''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda kabul edilen «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary Watanymyzda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy, köpeldilmegi, tebigat gymmatlyklarynyň rejeli peýdalanylmagy, ekologiýa ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny kesgitlemekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Tomsuň jöwzaly yssy günlerinde tebigaty ýangyndan goramak aýratyn ähmiýet berilmeli meseleleriň biridir. Tebigatymyzyň gözel ýerlerine gezelenç edilende, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly sähelçe säwliklere ýol berilmegi öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirip bilýär. Şol sebäpden tokaý zolaklarynda, çöllerde we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilmelidir.

Salkyn saýaly çynar

Tomsuň jöwzaly günlerinde yssydan goranmak — saglyk üçin wajyp zatlaryň biri. Şeýle ýagdaýlarda biziň gözlegimiz bir-ä içer ýaly suw, onsoňam salkyn saýalyja ýer bolýar. Onsoň ýylyň beýleki pasyllarynda känbir üns bermesegem, tomsuna salkyn saýaly agaçlar gözümize has owadan bolup görünýär. Agajyň saýasy köp boldugyça, tomsuna ol has-da arzyly, göze ýakymlydyr. Salkyn saýalylygy, göwrümi, uzak ýaşaýanlygy taýdan beýleki agaçlardan saýlanýan agaçlaryň biri-de çynardyr. Ol ähli yklymlarda diýen ýaly duş gelýär. Ýewropada oňa Italiýada, Gresiýada, Balkan ýarymadasy ýurtlarynda, Ortaýer deňziniň töwereginde — Krit we Kipr adalarynda, Siriýada, Liwanda, Iordaniýada, Kiçi Aziýa jülgelerinde, Azerbaýjanyň tokaýlyklarynda, Awstraliýada, Demirgazyk Amerikada duş gelmek bolýar. Çynar agajynyň ýer ýüzünde «Gündogar çynary», «Günbatar çynary», Kerra, meksikan çynary we Reýta ýaly görnüşleri bar.

Tebigaty goramagyň hukuk esaslary

Tebigatyň jana ýakymly howasy, derdiňe müň bir derman bolan şypaly we hoşboý ysly ösümlikleri, göwnüňi göterýän beýik daglary, kalbyňy heýjana salýan dury suwly çeşmeleri, egsilmez baýlyk eçilýän ymgyr giň sährasy bahasyna ýetip bolmajak baýlyklardyr. Bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan ýurdumyzyň täsin tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, dagyny, düzüni, sährasyny, deňiz-derýalaryny, ýerüsti, ýerasty baýlyklaryny gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr» diýlip berkidilýär.

Tebigaty ýangyndan goralyň!

Dynç günlerinde ýada zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgala agzalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaýseýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ol ýerlerde nahar bişirmek üçin ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Egerde çykgynsyz ýagdaý emele gelende, ot ýakmak üçin, çägeli ýada akar suwuň golaýynda ýerleşýän daşly ýerden peýdalanmaly. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň 15 metr daştöweregi guran otçöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ody ýarym metr çuňlukda ýada daşly ýer bolanda, töweregine daşlary örüp ýakmalydyr. Otdan peýdalanyp bolandan soň, ot suw ýada gum, çäge sepilip, doly söndürilmelidir. Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde doly söndürilmedik otluçöp galyndysyny ýere taşlamak howpludyr. Şeýlede dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmaň, sebäbi şol aýna gaplaryň Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen, ýangynyň döremegine sebäp bolmagy mümkin.

Turaç

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty barha dabaralanýar. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Adam daşky gurşaw bilen sazlaşykda ýaşaýar, onuň gözel ýerlerinden ylham alýar. Ýurdumyzda şeýle ýerleriň biri-de haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan Günorta-Günbatar Köpetdagdyr.

