňe gelýär. Hawa, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döredilen tokaý zolaklary diňe bir gözel paýtagtymyzyň daş-töweregini däl-de, eýsem, Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alýar. Bu tokaýlar ata Watanymyzyň howasynyň täzelenmegine, tämizlenmegine ýardam berýär. Bu bagy-bossanlyk eziz Diýarymyzy ýellerdir, şemallaryň üsti bilen ýurdumyza gelýän zyýanly tozanlardan goraýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem kabul edildi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bag ekişligine badalga berilýär. Geçirilýän bag ekmek dabaralarynda millionlarça düýp agaç nahaly ot

Tebigat bilen dostlugyň kepili

Ata-babalarymyz hem tebigat bilen dostlukly gatnaşyklaryndan uly lezzet alypdyr. Arassa howada at üstünde gezim etmek olaryň iň söýgüli hereketleri bolupdyr. Türkmen halkyny dünýäde at üstünde iň köp gezýän halklaryň biri hökmünde tanapdyrlar. Bular halkymyzyň gündelik durmuşynda we baýramçylyklarynda, ýagşy däp-dessurlarynda, baý halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, welosipedli ýörişler adamlara tebigata ýakyn bolmaga, onuň gözelliginden lezzet almaga ýardam edýär. Welosipedler häzirki zaman durmuşynda ekologiýa taýdan arassa, tebigata dostluk bilen birlikde, adamyň bedeniniň ähli möhüm agzalarynyň hereketini üpjün edip, onuň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, kesellemek howpuny peseldýär, kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, ruhubelentlik paýlaýar.

Tebigatyň ajaýyplyklaryny goralyň!

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda hormatly Prezidentimiziň döredip beren ajaýyp zamanasynda ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň ylahy gözellikleri mydama goralmalydyr. Tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiz üçin uly borçdur. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň gözelligini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilip, agaç nahallaryny oturtmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu işe ähli halkymyzyň agzybirlikde gatnaşmagy bolsa, bir maksada uýup ýaşamakdan, jebislikden nyşandyr.

Tebigat — umumy öýümiz

Ekologiýa abadançylygy, tebigaty we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak häzirki döwürde bütin dünýäde möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak meselesi islendik halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri ýere, suwa, haýwanat we ösümlik dünýäsine aýawly garap gelipdir. Ata-babalarymyz ýeri eklenç çeşmesi hasaplapdyrlar. Ýere aýratyn hormat goýmak türkmenleriň edim-gylymlaryna çuňňur ornaşypdyr.

Tebigatyň ajaýyplyklaryny goralyň!

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda hormatly Prezidentimiziň döredip beren ajaýyp zamanasynda ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň ylahy gözellikleri mydama goralmalydyr. Tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiz üçin uly borçdur. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň gözelligini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilip, agaç nahallaryny oturtmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu işe ähli halkymyzyň agzybirlikde gatnaşmagy bolsa, bir maksada uýup ýaşamakdan, jebislikden nyşandyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Hurma

Hurma agajynyň miwesi bolan hurmalar goýy sary we ýapyk gyrmyzy reňkde bolýar. Tropik we subtropik ýerlerde bitýän, palmalar maşgalasyna degişli bolan hurma agajynyň 17 görnüşi duş gelip, Demirgazyk Afrikada, Liwiýa we Nubiýa çöllükleriniň sähralarynda, şeýle-de Arap ýarymadasynda, Yrakda we Günorta Eýranda köpçülikleýin ýetişdirilýär. Hurma agajy örän uzyn bolýar, onuň sütüniniň boýy uzynlygyna 20-30 metre ýetýär, sütüniň ýokary böleginde ýerleşýän uzynlygy 6 metre ýetýän iri we uzyn ýapraklary bar. Hurmanyň miweleri oktýabr — ýanwar aýlarynda ýygnalýar, diňe şol döwürde hurmanyň ter miwesini tapmak mümkin. Ýylyň galan döwründe hurmanyň guradylan görnüşi giňden ýaýrandyr. Hurma biziň ýurdumyzda guradylan görnüşinde has bellidir, ol beýleki süýjülikler bilen çaýyň ýanyndan hödür edilýän iýmişleriň biridir. Hurma gandyň ýerini tutup bilýän, peýdaly, süýji tagamlydyr, ony şekere derek dogralan görnüşinde dürli aşlara, miweli işdäaçarlara, süýjülikli tagamlara goşup bolýar, owujydan geçirilen hurmany öý şertlerinde taýýarlanylýan bally kökelerde, kemputlarda ulanmak bolýar.

