''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Täsin şaglawuklar

Şaglawuklar ýurdumyzyň gözel tebigatynyň täsinlikleriniň biridir. Biziň ýurdumyzda Goşdemir, Nohur ýa-da Hür-hüri, Degirmenjik, Umbardere ýaly birnäçe şaglawuklar bar. Goşdemir şaglawugy — Sumbar derýasynyň ýokary akymyndaky iň ajaýyp tebigy ýadygärlikleriň biridir. Şaglawukda 4 sany basgançak bolup, olaryň aralygy 1-3 kilometr. Şaglawuk has gurak ýyllarda tomus düşmänkä guraýan hem bolsa, gyş, ýaz-ygal ýeterlik ýagýan wagtynda ýagyş suwy Goşdemriň aşakdan birinji — has uly basgançagynda kert daşyň üstünde 50 metre çenli ýaýrap, akýan suw güýçli şaggyldy bilen 15 metr beýiklikden dik aşak inýär. Akymyň tersine, egrem-bugram derýanyň içi bilen 1,5 kilometre golaý geçeniňden soň Goşdemriň ikinji basgançagy başlanýar. Şaglawuk döredýän ýylçyr kert basgançagyň beýikligi 5 metre, giňligi 25 metre çenli kiçelýär. Ondan ýokarlygyna — üçünji basgançaga gitdigiňçe suw kem-kemden azalýar. Goşdemriň üçünji basgançagynyň beýikligi 5 metre barabardyr, suwuň şaglawuk döredýän ýylçyr daşly ýeriniň ini bolsa 10 metr çemesidir. Dördünji, iň ýokardaky şaglawugyň ini welin, 2 metre hem ýetmeýär.

Müşki-anbarlar

Gündogar medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhynda atyr öndürmek sungaty köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Arheologiki barlaglaryň netijesinde Gaýly gowakdan tapylan, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki IX-VIII asyrlara degişli gadymy tapyndylar şol döwrüň adamlarynyň ruhy medeniýetini öwrenmäge, olaryň dini ynançlary barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, adamlaryň ysly suwuklyklary (ohra) sepinendikleri barada maglumatlar ýüze çykýar. Bu maglumatlar entek daş asyrynda adamlaryň ys beriji serişdeleri ulanandyklaryna şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzda atyr önümleriniň örän gadymy döwürde ýüze çykandygyny görkezýär. Gadymy Goňurdepede gazuw-agtaryş işleri geçirilende-de, täsin tapyndylara duş gelinýär. Şunda biziň eýýamymyzdan öňki 1700-1600-nji ýyllarda gonamçylyklardaky tapyndylarda kümüş bilezikler, piliň süňkünden ýasalan darak, pyşbaganyň arka çanagyndan edilen çanak, kümüş bulgur, bürünç gaplar ýaly enjamlara duş gelindi. Bu toplumda iki sany ýüz görülýän aýna, agzy gapakly kosmetiki çüýşe, ýüze reňk çalnan mahaly ulanylýan gap hem tapylýar.

Tebigat — ýaşaýyş

Dünýäde ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde döwletleriň hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan, tebigy gurşawy goramak babatdaky halkara konferensiýalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. 1972-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda geçirilen Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawyň wajyp meselelerine degişli dünýä bileleşiginiň garaýşyny özünde jemleýän Jarnamanyň kabul edilmegi dünýä döwletleriniň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu resminamada ekologiýa ýörelgeleriniň 26-sy kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawy goramagyň çäreleriniň Meýilnamasy kabul edildi. Ekologiýanyň guramaçylyk, ykdysady, syýasy meseleleriniň döwletleriň we halkara guramalarynyň özara hyzmatdaşlygy esasynda çözülmeginiň ugurlary anyklanyldy. Şu konferensiýa mynasybetli, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen 27-nji sessiýasynda kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda, 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene her ýyl bütin dünýäde bellenilip geçilýär. Her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçilikli, tebigata aýawly çemeleşmegi, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine gorap saklamaga işjeň gatnaşmagy zerurdyr.

Gün urmasyndan goranalyň!