Yssy günlerde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otag sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şoňa görä-de, olarda ýangyn döremek howpuny aradan aýyrmak üçin, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly we ulanmaly. Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däldir. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Öýden, iş ýerleriňizden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda, jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlarynyň öçürilendigini barlaň! Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek bolup biläýjek nogsanlyklaryň öňüni alar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +27... +32 gradus maýyl bolar.

Dagdan agajy

Türkmenistanyň tebigaty dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususan-da senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda giňden peýdalanylýar. Şol ösümlikleriň biri hem dagdanlar maşgalasyna degişli bolan dagdan agajydyr. Dagdan agajy adyndan belli bolşy ýaly, dag şertleri üçin häsiýetli bolan agaçdyr. Bu agaç daglaryň gaýalarynda, jülgelerde, hek daşlarynyň üstünde, esasan, daglaryň aşaky guşaklygynda ösýär. Onuň ýurdumyzda 26 görnüşi bardyr. Ol relikt, ýagny gadymy we seýrek duş gelýän agaçdyr. Dagdan agajynyň boýy 4-7 m (seýrek ýagdaýda 12 m çenli) ýetýär, onuň ýylmanak çal gabygy bar, ýaş şahalary goňur ýa-da gyzgylt-goňur reňkde bolýar. Ol mart-maý aýlary aralygynda gülleýär, miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Güýz aýlarynda onuň ýapraklary gyzyl reňke öwrülýär. Bu agaç örän haýal ösýär, ýagtylygy we guraklygy halaýar. Ekileninden 10 — 20 ýyldan soň miweläp başlaýar. Onuň ömri 500 ýyla çenli ýetýär. Dagdan agajy tohumyndan we şitilinden köpelýär. Yssy wagtlar ýapraklar ýygrylmaga ukyply bolýar.

Maý baly — melhem

Tebigat — bahasyz baýlyk

Ajaýyp tebigatymyzy aýamak, ony ýangyn howpundan goramak ählimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Gözel tebigatymyzda ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen, ministrliklerdir pudak edaralaryna degişli tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangyn howply möwsüm başlanmazdan öň, ýangyna garşy ähli möhüm çäreleri ýerine ýetirmek zerurdyr. Golaýda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem-de sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bu barada degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz tomsuň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmegi, obalarda, ekin meýdanlarynda, köpçülik ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Tokaý zolaklarynda işledilýän tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bolan keçe, pil, palta, çäge we beýlekiler bilen üpjün edilip, başga maksatlar üçin ulanylmazdan, abat ýagdaýda saklanmalydyr. Tokaý zolaklarynda aýna, çü

Göwünler gözellige göterilip gezsin!

...Biziň şäherimizde iýeni aýra gitmeýän üç adam bar. Olar aram-aram arkalary goşhaltaly, elleri çaklaňja pilli Balkan dagyna ugraýarlar. Dostlar hem-ä dynç alýarlar, hem-de biedep adamlaryň galdyran hapalaryny ýygnap, gazylan çukurlara gömýärler. Indi, gör, näçe ýyl bäri şeýdip ýörler! Ýogsam bolmanda, muny olardan hiç kim haýyş edenok. Men üýtgeşik ýürekli adamlary tanaýandygyma begenýän...

Boýag ösümligi

Türkmeniň behişdi topragy ir-iýmişlere, dermanlyk ot-çöplere baý bolşy ýaly, boýag, dürli reňkleri almak üçin ýabany ösümlikleriň hem mekanydyr. Keteni, sowsany, alaça, göwderi ýaly milli matalary, nepis we owadan halylary dokamak üçin ene-mamalarymyz ilki ýüpekden we ýüňden olaryň sapaklaryny taýýarlapdyrlar. Inçe egrilen sapaklar tebigatdan alnan dürli reňkler bilen has göze ýakymly görnüpdir. Boýag almak üçin çöpboýa, sarygül, naryň we soganyň gabygy, dürli güller ulanylypdyr. Olaryň arasynda adyndan belli bolşy ýaly, çöpboýa hakyky boýaglyk ösümligidir. Çöpboýadan alnan reňkleriň üstünden ençeme asyr geçse-de solmandyr. Çöpboýa, esasanam, dag eteklerinde, suwarymly ýerlerde, derýalaryň ýakasynda, haşal otlaryň arasynda ösýär. Ol Köpetdagyň günorta-günbatarynda, Köýtendagda, Amyderýanyň suwarymly ýerlerinde duş gelýär.