Böwürslen azyklyk we dermanlyk ösümlikdir

Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi duş gelýär. Türkmenistanda tebigy şertlerde böwürsleniň birnäçe görnüşi bar, olar, esasan hem gülgüne we Garrygala böwürslenleridir. Olar Köpetdagda we Balkan daglarynda tebigy şertlerde ösýärler. Miwesi gaýtadan işlenilip, şire, mürepbe taýýarlanylýar. Böwürsleniň ýapragy, baldagy, miwesi, köki halk lukmançylygynda iýmit hem-de dermanlyk üçin ulanylýar.

Tebigatyň täsinligi

Baky ot — halkyň Watan üçin janyny gurban eden gahrymanlaryna goýýan çäksiz hormatyny, hatyrasyny aňladyp, hemişe ýanyp duran ot. Taryhy wakalar bilen baglanyşykly baky otlar dünýä ýurtlarynyň ençemesinde bar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolan gahrymanlaryň hormatyna döredilen ýadygärlikler toplumy Aşgabatda-da döredildi. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» atly bu ýadygärlikde baky ot hemişelik alawlap dur. Dünýäde ynsan elleri bilen döredilen baky ot ýadygärliklerinden başga-da, tebigatyň «hiç haçan öçürmän saklaýan» alawlary hem bar. Ine, şolaryň käbirleri:

Eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge täze mümkinçilikler açylýar. Munuň özi daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny tebigatyň sazlaşygy bilen berkidýändigini aýdyň şöhlelendirýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşini we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen möhüm konwensiýalary, teswirnamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýurdumyz biodürlüligi gorap saklamak, ýer-suw baýlyklaryny aýawly we rejeli peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak, Aral deňziniň ekologiýa meselelerini çözmek barada degişli çäreleri durmuşa geçirmekde hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly halkara bileleşigi tarapyndan amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine öz saldamly goşan

Tebigatyň gözel dünýäsi

Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryny halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan beýik işler bilen uludan tutýar. Şu günler gözel paýtagtymyzyň ähli künjekleri owadan baglar, täsin al-ýaşyl öwüsýän güller bilen jäheklenip, toý lybasyna beslenýär. Paýtagtymyzda öňden bar bolan desgalar täze binagärlik keşbine eýe bolup, sanlyja ýylyň içinde gurlan dolandyryş edara binalary, orta we ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ajaýyp ymaratlary, möhüm ähmiýetli senagat kärhanalarydyr myhmanhanalar, Olimpiýa şäherçesi, birnäçe ýaşaýyş toplumlary, söwda we biznes merkezleri, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ulag ýollary, täsin köprüler, özboluşly baglar, gül meýdançalary bilen tebigatyň baý dünýäsini dabaralandyrýar. Olaryň ählisi hem gözelligi we amatlylygy, öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri, bagtyýar ýaşaýyş, ýokary derejeli dynç alyş şertleri bilen has-da tapawutlanýar. Ýaşyna garamazdan, her bir türkmenistanlynyň abadançylygy, medeniýetli dynç almagy, bagtyýar ýaşamagy barada taýsyz tagallalary edýän, ak şäherimizi gözelligiň dürdänesine öwrüp, buýsanjymyzy goşalandyrýan Gahryma

Jümle-jahan habarlary

Gadymy jandarlaryň galyndylary Irki döwürlerde ýaşap geçen äpet jandarlaryň galyndylaryna häli-şindi duş gelinýär. Ýakynda şeýle galyndylaryň biri Atakama çölünde tapyldy. Dinozawrlaryň täze tapylan bu görnüşi «Arackar licanantay» diýlip atlandyryldy. Ýerli dilde bu «Atakamanyň süňkleri» diýmekligi aňladýar. Alymlaryň bellemeklerine görä, bu äpet jandarlar gelip çykyşlary boýunça titanozawrlara degişlidir. Bu haýwanlary arka oňurgalarynyň gurluşy boýunça tapawutlandyrýarlar. Dinozawrlaryň bu görnüşleri 66―80 million ýyl mundan ozal Çiliniň demirgazygynda ýaşapdyrlar we dürli otlar bilen iýmitlenipdirler diýlip çaklanylýar. Tapyndy ýaş dinozawra degişli bolup, onuň boýy 6,3 metre barabar ekeni. Alymlar olaryň ulularynyň boýlarynyň bolsa 8 metre çenli bolandygyny aýdýarlar.