Daşky gurşawyň gyzmagyna uýgunlaşmadyk bedende, ýylylyk çalyşma (termoregulýasiýa) hadysasynyň bozulmagy netijesinde, dürli agyrlyk derejesinde Gün urmasy döräp bilýär. Şeýle patologik ýagdaý yssy howaly ýurtlaryň adamlarynda, aýratyn-da, meýdan şertlerinde gulluk edýän harby gullukçylaryň arasynda ýygy-ýygydan duş gelýär. Yssy howanyň täsirinde açyk meýdan şertlerinde we daglyk, çöllük ýerlerde ýokary fiziki işjeňlik ýagdaýynda çendenaşa derlemek, beýik ýerlere çykylanda dem alşyň ýygylaşmagy bedende suwuklygyň köp mukdarda ýitirilmegine getirýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 08-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +29... +31° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň welaýat merkeziniň welaýatymyzda 2021-nji ýylyň 8-nji we 9-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: 8-nji iýulda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13, kä ýerlerde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +250... +300 maýyl, gündizine +360... +410 yssy bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +29... +31° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +29... +31° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Tebigat — biziň öýümiz

Abadan ýaşaýşyň özeni Adamzady daşky gurşawsyz, tebigatdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halky tebigata ysnyşykly, sazlaşykly gatnaşygy durmuş ýörelgesine giňden ornaşdyrypdyr, wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşdiripdir. Daşky gurşawy gorap saklamakda, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmekde, ondan rejeli peýdalanmakda asyrlaryň synagyndan geçen ýol-ýörelgeleri bize miras galdyrypdyr.

Garagum — türkmeniň mukaddes desterhany

Tebigata mahsus ähli ajaýyplyklar biziň topragymyzda bar. Bir tarapy Köpetdag, beýleki tarapy Köýtendag, Garagum çöli bolsa şol daglara berkidilen sallançaga meňzeýär. Bir seretseňem, çägesine altyn garylan Garagum türkmeniň mukaddes desterhanyna çalym edip dur. ...Açyk meýdan. Arassa howa. Garşyňda ojar odun şatyrdap ýanyp dur. Uzaklara seredýärsiň. Şu ýerden Merkezi Garagum başlanýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +41... +43° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 07-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +41... +43° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 15 — 35 %. Arçabilde: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 704 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Gülüni söýen tikeninem söýer

Müň dürli ösümlikleri her pasla özboluşly bezeg berýän türkmen sährasy öz täsinligi bilen tebigatyň «diline düşünýän» adamlary hemişe haýran galdyrýar. Gül-gülälek açylanda, ol bize ýazy buşlaýar, ýylgyndyr ýandak güllände, sary tomsuň görki gözelleşýär, guşgözüler gyzyl-çog boldumy — türkmen düzüne güýzüň gelendigidir. Ata-babalarymyz bu topragyň ot-çöpüni derde derman saýypdyrlar. Şonuň üçin-de: «Öz ilimiň ýandagyny-çöpüni ýat illeriň güli bilen çalyşman» diýen durnukly söz düzümi halk döredijiliginiň süňňüne siňipdir. Aslynda-da, türkmen halk döredijiligi diňe bir watansöýüjiligiň waspy bolup ýaňlanman, tebigatyň-da tarypy bolup, köňülleri heýjana salýar. — Ýandaklaryň ähli görnüşleri ösümlikleriň kösükliler maşgalasyna degişli bolup, köki köpýyllyk, ýerüsti ösüntgisi bir ýyllyk, ýarym gyrymsy otjumak ösümlikdir. Görnüşleri boýunça boýy 30 — 50 santimetrden bir metre çenli ösýärler. Ol kökleriniň gapdal golçurlaryndan hem, tohumyndan hem gögerip köpelýär. Ýandagyň iki köki bolup, biri ony gögerdýär, beýlekisi bolsa iýmitlendirýär. Bu ösümligiň köki 25 — 30 metr çuňluga uzap gidip, yzgary sorup alýar we şonuň netijesinde howanyň çyglylygyny artdyrýar. Garagumda çarwaçylyk bilen meşgullanyp, çuň guýula

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +44... +46° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 06-na bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28...+30° maýyl, gündizine +44...+46° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm. Çyglylygy 5-25 %. Arçabilde: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8-10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 702 mm. Çyglylygy 10-30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28...+30° maýyl, gündizine +44...+46° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 5-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 05-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 5 — 25 %. Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda  9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+32° maýyl, gündizine +41...+46°, kenarýaka etraplarynda +38...+43° yssy bolar.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 05-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Çomuç

Türkmen topragy ösümlikleriň dürli görnüşine örän baýdyr. Diýarymyzda bolluk bilen bitýän ösümlikleriň biri-de çomuçdyr. Ol ene topragymyzyň ösümlik dünýäsiniň iň täsin görnüşleriniň biri bolup, ýurdumyzda giň ýaýrandyr. Bu ösümlik Garagum çölünde, Köpetdag, Balkan, Köýten daglarynda, Bathyzda köp duş gelip, onuň 20 görnüşi bar. Olaryň käbiri barada durup geçeliň. Bu ösümligiň käbiriniň boýy 1 — 1,5 gulaja ýetýär. Çomujyň palajy, ýagny ýapragy mes toprakly ýerde ösüp oturan gawun pazylyna meňzeş, palajynyň ortasynda onuň miwesi peýda bolup, ýuwaş-ýuwaşdan çomuja öwrülýär.