Tebigat — milli baýlygymyz

Mähriban Diýarymyzyň islendik künjegi tebigatyň gaýtalanmajak gözelligi bilen özüne çekýär. Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň daşky gurşawy-da özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Belent daglar uzaklardan howalanyp görünýär. Gözýetime uzap gidýän gök deňiz tolkun atýar. Ýerasty we ýerüsti baýlyklar näçe diýseň bar, sähralar, düzler ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşlerini özünde jemleýär. Bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişiň bol hasyly alynýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüni, onuň daş-töweregini göreniňde, adam paýhasy bilen döredilen uly gidrotehniki desganyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti baradaky pikir seriňe dolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, tebigatyň gözelligine buýsanmazlyk mümkin däl. Tebigatymyzy goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak bolsa iň wajyp wezipedir. Ýurdumyzda ekologiýa meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Muny tassyklaýan mysallar az däl. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly Konwensiýalarynyň ençemesine goşuldy. Türkmenistan tebigaty goramak boýunça halkara meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki maslahatlarda howa, suw we beýleki meseleler babatda öňe süren başlangyçla

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Tebigat — diriligiň çeşmesi Türkmen tebigaty diýlende, gözel Diýarymyzyň ak garlara bürenip oturan daglary, ýazyna ýaşyl otlardyr al-elwan öwüsýän baýyrdyr depeleri, durnaň gözi ýaly dury suwly çeşmeleri, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ymgyr çöli göz öňüňde janlanýar. Bu gözelligi wasp etmedik şahyr, bagşy elbetde, ýok bolsa gerek.

Tebigat — umumy öýümiz

Daşky gurşawyň, tebigatyň goraglylygy durmuşymyzyň abadanlygynyň aladasydyr. Ekologiýa sözüniň özeninde öý, ýaşalýan ýer diýen manynyň bolmagy hem her birimize bu babatda çuňňur pikirlenmäge esas bolup durýar. Daşky gurşawdaky her bir özgerişligiň täsiri hem zeminiň ähli janly-jandary üçin deňdir. Şonuň üçin-de daşky gurşawa ýaramaz täsirleriň öňüni almak maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 27-nji mejlisinde 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýip yglan edildi. Bu sene daşky gurşawy goramak boýunça 1972-nji ýylda geçirilen Stokgolm konferensiýasynyň işiniň başlanan güni hökmünde saýlanyp alyndy. Baş Assambleýanyň şol sessiýasynda BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy  (ÝUNEP) hem döredildi. Häzirki zaman ekologiýasy «Ähli zat bir-biri bilen bagly», «Hiç zat ýitip gitmeýär», «Tebigatyň özi gowy bilýär — bu kanunyň iki manysy bar — tebigata ýakyn bolmaly, şol bir wagtyň özünde-de oňa seresap çemeleşmeli», «Bihasap zat ýok» ýaly 4 sany esasy kanuna eýerýär. Şulardan hem görnüşi ýaly, edýän işlerimiziň, hereketlerimiziň ählisi daşky gurşawa täsirini ýetirýär. Muňa howanyň, tö

Otag gülleri

Iş otaglarynda ýa-da öýlerde küýzejiklerde ekilen gülleri göreniňde, göwnüň göterilýär. Olary ähli otaglarda ekmek amatlydyr.Ýakymly ysly güller rahat dynç almagyňa hem oňyn täsir edýär. Gülli küýzejikler Gün şöhlesi endigan düşüp duran penjiräniň öňünde goýulsa, has-da amatlydyr. Çünki ähli dal-daragtlar ýaly, otag gülleri hem ýapraklarynyň üsti bilen Gün energiýasyndan iýmitlenýärler.

Tebigat gözeldir oda dözerden

Gahryman Arkadagymyzyň: «Esasy wezipeleriň biri hem ilatyň ekologik medeniýetliligini ýokary götermek, ýaş nesliň aňynda daşky gurşawy gorap saklamak düşünjesini terbiýelemek bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, bu işde öňden gelýän milli ýörelgeleri, halkyň aňyna ornaşan ýagşy däp-dessurlary öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Gözel tebigatyň ösümlik hem haýwanat dünýäsini aýawly peýdalanmak, onuň baýlygyny bisarpa tutman, geljekki nesillere miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Eziz Diýarymyzda tebigaty goramak ugrunda ýetilen sepgitler, bitirilen işler örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa» hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnama boýunça ýaşaýyş üçin tämiz, arassa howany üpjün etmek, türkmen topragynyň tebigat gözelligini artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ählihalk ýowaryny ekologik-medeni çäre hökmünde geçirmek bellenildi. Biziň ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr.

Ene topraga guwanjymyz

Pasyllaryň soltany baharda ülkämiz has gözel keşbe girýär. Bu pasylda tebigat özüne mahsus dürli reňkler arkaly töwerege ussatlyk bilen gaýtalap bolmajak surat çekýär. Daglaryň, baýyrlaryň, sähralaryň ýüzi ýaşyl begrese bürenýär. Bereketli çölümiz begres don geýene meňzeýär, baglarymyz gülleýär, tebigat janlanýar. Ynsan kalby şeýle ajap görnüşleri synlap, lezzet alýar. Dünýäniň başga bir künjeginde gabat gelip bolmajak gözellik töweregi gurşap alýar. Töwerek asuda, arassa, päk bolanda adam kalby hem päklenýär, onuň adam ruhuna edýän täsiri artýar. Adam öz ýaşaýşynda iň zerur zatlary tebigatdan alýar. Howamyzyň, suwumyzyň arassa, howpsuz, bereketli topragymyzda öndürilýän önümleriň ýokumly, ýaramly, durumly, ýakymly bolmagy üçin döwletimizde tutumly işler amala aşyrylýar. Tebigat biziň durmuşymyza zerur ähli zady bolluk bilen eçilýär. Bize şol baýlyklardan, gözellikden rejeli peýdalanaýmak galýar.

Bathyzyň jerenleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzy baga-bossanlyga öwürmek hem-de ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, milli tokaý maksatnamasyny amala aşyrmak we ata Watanymyzyň tebigatynyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ylmy esasda öwrenmek işleri goraghananyň işgärleriniň öňünde duran uly wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamakda “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasynyň ähmiýeti hem örän uludyr. Sebäbi, goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi dürlüligi bilen tapawutlanýar. Goraghananyň ýerüstüniň keşbi üç dürli bolup, ýagny, sähra meýdany, pisse tokaýlygy we gury çöketlik toýnakly haýwanlara ýaşamaga we neslini dowam etdirmäge uly mümkinçilik berýär. Goraghananyň uçut gaýaly daglary, al-ýaşyl öwüsýän sähra meýdanlarynyň gözelligine gözellik goşýan owadan haýwanlaryň birnäçesi bolup, olaryň biri-de Bathyz keýikleridir. Il arasynda olara “jerenler” hem diýilýär. Keýikler süýdemdirjiler klasynyň goşatoýnaklylar otrýadynyň gynşahlylar maşgalasynyň iň gözel wekilleriniň biridir. Keýik daşky keşbi boýunça orta boýly hem-de syratlydyr. Onuň agramy 20-30 kilograma ýetýär. Jereniň inçemik aýagy we ýiti toýnagy bolýar. Ol örän ýyn